Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 24

Şeýtanyň duzagyndan halas bolup bileris

Şeýtanyň duzagyndan halas bolup bileris

«Iblisiň... torundan halas bolarlar» (2 Tim. 2:26).

36-NJY AÝDYM Ýüregimizi goralyň

MAZMUNY *

1. Şeýtany näme üçin awça meňzetse bolar?

AWÇYNYŇ maksady awuny diriligine tutmak ýa-da ony öldürmek. Şol sebäpli ol dürli duzaklary we torlary gurýar. Mukaddes Kitapda hem awçynyň awuny tutmak üçin her dürli duzaklary ulanýandygy aýdylýar (Eýp. 18:8—10). Awçy awuny tutmak üçin ünsli synlap: «Ol nirä gidýär? Näme iýýär? Ony nädip duzaga düşürip bolar?» diýip oýlanýar. Şeýtany hem şeýle awça meňzetse bolar. Ol biziň ädýän her bir ädimimize, isleg-arzuwymyza üns berýär. Ol bizi diriligine ele salmak üçin duzak gurýar. Mukaddes Kitapda Şeýtanyň duzagyna düşen adamlaryň halas bolup biljekdigi aýdylýar. Şeýle-de Şeýtanyň toruna düşmez ýaly näme etmelidigi barada ýekän-ýekän agzalýar.

Şeýtan köp adamlary tekepbirligiň we açgözlügiň duzagyna düşürdi (2-nji abzasa serediň). *

2. Şeýtan haýsy iki duzagy ussatlyk bilen ulanýar?

2 Şeýtan köp adamlary tekepbirligiň we açgözlügiň * duzagyna düşürdi. Ol müňlerçe ýylyň dowamynda şu iki duzagy ussatlyk bilen ulanyp gelýär. Şeýtan guş awçysy ýaly bizi duzaga düşürmek ýa-da tora salmak isleýär (Zeb. 91:3). Ýöne biz onuň duzagyna düşmän hem bileris. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi Ýehowa bize Şeýtanyň haýsy ýollar bilen duzak gurýandygyny mälim edýär (2 Kor. 2:11).

Mukaddes Kitapdan Şeýtanyň duzagyna düşen adamlar barada okasak, tekepbir we açgöz bolmarys (3-nji abzasa serediň). *

3. Ýehowa bizi Şeýtanyň duzagyndan goramak üçin näme etdi?

3 Ýehowa bizi tekepbirligiň we açgözlügiň duzagyndan goramak isleýär. Ol Mukaddes Kitaba şol duzaklara düşen adamlar hakda ýazdyrdy. Şol wakalary okanyňyzda, Şeýtanyň Hudaýa wepaly adamlary hem duzaga düşürendigine üns beriň. Onda Şeýtanyň duzagyndan hiç bir adam halas bolup bilmezmi? Elbetde, halas bolup biler! Ýehowa bizi goramak üçin şol wakalary Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (1 Kor. 10:11). Biz şol wakalary okasak, Şeýtanyň duzagyna düşmeris.

TEKEPBIRLIK DUZAGY

4-nji abzasa serediň.

4. Tekepbirligiň duzagyna düşen adama näme bolar?

4 Şeýtan biziň ulumsy, tekepbir bolmagymyzy isleýär. Eger biz ulumsy bolsak, Şeýtana meňzäris we ebedi ýaşaýyşdan mahrum bolarys (Nak. 16:18). Pawlus resul «ulumsylyk edýäniň, Iblise çykarylan höküme sezewar boljakdygyny» aýtdy (1 Tim. 3:6, 7). Biz Ýehowany ýaňy-ýakynda tanan hem bolsak ýa-da köp ýyldan bäri gulluk edýän hem bolsak, tekepbirligiň duzagyna düşüp bileris.

5. Nesihat 7:16, 20-nji aýatlara görä, tekepbir adam näme edýär?

5 Ulumsy adam diňe özüni bilip ýaşaýar. Şeýtan biziň kyn ýagdaýlara duşanymyzda, Ýehowa hakda däl-de, diňe özümiz hakda oýlanmagymyzy isleýär. Meselem, size töhmet atmaklary ýa-da adalatsyzlyk etmekleri mümkin. Şonda siz Ýehowany ýa-da dogan-uýalary günäkärläp başlasaňyz, Şeýtan hezil eder. Ol ýüze çykan ýagdaýy Hudaýyň Sözüne görä däl-de, öz göwnüňize laýyk çözmegiňizi isleýär (Nesihat 7:16, 20-nji aýatlary okaň).

6. Biz uýanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

6 Geliň, Niderlandiýada ýaşaýan uýa hakda gürrüň edeliň. Dogan-uýalaryň käbiri onuň göwnüne degýär. Uýanyň sabyr käsesi dolup, ärine: «Biz başga ýygnaga geçeli, meniň olary göresim gelenok» diýýär. Soňra uýa 2016-njy ýylyň martynda çykan JW teleýaýlymy® görýär. Teleýaýlymda birek-biregi ýürekden bagyşlamak hakda berlen maslahatlar oňa güýçli täsir edýär. Ol şeýle diýýär: «Men dogan-uýalaryň gylyk-häsiýetini düzetjek bolman, pesgöwünli bolup, öz üstümde işlemelidigime düşündim. Teleýaýlymdaky pikirler Ýehowa hem-de onuň hökümdarlygy hakda oýlanmaga höweslendirdi». Biz mundan näme öwrenýäris? Bizem şeýle ýagdaýa düşenimizde Ýehowa hakda oýlanmaly. «Dogan-uýalary bagyşlamaga kömek et» diýip, Ýehowa ýalbaryp doga etmeli. Dogan-uýalar ýalňyşlyk goýberse-de, Ýehowa olary ýürekden bagyşlaýar. Ol biziňem bagyşlamagymyzy isleýär (1 Ýah. 4:20).

7-nji abzasa serediň.

7. Uzyýa patyşa bilen bolan wakany gürrüň beriň.

7 Uzyýa patyşa başarjaň adamdy. Ol köp söweşlerde ýeňiş gazandy, köp şäherleri gurdy. Uzyýa patyşa ekerançylygy hem gowy görýärdi. Onuň köp mellekleri we bag-bakjalary bardy. «Hak Hudaý ony goldaýardy» (2 Tar. 26:3—7, 10). Mukaddes Kitapda: «Uzyýanyň güýç-kuwwaty artanda, ol tekepbir bolup, heläkçilige uçrady» diýilýär. Ýehowanyň tabşyrygy boýunça ybadathanada diňe ruhanylar tütetgi ýakmalydy. Emma Uzyýa patyşa tekepbirlik edip, tütetgi ýakmak üçin ybadathana girýär. Ol men-menlik edip, berlen maslahaty kabul etmeýär. Ýehowanyň muňa gahary gelýär. Şonda Uzyýanyň maňlaýynda heýwere döreýär. Uzyýa patyşa ölýänçä heýwere keselinden ejir çekýär (2 Tar. 26:16—21).

8. 1 Korinfliler 4:6, 7-nji aýatlar tekepbirligiň duzagyna düşmezlige nädip kömek edýär?

8 Uzyýa ýaly bizem tekepbirligiň duzagyna düşüp bilerismi? Geliň, Hose dogan hakda gürrüň edeliň. Ol başarjaň telekeçidi, işi-de ugruna bolýardy. Ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýärdi. Dogan-uýalar oňa hormat goýýardy. Ol etrap we welaýat kongreslerinde nutuk bilen çykyş edýärdi. Etrap gözegçileri ondan maslahat soraýardy. Hose şeýle diýýär: «Men Ýehowa däl-de, özüme bil baglap başladym. Özüme şeýle bir göwnüm ýetýärdi welin, Ýehowanyň öwüt-ündewine, maslahatyna gulak asmadym». Soňra Hose agyr günä edip, ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Ol birnäçe ýyldan soň dikeldilýär. Hose şeýle diýýär: «Ýehowa maňa ýygnakdaky borjuň, at-abraýyň däl-de, Onuň islegini ýürekden ýerine ýetirmegiň wajypdygyny öwretdi». Bize ukyby, zehini we ýygnakdaky borjy Ýehowanyň berýändigini unutmalyň (1 Korinfliler 4:6, 7-nji aýatlary okaň). Biz tekepbir bolsak, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bilmeris.

AÇGÖZLÜK DUZAGY

9-njy abzasa serediň.

9. Şeýtan we How ene açgözlügiň toruna nädip düşdi?

9 Açgözlük hakda gürrüň edeniňde, ilki bilen Şeýtan göz öňüňe gelýär. Ol başda Hudaýyň wepaly perişdesidi, hormatly borçlary bardy. Emma Şeýtan baryna kaýyl bolmady. Ol açgözlük edip, perişdeleriň, adamlaryň Ýehowa Hudaýa däl-de, özüne sežde etmegini isledi. Şeýtan biziň hem barymyza kaýyl bolman, açgöz bolmagymyzy isleýär. Şeýtan How enäni hem açgözlügiň toruna düşüripdi. Ýehowa Adam ata bilen How enä dürli-dümen ir-iýmişleri berdi (1 Mus. 2:16). Ýöne diňe bir agajyň miwesinden iýmeli däldigini aýtdy. How ene Hudaýyň gadagan eden agajynyň miwesinden iýdi. How ene baryna kaýyl bolmady, has köp zat isledi. Şeýdip, How ene günä etdi we aradan çykdy (1 Mus. 3:6, 19).

10-njy abzasa serediň.

10. Dawut nädip açgözlügiň toruna düşdi?

10 Ýehowa Dawut patyşa baýlyk, at-abraý berdi we duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazanmaga kömek etdi. Dawut Ýehowanyň eden ýagşylyklarynyň «sanardan köpdügini» aýdypdy (Zeb. 40:5). Ýöne ol açgözlügiň toruna düşüp, Allatagalanyň ýagşylyklarynyň gadyryny bilmedi. Ol baryna kaýyl bolmady, has köp zady isledi. Dawudyň ençeme aýallary bolsa-da, hetlerden bolan Uryýanyň aýaly Batşeba göz gyzdyryp, onuň bilen zyna etdi. Soňra Batşeba göwreli boldy. Dawut muny hem az görýän ýaly, Uryýany öldürmegiň küýüne düşdi (2 Şam. 11:2—15). Dawut näme barada oýlandyka? Eden işlerini Ýehowa görmeýändir öýtdümikä? «Süýji-süýji iýmäniň, ajy-ajy gägirmesi bolar» diýlişi ýaly, Dawut köp ejir çekmeli boldy. Emma Dawut ýalňyşyna düşünip toba etdi, Ýehowa hem ony bagyşlady(2 Şam. 12:7—13).

11. Efesliler 5:3, 4-nji aýatlara görä, açgöz bolmaz ýaly näme etmeli?

11 Biz Dawut patyşanyň ýalňyşyndan nähili sapak edinip bileris? Eger Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolsak, açgözlügiň toruna düşmeris, barymyza kaýyl bolup ýaşarys (Efesliler 5:3, 4-nji aýatlary okaň). Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adama her gün Ýehowanyň bir ýagşylygy barada oýlanmaga we minnetdar bolmaga höweslendirmeli. Şonda ol hepde-de ýedi gezek Ýehowanyň ýagşylyklary üçin minnetdar bolup doga eder (1 Sel. 5:18). Bizem Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlansak, oňa minnetdar bolarys. Eger minnetdar bolsak, barymyza kaýyl bolarys; barymyza kaýyl bolsak, açgöz bolmarys.

12-nji abzasa serediň.

12. Açgöz Iuda Iskariýot näme etdi?

12 Iuda Iskariýot açgözlügiň duzagyna düşüp, Halypasyny satýar we dönüklik edýär. Ýöne ol başda erbet adam däldi (Luka 6:13, 16). Isa ony resuly edip saýlapdy. Iuda ukyply, ynamdar adamdy, şonuň üçin pully gutyny göterýärdi. Isa pygamber resullary bilen şäher-şäher, oba-oba aýlanyp wagyz edýärdi. Olar gerek-ýarak zatlaryny satyn almak üçin gutudan pul alýardylar. Häzir bolsa şeýle gutulara bütindünýä wagyz işini goldamak üçin pul sadakalary atylýar. Isa açgözlügiň gowy zadyň üstünden eltmejegini ençeme sapar duýduran hem bolsa, Iuda gutudan pul ogurlaýardy (Mar. 7:22, 23; Luka 11:39; 12:15). Isanyň aýdan sözleri onuň bir gulagyndan girip, beýleki gulagyndan çykýardy.

13. Iudanyň açgözlügi haçan mese-mälim boldy?

13 Iuda açgözlükden ýaňa nebsine çapyp başlaýar. Heýwere keselinden gutulan Simun Isany we resullary öýüne myhmançylyga çagyrýar. Ol ýere Marta bilen Merýem hem barýar. Merýem ýerinden turup, Isanyň başyna atyr ysly gymmatbaha ýag guýýar. Şonda resullar hüňürdeşip: «Ýagy... gymmat satyp, puluny garyplara paýlasa bolardy» diýýärler. Iudanyň bolsa niýeti düzüw däldi. Ol «ogrudy», bar aladasy torbasydy. Hatda ol Halypasy Isany bir guluň bahasyna, ýagny 30 kümüş teňňä satýar (Ýah. 12:2—6; Mat. 26:6—16; Luka 22:3—6).

14. Är-aýal Luka 16:13-däki maslahata nädip eýerdi?

14 Isa şägirtlerine: «Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» diýdi (Luka 16:13-i okaň). Rumyniýada ýaşaýan är-aýal Isanyň sözleriniň dogrudygyna göz ýetirdi. Olara daşary ýurtda köp aýlykly işde işlemegi teklip edýärler. Olar şeýle diýýär: «Biziň banka köp karzymyz bolansoň, muňa Ýehowanyň berekedidir öýtdük». Aslynda, bu Şeýtanyň duzagydy. Sebäbi olar işlemek üçin daşary ýurda gitseler, Ýehowa gulluk etmäge wagty bolmazdy. Är-aýal 2008-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykan «Garawul diňindäki» «Siziň ýüregiňiz Ýehowa doly wepaly bolsun» diýen makalany okaýar. Olar şeýle gürrüň berýär: «Biz daşary ýurtda işlän bolsak, köp pul gazanardyk. Ýöne Ýehowa edýän gullugymyz ikinji orna geçerdi. Hudaýa imanymyz gowşardy». Är-aýal teklibi kabul etmeýärler. Soňra näme bolýar? Dogan öz ýurdundan gowy aýlykly iş tapýar. Uýa şeýle gürrüň berýär: «Dogrudanam, Ýehowanyň eli gysga däl». Olar baýlygyň däl-de, Hudaýyň guly bolanyna begenýärler.

ŞEÝTANYŇ DUZAGYNA DÜŞMÄLIŇ

15. Şeýtanyň duzagyndan halas boljagymyza näme üçin ynanyp bileris?

15 Biz tekepbirligiň ýa-da açgözlügiň duzagyna düşen bolsak näme?! Biz halas bolup bilerismi? Elbetde! Pawlus resul: «Iblisiň duzagyna düşenler... halas bolarlar» diýdi (2 Tim. 2:26). Natan pygamber Dawuda käýänsoň, ol ýalňyşyna düşündi, toba etdi we ýene Ýehowa bilen dost bolup bildi. Unutmalyň, Ýehowa Şeýtandan has güýçli. Biz Ýehowanyň kömegi bilen Şeýtanyň ähli duzagyndan halas bolup bileris.

16. Şeýtanyň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli?

16 Şeýtanyň duzagyna düşen adam halas bolup biler. Ýöne biz şol duzaga düşmän hem bileris. Munuň üçin özümize däl-de, Ýehowa bil baglamaly. Biz men-menlik etmeli däl. Sebäbi Ýehowa köp wagtdan bäri gulluk edýän dogan-uýalar hem tekepbirligiň we açgözlügiň duzagyna düşdüler. Şeýle erbet häsiýetler aňymyza, ganymyza siňmez ýaly, her gün Ýehowa doga edip kömek soramaly we ýüregimizi barlamagy haýyş etmeli (Zeb. 139:23, 24). Geliň, tekepbirligiň we açgözlügiň ýüregimize kök urmagyna ýol bermäliň!

17. Tizden Iblise näme bolar?

17 Şeýtan müňlerçe ýyl bäri aw-awlap gelýär. Ýöne ol tizden öz gazan çukuryna özi düşer we ýok ediler (Ylh. 20:1—3, 10). Biz şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şol gün gelýänçä, Şeýtanyň duzagyna düşmäliň. Tekepbir we açgöz bolmaz ýaly elimizde baryny edeliň. Geliň, «Iblise garşy duralyň, şonda ol bizden gaçar» (Ýak. 4:7).

127-NJI AÝDYM Men nähili adam bolmaly?

^ par. 5 Şeýtan — ökde awçy. Biz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk etsek-de, Şeýtan duzaga düşürjek bolýar. Şu makalada biziň Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmak üçin, Şeýtanyň ulanýan iki duzagyna: açgözlüge we tekepbirlige serederis. Şeýle-de Şeýtanyň şu iki duzagyna düşen adamlardan nähili sapak edinmelidigi hakda gürrüň ederis.

^ par. 2 DÜŞÜNDIRILIŞ: tekepbir, ulumsy adamlar özüni hemmelerden ýokary tutýar. Açgöz adamyň gözi hiç zatdan doýmaýar. Ol wezipäniň, puluň, baýlygyň ugrunda hars urýar. Açgöz adam jynsy höweslerine-de erk edip bilmän, ahlaksyzlyk edip ýörýär.

^ par. 53 SURAT: dogan tekepbirlik edip, maslahaty kabul etmeýär. Uýa köp zat satyn alsa-da, gözi zatdan doýmaýar.

^ par. 55 SURAT: perişde we Uzyýa patyşa tekepbirlik edýär. How ene baryna kaýyl bolman, gadagan edilen agajyň miwesinden iýýär. Dawut açgözlügiň toruna düşüp, Batşeba bilen zyna edýär. Iuda Iskariýot açgözlük edip, gutudan pul ogurlaýar.