Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 9

Ýaş doganlar, ýagşy at gazanyň!

Ýaş doganlar, ýagşy at gazanyň!

«Ýa Alla, ýaşlygymdan bäri maňa tälim berýärsiň, seniň ajaýyp işleriňi şu güne çenli wagyz edýärin» (Zeb. 71:17).

39-NJY AÝDYM Hudaýyň öňünde ýagşy at gazanyň

MAZMUNY *

1. Güýç-kuwwatly ýaş doganlar nähili işleri edip biler?

GÜÝÇ-KUWWATLY ýaş doganlar ýygnakda köp işleri edip biler (Nak. 20:29). Olar dogan-uýalar üçin hem uly goldaw bolup biler. Ýaşlar, belki, siz hyzmatçy boljak günüňize sabyrsyzlyk bilen garaşýansyňyz. Ýöne dogan-uýalar sizi ýaş we tejribesiz hasaplar diýip alada edýänsiňiz. Eger häzirden dogan-uýalara kömek etseňiz, olaryň ynamyny gazanyp bilersiňiz.

2. Makalada nämä serederis?

2 Şu makalada Dawut patyşa hakda gürrüň ederis. Şeýle⁠-⁠de Ýahudanyň patyşalary Asa we Ýehoşapat barada bileris. Olar nähili kynçylyga duş geldiler we kynçylygy nädip çözdüler? Ýaş doganlar olardan näme öwrenip biler?

DAWUT PATYŞADAN GÖRELDE ALYŇ

3. Ýaş doganlar garry dogan-uýalara nädip kömek edip biler?

3 Dawut zehinli oglandy, onuň Ýehowa bilen dostlugy berkdi. Şeýle⁠-⁠de Dawut ussat sazandady. Ol Ýehowanyň bellän patyşasyna saz çalyp berýärdi (1 Şam. 16:16, 23). Ýaş doganlar, sizem Dawutdan görelde alyp dogan-uýalara kömek edip bilersiňiz. Meselem, siz elektron enjamlaryndan gowy baş çykarýarsyňyz. Bilýän zatlaryňyzy garry dogan-uýalara öwretseňiz gowy bolar. Olar siziň kömek edýändigiňizi görüp örän begener we ýygnakda ýa⁠-⁠da şahsy okuwyny geçirende planşetini hezil edip ulanar.

Dawut ynamdar oglandy, tabşyrylan işe yhlasly ýerine ýetirýärdi. Ol kakasynyň sürüsini aýydan gorapdy (4-nji abzasa serediň)

4. Ýaşlar Dawudyň haýsy häsiýetlerinden görelde alyp biler? (Daşky sahypadaky surata serediň).

4 Dawut ynamdar oglandy, yhlaslydy we tabşyrylan işe jogapkärli garaýardy. Ol kakasynyň goýunlaryny bakýardy. Goýun bakmak aňsat iş däldi. Dawut Şawul patyşa şeýle diýipdi: «Patyşahym, kakamyň sürüsini bakyp ýörkäm, bir gezeg⁠-⁠ä ýolbars, bir gezegem aýy gelip, goýnumy äkitdi. Men yzyndan ýetip, ony pylçap urdum⁠-⁠da, goýnumy agzyndan aldym» (1 Şam. 17:34, 35). Dawut goýunlarynyň ýekejesini⁠-⁠de ýitirmek islemeýärdi. Şonuň üçin ýolbarsdanam, aýydanam gorkmady. Ýaş doganlar, sizem özüňize tabşyrylan islendik işe yhlasly ýapyşsaňyz, Dawutdan görelde alyp bilersiňiz.

5. Zebur 25:14-e görä, ýaşlar näme etmeli?

5 Dawut Ýehowa bilen dostlugyny gün-günden berkidýärdi. Elbetde, ol batyrgaýdy, ökde sazandady, ýöne Ýehowa bilen dostlugyny ähli zatdan ileri tutýardy (Zebur 25:14-i okaň). Dawut Ýehowany diňe bir Hudaýy däl⁠-⁠de, ýakyn dosty hasaplaýardy. Ýaşlar, sizem Ýehowa bilen dostlugyňyzy ähli zatdan ileri tutsaňyz, ýygnakda hormatly borçlary almaga mynasyp bolup bilersiňiz.

6. Köpler Dawuda nähili garaýardy?

6 Köpler Dawuda kembaha garaýardy. Meselem, Dawut piliştli pälwan Jalut bilen söweşjekdigini aýdanda Şawul: «Sen piliştli bilen söweşerden ýaş» diýdi (1 Şam. 17:31—33). Dawudyň agasy oňa göwnüýetmezçilik etdi (1 Şam. 17:26—30). Ýöne Ýehowa Dawuda doly ynanýardy. Dawut Ýehowa bil baglap piliştli pälwan Jaluty ýere ýazdy (1 Şam. 17:45, 48—51).

7. Ýaş doganlar Dawutdan näme öwrenip biler?

7 Ýaş doganlar, sizem Dawutdan sabyrly bolmagy öwrenip bilersiňiz. Esasanam, sizi çagalykdan tanaýan dogan-uýalaryň ynamyny gazanmak üçin wagt gerek bolar. Ýöne Ýehowa siziň daş keşbiňize seredip baha bermeýär. Ol size ynanýar we köp işleri başarjakdygyňyzy bilýär (1 Şam. 16:7). Şonuň üçin Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidiň. Dawudam ýaradylan zatlara syn edip Ýehowa bilen dostlugyny berkidipdi. Ol gök asmana, aý-ýyldyzlara syn edip Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda oýlanýardy (Zeb. 8:3, 4; 139:14; Rim. 1:20). Şeýle⁠-⁠de kyn ýagdaýa düşeniňizde, Dawut ýaly Ýehowadan güýç soraň. Belki, klasdaşlaryňyz Ýehowanyň Şaýadydygyňyz üçin üstüňizden gülýändir. Şonda Ýehowa doga edip kömek soraň. Hudaýyň Sözündäki, edebiýatlardaky we wideolardaky maslahatlara eýeriň. Kynçylyklarda Ýehowanyň kömek edýändigini göreniňizde, imanyňyz berkär. Ýehowa bil baglaýandygyňyzy görüp, dogan-uýalaryň hem size ynamy artar.

Ýaş doganlar pesgöwünli bolup, dogan-uýalara kömek etmeli (8, 9-njy abzaslara serediň)

8, 9. Dawuda tagta çykýança sabyrly garaşmaga näme kömek etdi we ýaşlar mundan näme öwrenip biler?

8 Geliň, Dawudyň duş gelen ýene bir kynçylygy hakda gürrüň edeliň. Ol patyşa saýlanandan soň tagta çykýança köp garaşmaly boldy (1 Şam. 16:13; 2 Şam. 2:3, 4). Dawuda sabyrly garaşmaga näme kömek etdi? Dawut ruhdan düşmegiň deregine, Ýehowanyň islegini berjaý etmek üçin elinden gelenini etdi. Meselem, ol Hudaýyň halkynyň duşmanlary bilen söweşerdi. Şeýdip, Ýahudanyň serhedini gorardy (1 Şam. 27:1—12).

9 Ýaş doganlar, siz Dawutdan näme öwrenip bilersiňiz? Ýehowanyň islegini berjaý edip, dogan-uýalara hyzmat etmek üçin eliňizde baryny ediň. Geliň, Rikardo * doganyň mysalyna seredeliň. Ol on ýaşlaryndaka, pioner bolup gulluk etmegi arzuw edýärdi, ýöne ýaşulular biraz garaşmalydygyny aýdýarlar. Rikardo doganlardan öýkelemedi we ruhdan düşmedi, gaýtam has köp wagyz edip başlady. Ol şeýle gürrüň berýär: «Dogrudanam, maňa wagt gerek eken. Men gyzyklanan adamlaryň her birini gaýtadan ideg edip başladym we idege gowy taýýarlanýardym. Hatda bir adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym. Şeýdip, wagyzda has ökdeleşip, özüme ynamym artyp başlady». Häzir Rikardo hyzmatçy we pioner bolup gulluk edýär.

10. Dawut karara gelmänkä näme etdi?

10 Geliň, Dawudyň durmuşynda bolan ýene bir waka seredeliň. Bir gezek ol esgerleri bilen söweşe gidýär. Şonda duşmanlar olaryň obasyna çozup, aýallaryny we çagalaryny ýesir äkidýärler. Dawut edermen serkerdedi. Ol ýesirleri aňsatlyk bilen azat edip bilerdi. Ýöne Dawut öz güýjüne däl⁠-⁠de, Ýehowa bil baglady. Ol Abyýatar ruhana öňlügi getirdip, Ýehowadan: «Talaňçylaryň yzyndan gideýinmi?» diýip soraýar. Ýehowa: «Gidiber, olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri azat edersiň» diýip jogap berýär (1 Şam. 30:7—10). Ýaş doganlar, Dawudyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?

Ýaş doganlar ýaşululardan maslahat soramaly (11-nji abzasa serediň)

11. Karara gelmezden öň näme edip bilersiňiz?

11 Karar gelmezden öň, ene-ataňyz bilen maslahatlaşyň. Ýaşuly doganlardan hem maslahat sorasaňyz gowy bolar. Ýehowa ýaşululara ynanýar, sizem ynanyp bilersiňiz. Ýehowa ýaşululary ýygnaga bereket hökmünde berdi (Efes. 4:8). Olaryň imanyndan görelde alsaňyz, berýän maslahatyna eýerseňiz, köp peýda alarsyňyz. Indi bolsa, Asa patyşadan näme öwrenip biljekdigimiz barada gürrüň edeliň.

ASA PATYŞADAN SAPAK EDINIŇ

12. Asa patyşanyň nähili gowy häsiýetleri bardy?

12 Asa patyşa pesgöwünlidi, batyrgaýdy. Kakasy Abyýar aradan çykanda, ol örän ýaşdy. Asa batyrgaýlyk bilen tutuş ýurdy butlardan arassalap başlady. Şeýle⁠-⁠de Asa patyşa «ýahuda halkyna ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowany agtaryp, Kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi tabşyrdy» (2 Tar. 14:1—7). Biraz wagtdan efiopiýaly Zera bir million esgeri bilen ýahudalaryň üstüne çozýar. Şonda Asa pesgöwünlik bilen Ýehowadan kömek sorap: «Eý Ýehowa, sen ejize⁠-⁠de, güýçlä-de kömek edip bilýärsiň. Ýehowa, saňa bil baglaýarys, bize kömek et» diýdi. Şu sözlerden görnüşi ýaly, Asa Ýehowanyň öz halkyny halas etjekdigine doly ynanýar. Asa gökdäki Atasyna bil baglaýardy. Ýehowa⁠-⁠da efiopiýalylary derbi-dagyn etdi (2 Tar. 14:8—12).

13. Asa patyşa nähili ýalňyşlyk goýberdi we näme üçin?

13 Asa patyşa bir million esgere garşy göreşmek aňsat bolan däldir. Ýöne ol Ýehowa bil baglap, ýeňiş gazandy. Soňra Ysraýylyň zalym patyşasy Ýahudanyň üstüne çozýar. Ysraýyllaryň goşuny azdy, ýöne Asa Ýehowa bil baglamagyň deregine, Siriýa patyşasyndan kömek soraýar. Ýehowa Asa patyşanyň eden işini oňlamady. Ol Hananýar welini iberip: «Sen Ýehowa Hudaýyňa bil baglamadyň... akmaklyk etdiň» diýdi. Şondan soň Asa patyşanyň gözi uruşdan açylmady (2 Tar. 16:7, 9; 1 Pat. 15:32). Biz mundan näme sapak edinýäris?

14. 1 Timoteos 4:12-ä görä, Ýehowa nädip bil baglap bilersiňiz we nähili peýda alarsyňyz?

14 Pesgöwünli boluň, Ýehowa bil baglaň. Siz suwa çümdürileniňizde berk imanyňyzy we Ýehowa bil baglaýandygyňyzy görkezdiňiz. Ýehowa⁠-⁠da sizi höwes bilen öz halkynyň arasyna goşdy. Şonuň üçin mundan beýlägem Ýehowa bil baglaň. Elbetde, bütin durmuşyňyza täsir etjek karara geleniňizde Ýehowa bil baglamak kyn däldir. Emma ýönekeýje bolup görünýän ýagdaýlarda, ýagny dynç alanyňyzda, iş gözläniňizde ýa⁠-⁠da maksat goýanyňyzda Ýehowa bil baglaýarsyňyzmy? Öz düşünjäňize daýanmaň. Karara gelmezden öň gözleg geçiriň we öwrenen zatlaryňyza eýeriň (Nak. 3:5, 6). Şonda Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyňyz we dogan-uýalaryň hormatyny gazanarsyňyz (1 Timoteos 4:12-ni okaň).

ÝEHOŞAPAT PATYŞADAN SAPAK EDINIŇ

15. 2 Taryh 18:1—3 we 19:2-nji aýatlara görä, Ýehoşapat nähili ýalňyşlyk goýberdi?

15 Ählimiz günäli bolandygymyz üçin käwagt ýalňyşýarys. Ýöne «ýalňyşmaýan adam ýok» diýip eliňizi sowatmagyň deregine, Ýehowa ýürekden gulluk ediň. Geliň, Ýehoşapat patyşa hakda gürrüň edeliň. Onuň köp gowy häsiýetleri bardy. Ol ýaş wagty «kakasynyň Hudaýyna gulluk edip, tabşyryklaryny berjaý edýärdi». Ol baştutanlary Ýahudanyň şäherlerine iberip, halka tälim bermegi tabşyrdy (2 Tar. 17:4, 7). Ýehoşapat akýürekli patyşa bolsa⁠-⁠da, käte ýalňyşýardy. Biz gezek Ýehoşapat patyşa Ýehowanyň gaharyny getirýär. Şonda Hudaý Ýehuwy iberip, oňa käýeýär (2 Taryh 18:1—3 we 19:2-nji aýatlary okaň). Biz mundan näme öwrenýäris?

Ynamdar we zähmetsöýer ýaşlar ýagşy at gazanýarlar (16-njy abzasa serediň)

16. Rajiw bilen bolan wakadan näme öwrendiňiz?

16 Maslahaty kabul ediň. Ýaşlar, belki, size Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýmak kyn düşýändir. Ýöne ruhdan düşmäň. Geliň, ýaş dogan Rajiwiň mysalyna seredeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ýygnaklara, wagza gidenimden sport bilen meşgullanmagy, dostlarym bilen dynç almagy gowy görýärdim. Meniň kellämde ýel öwüsýärdi». Şonda bir aladaçyl ýaşuly Rajiwe maslahat berýär. Rajiw sözüni şeýle dowam edýär: «Ýaşuly dogan 1 Timoteos 4:8-däki sözler barada oýlanmaga höweslendirdi». Rajiw pesgöwünlilik bilen ýaşulynyň maslahatyny kabul edýär we durmuşynda nämäni birinji orunda goýmalydygy hakda oýlanýar. Rajiw şeýle diýýär: «Men Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýdum. Maslahat berlenden birki ýyl geçensoň, meni hyzmatçy bellediler».

ÝEHOWANYŇ ÝÜREGINI ŞATLANDYRYŇ

17. Garry dogan-uýalar Ýehowa gulluk edýän ýaşlara nähili garaýar?

17 Ýaşlar, garry dogan-uýalar siziň bilen Ýehowa «agzybir gulluk edip» bilýändigine begenýärler (Sep. 3:9). Siz Ýehowanyň işini yhlasly, hyjuwly we güýjüňizi gaýgyrman ýerine ýetirýärsiňiz. Garry dogan-uýalar size guwanýar (1 Ýah. 2:14).

18. Nakyllar 27:11-e görä, Ýehowa ýaş doganlardan nämä garaşýar?

18 Ýaş doganlar, Ýehowa sizi söýýär we ynanýar. Mukaddes Kitapda soňky günlerde örän köp ýaşlaryň Ýehowa höwes bilen gulluk etjekdigi pygamberlik edilýär (Zeb. 110:1—3). Ýaşlar, Ýehowa siziň söýgiňizi we eliňizde baryny edip gulluk edýändigiňizi görýär. Elbetde, dogan-uýalaryň ynamyny gazanmak üçin wagt gerek bolar. Şonuň üçin sabyrly boluň. Eger ýalňyşsaňyz berlen maslahaty Ýehowanyň öwüt-ündewi hökmünde kabul ediň (Ýew. 12:6). Tabşyrylan islendik işi yhlas bilen ediň. Iň esasy zat bolsa, elmydama Ýehowanyň ýüregini şatlandyryň (Nakyllar 27:11-i okaň).

135-NJI AÝDYM Ýehowa: «Oglum, paýhasly bol» diýýär

^ par. 5 Ýaş doganlar Ýehowa bilen dostlaşsa, ýygnakda köp işleri etmek islär. Hyzmatçy bolmak isleýän ýaşlar dogan-uýalaryň ynamyny gazanmaly we şol ynamy ödemeli. Şu makalada olaryň muny nädip edip biljekdigi hakda gürrüň ederis.

^ par. 9 Käbir atlar üýtgedildi.