Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 43

Ýagşylyk etmekden ýadamalyň!

Ýagşylyk etmekden ýadamalyň!

«Ýagşy işleri etmegi goýmalyň» (Gal. 6:9).

68-NJI AÝDYM Hakykat tohumyny ekeliň

MAZMUNY *

1. Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin bagtly halk?

BIZ örän bagtly halk! Biz Ýehowanyň adyny göterýäris, adamlara hoş habary wagyz edýäris we Isanyň şägirdi bolmaga kömek edýäris. Biz «ebedi ýaşamak isleýän» adamlara Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek edenimizde, begenjimizden ýaňa guş bolup uçaýjak bolýarys (Res. 13:48). Isa pygamber şägirtleriniň üstünlikli wagyz edip gelendigini görende «örän şatlandy» (Luka 10:1, 17, 21). Şonuň ýaly bizem okuw geçýän adamlarymyzyň suwa çümdürilip, hoş habary wagyz edýändigini görenimizde, kalbymyz şatlykdan dolýar.

2. Biz wagyz etmegi wajyp hasaplaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

2 Biz hoş habary wagyz etmegi örän wajyp hasaplaýarys. Pawlus resul Timoteosa şeýle maslahat berdi: «Özüňi alyp barşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol. Şeýle etseň, hem özüňi, hem saňa gulak asýanlary halas edersiň» (1 Tim. 4:16). Biz näme üçin özümizi alyp barşymyza ünsli bolmaly? Sebäbi biz Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary. Eger biz ýagşy edim-gylymly bolsak, Ýehowanyň adyna şöhrat getireris we wagyz edýän hoş habarymyza görä ýaşaýandygymyzy subut ederis (Flp. 1:27). Biz öwredişimize nädip ünsli bolup bileris? Munuň üçin biz her gezek wagza gitmänkäk gowy taýýarlanmaly we Ýehowa dileg edip, ak pata soramaly. Eger biz özümizi alyp barşymyza we öwredişimize hemişe ünsli bolsak, adamlaryň janyny halas ederis.

3. Adamlaryň hemmesi hoş habary diňlärmi? Mysal getiriň.

3 Biz elimizde baryny edip wagyz etsek-de, adamlaryň hoş habary diňlemezligi mümkin. Geliň, Giorg Lindal dogan hakda gürrüň edeliň. Ol 1929—1947-nji ýyllarda Islandiýada ýeke özi wagyz edýär. Ol on müňlerçe edebiýat paýlasa-da, ýekeje adam hem Ýehowanyň Şaýady bolmaýar. Ol şeýle ýazýar: «Köp adamlar hoş habara sowuk-sala seredýär, käbirleri garşy hem çykýar». Soňra ol ýere Gilead mekdebinde tälim alan missionerleri wagyz etmäge iberýärler. Olar dokuz ýyllap hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Diňe şondan soň Islandiýanyň käbir ýaşaýjylary ömrüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilýär. *

4. Adamlar hoş habary diňlemese, özümizi nähili duýmagymyz mümkin?

4 Adamlar hoş habary diňlemese, biz ruhdan düşýäris. Pawlus resul hem şeýle duýgulary başdan geçiripdi. Ýehudylaryň köpüsi Isanyň wada edilen Mesihdigine ynanmadylar. Şonda Pawlus «gam-gussa» batdy (Rim. 9:1—3). Belki, siz okuw geçýän adama kömek etmek üçin eliňizde baryny edýänsiňiz we onuň üçin Hudaýa doga edýänsiňiz. Emma ol öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýan däldir. Şol sebäpli mundan beýläk sapak geçmejekdigiňizi aýtmaly bolýansyňyz. Ýa-da siz bir adama hem suwa çümdürilmäge kömek eden dälsiňiz. Belki, siz özüňizi günäkärläp: «Meniň wagyz edişim Ýehowa ýaraýan däldir» diýýänsiňiz. Ýehowa biziň edýän gullugymyza nähili garaýar? Adamlar hoş habary diňlemese-de, bize dogry garaýyşda bolmaga näme kömek eder? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

ÝEHOWA BIZIŇ GULLUGYMYZA NÄHILI GARAÝAR?

5. Näme üçin käte edýän işimiz ugruna bolman biler?

5 Mukaddes Kitapda Hudaýy razy edip ýaşaýan adamlaryň «ähli işinde üstünlik gazanjakdygy» aýdylýar (Zeb. 1:3). Emma bikämildigimiz üçin edýän her bir işimiz oňuna bolman biler. Şeýle-de ähli adamlar «jebir-jepadan doly» dünýäde ýaşaýarlar (Eýp. 14:1). Üstesine-de, duşmanlar bize garşy çykyp, wagyz işini gadagan etmegi mümkin (1 Kor. 16:9; 1 Sel. 2:18). Ýehowa biziň edýän gullugymyza nähili garaýar? Geliň, şu soraga Mukaddes Kitabyň nähili jogap berýändigini bileliň.

Biz öýden-öýe, hat ýa-da telefon arkaly wagyz etsek-de, Ýehowa edýän tagallamyzy gymmat saýýar (6-njy abzasa serediň).

6. Ýehowa edýän gullugymyza nähili garaýar?

6 Ýehowa biziň edýän tagallamyzy we çydamlylygymyzy gymmat saýýar. Adamlar aýdýan habarymyzy diňlemese-de, biz yhlasly wagyz etsek we Ýehowany ýürekden söýsek, ony razy ederis. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Siz mukaddeslere häzire çenli hyzmat edip gelýärsiňiz. Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir» (Ýew. 6:10). Biz bir adama hem suwa çümdürilmäge kömek etmedik bolsak-da, Ýehowa biziň edýän tagallamyzy we söýgimizi ýatdan çykarmaýar. Şol sebäpli adamlar aýdýan habarymyzy diňlemese ruhdan düşmäliň. Pawlus resul korinflilere şeýle diýdi: «Halypamyz üçin çekýän zähmetiňiz biderek däldir» (1 Kor. 15:58). Şu sözler sizi hem ruhlandyrsa gerek!

7. Biz Pawlus resuldan näme öwrenýäris?

7 Pawlus resul ökdelik bilen wagyz etdi we köp şäherlerde täze ýygnaklary döretdi. Käbirleri Pawlusy ýazgaryp, onuň ökde mugallym däldigini aýdýarlar. Şonda Pawlus näçe adama suwa çümdürilmäge kömek edendigi hakda däl-de, «köp işleri edendigi» hakda aýdýar (2 Kor. 11:23). Geliň, Pawlus resulyň göreldesine eýerip, Ýehowanyň biziň çydamlylygymyzy, edýän tagallamyzy gymmat saýýandygyny unutmalyň.

8. Biz nämä begenmeli?

8 Ýehowa biziň edýän gullugymyzdan razy. Isa 70 şägirdini hoş habary wagyz etmäge iberýär. Olar adamlara wagyz edenlerinden soňra «şatlyk bilen dolanyp gelýärler». Olar näme üçin şatlandylar? Şägirtler Isa pygambere: «Seniň adyňy tutanymyzda, jynlar hem tabyn bolýardy» diýdiler. Emma Isa olara: «Jynlaryň size tabyn bolýandygyna däl, atlaryňyzyň gökde ýazylandygyna begeniň» diýdi (Luka 10:17—20). Isa şägirtleriniň wagyzda hemişe üstünlik gazanmajakdygyny bilýärdi. Biz Isanyň 70 şägirdiniň wagyz eden adamlarynyň näçesiniň mesihçi bolandygyny bilmeýäris. Olar diňe bir adamlaryň hoş habary diňleýändigine şatlanman, yhlasly wagyz edip, Ýehowany razy edýändiklerine begenmelidiler.

9. Galatýalylar 6:7—9-njy aýatlara görä, ruhdan düşmän wagyz etsek, Ýehowa bize nähili sylag berer?

9 Biz ruhdan düşmän wagyz etsek, Ýehowa ebedi ýaşaýyş berer. Eger biz güýjümizi gaýgyrman, Patyşalyk tohumyny eksek we suwarsak, «mukaddes ruha ekeris», ýagny Hudaýyň mukaddes ruhunyň durmuşymyza täsir etmegine ýol bereris. Geliň, «ýagşylyk etmekden ýadamalyň». Şonda biz hiç kime suwa çümdürilmäge kömek edip bilmesek-de, Ýehowa bizi Jennetde ebedi ýaşadar (Galatýalylar 6:7—9-njy aýatlary okaň).

DOGRY GARAÝYŞDA BOLMAGA NÄME KÖMEK EDER?

10. Hoş habara nähili adamlar seslenýär?

10 Hoş habara akýürekli adamlar seslenýär. Geliň, Isa pygamberiň daýhan hakdaky mysalyna seredeliň. Daýhanyň tohumlarynyň käbiri ýoluň gyrasyna düşýär, käbiri daşlyk topraga, käbiri bolsa, ýandaklaryň arasyna düşýär. Emma mes topraga düşen tohumlar bol hasyl berýär (Luka 8:5—8). Isa pygamber adamyň ýüregini topraga meňzedip, hemmeleriň «Hudaýyň sözüne» seslenmejekdigini düşündirdi (Luka 8:11—15). Daýhan der döküp zähmet çekse-de, daşlyk topraga düşen tohum gögermez. Edil şonuň ýaly, bizem adamlary mejbur edip, Hudaýyň Sözüni diňledip bilmeris. Biziň esasy maksadymyz hakykat tohumyny sepmek, ýagny Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz etmek. Ýehowa bize eden işimiziň netijesine görä däl-de, «eden işimize görä» sylag berer (Rim. 2:6).

Nuh pygamber 40-50 ýyllap yhlasly wagyz etse-de, onuň maşgalasyndan başga hiç kim halas bolmady. Emma Ýehowa Nuh pygamberden örän hoşaldy, sebäbi ol Hudaýyň ähli tabşyryklaryny ýerine ýetirdi (11-nji abzasa serediň).

11. Adamlar Nuhuň habaryny diňlemese-de, Ýehowa näme üçin ondan razydy? (Daşky sahypadaky surata serediň).

11 Gadymy döwürlerde adamlar Ýehowanyň pygamberlerini diňlemediler. Meselem, Nuh pygamber 40-50 ýyllap «dogruçyllyk hakda wagyz edýär» (2 Pet. 2:5). Nuh pygamber adamlar Hudaýyň habaryny diňlär diýip umyt edendir, emma Ýehowa pygambere wagyz etmegi tabşyrsa-da, adamlaryň diňlejekdigi hakda hiç zat aýtmady. Gaýtam Ýehowa Nuha gämi gurmagy tabşyryp: «Aýalyňy, ogullaryňy, gelinleriňi al-da, gämä gir» diýdi (1 Mus. 6:18). Ýehowa Nuha gäminiň ölçegini aýdanda, pygamber köpleriň Hudaýyň habaryny diňlemejegini bilen bolmaly (1 Mus. 6:15). Hawa, zalym adamlaryň hiç biri Nuhuň habaryny diňlemedi (1 Mus. 7:7). Ýehowa Nuh pygamberiň wagyz edişinden närazy boldumy? Elbetde, ýok! Ýehowa ondan örän hoşaldy, sebäbi ol Hudaýyň ähli tabşyryklaryny ýerine ýetirdi (1 Mus. 6:22).

12. Ýermeýa pygambere garşylyklara garamazdan şatlyk bilen wagyz etmäge näme kömek etdi?

12 Ýermeýa pygamber 40 ýyldan gowrak wagyz etdi, emma adamlar ony diňlemediler, hatda garşy hem çykdylar. Adamlar ony «kemsitdiler, ýaňsyladylar» (Ýer. 20:8, 9). Şol sebäpli Ýermeýa ruhdan düşdi we wagyz etmejekdigini aýtdy. Emma pygamber ýan bermedi. Ýermeýa nädogry pikirler bilen göreşmäge we şatlyk bilen wagyz etmäge näme kömek etdi? Birinjiden, Ýermeýa Hudaýyň habarynyň adamlara «ýagty gelejege umyt» berýändigi hakda oýlandy (Ýer. 29:11). Ikinjiden, Ýermeýa özüniň Ýehowanyň adyny göterýän pygamberdigi hakda pikirlendi (Ýer. 15:16). Şu günler bizem adamlaryň janyny halas edýän hoş habary wagyz edýäris we beýik Hudaý Ýehowanyň adyny göterýäris. Şu zatlar hakda oýlansak, adamlar hoş habara seslenmese-de, şatlyk bilen wagyz ederis.

13. Isanyň Markus 4:26—29-njy aýatlarda gürrüň beren mysalyndan näme öwrenýäris?

13 Adamyň Hudaýa imany berkeýänçä, wagt gerek bolýar. Isa pygamberiň daýhan hakda gürrüň beren mysaly hem munuň dogrudygyny subut edýär (Markus 4:26—29-njy aýatlary okaň). Daýhan tohumyň nähili ösýändigini görmeýär we hasyl alýança sabyrly garaşmaly bolýar. Biz hem okuw geçýänlerimiz öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýança, sabyrly garaşmaly bolýarys. Daýhanyň tohumy tiz ösdürip, derrew hasyl alyp bilmeýşi ýaly, biz hem okuw geçýänleri mejburlap, Hudaýa imanyny derrew berkidip bilmeýäris. Şol sebäpli okuw geçýänler çalt ösüş etmese, ruhdan düşmäliň. Olar ömrüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilýänçä, sabyrly garaşalyň (Ýak. 5:7, 8).

14. Adamlaryň hoş habara seslenmegi üçin köp wagtyň gerek bolýandygyny haýsy waka görkezýär?

14 Käbir ýurtlarda adamlaryň hoş habara seslenip, suwa çümdürilmegi üçin ençeme ýyl wagyz etmeli bolýar. Geliň, süýtdeş uýalar Gleýdis we Ruby hakda gürrüň edeliň *. Olar 1959-njy ýylda Kanadanyň Kwebek welaýatynyň bir şäherine pioner bellenýär. Ol ýeriň ilaty goňşy-golamlardan we ruhanylardan gorkup, Patyşalyk baradaky hoş habary diňlemeýär. Gleýdis uýa: «Biz her gün sekiz sagat wagyz edýärdik. Iki ýyllap hiç kim bizi diňlemedi. Adamlar öýünde bolsa-da, gapyny açmaýardylar. Emma biz ruhdan düşmeýärdik» diýýär. Wagtyň geçmegi bilen adamlar hoş habary diňläp başladylar. Häzir ol ýerde üç sany ýygnak bar (Işa. 60:22).

15. 1 Korinfliler 3:6, 7-nji aýatlardan şägirt taýýarlamak hakda nämäni bilýäris?

15 Bir adamyň suwa çümdürilmegi üçin köpleriň goldawy gerek. Okuw geçýän ömrüni Ýehowa bagyş eder ýaly tutuş ýygnak kömek edip biler (1 Korinfliler 3:6, 7-nji aýatlary okaň). Aýdaly, Mekan atly wagyzçy gyzyklanan adama kitapça ýa-da žurnal berýär. Emma gaýtadan idege gelip bilmeýändigi üçin muny Amana haýyş edýär. Aman gyzyklanýan adamy gaýtadan idäp, Mukaddes Kitap okuwyna başlaýar. Aman sapagyna dogan-uýalary çagyrýar. Olar hem okuw geçýäni ruhlandyrýarlar. Şeýdip, dogan-uýalaryň ählisi okuw geçýäniň imanyny berkidýärler. Okuw geçýän suwa çümdürilende Isa pygamberiň aýdyşy ýaly «eken hem, oran hem bile şatlanar» (Ýah. 4:35—38).

16. Ýarawsyz we garry dogan-uýalara şatlyk bilen wagyz etmäge haýsy waka kömek eder?

16 Siz ýarawsyzlyk we garrylyk sebäpli öňkiňiz ýaly köp wagyz edip bilmeseňiz-de, şägirt taýýarlamak işine goşandyňyzy goşup şatlanyp bilersiňiz. Geliň, bir waka seredeliň. Amalekler Dawut patyşanyň we nökerleriniň aýallaryny, ogul-gyzlaryny ýesir alýarlar hem-de mal-garasyny talap gidýärler. Dawut bilen nökerleri talaňçylaryň yzyndan kowýarlar. Dawudyň iki ýüz nökeriniň söweşmäge güýç-gurbaty galmansoň, goşda galýarlar. Dawut söweşde ýeňiş gazanansoň, gahrymanlarça söweşen nökerlerine we goşda galan esgerlerine oljany deň paýlap berýär (1 Şam. 30:21—25). Belki, siz hem özüňizi ysgyn-mydary gaçyp goşda galan esgerler ýaly duýýansyňyz. Emma siz eliňizde baryny edip, şägirt taýýarlamak işine gatnaşsaňyz we bir adama ömrüni Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmäge kömek etseňiz, şatlygyňyzyň çägi bolmaz.

17. Biz Ýehowa näme üçin minnetar bolmaly?

17 Biz söýgüden doly Ýehowa Hudaýa örän minnetdar! Ol biziň edýän tagallamyzy görýär we adamlary mejburlap hoş habary diňledip bilmejekdigimize düşünýär. Şol sebäpli ol biziň päk niýetimize we edýän tagallamyza görä sylag berýär. Şeýle-de ol bize güýjümiziň ýetdiginden hoş habary wagyz edip şatlanmagy öwredýär (Ýah. 14:12). Eger biz ýan bermesek we ruhdan düşmesek, Ýehowany razy ederis.

67-NJI AÝDYM «Hudaýyň Sözüni wagyz et»

^ par. 5 Adamlar hoş habary diňläp, Mukaddes Kitapdan okuwa başlasa, biz örän begenýäris. Emma olar sowuk-sala seretseler, keýpimiz gaçýar. Belki, biziň Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlerimiz öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýan däldir. Ýa-da biz bir adama hem suwa çümdürilmäge kömek eden däldiris. Şonda biz: «Menden wagyzçy bolmaz» diýip ruhdan düşýändiris. Onda Ýehowa biziň edýän gullugymyzdan närazymy? Adamlar hoş habary diňlemese-de, bize şatlanyp wagyz etmäge näme kömek eder? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

^ par. 3 2005-nji ýylda çykan «Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýyllyk kitabynyň» (rus.) 205—211-nji sahypalaryny okap bilersiňiz.

^ par. 14 Gleýdis Allen uýanyň terjimehalyny okap bilersiňiz (w02-U 1/9 sah. 25—29).