Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 49

Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?

Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?

«Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» (3 Mus. 19:18).

109-NJY AÝDYM «Biri-biriňizi ýürekden söýüň»

MAZMUNY *

1, 2. Biz geçen makalada nämeleri bildik we şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

 GEÇEN MAKALADA 3 Musa 19-njy bapda ýazylan käbir kanunlara seretdik. Meselem, 3-nji aýatda Ýehowa ysraýyllara ene-atasyna hormat goýmagy tabşyrýar. Şu kanun ene-atamyzyň aladasyny etmäge, olary ruhlandyrmaga we Ýehowa imanyny berkitmäge höweslendirýär. Şeýle-de 3-nji aýatda Hudaýyň halkynyň Sabat baradaky kanuny berjaý etmelidigi ýazylan. Elbetde, biz Sabat gününi bellemeýäris, ýöne Ýehowa her gün sežde etmek üçin wagt tapýarys. Şeýdip, biz 3 Musa 19:2 we 1 Petrus 1:15-de aýdylyşy ýaly, mukaddes bolmak isleýändigimizi görkezýäris.

2 Biz mukaddes Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýermek isleýäris. Şol sebäpli şu makalada hem 3 Musa 19-njy bapdaky kanunlar hakda gürrüň ederis. Biz kör, ker ýa-da maýyp adamlara ýagşylyk etmek, söwda-satyk işlerinde dogruçyl bolmak we adamlary ýürekden söýmek üçin näme etmelidigini bileris.

MAÝYPLARA ÝAGŞYLYK EDELIŇ

3 Musa 19:14-däki kanun körleriň we kerleriň mertebesini peseltmän, olara ýagşylyk etmäge höweslendirýär (3—5-nji abzaslara serediň). *

3, 4. Ýehowa 3 Musa 19:14-de kör we ker adamlar hakda nähili kanun berdi?

3 3 Musa 19:14-i okaň. Ýehowa halkynyň maýyp adamlara mähirli bolup, ýürekden aladasyny etmegini isleýär. Meselem, ysraýyllar ker adama sögmeli däldi, ýagny oňa haýbat atyp, kemsitmeli däldi. Ker adam özüne sögülýändigini eşitmeýär we mertebesini gorap bilmeýär. Şonuň üçin oňa sögüp kemsitmek, barypýatan zalymlykdyr.

4 Ýehowa halkyna «köri büdretjek bolup, öňüne zat goýmazlygy» hem tabşyrdy. Bir kitapda aýdylmagyna görä, gadym döwürde Gündogar ýurtlarynda maýyp adamlary äsgermändirler we olaryň hakyny iýipdirler. Käbir doňýürek adamlar körleriň üstünden güljek bolup ýa-da ýamanlyk etjek bolup, olaryň ýoluna zat goýupdyrlar. Gör, nähili zalymlyk! 3 Musa 19:14-däki kanun Hudaýyň halkyny körleriň we kerleriň mertebesini peseltmän, olara ýagşylyk etmäge höweslendirýärdi.

5. Biz maýyp adamlara nädip ýagşylyk edip bileris?

5 Isa pygamberiň maýyp-müjrüp adamlara rehimi inýärdi we olary sagaldýardy. Ol suwa çümdürýän Ýahýanyň şägirtlerine şeýle diýdi: «Körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär» (Luka 7:20—22; 18:43). Isanyň gudratlaryny gören adamlar Hudaýy şöhratlandyrdylar. Biz hem Isa pygamberiň göreldesine eýerip, maýyp-müjrüp adamlara mähirli, sabyrly bolýarys we olara ýagşylyk edýäris. Elbetde, Ýehowa bize gudrat görkezmäge güýç bermeýär. Ýöne körlere we Şeýtanyň garaňky dünýäsinde kör kimin ýaşaýan adamlara hoş habary wagyz etmegi tabşyrýar. Tizden bütin ýer ýüzi Jennet bolar, körleriň gözi açylar we ähli adamlar Ýehowa bilen dostlaşarlar (Luka 4:18). Hoş habary eşiden adamlaryň ählisi Ýehowa alkyş aýdýarlar.

ADAMLARYŇ HAKYNY IÝMÄLIŇ

6. 3 Musa 19-njy bap on tabşyryga has gowy düşünmäge nädip kömek edýär?

6 3 Musa 19-njy bapdaky aýatlar on tabşyryga has gowy düşünmäge kömek edýär. Meselem, sekizinji tabşyrykda: «Ogurlyk etmäň» diýilýär (2 Mus. 20:15). Käbirleri: «Men şu tabşyryga eýerýärin, iliň zadyny almaýaryn, ogurlyk etmeýärin» diýmegi mümkin. Ýöne bu tabşyryk has köp zady öz içine alýar.

7. Söwdagär sekizinji tabşyrygy nädip bozup biler?

7 Söwdagär: «Men hiç haçan ogurlyk etmeýärin» diýip öwünmegi mümkin. Ýöne ol alyjylaryň hakyny iýýän bolmagy mümkin. 3 Musa 19:35, 36-njy aýatlarda Ýehowa şeýle diýýär: «Bir zadyň uzynlygyny, agramyny ýa-da göwrümini ölçäniňizde, hiç kimi aldamaň. Tereziňiz, terezi daşyňyz, galla önümlerini we suwuk zatlary ölçeýän gaplaryňyz dogry bolsun». Eger söwdagär kem ölçäp berse ýa-da tereziden iýse, onda ogurlyk etdigi bolýar. Munuň şeýledigini 3 Musa 19-njy bapdaky beýleki aýatlar hem tassyklaýar.

3 Musa 19:11—13-nji aýatlar adamlar bilen iş salşanda, dogruçyl we adalatly bolmaga höweslendirýär (8—10-njy abzaslara serediň). *

8. 3 Musa 19:11—13-nji aýatlar ysraýyllara sekizinji tabşyryga has gowy düşünmäge nädip kömek edýärdi we biz mundan näme öwrenip bilýäris?

8 3 Musa 19:11—13-nji aýatlary okaň. 3 Musa 19:11-nji aýat «ogurlyk etmäň» diýen sözler bilen başlaýar. 13-nji aýatda bolsa: «Hiç kimi aldawa salma» diýilýär. Diýmek, adamlar bilen iş salşanda, olary aldamak hem ogurlyk hasaplanýar. 3 Musa 19-njy bap ysraýyllara sekizinji tabşyryga has gowy düşünmäge kömek edýärdi we ildeşleriniň hakyny iýmän, halal, dogruçyl ýaşamagy öwredýärdi. Biz hem Ýehowanyň ogurlygy we hilegärligi ýigrenýändigini ýatdan çykarmaly däl. 3 Musa 19:11—13-nji aýatlar hakda oýlanyp, özümize şeýle soraglary bereliň: «Men öýde we işde dogruçyl bolmaga jan edýärinmi? Ýa-da käte mekir ýüregime gulak asýarynmy?»

9. 3 Musa 19:13-de Ýehowa nähili tabşyryk berdi we näme üçin?

9 Elinde işgärleri bolan mesihçiler hem dogruçyl bolmaly. 3 Musa 19:13-de: «Işçiniň zähmet hakyny bir günem saklama» diýilýär. Ysraýyllar melleginde işlär ýaly işçileri hakyna tutupdyrlar we günüň ahyrynda zähmet hakyny töläpdirler. Eger ýer eýesi işçileriň hakyny tölemese, olaryň maşgalasy şol gün aç galardy. Şol sebäpli Ýehowa: «Ol gözüni iş hakyna dikip oturandyr, şol gazanjy bilen gün görýändir» diýdi (5 Mus. 24:14, 15; Mat. 20:8).

10. 3 Musa 19:13-den näme öwrenýäris?

10 Şu günler işçiler her gün däl-de, aýda bir ýa iki gezek iş hakyny alýarlar. Emma biz 3 Musa 19:13-däki tabşyryga şu günlerem eýerip bileris. Gynansak-da, käbir başlyklar işçileri köp işledip, az hak töleýärler. Olar adamlaryň eklenç üçin az aýlyga-da kaýyl boljagyny bilýärler. Şeýdip, başlyklar biçäre işçileriň hakyny iýýärler. Emma mesihçiler adalatly bolup, işçileriň çeken zähmetiniň hakyny bermeli. Biz 3 Musa 19-njy bapdan ýene näme öwrenip bileris?

ÄHLI ADAMLARY SÖÝELIŇ

11, 12. Isa pygamber 3 Musa 19:17, 18-nji aýatlardaky tabşyrygyň wajypdygyny nädip düşündirdi?

11 Ýehowa biziň ähli adamlar bilen agzybir ýaşamagymyzy isleýär. Munuň üçin biz hiç kimi ýigrenmeli däl. Ýehowa: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýip tabşyrýar (3 Musa 19:17, 18-nji aýatlary okaň). Eger biz şu tabşyryga ýürekden eýersek, Hudaýy razy ederis.

12 Isa hem 3 Musa 19:18-däki tabşyrygyň wajypdygyny aýtdy. Bir gün fariseý Isadan: «Töwratda iň wajyp tabşyryk haýsy?» diýip sorady. Isa pygamber oňa: «„Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý“. Ol birinji we iň wajyp tabşyryk» diýip jogap berdi. Soňra Isa 3 Musa 19:18-e salgylanyp: «Ikinji tabşyryk hem şoňa meňzeşdir: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“» diýdi (Mat. 22:35—40). Ýakynyňy söýüp, ýagşylyk etmegiň birnäçe ýollary bar. Geliň, 3 Musa 19-njy bapdan olaryň käbirine seredeliň.

13. Ýusup bilen bolan waka 3 Musa 19:18-e has gowy düşünmäge nädip kömek edýär?

13 Ýakynyňy söýmegiň bir ýoly barada 3 Musa 19:18-de aýdylýar. Aýatda: «Ar alma.., öýke-kine saklama» diýilýär. Belki-de, siz işdeşinden, klasdaşyndan ýa-da dogan-garyndaşlaryndan öýkeläp, hatda birnäçe ýyl gepleşmän ýören adamlary tanaýansyňyz. Mukaddes Kitapda hem şeýle adamlar hakda ýazylan. Meselem, Ýusubyň agalary ýüreginde kine saklap gezdiler, olar inisini ýigrenip gul edip satdylar (1 Mus. 37:2—8, 25—28). Birnäçe ýyldan soň Ýusup bütin Müsür iline baştutan bolýar. Emma ol agalaryndan ar aljak bolmaýar, öýke-kine saklamaýar, gaýtam olary ýürekden bagyşlaýar. 3 Musa 19:18-däki kanun Ýusubyň döwründe ýazylmadyk bolsa-da, ol şol aýatdaky tabşyryga eýerýär (1 Mus. 50:19—21).

14. 3 Musa 19:18-däki maslahata şu günler hem eýermelidigini näme subut edýär?

14 Biz Ýusubyň göreldesine eýersek, Ýehowany razy ederis, dogan-uýalardan öýke-kine saklamarys we ar almarys. Isa pygamber hem nusgalyk dogasynda göwnümize degen adamy bagyşlamalydygyny aýtdy (Mat. 6:9, 12). Pawlus resul bolsa: «Eziz doganlarym, özüňiz ar almaň» diýip maslahat berdi (Rim. 12:19). Şeýle-de ol: «Biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň» diýdi (Kol. 3:13). Görşümiz ýaly, Ýehowanyň garaýşy hiç haçan üýtgemeýär. Şonuň üçin biz hem 3 Musa 19:18-däki maslahata eýermeli.

Ýarany gaşap ýörsek, bitmegiň deregine, has-da beterleşer. Göwnümize degen adamyň aýdan sözi we eden işi barada oýlanyp ýörsek, ýürek ýaramyz bitmez, diňe özümize zyýan ýetireris (15-nji abzasa serediň). *

15. Biz näme üçin öýke-kine saklamaly däl? Mysal getiriň.

15 Siziň göwnüňize degipdilermi? Käte ýürege salnan ýara tiz bitýär, käbiriniň bitmegi üçin bolsa köp wagt gerek bolýar. Aýdaly, biz ýiti pyçakda gök önümleri dograýarys. Birdenem barmagymyzy çalaja kesýäris. Barmagymyz şol wagt agyrsa-da, birki günden ýaramyz bitip gider. Edil şonuň ýaly, dostumyzyň oýlanman aýdan sözi bizi ynjytsa-da, känbir göwnümize almaýarys, derrew bagyşlaýarys. Käte bolsa ýiti pyçak elimize agyr ýara salyp biler. Şonda lukmana ýüz tutup, ýaramyzy daňdyrýarys ýa-da tikdirýäris. Eger biz ýaramyzy gaşap ýörsek, bitmegiň deregine, has-da beterleşer. Şonuň ýaly göwnümize degen adamyň aýdan sözleri we eden işleri barada oýlanyp ýörsek, ýürek ýaramyz hiç haçan bitmez, diňe özümize zyýan ýetireris. Şonuň üçin 3 Musa 19:18-däki maslahata eýerip, öýke-kine saklamaly däl.

16. 3 Musa 19:33, 34-nji aýatlara görä, ysraýyllar gelmişeklere nähili garamalydy we biz mundan näme öwrenýäris?

16 Ýehowa ysraýyllara «ýakynyňy söý» diýende, diňe öz milletindäki adamlary gowy görmelidigini göz öňünde tutmandy. 3 Musa 19:33, 34-nji aýatlara (okaň) görä, ysraýyllar gelmişekleri hem söýmelidi. Olar gelmişekleri ala tutman, öz ildeşi ýaly gowy görmelidi. Meselem, kanuna görä, mellekde galan hoşalary diňe bir ysraýyllaryň däl, gelmişekleriň hem ýygnamaga haky bardy (3 Mus. 19:9, 10). Şu günler biz hem gelmişekleriň ýürekden aladasyny etmeli (Luka 10:30—37). Bütin ýer ýüzünde millionlarça adamlar ýat ýurtda gelmişek we bosgun bolup ýaşaýarlar. Geliň, olaryň mertebesini peseltmäliň, hiç birini ala tutman, ýagşylyk edeliň.

MUKADDES HALK ÜÇIN IŇ WAJYP IŞ

17, 18. a) 3 Musa 19:2 we 1 Petrus 1:15-de nähili maslahat berilýär? b) Petrus resul haýsy wajyp işe gatnaşmagy maslahat berdi?

17 3 Musa 19:2 we 1 Petrus 1:15-de Hudaýyň halkyna mukaddes bolmak maslahat berilýär. 3 Musa 19-njy babyň beýleki aýatlarynda hem Ýehowany razy etmek üçin näme etmelidigi aýdylýar. Biz olaryň diňe käbirine seretdik. * Injil kitabyny okanymyzda Ýehowanyň şu günler hem halkynyň 3 Musa 19-njy bapdaky maslahatlara eýermegini isleýändigini görse bolýar. Emma Petrus resul Hudaýy razy etmek üçin ýene bir zat etmelidigini aýtdy.

18 Biz her gün Ýehowa sežde edýäris we adamlara ýagşylyk edýäris. Emma Petrus «mukaddes boluň» diýip maslahat bermezden öň, wajyp işi ýerine ýetirmelidigimizi we «pikirimizi jemläp, dogumly bolmalydygymyzy» aýtdy (1 Pet. 1:13, 15). Petrus resul nämäni göz öňünde tutdyka? Ol saýlanan mesihçileriň Ýehowanyň «ajaýyp häsiýetlerini ähli ýerde yglan etmelidigini» aýtdy (1 Pet. 2:9). Şu günler bütin dünýäde mesihçiler eginme-egin işleşip wagyz edýärler. Wagyz etmek iň wajyp iş! Ýehowanyň mukaddes halky bolmak we adamlara hoş habary wagyz edip, şägirt taýýarlamak uly hormat! Şol sebäpli biz güýjümizi gaýgyrman, yhlasly wagyz etmeli (Mar. 13:10). Eger biz 3 Musa 19-njy bapdaky maslahatlara eýersek, Hudaýy razy ederis, ýakynymyzy söýeris we mukaddes bolmak isleýändigimizi görkezeris.

111-NJI AÝDYM Şatlanyň!

^ par. 5 Şu günler Musanyň kanunyny ýerine ýetirmek talap edilmese-de, biz ondan köp zatlary öwrenip bileris. Makalada 3 Musa 19-njy bapdaky käbir kanunlar hakda gürrüň ederis. Olar bize Ýehowany razy etmäge we adamlary ýürekden söýmäge kömek eder.

^ par. 17 3 Musa 19-njy bapda Ýehowanyň ýigrenýän işleri hakda hem aýdylýar. Meselem: ala tutmak, töhmet atmak, ganly et iýmek, jadygöýlik etmek, pal atmak we ahlaksyzlyk etmek (3 Mus. 19:15, 16, 26—29, 31; žurnalyň şu sanynyň «Okyjylaryň sowallary» diýen makalasyny okaň).

^ par. 52 SURATLAR: dogan ker we lal imandaşyna lukman bilen gepleşmäge kömek edýär.

^ par. 54 SURATLAR: ussa dogan işgärine iş hakyny berýär.

^ par. 56 SURATLAR: uýa çalaja kesilen barmagyna känbir üns bermeýär, emma elindäki agyr ýarany sarap bejerýär.