Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

«Durmuş maňa köp zat öwretdi!»

«Durmuş maňa köp zat öwretdi!»

FRANSUZ goşuny Alžir daglarynda düşläpdi. Alžirde uruş barha güýjeýärdi. Men fransuz goşunynda gulluk edýärdim. Bir gün ýeke özüm postda garawul durdum. Tüm-garaňky gijedi, hiç zat görnenokdy. Birdenem aýak seslerini eşitdim. Men halta-halta çägeleriň arkasynda gizlenip diňşirgendim. Duşman gelýändir öýdüp gaty gorkdum. Men heniz ýaş ýigitdim. Hiç kimi öldüresim gelenokdy, ölesimem gelenokdy. Şonda men: «Eý Hudaý, kömek et!» diýdim.

Şol gorkunç gije durmuşymy bütinleý üýtgetdi. Men ilkinji sapar Hudaýy çagyrdym. Soňra näme bolanyny bilesiňiz gelýärmi? Geliň, ilki çagalygym hakda gürrüň bereýin. Adamlaryň adalatsyzlygy meni Hudaýy agtarmaga höweslendirdi.

KAKAMYŇ BEREN TERBIÝESI

Men 1937-nji ýylda Fransiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Gesnan şäherinde dünýä indim. Kakam kömür alynýan şahtada işleýärdi. Ol der döküp zähmet çekýärdi. Kakam şahtaçylaryň kyn şertlerde işleýändigine, olara adalatsyzlyk edilýändigine gynanýardy. Ol şahtaçylaryň haky üçin göreşýän guramalara-da goşuldy. Adalatlylyk meniň hem ýaş kalbyma ornaşdy. Kakam ruhanylaryň ikiýüzlüligini görüp, jany ýanýardy. Olar baý, gurply ýaşasalar-da, gününi zordan görýän şahtaçylardan pul, iýer-içere zat sorap, dilegçilik edýärdiler. Kakam ruhanylary şeýle bir ýigrenýärdi welin, maňa Hudaý barada hiç zat öwretmedi. Öýde hiç kim Hudaý hakda dil ýarmaýardy.

Men hem kakam ýaly adalatsyzlygy we milletparazlygy ýigrenýärdim. Men daşary ýurtdan Fransiýa göçüp gelen çagalar bilen dostlaşýardym. Olar bilen futbol oýnaýardym. Meniň ejem fransuz däl-de, polýakdy. Men ähli adamlaryň deňhukukly bolmagyny, agzybir we parahat ýaşamagyny isleýärdim.

DURMUŞ HAKDA OÝLANYP BAŞLADYM

Harby gullugynda

1957-nji ýylda meni harby gullugyna çagyrdylar. Men fransuz goşuny bilen Alžire gelipdim. Şonda ýaňy gürrüň beren wakam bolupdy. Men tüm-garaňky gijede gorkudan ýaňa: «Eý Hudaý, kömek et!» diýipdim. Meniň duşmandyr öýdüp gorkanym, eşek bolup çykdy. Gerdenimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy, dünýäm giňäp gitdi! Şol gorkunç waka we möwç urýan uruş meni çuňňur oýa batyrdy. Men: «Biz näme üçin ýaşaýarys? Hudaý aladamyzy edýärmikä? Biz parahat durmuşda ýaşarmykak?» diýip, durmuşyň manysy hakda oýlandym.

Men gulluk rugsadyny alyp, öýe geldim. Şonda maňa Ýehowanyň Şaýady wagyz etdi we Mukaddes Kitaby berdi. Men Alžire gelenimden soň, Mukaddes Kitaby okap başladym. Esasanam, Ylham 21:3, 4-nji aýatlardaky: «Ine, Hudaýyň çadyry adamlaryň arasynda... Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» diýen sözleri okanymda haýran galdym. Men: «Mümkin däl! Beýle zat bolup bilmez!» diýdim. Men öň Mukaddes Kitaby okap görmändim. Hudaý hakda hiç zat bilmeýärdim.

Men 1959-njy ýylda harby gullugy tamamlap, öýe geldim. Soňra Fransuwa dogan bilen tanyşdym. Ol maňa Mukaddes Kitapdan okuw geçdi we Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny görkezdi (Zeb. 83:18). Şeýle-de Ýehowanyň adalaty dikeldip, ýer ýüzüni Jennete öwürjekdigini we Ylham 21:3, 4-nji aýatlardaky wadasyny ýerine ýetirjekdigini düşündirdi.

Meniň öwrenen zatlarym ýüregime jüňk bolýardy. Emma ruhanylara gaharym gelýärdi. Olar Hudaýyň Sözüni öwretmän, öz düşünjesini öňe sürýärdi. Olaryň ikiýüzlüligini paş edesim gelýärdi. Kakam ýaly adalat üçin göreşmek isleýärdim. Meniň sabyr-takatym ýokdy. Derrew adalaty dikeldesim gelýärdi.

Fransuwa bilen beýleki doganlar özümi ele almaga we gaharyma erk etmäge kömek etdiler. Olar adamlaryň üstünden höküm çykarmaly däldigini aýtdylar. Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz etmelidigini düşündirdiler. Bu babatda Isa pygamber görelde galdyrdy we şägirtlerine-de şeýle etmegi tabşyrdy (Mat. 24:14; Luka 4:43). Adamlar haýsy dine uýsalar-da, olar bilen sylaşykly we mähirli gürleşmegi öwrendim. Mukaddes Kitapda «Hudaýyň gulunyň dawalaşmaly däldigi... hemmeler bilen ýumşak» bolmalydygy hakda aýdylýar (2 Tim. 2:24).

Men gylyk-häsiýetimi we bütin durmuşymy üýtgetdim. 1959-njy ýylda etrap kongresinde suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady boldum. Kongresde Anžela uýa bilen tanyşdym, men oňa aşyk boldum. Anželany görmek üçin ýygnagyna-da barýardym. Biz 1960-njy ýylda toý etdik. Men akylly-başly, gaýratly gelne duşurandygy üçin, Ýehowa şükür edýärin (Nak. 19:14).

Toý eden günümiz

DOGANLARDAN KÖP ZATLARY ÖWRENDIM

Men akyl-paýhasly we ukyply doganlardan köp zatlary öwrendim. Esasanam, kyn ýumuşlary ýerine ýetireniňde pesgöwünli bolmaly ekeni. Nakyllar 15:22-de: «Maslahatçy köp bolsa, maksada ýetilýär» diýilýär.

Fransiýada etrap gözegçisi bolup gulluk etdim (1965)

Men şol sözleriň dogrudygyna göz ýetirdim. 1964-nji ýylda meni etrap gözegçisi edip bellediler. Men ýygnaklara aýlanyp, dogan-uýalary ruhlandyrmalydym, olara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmelidim. Men 27 ýaşymdadym. Heniz ýaş bolamsoň, ýalňyşlyk hem goýberýärdi. Emma ýalňyşlarymdan sapak edinýärdim. Şeýle-de ukyply we tejribeli doganlar maňa köp zatlary öwretdiler.

Şol döwürler bolan bir waka ýadyma düşýär. Men Parižde bir ýygnagy idäpdim. Ýehowa wepaly dogan maňa: «Ikiçäk gepleşip bilerismi?» diýdi. Menem: «Hawa!» diýdim.

Ol menden: «Lukmanyň kömegine kim mätäç? Sag adammy ýa-da syrkaw?» diýip sorady.

Menem: «Syrkaw adam» diýip jogap berdim.

Ol şeýle diýdi: «Dogry aýdýaň! Men bir zada üns berdim. Sen ýaşulular, Hudaýa imany berk dogan-uýalar bilen köp işleşýäň. Biziň ýygnagymyzda täze wagyzçylar, göwnüçökgünlige düşen we çekinjeň dogan-uýalar köp. Eger sen olar bilen gürrüňdeş bolsaň, ruhlandyrsaň we myhmançylyga barsaň, olar begenerdiler».

Men doganyň beren maslahaty üçin örän minnetdar. Onuň Ýehowanyň guzujyklarynyň aladasyny edişine haýran galdym. Men kyn hem bolsa, ýalňyşymy boýun aldym, doganyň maslahatyna derrew eýerdim. Şeýle doganlary berýändigi üçin, Ýehowa alkyşlar bolsun!

1969 we 1973-nji ýyllarda Parižiň golaýyndaky Kolomb şäherinde iki sany halkara kongresi geçirildi. Meni şol kongreslerde azyk üpjünçilik bölümine gözegçi bellediler. 1973-nji ýylda geçirilen halkara kongresine 60 000-e golaý adam geldi. Men bäş günüň dowamynda kongrese gelen myhmanlaryň ählisini naharlamalydym. Aljyrap näme etjegimi bilmedim. Şonda ýene-de Nakyllar 15:22-ä eýerip, Hudaýa wepaly we ukyply doganlar bilen maslahatlaşdym. Şol doganlar maňa azyk önümlerini almaga kömek etdiler. Olaryň arasynda gassaplar, daýhanlar, aşpezler we söwdagärler bardy. Biz eginme-egin işleşip, ägirt uly işi ýerine ýetirdik!

1973-nji ýylda aýalym ikimizi Fransiýanyň Beýtelinde gulluk etmäge çagyrdylar. Maňa kyn ýumuş tabşyrdylar. 1970—1993-nji ýyllar aralygynda Kamerunda wagyz işi gadagan edilipdi. Men Kamerundaky (Afrika) dogan-uýalara edebiýat eltip bermelidim. Men muny nädip etjegimi bilmän aljyradym. Fransiýanyň filialynyň gözegçisi meniň alada edýändigimi görüp: «Kamerundaky dogan-uýalar biziň edebiýatlarymyza garaşýarlar. Olar biziň kömegimize mätäç!» diýdi. Biz kyn işi başardyk!

Kamerundan gelen dogan-uýalar üçin geçirilen ýörite duşuşyk (Nigeriýa 1973)

Men Kamerunyň goňşy ýurtlaryna birnäçe sapar baryp, ol ýerdäki ýaşuly doganlar bilen görüşdim. Batyrgaý we paýhasly doganlaryň goldawy bilen, Kamerundaky imandaşlarymyza wagtly-wagtynda edebiýat eltip durduk. Ýehowa biziň tagallamyza ak pata berdi! 20 ýylyň dowamynda Kamerundaky dogan-uýalar her aý «Hudaýa gullugymyzy» we «Garawul diňi» žurnalyny aldylar.

Anžela ikimiz Kamerundan gelen etrap gözegçileri we aýallary bilen tanyşdyk (Nigeriýa 1977)

SÖWER ÝARYMYŇ GOLDAWY

Anžela bilen tanşyp başlanymda, onuň Ýehowany ýürekden söýýändigini gördüm. Maşgala guranymyzdan soň, Anželanyň Ýehowa ýaraýan ençeme ajaýyp häsiýetlerine üns berdim. Toý eden günümiz gije Anžela menden Ýehowa uzak wagtlyk gulluk etmegimiz hakda doga etmegi haýyş etdi. Ýehowa dogamyza jogap berdi.

Men Anželanyň kömegi bilen Ýehowa ýürekden bil baglamagy öwrendim. 1973-nji ýylda bizi Beýtele çagyranlarynda, maňa karara gelmek kyn boldy. Sebäbi etrap gözegçisi bolup gulluk etmegi gowy görýärdim. Ýöne Anžela maňa: «Biz ömrümizi Ýehowa bagyş etdik. Şol sebäpli gurama näme tabşyrsa, şony etsek gowy bolar» diýdi (Ýew. 13:17). Men onuň bilen doly razylaşdym. Şeýdip, biz Beýtelde gulluk edip başladyk. Anžela akylly-başly, düşünjeli we Ýehowany ýürekden söýýär. Onuň ýagşy häsiýetleri dogry karara gelmäge we bagtly ýaşamaga kömek edýär.

Anžela ikimiz Beýtel bagynda (Fransiýa)

Biziň ýaşymyz bir çene ýetdi. Anžela maňa uly goldaw berýär. Guramanyň mekdepleriniň köpüsi iňlis dilinde geçirilýär. Biz iňlis dilini gowy öwrenmek üçin tagalla edip başladyk. Biz 70 ýaşlarymyzda bolsak-da, iňlis ýygnagyna geçdik. Fransiýanyň filial komitetiniň agzasy bolandygym üçin iňlis dilini öwrenmäge wagtym ýokdy. Emma Anžela ikimiz bir-birimize kömek edýärdik. Häzir biz 80 ýaşlarymyzda, emma her hepde iňlis we fransuz dillerinde ýygnaga taýýarlanýarys. Biz ýygnakda köpräk jogap bermek we dogan-uýalar bilen wagyz etmek üçin elimizde baryny edýäris. Ýehowanyň kömegi bilen iňlis dilini öwrendik!

2017-nji ýylda bir şatlykly waka boldy. Anžela ikimizi Filial komitetiniň agzalary we olaryň aýallary üçin mekdepde okamaga çagyrdylar. Mekdep Pattersondaky (Nýu-Ýork) Garawul diňiniň okuw merkezinde geçirildi.

Ýehowa Beýik Mugallym (Işa. 30:20). Şonuň üçin ol halkyna — hem ýaşlara, hem garrylara — bilimi berýär (5 Mus. 4:5—8). Men bir zada göz ýetirdim. Ýehowa Hudaýa we ukyply dogan-uýalara gulak asýan ýaşlar dogry karara gelýärler, Hudaýa wepaly bolýarlar. Nakyllar 9:9-da şeýle diýilýär: «Akylly adama öwüt-ündew ber, has-da akylly bolar. Dogruçyl adama öwret, düşünjesi artar».

Men käte-käte Alžir daglarynda bolan şol gorkunç gijäni ýatlaýaryn. Şondan bäri 60 ýyla golaý wagt geçipdir. Maňa bagtly durmuşyň garaşýandygy hakda ýatsam-tursam kelläme-de gelmeýärdi. Durmuş maňa köp zat öwretdi! Ýehowa Anžela ikimize bagtly durmuş berdi. Biz gökdäki Atamyz Ýehowadan we Ony ýürekden söýýän ukyply, paýhasly dogan-uýalardan hemişe öwrenmegi ýüregimize düwdük.