Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 33

Ýehowa ýürekden gulluk edip şatlanyň

Ýehowa ýürekden gulluk edip şatlanyň

«Ýok zadyň arzuwyny edeniňden, bar zatlaryňdan lezzet alanyň ýagşydyr» (Nes. 6:9).

111-NJI AÝDYM Şatlanyň!

MAZMUNY *

1. Dogan-uýalar Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin näme edýärler?

 ULY BETBAGTÇYLYK ýetip gelýär! Biz akýürekli adamlary halas etmek üçin elimizde baryny etmeli (Mat. 24:14; Luka 10:2; 1 Pet. 5:2). Biz Ýehowany söýýäris we oňa janymyz-tenimiz bilen gulluk etmek isleýäris. Dogan-uýalar pioner bolmagy, Beýtelde gulluk etmegi ýa-da gurluşyk işine gatnaşmagy maksat edinýärler. Doganlaryň köpüsi hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolup, imandaşlaryna kömek edesi gelýär (1 Tim. 3:1, 8). Ýehowa dogan-uýalaryň yhlasly gulluk edýändigini görüp, diýseň begenýändir! (Zeb. 110:3; Işa. 6:8).

2. Maksadymyza ýetip bilmesek özümizi nähili duýmagymyz mümkin?

2 Dogan-uýalaryň käbiri goýan maksadyna ýetip bilmeýändikleri üçin ruhdan düşýärler. Käbirleri bolsa garrylyk, ýarawsyzlyk we başga sebäplere görä, goýan maksatlaryna ýetip bilmeýärler (Nak. 13:12). Melisa * uýa Beýtelde gulluk etmek ýa-da Hoş habarçylar mekdebinde okamak isleýärdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýaşym birçene ýetdi, goýan maksatlarym elýetmez arzuw bolup galdy. Şol sebäpli käte ruhdan düşýärin».

3. Ýaş doganlar ýygnakda borçlary almak üçin näme edip biler?

3 Ýaş doganlar ýygnakda käbir borçlary almak üçin gerekli häsiýetleri ösdürmeli. Belki, siz akyl-paýhasly, yhlasly we dogumlysyňyz, emma sabyrly bolmagy, ynanylan işi birkemsiz ýerine ýetirmegi hem-de dogan-uýalara hormat goýmagy öwrenmeli. Eger gerekli häsiýetleri ösdürseňiz, Ýehowa size hormatly borçlary ynanar. Geliň, Nik hakda gürrüň edeliň. Ol 20 ýaşlarynda hyzmatçy bolmak isleýär, ýöne ony bellemeýärler. Şonda ol ruhdan düşüp: «Belki, men käbir häsiýetleri ösdürmelidirin» diýýär. Nik gol gowşuryp oturmaýar. Ol güýjüni gaýgyrman ýygnagyň işlerine kömek edýär we yhlasly wagyz edýär. Häzir Nik filial komitetiniň agzasy bolup gulluk edýär.

4. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Siz goýan maksatlaryňyza ýetip bilmän ruhdan düşýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, ýürek derdiňizi Ýehowa aýdyň (Zeb. 37:5—7). Şeýle-de imany berk doganlardan kömek soraň we olaryň maslahatyna ýürekden eýeriň. Şonda siz maksadyňyza ýetip bilersiňiz. Emma Melisa uýanyň beren gürrüňinden görşümiz ýaly, käbir maksatlar elýetmez arzuw bolup galýar. Şeýle ýagdaýlarda Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge näme kömek eder? Şu makalada şatlanmaga nämäniň kömek edýändigini bileris. Şeýle-de şatlygymyzy artdyrmak üçin näme etmelidigi we şatlygyňa şatlyk goşýan maksatlary goýmalydygy hakda gürrüň ederis.

ŞATLANMAGA NÄME KÖMEK EDÝÄR?

5. Şatlanmaga näme kömek edýär? (Nesihat 6:9).

5 Nesihat 6:9-da (okaň) şatlanmaga nämäniň kömek edýändigi aýdylýar. «Bar zatlaryndan lezzet alýan» adam başarýan zatlaryny edip şatlyk tapýar. Emma «ýok zadyň arzuwyny edýän» adam elýetmez maksatlary goýup, ruhdan düşýär. Biz mundan näme öwrenýäris? Biz barymyza kaýyl bolsak we ýetip boljak maksatlary goýsak şatlyk taparys.

6. Biz häzir näme hakda gürrüň ederis?

6 Adamlaryň käbiri «baryňa kaýyl bolup şatlanyp bolmaýar, sebäbi adamyň göwni köp zat isleýär» diýýärler. Emma biz «bar zatlarymyzdan lezzet alyp» şatlanyp bileris. Biz muny nädip edip bileris? Geliň, Isa pygamberiň batman kümüş mysalyna seredeliň (Mat. 25:14—30). Şeýle-de başarýan işlerimizi edip, şatlanmaga we şatlygymyzy artdyrmaga nämäniň kömek edýändigini bileliň.

ŞATLYGYMYZY ARTDYRMAGA NÄME KÖMEK EDÝÄR?

7. Isa pygamberiň mysalyny gürrüň beriň.

7 Isa pygamber uzak ýola düşen baý adam hakda gürrüň berýär. Ol gullaryny ýanyna çagyryp, olara iş tabşyrýar. Olaryň ukybyny göz öňünde tutup, birine bäş batman kümüş, beýlekisine iki, üçünjisine bir batman kümüş berýär *. Bäş we iki batman kümüş alan gullar arman-ýadaman zähmet çekýärler hem-de iki esse köp gazanç edýärler. Üçünji gul bolsa zähmet çekmän, bir batman kümşüni ýere gömýär. Hojaýyn hem ýalta guluny kowýar.

8. Birinji gul näme üçin begendi?

8 Birinji gul hojaýynynyň bäş batman kümüş ynanandygyna diýseň begenip, muny uly hormat hasaplandyr. Bäş batman gaty köp puldy. Diýmek, hojaýynyň ondan tamasy uludy. Ikinji gul: «Maňa bäş batman kümüş bermedi» diýip ruhdan düşdümi? Ol näme etdi?

Isanyň mysalyndaky ikinji guldan näme öwrenip bileris? 1) Hojaýyn guluna iki batman kümüş berýär. 2) Ol hojaýynyň ynamyny ödemek üçin arman-ýadaman zähmet çekýär. 3) Ol iki esse köp gazanç edýär (9—11-nji abzaslara serediň).

9. Ikinji gul näme diýip bilerdi? (Matta 25:22, 23).

9 Matta 25:22, 23-nji aýatlary okaň. Isa pygamber ikinji guluň ruhdan düşendigi ýa-da öýkeländigi barada hiç zat gürrüň bermedi. Hatda guluň: «Hojaýynyň maňa bar bereni şumy? Meniň birinji guldan näme kem ýerim bar? Eger hojaýyn meniň gadyrymy bilmeýän bolsa, iki batman kümşi gömüp, öz işlerim bilen boluberjek» diýip, zeýrenendigini hem aýtmady.

10. Iki batman kümüş alan gul näme etdi?

10 Ikinji gul hojaýynyň tabşyran işine yhlasly ýapyşyp, arman-ýadaman zähmet çekdi. Ol iki esse gazanç edip, hojaýynyna dört batman kümüş getirip berdi. Hojaýyn başarjaň we zähmetsöýer guluny sylaglady. Ol gulundan razy bolup, oňa has köp zatlary ynandy.

11. Biz ýürekden şatlanmak üçin näme etmeli?

11 Biz Ýehowanyň tabşyran işlerini ýürekden ýerine ýetirsek şatlygymyza şatlyk goşular. Şol sebäpli yhlasly wagyz ediň we ýygnagyň işlerini ýürekden ýerine ýetiriň (Res. 18:5; Ýew. 10:24, 25). Ýygnak duşuşyklaryna öňünden taýýarlanyň we ruhlandyryjy jogaplary beriň. Hepdäniň başyndaky duşuşykda berilýän ýumuşlara sowuk-sala garaman, gowy taýýarlanyň. Eger ýaşulular bir iş tabşyrsa, wagtynda ýerine ýetirmäge çalşyň. Tabşyrylan işe biperwaý garaman, gaýtam has gowy ýerine ýetirmek üçin jan ediň (Nak. 22:29). Eger siz tabşyrylan işleri yhlasly ýerine ýetirseňiz, Ýehowa bilen dostlugyňyz has-da berkär we ýürekden şatlanarsyňyz (Gal. 6:4). Şeýle-de siziň arzuw edip ýören borjuňyzy başga dogana berseler, göriplik etmersiňiz we onuň şatlygyna goşularsyňyz (Rim. 12:15; Gal. 5:26).

12. Melisa uýa we Nik dogana şatlanmaga näme kömek etdi?

12 Melisa uýa Beýtelde gulluk etmese-de, Hoş habarçylar mekdebinde okamasa-da ruhdan düşmedi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men pioner bolup gulluk edýärin we wagzyň dürli görnüşlerine gatnaşýaryn. Şonda kalbym şatlykdan dolýar». Nik dogan hyzmatçy bellemändikleri üçin ruhdan düşüpdi. Ol näme etdi? Nik şeýle diýýär: «Men el gowşuryp oturmadym, yhlasly wagyz etdim, ýygnakda ruhlandyryjy jogaplary berdim. Men Beýtelde gulluk etmek üçin arza hem doldurdym. Bir ýyldan soň, meni Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar».

13. Biz näme üçin tabşyrylan işleri yhlasly ýerine ýetirmeli? (Nesihat 2:24).

13 Siz tabşyrylan işleri yhlasly ýerine ýetirseňiz, ýygnakda hormatly borçlary alarsyňyz. Nik bilen hem şeýle bolupdy. Eger siz Melisa ýaly goýan maksatlaryňyza ýetip bilmeseňiz, Ýehowa üçin edýän işleriňizden şatlyk tapyp bilersiňiz (Nesihat 2:24-i okaň). Iň esasy zat bolsa, Halypamyz Isa biziň edýän tagallamyzy görüp diýseň begenýär. Muny bilip ýüregimiz şatlykdan joşýar.

ŞATLYGYŇA ŞATLYK GOŞÝAN MAKSATLAR

14. Biz maksat goýmasak dogry bolarmy?

14 Biz edýän gullugymyzdan hoşal bolup: «Maksat goýmasam-da bolar» diýsek dogry bolarmy? Elbetde, ýok! Biz öňümizde maksat goýup, ökde wagyzçy bolmaga we dogan-uýalara ýagşylyk etmäge jan etmeli. Biz pespäl, paýhasly bolsak we öz bähbidimize çapman, dogan-uýalaryň aladasyny etsek maksadymyza ýetip bileris (Nak. 11:2; Res. 20:35).

15. Siz nähili maksatlary goýup bilersiňiz?

15 Siz nähili maksatlary goýup bilersiňiz? Eger nähili maksat goýjakdygyňyzy bilmeýän bolsaňyz, Ýehowa doga edip görkezme soraň (Nak. 16:3; Ýak. 1:5). Belki, siz makalanyň  birinji abzasynda agzalan maksatlaryň birine ýetip bilersiňiz. Meselem, kömekçi pioner ýa-da pioner bolarsyňyz, Beýtelde gulluk edersiňiz, gurluşyk işlerine gatnaşarsyňyz. Ýa-da siz has köp adamlara wagyz etmek üçin daşary ýurt dilini öwrenmegi, hatda başga ýurda göçmegi maksat goýup bilersiňiz. Şeýle-de nähili maksatlary goýmalydygyny bilmek üçin «Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama» atly kitabyň 10-njy babyny okaň ýa-da ýaşulularyň biri bilen maslahatlaşyň *. Eger goýan maksadyňyza ýetmek üçin jan etseňiz, dogan-uýalar size guwanar we siziň hem şatlygyňyza şatlyk goşular.

16. Käbir maksatlar elýetmez bolup görünse näme edip bilersiňiz?

16 Makalada agzalan maksatlar siziň üçin elýetmez bolup görünse näme edip bilersiňiz? Onda ýetip biljek maksatlaryňyzy goýsaňyz gowy bolar. Geliň, muny nädip edip bolýandygy hakda bileliň.

Siz ýetip boljak nähili maksatlary goýup bilersiňiz? (17-nji abzasa serediň). *

17. 1 Timoteos 4:13, 15-nji aýatlara görä, dogan ökde mugallym bolmak üçin näme etmeli?

17 1 Timoteos 4:13, 15-nji aýatlary okaň. Eger siz suwa çümdürilen dogan bolsaňyz, ökde nutukçy we mugallym bolmagy maksat edinip bilersiňiz. Eger-de siz ýygnakda makalalary gowy okasaňyz, nutuk bilen çykyş etseňiz we ökdelik bilen öwretseňiz, dogan-uýalaryň imany berkär. «Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň» broşýuranyň her sapagyny özleşdiriň. Nutuk bilen çykyş etmänkäňiz broşýuranyň bir sapagyny gowy öwreniň, nutugyňyzy ençeme sapar gaýtalaň we nutuk bilen çykyş edeniňizde sapakdaky maslahatlara eýeriň. Maslahat berýän dogandan * ýa-da «Hudaýyň sözüni aýdyp we öwredip, köp zähmet çekýän» ýaşululardan kömek soraň (1 Tim. 5:17). Broşýuradaky maslahatlary diňe bir öwrenmek bilen çäklenmäň. Dogan-uýalaryň imanyny berkitmäge we öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaga höweslendirmäge jan ediň. Şonda siz hem, dogan-uýalar hem ýürekden şatlanar.

Siz ýetip boljak nähili maksatlary goýup bilersiňiz? (18-nji abzasa serediň). *

18. Ökde wagyzçy bolmak üçin näme etmeli?

18 Isa pygamber bize hoş habary wagyz etmegi we şägirt taýýarlamagy tabşyrdy (Mat. 28:19, 20; Rim. 10:14). Siz ökde wagyzçy bolmaga jan edýärsiňizmi? Belki, siz «Öwreniň» broşýurasyny okamagy we ondaky maslahatlara eýermegi maksat edinersiňiz. Ýa-da gürrüňdeşlik üçin teklipleriň wideolaryny görersiňiz, «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderindäki» maslahatlara eýerersiňiz. Şeýle-de ýaşaýan ýeriňizdäki adamlary gyzyklandyrjak temalaryň esasynda gürrüňdeş bolsaňyz gowy bolar. Şu maslahatlara eýerseňiz, ökde wagyzçy bolarsyňyz we şatlygyňyza şatlyk goşular (2 Tim. 4:5).

Siz ýetip boljak nähili maksatlary goýup bilersiňiz? (19-njy abzasa serediň). *

19. Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmek üçin näme etmeli?

19 Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýanyňyzda, ýagşy häsiýetleri ösdürmegi hem unutmaň (Gal. 5:22, 23; Kol. 3:12; 2 Pet. 1:5—8). Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge näme kömek eder? Aýdaly, siz imanyňyzy berkitmek isleýärsiňiz. Belki, siz edebiýatlarymyzdan imany berkitmäge kömek edýän maslahatlary okarsyňyz. Ýa-da JW teleýaýlymyndan agyr synaglarda Ýehowa wepaly bolan imany berk dogan-uýalar hakda görersiňiz. Soňra olaryň imanyndan nädip görelde alyp biljekdigiňiz hakda oýlanyň.

20. Bize ýürekden şatlanmaga näme kömek eder?

20 Biziň ählimiziň Ýehowa uzak wagtly gulluk edesimiz gelýär, ýöne gynansak-da ýagdaýymyz çäkli. Gelejekde biz Ýehowa ebedilik gulluk ederis. Emma şol güne çenli ruhdan düşmän, Ýehowa elimizde baryny edip gulluk edeliň we ýürekden şatlanalyň. Geliň, «bagtly Hudaý» Ýehowa alkyş aýdalyň! (1 Tim. 1:11). Başarýan işimizi yhlasly edip, ýürekden şatlanalyň!

82-NJI AÝDYM «Yşygyňyz nur saçsyn»

^ par. 5 Biz Ýehowany söýýäris we oňa ýürekden gulluk etmek isleýäris. Şol sebäpli wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine köpräk gatnaşmaga jan edýäris. Şeýle-de ýygnakda käbir borçlary alyp, dogan-uýalara hyzmat etmek isleýäris. Makalada Isa pygamberiň batman kümüş baradaky mysalyna serederis we Ýehowa yhlasly hem-de şatlyk bilen gulluk etmäge nämäniň kömek edýändigini bileris.

^ par. 2 Käbir atlar üýtgedildi.

^ par. 7 DÜŞÜNDIRILIŞ: işçi bir batman kümüş gazanmak üçin, takmynan ýigrimi ýyl zähmet çekmelidi.

^ par. 15 Suwa çümdürilen doganlar hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolmagy maksat goýup biler. Hyzmatçylardan we ýaşululardan edilýän talaplar barada bilmek üçin «Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama» atly kitabyň 5, 6-njy baplaryny okaň.

^ par. 17 DÜŞÜNDIRILIŞ: ýygnakda ýaşulularyň biri maslahat berýän dogan edip bellenýär. Ol «Durmuş we wagyz» duşuşygyndaky bölümleri geçirýän, jemagat nutugy bilen çykyş edýän, Mukaddes Kitaby öwrenmek hem-de «Garawul diňi» duşuşygyny geçirýän we duşuşyklarda okaýan ýaşululara hem-de hyzmatçy doganlara ýekelikde maslahat berýär.

^ par. 64 SURAT: dogan ökde mugallym bolmagy maksat goýýar we edebiýatlardan gözleg geçirýär.

^ par. 66 SURAT: Uýa her mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmegi maksat edinýär we kafede işleýän gyza kartoçka berýär.

^ par. 68 SURAT: Uýa Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürmegi maksat edinýär we imandaşyna sowgat berýär.