Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 31

Ýehowa sabyrly garaşyň

Ýehowa sabyrly garaşyň

«Sabyrly garaşaryn» (Mik. 7:7).

128-NJI AÝDYM Soňuna çenli çydalyň

MAZMUNY *

1, 2 Makalada näme hakda gürrüň ederis?

AÝDALY, siz birine garaşýarsyňyz, emma ol wagtynda gelmeýär. Şonda siz: «Ol näme üçin gelmeýärkä?» diýip, biynjalyk bolup başlarsyňyz. Mukaddes Kitapda: «Uzaga çeken tama ýürege dertdir» diýilýär (Nak. 13:12). Emma siz onuň näme üçin gijä galýandygyny bilseňiz kän alada etmersiňiz, gaýtam sabyrly garaşarsyňyz.

2 Şu makalada «sabyrly garaşmaga» kömek edýän Mukaddes Kitapdaky maslahatlara serederis (Mik. 7:7). Şeýle-de haýsy iki ýagdaýda Ýehowa sabyrly garaşmalydygymyz hakda gürrüň ederis we Ýehowanyň sabyrly adamlara berjek bereketleri barada bileris.

HUDAÝYŇ SÖZI SABYRLY BOLMAGA KÖMEK EDÝÄR

3. Biz Ýakup 5:7-den näme öwrenýäris?

3 Sabyrly bolmagyň peýdasy hakda Ýakup 5:7-de şeýle diýilýär: «Daýhan hem bol hasyl almak üçin güýz we ýaz ýagşyna sabyrly garaşýar». Biz mundan näme öwrenip bileris? Çekýän zähmetiň hözirini görmek üçin sabyrly bolmaly.

4. Biz Nakyllar 4:18-den näme öwrenýäris?

4 Nakyllar 4:18-de: «Dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy kimindir, ol süýr günortana çenli barha ýagtylýar» diýilýär. Şu aýatdan görnüşi ýaly, Ýehowa halkyna öz niýetini ýuwaş-ýuwaşdan aýan edýär. Şeýle-de adama gylyk-häsiýetini üýtgedip, Ýehowa bilen dostlaşmak üçin hem wagt gerek bolýar. Eger biz Mukaddes Kitaby we edebiýatlarymyzy okap, maslahatlaryny durmuşymyzda ulansak, ýagşy häsiýetleri ösdüreris, Hudaýy ýakyndan tanarys. Geliň, Isa pygamberiň gürrüň beren mysalyna seredeliň.

Tohumyň ýuwaş-ýuwaşdan ösüşi ýaly, hoş habary kabul eden adamyň hem imany berkeýänçä wagt gerek bolýar (5-nji abzasa serediň).

5. Isa pygamberiň gürrüň beren mysaly nämäni aňladýar?

5 Isa pygamber Patyşalyk baradaky hoş habary kiçijik tohuma meňzetdi. Şol tohum akýürekli adamlaryň ýüreginde ýuwaş-ýuwaşdan gögerýär. Isa şeýle diýdi: «Daýhan tohumyň nädip ösýänini bilmeýär. Toprak öz-özünden hasyl berýär. Başda baldak ösýär, soňra baş çykýar, ahyrynda dänesi bişip ýetişýär» (Mar. 4:27, 28). Isa pygamberiň sözleri nämäni aňladýar? Tohumyň ýuwaş-ýuwaşdan ösüşi ýaly, hoş habary kabul eden adamyň hem imany berkeýänçä wagt gerek bolýar. Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adamlaryň erbet endiklerini taşlap, Ýehowa bilen dostlaşýandygyny görüp begenýäris (Efes. 4:22—24). Emma biz tohumy Ýehowa Hudaýyň ösdürýändigini unutmaly däl (1 Kor. 3:7).

6, 7. Ýehowanyň Ýer şaryny ýaradyşyndan näme öwrenýäris?

6 Ýehowa bir işiň başyna baranda, ony howul-hara etmeýär. Ol edýän işinden göwni suw içýänçä zähmet çekip, köp wagtyny sarp edýär. Allatagalanyň elleriniň işi adyny şöhratlandyrýar we adamlara peýda berýär. Geliň, adamlaryň bagtly ýaşamagy üçin, Ýehowanyň Ýer şaryny sünnäläp ýaradandygy barada gürrüň edeliň.

7 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ýeriň «ölçegini» berendigi, «sütünlerini... berkidendigi» we «düýp daşyny... goýandygy» hakda aýdylýar (Eýp. 38:5, 6). Ol ýaradan zatlaryny ýekän-ýekän synlap, örän begendi (1 Mus. 1:10, 12). Allatagalanyň gudratly gollary bilen ýaradan Ýer şaryny görende, perişdeler özüni nähili duýduka? Mukaddes Kitapda: «Perişdeler joşup alkyş aýtdy» diýilýär (Eýp. 38:7). Ýehowa älem-jahany müňlerçe ýylyň dowamynda ýaratdy. Ol ýaradan zatlaryndan hoşal bolup: «Ähli zat juda gowy» diýdi (1 Mus. 1:31).

8. Biz näme hakda gürrüň ederis?

8 Mukaddes Kitapdaky mysallardan görnüşi ýaly, sabyrly bolmak örän wajyp. Geliň, haýsy iki ýagdaýda Ýehowa Hudaýa sabyrly garaşmalydygymyz hakda gürrüň edeliň.

HAÝSY ÝAGDAÝLARDA SABYRLY GARAŞMALY?

9. Biz haýsy ýagdaýda Ýehowa sabyrly garaşmaly?

9 Allatagala doga-dileglerimize jogap berýänçä sabyrly garaşmaly. Biz kynçylyga uçranymyzda we erbet endikler bilen göreşenimizde, Ýehowa ýalbaryp doga edýäris. Ýöne käte Ýehowa doga-dileglerimize jogap bermeýän ýaly görünýär. Ol näme üçin derrew jogap bermeýärkä?

10. Ýehowa doga-dileglerimize jogap berýänçä näme üçin sabyrly garaşmaly?

10 Ýehowa biziň ýürekden edýän doga-dileglerimizi ünsli diňleýär (Zeb. 65:2). Ol wepaly bendeleriniň dogalaryndan imanynyň berkdigini görýär (Ýew. 11:6). Ýehowa biziň gol gowşuryp oturman, edýän dogalarymyza görä aýgytly ädimleri ätmegimizi isleýär (1 Ýah. 3:22). Biz erbet endiklerimizi ýeňmek üçin tagalla etmeli. Şeýle-de aňymyza siňen erbet häsiýetleri bir günde üýtgedip bilmejegimize düşünmeli. Isa pygamber doga-dileglerimize derrew jogap almajagymyzy düşündirip, şeýle diýdi: «Gaýta-gaýta diläň, size berler, hemişe agtaryň, taparsyňyz, gapyny gaýta-gaýta kakyň, size açarlar. Sebäbi dilän alar, agtaran tapar, gapyny kakana açarlar» (Mat. 7:7, 8). Biz şu maslahata eýerip «hemişe doga etsek», gökdäki Atamyzyň dileglerimize jogap berjegine ynamly bolup bileris (Kol. 4:2).

Biz Ýehowa iman edip doga etmeli we sabyrly garaşmaly (11-nji abzasa serediň). *

11. Dileglerimize derrew jogap almasak, 1 Petrus 5:6 nädip kömek eder?

11 Ýehowa käte doga-dileglerimize derrew jogap bermeýär. Emma ol dogalarymyza «öz wagtynda» jogap bermegi wada berýär (1 Petrus 5:6-ny okaň). Şol sebäpli dileglerimize derrew jogap almasak, Ýehowadan nägile bolmalyň. Käbir dogan-uýalar birnäçe ýyl bäri Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi we zalym dünýäniň ýok edilmegi hakda doga-dileg edýärler. Isa pygamber hem şeýle doga etmegi öwredipdi (Mat. 6:10). Eger biz «dünýäniň soňy gelmedi» diýip, Hudaý bilen dostlugymyzy bozsak akmaklyk ederis (Hab. 2:3; Mat. 24:44). Biz Ýehowa iman bilen doga etmeli we sabyrly garaşmaly. Ýehowa Hudaý dünýäni ýok etjek «gününi we sagadyny» belledi. Ol bellän wagtyndan gijä galmaz. Akýürekli adamlary tüýs wagtynda halas eder (Mat. 24:36; 2 Pet. 3:15).

Biz Ýusubyň göreldesine nädip eýerip bileris? (12—14-nji abzaslara serediň).

12. Haýsy ýagdaýlarda sabyrly garaşmak has-da kyn bolmagy mümkin?

12 Ýehowa adalaty dikeldýänçä sabyrly garaşmaly. Şu günler adamlar milletine, tire-taýpasyna, medeniýetine seredip, biri-birini ala tutýarlar. Käbirlerini maýyp ýa-da kemakyl bolandyklary üçin äsgermeýärler. Ýehowanyň Şaýatlaryny bolsa Mukaddes Kitap boýunça ýaşaýandyklary üçin kemsidip, üstünden gülýärler. Eger biz Isa pygamberiň «soňuna çenli çydan halas bolar» diýen maslahatyna eýersek, adalatsyzlyga döz gelip bileris (Mat. 24:13). Ýöne siz dogan-uýalaryň biriniň agyr günä edendigini bilseňiz näme? Şeýle ýagdaýda ýaşululara bil baglarsyňyzmy? Olar meseläni Ýehowanyň isleýşi ýaly çözýänçä sabyrly garaşarsyňyzmy? Dogan-uýalaryň biri agyr günä edende ýaşulular nähili çäre görýärler?

13.Ýaşulular meseläni Ýehowanyň isleýşi ýaly adalatly çözmek üçin näme edýärler?

13 Dogan-uýalaryň biri agyr günä etse, ýaşulular meseläni Ýehowanyň isleýşi ýaly adalatly çözmäge çalyşýarlar. Olar Hudaýa dileg edip, «gökden inýän akyldarlygy» soraýarlar (Ýak. 3:17). Olar «günäkäri erbet ýoldan yzyna gaýtarmak» üçin elinde baryny edýärler (Ýak. 5:19, 20). Şeýle-de ýaşulular günäkär sebäpli ejir çeken adama göwünlik bermek we tutuş ýygnagy goramak isleýärler (2 Kor. 1:3, 4). Ýaşulular meseläni derňänlerinde ähli maglumatlary ýygnaýarlar, munuň üçin wagt gerek bolýar. Olar Ýehowa doga edip görkezme soraýarlar, günäkäre Mukaddes Kitaba esaslanyp maslahat berýärler we «öte geçmän» temmi berýärler (Ýer. 30:11). Ýaşulular meseläni derrew çözmäge çalyşýarlar, ýöne howlukmaç karara gelmeýärler. Ýaşulular Ýehowanyň görkezmesine eýerip karara gelseler, hemmelere peýdaly bolýar. Emma ejir çekýän adamyň ýürek ýarasy biter ýaly wagt gerek bolmagy mümkin. Eger siz hem şeýle ýagdaýy başdan geçirýän bolsaňyz, näme edip bilersiňiz?

14. Dogan-uýalaryň biri size adalatsyzlyk etse kimiň göreldesine eýerip bilersiňiz?

14 Dogan-uýalaryň biri size garşy agyr günä edipdimi? Eger şeýle bolsa, Mukaddes Kitapdan Ýehowa sabyrly garaşmaga kömek etjek öwüt-ündewleri tapyp bilersiňiz. Meselem, Ýusubyň agalary ony ýat ýurda gul edip satdylar. Emma Ýusup agalaryndan ar aljak bolmady. Ol Ýehowa ýürekden gulluk etdi. Ýehowa hem Ýusuby sabyrlylygy we çydamlylygy üçin sylaglady (1 Mus. 39:21). Ýusup doganlaryny ýürekden bagyşlady. «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýlişi ýaly, Ýehowa oňa bol bereket berdi (1 Mus. 45:5). Biz hem Ýusubyň göreldesine eýerip, Ýehowa adalaty dikeldýänçä, sabyrly garaşsak we oňa iman etsek göwünlik taparys (Zeb. 7:17; 73:28).

15. Bir uýa adalatsyzlyga döz gelmäge näme kömek etdi?

15 Elbetde, bizi Ýusup ýaly gul edip satmazlar, ýöne adalatsyzlyk edip, ýüregimize ýara salyp bilerler. Dogan-uýalar ýa-da Ýehowa iman etmeýän adamlar göwnümize degse, Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýersek peýdaly bolar (Flp. 2:3, 4). Meselem, uýamyzyň işdeşi ony ýamanlap, ol hakda ýalan gep-gürrüňleri ýaýradýar. Uýa gaharlanmagyň deregine, Isa pygamberiň göreldesine eýerýär. Isa pygamberiň hem üstünden güldüler, sögdüler, emma ol jogap gaýtarmady (1 Pet. 2:21, 23). Uýa adalaty dikeltjek bolup, işdeşinden ar almaýar. Soňra ol işdeşiniň ýarawsyzdygyny eşidýär we kyn günleri başdan geçirendigi üçin oýlanman gepländigine düşünýär. Şonuň üçin işdeşiniň aýdan sözüni göwnüne almaýar we adalatsyzlyga sabyrly çydandygyna begenýär.

16. Size adalatsyzlyga döz gelmäge näme kömek eder? (1 Petrus 3:12).

16 Biri size adalatsyzlyk edip, kalbyňyza bitmejek ýara salan bolsa, Ýehowanyň «ýüregi ýaraly adama ýakyndygyny» unutmaň (Zeb. 34:18). Biz sabyrly bolsak we Ýehowa bil baglasak, Ol biziň arkadaýanjymyz bolar (Zeb. 55:22). Ýehowa bütin ýer ýüzüniň Kazysy, hiç zat onuň nazaryndan sypmaýar (1 Petrus 3:12-ni okaň). Siz çykalgasyz ýagdaýa düşeniňizde, Ýehowa sabyrly garaşarsyňyzmy?

SABYRLY ADAMLAR BEREKET ALARLAR

17. Işaýa 30:18-de Ýehowa näme wada berýär?

17 Gökdäki Atamyz Ýehowa tizden Patyşalygy arkaly bol bereket berer. Işaýa 30:18-de şeýle diýilýär: «Ýehowa kömek etmek üçin sabyrly garaşýar, size rehim etmek üçin ýerinden turar. Ýehowa adalatly Alladyr, Hudaýa umyt edýänleriň ählisi bagtlydyr». Ýehowa Hudaýa sabyrly garaşýan adamlar hem häzir, hem gelejekde bol bereketleri alarlar.

18. Bize nähili durmuş garaşýar?

18 Jennetde Hudaýyň wepaly bendeleri jebir-jepadan, gaýgy-hasratdan azat bolar we bütin ýer ýüzünde adalat dikeldiler (Ylh. 21:4). Biz: «Näme iýeris? Näme içeris?» diýip alada etmeris, sebäbi mes toprak bol hasyl getirer (Zeb. 72:16; Işa. 54:13). Gör, nähili ajaýyp durmuş!

19. Ýehowa halkyny nämä taýýarlaýar?

19 Ýehowa bizi häzirden Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmaga taýýarlaýar. Biz Hudaýyň kömegi bilen erbet endiklerimizi ýeňýäris we ýagşy häsiýetleri ösdürýäris. Geliň, ruhdan düşmäliň, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşalyň! Bize ýagty gelejek garaşýar, tizden ähli arzuwymyz hasyl bolar. Geliň, Ýehowa Hudaýyň niýeti doly amala aşýança sabyrly garaşalyň!

118-NJI AÝDYM Berk iman ber

^ par. 5 Siz Ýehowa köp ýyldan bäri wepaly gulluk edýän dogan-uýalaryň: «Men dünýäniň soňuna çenli şeýle köp garaşmaly bolaryn öýtmeýärdim» diýenini eşidensiňiz. Elbetde, biz Ýehowanyň şu zalym dünýäni tizden-tiz ýok etmegini isleýäris, ýöne sabyrly bolmaly. Şu makalada sabyrly bolmaga kömek edýän Mukaddes Kitapdaky maslahatlara serederis. Şeýle-de haýsy iki ýagdaýda Ýehowa sabyrly garaşmalydygymyz hakda gürrüň ederis we Ýehowanyň sabyrly adamlara berjek bereketleri barada bileris.

^ par. 56 SURAT: uýa Ýehowa Hudaýa çagalygyndan bäri doga-dileg edýär. Uýa çaga wagty ene-atasy Alla dileg etmegi öwredýär. Uýa ýaş wagty pioner gullugyna başlaýar we Ýehowa doga edip, gullugyna ak pata bermegini soraýar. Soňra uýa durmuşa çykýar. Birnäçe ýyldan soň, onuň äri agyr keselleýär. Uýa Ýehowa dileg edip, güýç soraýar. Häzir uýa garrady, äri hem aradan çykdy. Emma ol Ýehowa hemişe doga edýär. Ol gökdäki Atasynyň dileglerine jogap berjegine asla şübhelenmeýär, sebäbi Ýehowa uýany çagalygyndan tä şu güne çenli goldap gelýär.