Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-NJI MAKALA

«Ýüregi şatlandyrýan» maslahat bereliň

«Ýüregi şatlandyrýan» maslahat bereliň

«Ýakymly ýag we atyr ýüregi şatlandyrýar, päk ýürekden çykan maslahat dostlugy berkidýär» (Nak. 27:9).

102-NJI AÝDYM «Ejizlere kömek edeliň»

MAZMUNY *

1, 2. Bir dogan maslahat bermek babatda nähili sapak edindi?

 BIRNÄÇE ÝYL mundan öň iki ýaşuly ýygnaga gelmeýän uýany ruhlandyrmak isleýärler we onuň öýüne barýarlar. Ýaşulularyň biri ýygnaga yzygiderli barmagyň wajypdygyny düşündirmek üçin uýa birnäçe aýat okap berýär. Soňra ol: «Uýany ruhlandyran bolsak gerek» diýip pikir edýär. Ýaşulular hoşlaşyp gaýtmakçy bolanda, uýa: «Doganlar, siz meniň ýagdaýyma düşünmeýärsiňiz» diýýär. Ýaşulular uýa maslahat berseler-de, onuň hal-ýagdaýyny soramadylar. Netijede, uýa ýaşulularyň beren maslahatyna eýermek islemedi.

2 Ýaşuly dogan şol güni ýatlap şeýle diýýär: «Men başda uýa sylaşyksyz we gadyrbilmez eken diýip pikir etdim. Emma soňra öz ýalňyşyma düşündim. Men aýatlary okamagyň deregine, uýadan: „Ýagdaýlaryň gowumy? Biz näme kömek edip bileris?“ diýip soramaly ekenim». Ýaşuly şol wakadan wajyp sapak edinýär. Häzir ol mähirli we duýgudaş dogan hökmünde tanalýar.

3. Kimler maslahat berip biler?

 3 Ýehowa ýaşululara halkynyň aladasyny etmegi tabşyrdy. Şol sebäpli olar gerek wagty dogan-uýalara maslahat bermeli. Emma käte dogan-uýalar hem dostlaryna ýa-da joralaryna Mukaddes Kitaba esaslanyp maslahat bermeli bolýar (Zeb. 141:5; Nak. 25:12). Ýaşy uly aýallar hem Titus 2:3—5-nji aýatlardaky ýaly meselelerde gelin-gyzlara maslahat berip biler. Ene-atalar hem çagalaryna öwüt-ündew berýär. Diýmek, makaladaky pikirler diňe bir ýaşululara däl-de, ählimize degişli. Makalada dogan-uýalara peýdaly boljak we ýüregine täsir etjek maslahaty bermek üçin näme etmelidigini bileris (Nak. 27:9).

4. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

4 Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: biz nähili niýet bilen maslahat bermeli? Aslynda, maslahat bermek gerekmi? Maslahaty kim bermeli? Nädip maslahat bermeli?

NÄHILI NIÝET BILEN MASLAHAT BERMELI?

5. Ýaşululara ýumşaklyk bilen maslahat bermäge näme kömek eder? (1 Korinfliler 13:4, 7).

5 Ýaşulular dogan-uýalary ýürekden söýýär we aladasyny edýär. Olar ýalňyş ädim ädýän dogana ýa-da uýa kömek etmek üçin maslahat berýärler (Gal. 6:1). Emma olar maslahat bermezden öň Pawlus resulyň: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir... Söýgi ähli zada döz gelýär, ähli zada ynanýar, ähli zada umyt edýär, ähli zada çydaýar» diýen sözleri hakda oýlanmaly (1 Korinfliler 13:4, 7-nji aýatlary okaň). Ýaşulular şu aýatlar hakda oýlansa, öz niýetini barlap, ýumşaklyk bilen maslahat berip bilerler. Dogan-uýalar ýaşulularyň alada edýändigini görseler, olaryň maslahatyna höwes bilen gulak asarlar (Rim. 12:10).

6. Pawlus resul nähili görelde galdyrdy?

6 Ýaşulular Pawlus resulyň göreldesine eýerip bilerler. Ol Selanikdäki dogan-uýalara kömek etmek üçin maslahat berýär. Pawlus maslahat bermezden öň, olary Hudaýa wepalydygy we söýgi bilen çekýän zähmeti üçin öwýär. Şeýle-de olaryň «yzarlamalarda çydamly bolup, imanda berk durýandygyna» buýsanýandygyny aýdýar (1 Sel. 1:3; 2 Sel. 1:4). Pawlus hatynda olaryň hemmelere görelde bolýandygyny ýazýar (1 Sel. 1:8, 9). Selanikdäki dogan-uýalar Pawlusyň öwgüli sözlerini eşidip, kalby şatlykdan dolandyr. Olar Pawlus resulyň söýgi we mähir bilen ýazan hatlaryny okap, beren maslahatlaryna höwes bilen eýerendirler (1 Sel. 4:1, 3—5, 11; 2 Sel. 3:11, 12).

7. Näme üçin käte maslahata eýermek kyn bolýar?

7 Biz näme üçin ýumşaklyk bilen maslahat bermeli? Tejribeli ýaşuly şeýle diýýär: «Dogan-uýalar berilýän maslahat bilen razylaşýarlar, ýöne maslahat ýumşaklyk bilen berilmese, oňa eýermek kyn bolýar». Biz mundan näme öwrenýäris? Gödeklik bilen däl-de, söýgi we mähir bilen berlen maslahata gulak asmak aňsat bolýar.

MASLAHAT BERMEK GEREKMI?

8. Ýaşulular maslahat bermezden öň haýsy soraglar hakda oýlanmaly?

8 Ýaşulular maslahat bermäge howlukmaly däl. Olar ilki bilen şu soraglar hakda oýlansalar gowy bolar: maslahat bermek gerekmikä? Men peşeden pil ýasaýan bolaýmaýyn? Ol, dogrudan-da, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny bozdumy ýa-da garaýşymyz tapawutlanýarmy? Ýaşulular «oýlanman geplemekligiň» abraýdan gaçyrýandygyna düşünmeli (Nak. 29:20). Eger ýaşuly mesihçiniň Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny bozandygyna doly göz ýetirip bilmeýän bolsa, başga bir ýaşuly bilen maslahatlaşmaly (2 Tim. 3:16, 17).

9. Ýaşulular Pawlus resulyň 1 Timoteos 2:9, 10-njy aýatlardaky maslahatyna nädip eýerip bilerler?

9 Aýdaly, ýaşuly wagyzçynyň özüne timar berişi we geýnişi barada maslahat bermekçi bolýar. Emma ýaşuly ilki bilen: «Onuň geýnişi Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelýärmi?» diýip oýlanmaly. Ol öz pikirini öňe sürmez ýaly başga bir ýaşuly ýa-da Hudaýa imany berk wagyzçy bilen maslahatlaşmaly. Olar bilelikde Pawlus resulyň egin-eşik we daş keşp babatda beren maslahatyna seredip bilerler. Pawlus mesihçilere «gelşikli, salykatly egin-eşikler geýip, sagdyn düşünjeli» bolmagy maslahat berdi (1 Timoteos 2:9, 10-njy aýatlary okaň). Ol egin-eşik babatda berk düzgünleri goýup, geýmeli we geýmeli däl zatlaryň sanawyny ýazmady. Pawlus dogan-uýalaryň erkinligine hormat goýýardy. Ol mesihçileriň egin-eşik saýlamak meselesinde garaýşynyň tapawutlanyp biljegine düşünýärdi we olaryň Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny bozman salykatly, özüne gelişýän egin-eşikleri saýlamaga hakynyň bardygyny bilýärdi. Eger mesihçi salykatly geýinmän Ýehowanyň adyna ysnat getirýän bolsa, ýaşulular oňa maslahat bermeli.

10. Biz näme üçin başgalary öz pikirimize eýertjek bolmaly däl?

10 Iki mesihçi bir meselede dürli karara gelip biler. Eger Mukaddes Kitabyň kada-kanuny bozulmaýan bolsa, ikisiniň hem kararyna dogry diýse bolar. Şonuň üçin biz başgalary öz pikirimize eýertjek bolmaly däl (Rim. 14:10).

MASLAHATY KIM BERMELI?

11, 12. Ýaşulular maslahat bermezden öň haýsy soraglar hakda oýlanmaly we näme üçin?

11 Ýaşulular birine maslahat bermeli bolsalar, ilki bilen: «Oňa kim maslahat berse gowy bolar?» diýip oýlanmaly. Ýaşulular doganyň aýalyna ýa-da çagasyna maslahat berjek bolsalar, ilki bilen onuň özi bilen maslahatlaşmaly. Belki, meseläni maşgalabaşynyň özi çözüp biler *. Ýa-da ýaşulular maşgalabaşynyň aýalyna ýa-da çagasyna onuň ýanynda maslahat berip bilerler. Käte bolsa  3-nji abzasda aýdylyşy ýaly, gyzlara uly ýaşly uýalar maslahat berip bilerler.

12 Ýaşulular şu sorag hakda hem oýlanmaly: «Oňa maslahaty men bersem gowy bolarmy ýa-da başga biri?» Meselem, özüne kembaha garaýan mesihçä şeýle duýgulary başdan geçiren ýaşuly maslahat berse gowy bolar. Sebäbi ýaşuly onuň ýagdaýyna gowy düşüner. Beren maslahaty onuň derdine derman bolar. Dogan-uýalara Mukaddes Kitaba esaslanyp maslahat bermek we garaýşyny üýtgetmäge kömek etmek — her bir ýaşulynyň borjy. Şol sebäpli ýygnakda ruhdan düşýän dogan-uýanyň ýagdaýyny başdan geçiren ýaşuly bolmasa, beýleki ýaşulular maslahat bermeli.

NÄDIP MASLAHAT BERMELI?

Ýaşulular näme üçin ünsli diňlemeli? (13, 14-nji abzaslara serediň).

13, 14. Ýaşulular dogan-uýalary näme üçin ünsli diňlemeli?

13 Ünsli diňläň. Ýaşuly mesihçä maslahat bermezden öň şu soraglar hakda oýlanmaly: «Men ol hakda nämeleri bilýän? Ol nähili kynçylyklary başdan geçirýär? Belki, meniň bilmeýän zadym bardyr? Häzir ol nähili kömege mätäç?»

14 Ýaşulular Ýakup 1:19-daky: «Her bir adam diňlemäge taýyn bolmaly, geplemäge howlukmaly däl we çalt gaharlanmaly däl» diýen maslahata eýermeli. Belki, ýaşuly doganyň ýa-da uýanyň ýagdaýy hakda hemme zady bilýändirin öýdýändir, ýöne ýalňyşýan bolmagy mümkin. Nakyllar 18:13-de: «Diňlemän jogap bermek akmaklyk hem utançdyr» diýilýär. Şonuň üçin ýaşuly maslahat bermezden öň dogandan ýa-da uýadan bolan zatlary sorasa we ünsli diňlese gowy bolar. Biz makalanyň başynda uýany diňlemän maslahat beren ýaşuly hakda gürrüň edipdik. Ol ýalňyşyna düşünip: «Men aýatlary okamagyň deregine, uýadan: „Ýagdaýlaryň gowumy? Biz näme kömek edip bileris?“ diýip soramaly ekenim» diýýär. Eger ýaşulular dogan-uýalary ünsli diňläp ýagdaýyna düşünseler, olara gowy maslahat berip bilerler.

15. Ýaşulular Nakyllar 27:23-däki maslahata eýermek üçin näme etmeli?

15 Dogan-uýalar bilen dostlaşyň. Dogan-uýalara kömek etmek üçin olara diňe bir maslahat bermek ýa-da aýat okap bermek ýeterlik däl. Biz dogan-uýalaryň aladasyny etmeli, ýagdaýyna düşünmeli we janymyzy aýaman kömek etmeli (Nakyllar 27:23-i okaň). Ýaşulular dogan-uýalary gowy tanamaly we olar bilen dostlaşmaly.

Ýaşulular näme üçin dogan-uýalar bilen dostlaşmaly? (16-njy abzasa serediň).

16. Ýaşulular näme üçin dogan-uýalar bilen dostlaşmaly?

16 Dogan-uýalaryň ýaşuly diýlende diňe ýalňyşanyňda ýanyňa gelip gepleşýän we maslahat berýän adam göz öňüne gelmeli däl. Ýaşulular dogan-uýalar bilen ýygy-ýygydan gürrüňdeş bolmaly, hal-ýagdaýyny sorap durmaly we kyn ýagdaýa düşenlerinde kömek etmäge taýyn bolmaly. Tejribeli ýaşuly şeýle diýýär: «Eger dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolsaňyz, olar bilen dostlaşarsyňyz. Şonda maslahat bermek kyn bolmaz». Dogan-uýalar hem ýaşuly dostunyň maslahatyny höwes bilen kabul ederler.

Ýaşulular näme üçin sabyrly we mähirli bolmaly? (17-nji abzasa serediň).

17. Ýaşulular näme üçin sabyrly we mähirli bolmaly?

17 Sabyrly we mähirli boluň. Käte mesihçi ýaşulynyň beren maslahaty bilen ylalaşmaýar. Şonda ýaşuly gaharlanmagyň deregine, sabyrly we mähirli bolmaly. Mukaddes Kitapda Isa pygamber hakda şeýle pygamberlik edilen: «Ol... epilen gamşy döwmez, sönüp barýan peltäni öçürmez» (Mat. 12:20). Ýaşulular Isa pygamber ýaly duýgudaş we mähirli bolmaly. Olar Hudaýa: «Oňa maslahata düşünmäge we eýermäge kömek et» diýip doga etmeli. Belki, mesihçä maslahatyň näme üçin berlendigine düşünýänçä wagt gerek bolar. Eger ýaşulular sabyrly we mähirli bolsalar, mesihçä maslahata eýermek aňsat bolar. Şeýle-de ýaşulular hemişe Hudaýyň sözüne esaslanyp maslahat bermeli.

18. a) Maslahat berýän adam nämäni unutmaly däl? b) Suratdaky ene-ata näme barada gürrüň edýär?

18 Ýalňyşyňyzdan sapak ediniň. Biz bikämil bolandygymyz üçin makaladaky maslahatlaryň ählisine eýerip bilmeris (Ýak. 3:2). Käte maslahat berenimizde dogan-uýalaryň göwnüne degmegimiz mümkin. Şeýle ýagdaýda ruhdan düşmäliň, ýalňyşymyzdan sapak edineliň. Eger dogan-uýalaryň aladasyny etsek, olar bizi ýürekden bagyşlarlar (« Ene-atalar üçin» diýen çarçuwa serediň).

BIZIŇ ÜÇIN SAPAK

19. Biz nädip dogan-uýalaryň derdine derman bolup bileris?

19 Görşümiz ýaly, maslahat bermek aňsat däl, sebäbi biz hem, dogan-uýalar hem bikämil. Şonuň üçin makaladaky maslahatlar hemmämize peýdaly bolar. Maslahat bermezden öň niýetiňi barlamaly. Şeýle-de biz şu soraglar hakda oýlanmaly: maslahat bermek gerekmi? Maslahaty kim berse gowy bolar? Maslahat bermäge howlukmaly däl. Ilki bilen mesihçiniň ýagdaýyna düşünmek üçin, ony ünsli diňlemeli we duş gelýän kynçylyklaryny biljek bolmaly. Biz mähirli bolmaly we dogan-uýalar bilen dostlaşmaly. Unutmalyň, biziň maksadymyz dogan-uýalara diňe bir maslahat bermek däl-de, olaryň derdine derman bolup, ýüregini şatlandyrmak bolmaly (Nak. 27:9).

103-NJI AÝDYM Çopanlar Hudaýyň berekedi

^ Maslahat bermek hemişe aňsat däl. Birine kömek etmek we ruhlandyrmak üçin nädip maslahat bermeli? Makalada ýaşulularyň nädip maslahat bermelidigi hakda gürrüň ederis.

^ «Isa Mesih ýygnagyň başy» diýen makalany okap bilersiňiz (w21.02).