Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 7

Isa Mesih ýygnagyň başy

Isa Mesih ýygnagyň başy

«Mesih ýygnagyň halasgäri we başy» (Efes. 5:23).

137-NJI AÝDYM Wepaly gelin-gyzlar

MAZMUNY *

1. Ýehowanyň halky näme üçin bagtly?

HUDAÝYŇ agzybir halky özüni bagtly duýýar. Sebäbi olar Ýehowanyň bellän baştutanlaryna uly hormat goýýarlar. Eger Ýehowanyň baştutanlary näme üçin belländigine düşünsek, ýygnakda parahatlygyň bolmagyna goşant goşup bileris.

2. Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Makalada ýygnakdaky baştutanlyk barada gürrüň ederis we şu soraglaryň jogabyny bileris: uýalaryň ýygnakda nähili orny bar? Suwa çümdürilen doganlara uýalaryň başy diýse bolarmy? Äriň maşgalanyň başy bolşy ýaly, ýaşulular hem dogan-uýalaryň başymy? Geliň, ilki uýalaryň ýygnakdaky orny hakda gürrüň edeliň.

UÝALARYŇ ÝYGNAKDAKY ORNY

3. Uýalara hormat goýmak üçin näme etmeli?

3 Biz mähriban uýalara guwanýarys. Olar maşgalasynyň aladasyny edip, arman-ýadaman zähmet çekýärler, yhlasly wagyz edýärler we ýygnagyň parahatlygyna goşant goşýarlar. Biz uýalara hormat goýmak üçin, Ýehowa Hudaýyň we Isa pygamberiň göreldesine eýermeli. Pawlus resul hem gelin-gyzlara hormat goýup, bize gowy görelde galdyrdy.

4. Ýehowanyň aýal-gyzlara hormat goýýandygyny nireden bilýäris?

4 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň gelin-gyzlara hormat goýup, erkeklerden peseltmeýändigi aýdylýar. I asyrda Ýehowa hem erkeklere, hem aýallara mukaddes ruhuny berdi. Şonda olar Hudaýyň gudraty bilen dürli dillerde hoş habary wagyz edip başladylar (Res. 2:1—4, 15—18). Şeýle-de gökde Isa Mesih bilen bile aýallar hem höküm sürer (Gal. 3:26—29). Ýer ýüzündäki Jennetde diňe bir erkekler däl, aýallar hem ýaşar (Ylh. 7:9, 10, 13—15). Gelin-gyzlar şatlyk bilen hoş habary yhlasly wagyz edýärler (Mat. 28:19, 20). Resullar kitabynda Priskilla uýa hakda aýdylýar. Ol äri Akila bilen dilewar adam Apollosa Hudaýyň Sözüni has dogry düşündirýär (Res. 18:24—26).

5. Luka 10:38, 39, 42-nji aýatlara görä, Isa pygamber gelin-gyzlara nädip hormat goýupdyr?

5 Isa pygamber gelin-gyzlary sylaýardy. Fariseýler aýallary kemsidýärdiler, adamlaryň arasynda olar bilen gepleşmeýärdiler we aýallara Hudaý barada gürrüň bermeýärdiler. Isa pygamber bolsa gelin-gyzlara Hudaý barada höwes bilen gürrüň berýärdi * (Luka 10:38, 39, 42-nji aýatlary okaň). Isa aýallar bilen bile wagyz edýärdi (Luka 8:1—3). Ol ölümden direlensoň, ilki bilen aýallara göründi we özüniň direlendigini şägirtlerine habar bermegi tabşyrdy (Ýah. 20:16—18).

6. Pawlus resul uýalara nädip hormat goýdy?

6 Pawlus resul Timoteosa uýalara hormat goýmagy ündedi. Pawlus oňa: «Ýaşy uly aýallara ejeň ýaly, ýaşy kiçilere bolsa uýaň ýaly gara» diýdi (1 Tim. 5:1, 2). Pawlus Timoteosa berk imanly dogan bolup ýetişmäge kömek etdi. Ýöne ol Timoteosyň ýaş kalbyna Hudaýa bolan söýgini ejesiniň we mamasynyň guýandygyny bilýärdi (2 Tim. 1:5; 3:14, 15). Ol rimlilere hat ýazanda, uýalary atma-at agzap salam ýollady. Şeýle-de arman-ýadaman zähmet çekýän we yhlasly wagyz edýän uýalara minnetdarlyk aýtdy (Rim. 16:1—4, 6, 12; Flp. 4:3).

7. Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

7 Görşümiz ýaly, Mukaddes Kitapda aýalyň erkekden pesdigi hakda hiç zat aýdylmaýar. Mähriban we jomart uýalar ýygnagyň agzybirligine uly goşant goşýarlar. Ýaşulular olaryň edýän işleriniň gadyryny bilýär. Ýöne şeýle soraglar döreýär: Ýehowa näme üçin uýalara käbir ýagdaýlarda ýaglyk daňmagy tabşyrdy? Ýygnakda hyzmatçy ýa-da ýaşuly edip bellenen doganlar uýalaryň başymy?

DOGANLAR UÝALARYŇ BAŞYMY?

8. Efesliler 5:23-e görä, dogan ýygnakdaky uýalaryň başymy? Düşündiriň.

8 Dogan ýygnakdaky uýalaryň başymy? Ýok! Olaryň başy Isa Mesih (Efesliler 5:23-i okaň). Maşgalada är aýalyň başy, ýöne suwa çümdürilen oglan ejesiniň başy bolup bilmeýär (Efes. 6:1, 2). Ýaşulular ýygnaga ýolbaşçylyk etseler-de, çäginden çykmaýarlar, ýagny dogan-uýalaryň üstünden agalyk etmeýärler (1 Sel. 5:12; Ýew. 13:17). Uýalar ene-atasy bilen ýaşamasalar-da, olara uly hormat goýýarlar, ýygnak ýaşulularyny sylaýarlar. Ýöne olaryň başy ene-atasy ýa-da ýaşulular däl-de, Isa Mesihdir.

Maşgala gurmadyklaryň başy ene-atasy däl-de, Isa Mesihdir (8-nji abzasa serediň)

9. Uýalar näme üçin käte ýaglyk daňmaly?

9 Ýehowa ýygnakda tälim bermegi we ýolbaşçylyk etmegi diňe erkek adamlara tabşyrdy (1 Tim. 2:12). Ýehowa halkynyň arasynda tertip-düzgüniň bolmagy üçin, Isany erkek adamlaryň baş edip belledi. Käte ýygnakda doganlaryň işini uýalar etmeli bolýar. Şonda uýalar ýaglyk daňmaly * (1 Kor. 11:4—7). Ýehowa uýalaryň mertebesini peseltmek üçin ýaglyk daňmaly diýmedi, gaýtam uýalar ýaglyk daňyp, Ýehowanyň ýolbaşçy bellän adamlaryna hormat goýýandyklaryny görkezýärler. Onda ýaşuly dogan bilen maşgalabaşynyň nähili erk-ygtyýary bar?

ÝAŞULULARYŇ WE MAŞGALABAŞYLARYŇ ERK-YGTYÝARY

10. Näme üçin käbir ýaşulularyň ýygnakda düzgünleri goýmagy mümkin?

10 Ýygnak ýaşululary Isa Mesihe tabyn bolýarlar. Olar Ýehowanyň we Isanyň «guzularynyň» söýgi bilen aladasyny edýärler (Ýah. 21:15—17). Käte ýaşulular ýagşy niýet bilen ýygnakda özüni maşgalabaşy ýaly alyp barmagy mümkin. Maşgalabaşylar aýalynyň we çagalarynyň aladasyny edip düzgün goýýarlar. Edil şonuň ýaly, ýaşulular hem dogan-uýalary erbetlikden goramak maksady bilen düzgünleri goýmagy mümkin. Käbir dogan-uýalar ýaşululary başy hasaplap, özlerine derek karara gelmegi haýyş etmekleri mümkin. Onda äriň maşgalanyň başy bolşy ýaly, ýaşulular hem dogan-uýalaryň başymy?

Ýaşulular dogan-uýalara Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaga kömek edýär, olary öwýär. Ýehowa ýaşululara günäsine toba etmeýänleri ýygnak gatnaşygyndan kesmek ygtyýaryny berdi (11, 12-nji abzaslara serediň)

11. Maşgalabaşylaryň we ýaşulularyň arasynda nähili meňzeşlik bar?

11 Pawlus resul maşgalabaşylar bilen ýygnak ýaşulularynyň arasynda käbir meňzeşligiň bardygyny agzap geçdi (1 Tim. 3:4, 5). Meselem, Ýehowa aýalyň we çagalaryň maşgalabaşa tabyn bolmaklaryny isleýär (Kol. 3:20). Allatagala dogan-uýalaryň ýaşululara gulak asmagyny isleýär. Ärler maşgalasyny eklemeli, ruhlandyrmaly we Hudaýa imanyny berkitmeli. Şonuň ýaly ýaşulular hem dogan-uýalara Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaga kömek etmeli, olary öwmeli we kyn gününde kömek etmäge taýyn bolmaly (Ýak. 2:15—17). Şeýle-de Ýehowa maşgalabaşylaryň we ýaşulularyň Mukaddes Kitapda «ýazylan zatlaryň çäginden çykman» borçlaryny ýerine ýetirmeklerini isleýär (1 Kor. 4:6).

Maşgalabaşylar aýalynyň we çagalarynyň aladasyny etmäge borçly. Aladaçyl är karara gelmänkä, aýaly bilen maslahatlaşýar (13-nji abzasa serediň)

12, 13. Rimliler 7:2-ä görä, ýygnak ýaşulularynyň we maşgalabaşylaryň arasynda nähili tapawut bar?

12 Ýygnak ýaşululary bilen maşgalabaşylaryň arasynda tapawut hem bar. Ýehowa ýaşululara ýygnakda kazylyk etmek ygtyýaryny berdi. Meselem, eden günäsine toba etmeýänleri ýaşulular ýygnak gatnaşygyndan kesip bilýärler (1 Kor. 5:11—13).

13 Ýaşululardan tapawutlylykda, maşgalabaşylar aýaly we çagalary üçin düzgünler goýup, ýerine ýetirilmegini talap edip bilýärler (Rimliler 7:2-ni okaň). Meselem, kakalar çagalaryndan agşam öýe wagtynda gelmegi talap edip biler. Eger çagalar gulak asmasa, temmi hem berip biler (Efes. 6:1). Är aýaly bilen maslahatlaşyp, maşgalasy üçin belli bir düzgüni goýmaly, sebäbi är-aýal «iki däl, bir bedendir» * (Mat. 19:6).

ÝYGNAGYŇ BAŞY ISA MESIHE HORMAT GOÝUŇ

Isa Ýehowa tabyn bolup, dogan-uýalara görkezme berýär (14-nji abzasa serediň)

14. a) Markus 10:45-e görä, Ýehowa Isany näme üçin ýygnagyň başy edip belledi? b) Ýolbaşçylyk maslahatynyň nähili borjy bar? (« Ýolbaşçylyk maslahatynyň borjy» diýen çarçuwa serediň).

14 Ýehowa ýeke-täk Ogluny gurban edip, dogan-uýalar üçin töleg töledi (Markus 10:45-i okaň; Res. 20:28; 1 Kor. 15:21, 22). Ýehowa Isany ýygnagyň başy edip belledi, sebäbi Ýehowa Oglunyň dogan-uýalaryň gowy aladasyny etjegini bilýärdi. Isanyň ýygnaklar hem maşgalalar üçin kanunlary çykarmaga we olary berjaý etmegi talap etmäge haky bar (Gal. 6:2). Isa dogan-uýalary gowy görýär we olaryň ýürekden aladasyny edýär (Efes. 5:29).

15, 16. Merli bilen Benjaminiň beren gürrüňinden näme öwrenýäris?

15 Uýalar ärine we ýaşululara gulak asyp, Isa Mesihe tabyn bolýandyklaryny görkezýärler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýan Merli uýa şeýle gürrüň berýär: «Men maşgaladaky we ýygnakdaky ornumy gymmat saýýaryn. Ärime we ýygnak ýaşulularyna tabyn bolmak üçin elimde baryny edýärin. Ýöne olar hem maňa hormat goýýarlar. Edýän işimiň gadyryny bilýärler». Uýalaryň köpüsi Merli bilen razylaşsa gerek.

16 Doganlar uýalaryň gadyryny bilse we hormat goýsa, Ýehowanyň baştutanlary näme üçin belländigine düşünýändiklerini görkezerler. Angliýada ýaşaýan Benjamin dogan şeýle gürrüň berýär: «Men ýygnakda uýalaryň jogaplaryny eşidip örän ruhlanýaryn. Uýalaryň ökdelik bilen wagyz edişinden we Mukaddes Kitapdan okuw geçişinden köp zatlary öwrenýärin. Olaryň çekýän zähmetini gymmat saýýaryn».

17. Ýehowanyň bellän baştutanlaryna näme üçin hormat goýmaly?

17 Erkekler, aýallar, maşgalabaşylar we ýaşulular, siz Ýehowanyň baştutanlary näme üçin belländigine düşünseňiz we olara hormat goýsaňyz, ýygnakda parahatlyk höküm sürer. Şeýle-de gökdäki söýgüden doly Atamyz Ýehowany şöhratlandyrarsyňyz (Zeb. 150:6).

123-NJI AÝDYM Hudaýyň guramasyna gulak asalyň

^ par. 5 Uýalaryň ýygnakda nähili orny bar? Suwa çümdürilen doganlara uýalaryň başy diýse bolarmy? Ýaşuly dogan bilen maşgalabaşynyň nähili erk-ygtyýary bar? Makalada Mukaddes Kitabyň şu soraglara näme jogap berýändigi barada bileris.

^ par. 5 «Mesihçi gelin-gyzlary goldalyň» atly makalanyň 6-njy abzasyna serediň (w20.09).

^ par. 9 « Uýalar haçan ýaglyk daňmaly?» diýen çarçuwa serediň.

^ par. 13 Maşgala agzalaryň haýsy ýygnaga barmalydygyny kimiň çözýändigini bilmek üçin «Ähli dogan-uýalara hormat goýuň!» atly makalanyň 17—19-njy abzaslaryna serediň (w20.08).

^ par. 64 Ýolbaşçylyk maslahatynyň edýän işleri hakda köpräk bilmek isleseňiz «Garawul diňini» okaň (w13 15/7 sah. 20—25).