Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 48

«Mukaddes boluň»

«Mukaddes boluň»

«Ähli zatda mukaddes boluň» (1 Pet. 1:15).

34-NJI AÝDYM Wepaly bolaryn

MAZMUNY *

1. Petrus resul bize nähili maslahat berdi we näme üçin maslahata eýermek kyn bolup biler?

 PETRUS RESUL saýlanan mesihçilere: «Sizi çagyran Mukaddes Hudaýdan görelde alyp, ähli zatda mukaddes boluň. „Mukaddes boluň, sebäbi men mukaddesdirin“ diýip ýazylgy» diýdi (1 Pet. 1:15, 16). Onuň şu maslahaty ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlara-da degişli. Aýatda mukaddes Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýersek, mukaddes bolup biljekdigimiz aýdylýar. Eýsem bikämil adamlar mukaddes bolup bilermi? Petrus resul birnäçe gezek ýalňyşsa-da, Ýehowa ony mukaddes hasaplady. Diýmek, biz hem mukaddes bolup bileris.

2. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: mukaddes bolmak näme? Mukaddes Kitapda Ýehowanyň mukaddesligi barada näme aýdylýar? Mukaddes bolmak üçin näme etmeli? Ýehowa bilen dostlaşar ýaly näme üçin mukaddes bolmaly?

MUKADDES BOLMAK NÄME?

3. Adamlar kimleri mukaddes hasaplaýarlar we olaryň aýdýanyna dogry diýse bolarmy?

3 Köpler hiç gülmeýän, agras ýüzli, selleli we donly adamlary keramatly, mukaddes hasaplaýarlar. Biz hem şeýle pikir etsek dogry bolarmy? Ýok! Sebäbi Mukaddes Kitapda Ýehowanyň mähirli, şadyýan we «bagtly Hudaýdygy» aýdylýar (1 Tim. 1:11). Şeýle-de Ýehowa sežde edýän adamlara-da «bagtly» halk diýilýär (Zeb. 144:15). Hak Hudaýa sežde edýän adamlar özlerini keramatly we mukaddes görkezjek bolýan adamlardan düýbünden tapawutlanýar. Isa pygamber hem özüni dindar görkezjek bolup, uzyn don geýýän adamlary ýazgardy (Mat. 6:1; Mar. 12:38). Mesihçiler mukaddes bolmak üçin adamlaryň garaýşyna däl-de, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerýärler. Ýehowa Hudaý: «Mukaddes boluň» diýýär. Söýgüden doly we mähirli Hudaýymyz bizden başarmajak zadymyzy talap etmeýär. Şol sebäpli biz «ähli zatda mukaddes bolup» bileris. Geliň, ilki bilen «mukaddes» sözüniň manysyny bileliň.

4. «Mukaddes» we «mukaddeslik» sözleri nämäni aňladýar?

4 Mukaddes Kitapda «mukaddes» we «mukaddeslik» sözleri, esasan, ahlak hem-de dini taýdan arassalygy, päkligi aňladýar. Şeýle-de mukaddes Hudaý üçin aýrylyp goýulmagy we oňa bagyş edilmegi aňladýar. Diýmek, ahlak taýdan arassa bolsak, Ýehowa ýaramly sežde etsek we Onuň bilen dostlaşsak mukaddes bolup bileris. Mukaddes Hudaý Ýehowanyň bikämil adamlar bilen dostlaşmak isleýändigi haýran galdyrýar.

«ÝEHOWA MUKADDESDIR, MUKADDESDIR, MUKADDESDIR!»

5. Wepaly perişdeleriň aýdan sözlerinden Ýehowa barada näme bilýäris?

5 Ýehowa mukaddes, arassa we päk Hudaýdyr. Muny Ýehowanyň huzurynda hyzmat edýän seraplaryň: «Serkerdebaşy Ýehowa mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir!» diýen sözlerinden bilse bolýar (Işa. 6:3). Hak Hudaýa hyzmat edýän perişdeler hem mukaddesdir. Eger olar mukaddes bolmadyk bolsa, Hudaýyň huzurynda durup bilmezdiler. Perişdeleriň aýak basan ýeri hem mukaddesdir. Meselem, Musa pygamber ýanyp duran ýandagyň içindäki perişde bilen gepleşipdi. Şonda perişde oňa: «Aýagyňdaky çarygy çykar, mukaddes ýerde dursuň» diýdi (2 Mus. 3:2—5; Ýuşa 5:15).

Baş ruhanynyň sellesindäki altyn maňlaýlyga «Ýehowa mukaddesdir» diýen sözler oýulyp ýazylandy (6, 7-nji abzaslara serediň).

6, 7. a) 2 Musa 15:1, 11-nji aýatlarda Musa pygamber Ýehowany nädip şöhratlandyrdy? b) Ysraýyllar Ýehowanyň mukaddesdigini nädip bilýärdiler? (Daşky sahypadaky surata serediň).

6 Ysraýyllar Gyzyl deňzinden geçensoň, Musa pygamber: «Mukaddes Hudaý barmy seniň deý?!» diýip, Ýehowany şöhratlandyrdy (2 Musa 15:1, 11-nji aýatlary okaň). Müsür taňrylaryna uýýan adamlar haram işleri edýärdiler. Kengan taňrylaryna uýýan adamlar hem haram we ýigrenji işleri edýärdiler. Olar butlara sežde edenlerinde, çagalary gurban berýärdiler we ahlaksyzlyk, azgynçylyk edýärdiler (3 Musa 18:3, 4, 21—24; 5 Musa 18:9, 10). Emma Ýehowa şeýle haram işleri ýigrenýär we halkynyň mukaddes bolmagyny isleýär. Sebäbi Ýehowa Hudaý mukaddesleriň mukaddesidir. Muny baş ruhanynyň sellesindäki altyn maňlaýlyga oýulyp ýazylan «Ýehowa mukaddesdir» diýen sözlerden hem görse bolýar (2 Mus. 28:36—38).

7 Maňlaýlykdaky ýazgy ysraýyllara Ýehowanyň mukaddes Hudaýdygyny ýatladýardy. Onda baş ruhanynyň ýanyna baryp bilmeýän we maňlaýlygy görüp bilmeýän ysraýyllar barada näme diýse bolar?! Olar hiç haçan Ýehowanyň mukaddes Hudaýdygyny bilmezmi? Elbetde, biler! Sebäbi Musanyň kanuny ähli erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň öňünde okalýardy (5 Mus. 31:9—12). Musanyň kanunynda şeýle diýilýär: «Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn... mukaddes boluň, sebäbi men mukaddesdirin... Mukaddes boluň, sebäbi men, Ýehowa mukaddesdirin». Eger siz hem şol ýerde bolan bolsaňyz, şu sözleri eşiderdiňiz (3 Mus. 11:44, 45; 20:7, 26).

8. 3 Musa 19:2 we 1 Petrus 1:14—16-njy aýatlardan näme öwrenýäris?

8 3 Musa 19:2-de Ýehowa Musa pygambere: «Ysraýyl halkyna aýt: „Mukaddes boluň, sebäbi men — Hudaýyňyz Ýehowa mukaddesdirin“» diýýär. Belki, Petrus resul şu aýada salgylanyp «mukaddes boluň» diýendir (1 Petrus 1:14—16-njy aýatlary okaň). Elbetde, mesihçilerden Musanyň kanunyna eýermek talap edilmeýär. Emma Petrus resulyň aýdan sözlerinden Ýehowanyň mukaddes Hudaýdygyny we Oňa sežde edýän adamlaryň hem mukaddes bolmak üçin jan etmelidigini bilýäris. Gökde ýa-da ýer ýüzünde Jennetde ýaşajak adamlaryň ählisi mukaddes bolmaly (1 Pet. 1:4; 2 Pet. 3:13).

«ÄHLI ZATDA MUKADDES BOLUŇ»

9. Biz 3 Musa 19-njy bapdan näme öwreneris?

9 Biz Hudaýy razy edip ýaşamak isleýäris. Şol sebäpli mukaddes bolmak üçin näme etmelidigini bilmeli. Ýehowa halkyna ähli zatda mukaddes bolmagy öwredýär. Muny 3 Musa 19-njy bap hem subut edýär. Ýewreý alymy Markus Kaliş: «19-njy bap 3 Musa kitabynyň, hatda Töwradyň iň wajyp baplarynyň biri hasaplanýar» diýýär. 19-njy babyň başy «mukaddes boluň» diýen sözler bilen başlanýar. Geliň, 3 Musa 19-njy bapdan käbir aýatlara seredeliň we mukaddes bolmak üçin näme etmelidigini bileliň.

3 Musa 19:3-däki «ene-ataňa hormat goý» diýen tabşyryk näme etmäge höweslendirýär? (10—12-nji abzaslara serediň). *

10, 11. 3 Musa 19:3-de nähili tabşyryk berilýär we ony ýerine ýetirmek näme üçin wajyp?

10 Ýehowa ysraýyllara «mukaddes boluň» diýen tabşyrygy berensoň: «Her kes ene-atasyna hormat goýsun... Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn» diýdi (3 Mus. 19:2, 3).

11 Biz Ýehowanyň şu tabşyrygyna eýerip, ene-atamyza hormat goýmaly. Bir ýigit Isa pygamberiň ýanyna gelip: «Ebedi ýaşamak üçin men näme ýagşylyk etmeli?» diýip soraýar. Isa oňa Hudaýyň kanunlaryny berjaý etmelidigini we «ene-atasyna hormat goýmalydygyny» aýdýar (Mat. 19:16—19). Isa pygamber mekir fariseýlere we kanunçylara hem käýedi, sebäbi ene-atasynyň aladasyny etmejek bolup, her hili bahana gözleýärdiler. Şeýdip, olar «Hudaýyň sözüne eýermeýärdiler» (Mat. 15:3—6). Olar hatda Musa berlen on tabşyrygyň bäşinjisini we 3 Musa 19:3-däki kanuny bozýardylar (2 Mus. 20:12). «Her kes ene-atasyna hormat goýsun» diýen tabşyryga eýermek şeýle bir wajypdy welin, ol «mukaddes boluň, sebäbi men — Hudaýyňyz Ýehowa mukaddesdirin» diýen sözleriň yz ýanyndan gelýärdi (3 Mus. 19:2, 3).

12. «Ene-ataňa hormat goý» diýen tabşyryga eýermek üçin näme etmeli?

12 Her birimiz şu sorag hakda oýlanmaly: men Ýehowanyň tabşyrygyna eýerip, ene-atama ýürekden hormat goýýarynmy? Eger siz ene-ataňyzy sylaman, göwnüne degen bolsaňyz, özüňizi günäkärläp ýörmäň, geçeni geçdi biliň. Mundan beýläk ene-ataňyza çuňňur hormat goýmaga jan ediň. Olaryň ýürekden aladasyny ediň we ýygy-ýygydan baryp, halyndan habar alyň. Olaryň gerek-ýarak zatlaryny ýetirip duruň, ruhlandyryň we Ýehowa imanyny berkidiň. Şonda 3 Musa 19:3-däki maslahata eýerersiňiz.

13. a) 3 Musa 19:3-de ýene nähili tabşyryk bar? b) Biz Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? (Luka 4:16—18).

13 3 Musa 19:3-e görä, mukaddes bolmak üçin ýene näme etmeli? Bu aýatda Sabat baradaky kanuny berjaý etmek tabşyrylýar. Elbetde, biz Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarys. Şonuň üçin Sabat gününi bellemeýäris. Emma biz şu kanundan köp zatlary öwrenip bileris. Sabat güni ysraýyllar diňe Ýehowa sežde edip, hiç hili iş etmeli däldiler. * Sabat güni Isa pygamber hem önüp-ösen şäherindäki sinagoga baryp, Hudaýyň Sözüni okaýardy (2 Mus. 31:12—15; Luka 4:16—18-nji aýatlary okaň). Sabat baradaky kanun bizi näme etmäge höweslendirýär? Günüň dowamynda etmeli işlerimiz we aladalarymyz köp bolsa-da, Ýehowa sežde etmek üçin wagt tapmaly. Käte uzakly gün başagaý bolup, Hudaýa imanyňy berkitmek üçin wagt tapmak kyn bolýandyr. Belki, siz gün tertibiňizi üýtgedersiňiz. Ysraýyllar Sabat baradaky kanuny berjaý edip köp peýda alýardylar. Biz hem olaryň göreldesine eýersek, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys we mukaddes bolup bileris.

ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY BERKIDIŇ

14. 3 Musa 19-njy bapda nähili hakykat gaýta-gaýta aýdylýar?

14 3 Musa 19-njy bapda mukaddes bolmaga kömek edýän wajyp hakykat gaýta-gaýta aýdylýar. 4-nji aýatda: «Men... Ýehowadyryn» diýilýär. Şu jümle 19-njy bapda 16 gezek duş gelýär. Bu bize on tabşyrygyň birinjisini ýatladýar. Onda: «Men... Hudaýyňyz Ýehowa. Menden başga hudaýyňyz bolmasyn» diýilýär (2 Mus. 20:2, 3). Mukaddes bolmak isleýän mesihçi hiç kime we hiç zada Ýehowa bilen dostlugyny bozdurmaly däl. Biz Ýehowanyň Şaýatlary, şonuň üçin onuň mukaddes adyna ysnat getirýän hiç hili erbet iş etmeli däl (3 Mus. 19:12; Işa. 57:15).

15. 3 Musa 19-njy bapdaky mal gurbanlyklary baradaky kanunlar bizi näme etmäge höweslendirmeli?

15 Ysraýyllar Ýehowany Hudaýy hasaplaýandygyny subut etmek üçin, Onuň kanunlaryny ýerine ýetirmelidiler. 3 Musa 18:4-de: «Hökümlerimi we kada-kanunlarymy berjaý edip ýaşaň. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn» diýilýär. 3 Musa 19-njy bapda şol kanunlaryň käbiri ýazylan. Meselem, 5—8-nji we 21, 22-nji aýatlarda mal gurbanlyklaryny nädip bermelidigi barada kanunlar ýazylan. Ysraýyllar gurbanlyklary kabul bolar ýaly şol kanunlary berjaý etmelidiler. Eger olar şol kanunlary bozsalar, Ýehowa gurbanlyklary haram hasaplap, kabul etmeýärdi. Şu aýatlar bizi Ýehowa berýän «öwgi gurbanlarymyz» hakda oýlanmaga höweslendirýär (Ýew. 13:15). Biz hemişe Ýehowanyň göwnüne ýaraýan «öwgi gurbanlaryny» bermek isleýäris.

16. «Iki dürli ýüplükden dokalan eşik geýme» diýen tabşyrykdan näme öwrenýäris?

16 Biz mukaddes bolmak üçin Ýehowa iman etmeýän adamlara meňzemeli däl. Elbetde, köpçülikden tapawutlanmak aňsat däl. Käte dogan-garyndaşlarymyz, klasdaşlarymyz we işdeşlerimiz Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlary bozdurjak bolmaklary mümkin. Bize dogry karara gelmäge näme kömek eder? 3 Musa 19:19-da: «Iki dürli ýüplükden dokalan eşik geýme» diýilýär. Ysraýyllar şu kanuna eýerip goňşy halklardan tapawutlanýardy. Elbetde, bizden Musanyň kanunyny ýerine ýetirmek talap edilmeýär. Biz iki dürli ýüplükden dokalan egin-eşikleri geýip bilýäris. Ýöne Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýan dogan-garyndaşlarymyzyň, klasdaşlarymyzyň we işdeşlerimiziň täsirine düşmeýäris. Biz dogan-garyndaşlarymyzy we dost-ýarlarymyzy gowy görýäris. Ýöne gelýän kararlarymyz bilen olardan tapawutlanýandygymyzy we Ýehowanyň halkydygymyzy subut etmeli. Ýadyňyzda bolsa, mukaddes sözi «Hudaý üçin aýrylyp goýulmagy» aňladýar. Şonuň üçin adamlardan tapawutlanmaga çekinmeli däl (2 Kor. 6:14—16; 1 Pet. 4:3, 4).

3 Musa 19:23—25-nji aýatlara görä, ysraýyllar näme etmelidiler? Şu aýatlar bizi näme etmäge höweslendirýär? (17, 18-nji abzaslara serediň). *

17, 18. 3 Musa 19:23—25-nji aýatlardan näme öwrenýäris?

17 «Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn» diýen jümle ysraýyllara Ýehowa bilen dostlugyny birinji ýerde goýmaga kömek edýärdi. Nädip? Şu soragyň jogabyny 3 Musa 19:23—25-nji aýatlardan (okaň) tapyp bileris. Geliň, şu aýatlardaky kanuny ysraýyllaryň Wada edilen ýurda girensoň nädip berjaý edendigini bileliň. Agaç eken adam ilkinji üç ýyl onuň miwesinden iýmeli däldi. Dördünji ýyl agajyň miwesini Hudaýa sadaka bermelidi. Bäşinji ýyl bolsa, özi iýip bilýärdi. Şu kanun ysraýyllara öz bähbidiňe çapmaly däldigini ýatladýardy. Olar Ýehowanyň aladasyny etjekdigine we iýjek-içjegini ýetirip durjakdygyna ynanmalydylar. Şeýle-de Hudaýa sežde etmegi birinji orunda goýmalydylar we mukaddes çadyra jomartlyk bilen sadaka getirmelidiler.

18 3 Musa 19:23—25-nji aýatlar Isanyň Dagdaky wagzynda aýdan sözlerini ýatladýar. Ol şeýle diýdi: «Näme iýip içeris diýip janyňyzy alada etmäň... gökdäki Ataňyz size nämäniň gerekdigini bilýär». Ýehowa guşlaryň hem aladasyny edýär, Ol biziň hem hökman aladamyzy eder (Mat. 6:25, 26, 32). Biz Ýehowanyň ähli gerek-ýarak zatlarymyzy ýetirip durjakdygyna şübhelenmeýäris we mätäç adamlara kömek etmäge jan edýäris. Şeýle-de Patyşalyk işlerini goldamak üçin pul sadakasyny höwes bilen berýäris. Biziň jomartlyk bilen berýän sadakamyz Ýehowanyň nazaryndan sypmaz we hökman sylag berer (Mat. 6:2—4). Eger öz bähbidimize çapman jomart bolsak, 3 Musa 19:23—25-nji aýatlara eýerýändigimizi görkezeris.

19. Siz 3 Musa 19-njy bapdan näme öwrendiňiz?

19 Biz 3 Musa 19-njy bapdan mukaddes bolmaga kömek edýän käbir aýatlar barada gürrüň etdik. Biz Mukaddes Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýerip «ähli zatda mukaddes bolmaga» jan etmeli (1 Pet. 1:15). Şonda adamlar ýagşy häsiýetlerimizi görerler we Ýehowany şöhratlandyrarlar (1 Pet. 2:12). Biz 3 Musa 19-njy bapdan ýene-de köp zatlary öwrenip bileris. Indiki makalada hem şu babyň käbir aýatlaryna serederis. Olar bize Petrus resulyň «mukaddes boluň» diýen maslahatyna eýermäge kömek eder.

80-NJI AÝDYM Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görüň

^ par. 5 Biz Ýehowa Hudaýy söýýäris we ony razy etmek isleýäris. Ýehowa halkynyň mukaddes bolmagyny isleýär, sebäbi Onuň özi mukaddes Hudaý. Bikämil adamlar mukaddes bolup bilermi? Hawa! Petrus resulyň imandaşlaryna beren maslahatyny we Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren kanunlaryny ünsli öwrensek «ähli zatda mukaddes bolarys».

^ par. 13 Sabat baradaky kanundan näme öwrenip bolýandygy hakda köpräk bilmek üçin «Zähmet çekmegiň we dynç almagyň „öz wagty bar“» diýen makalany okap bilersiňiz (w19.12).

^ par. 57 SURATLAR: dogan ene-atasynyň hal-ýagdaýyny soramaga gelýär, ol aýaly hem gyzy bilen olary görmäge barýar we ýygy-ýygydan habarlaşyp durýar.

^ par. 59 SURATLAR: bagban eken agajynyň miwelerini görüp begenýär.