Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-NJY MAKALA

Isa pygamber ýaly janaýamaz boluň

Isa pygamber ýaly janaýamaz boluň

«Bermek almakdan has bagtly edýändir» (Res. 20:35).

17-NJI AÝDYM «Isleýärin»

MAZMUNY *

1. Ýehowanyň Şaýatlary nähili işleri edýärler we näme üçin?

 MUKADDES KITAPDA hudaýhon adamlaryň Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda Ýehowa «höwes bilen» gulluk etjekdigi pygamberlik edilen (Zeb. 110:3). Şu pygamberlik biziň günlerimizde ýerine ýetýär. Her ýyl Ýehowanyň Şaýatlary millionlarça sagat wagyz edýärler. Munuň üçin olara hak tölenmeýär. Olar wagtyny, güýjüni gaýgyrman imandaşlarynyň aladasyny edýärler, zerur zatlaryny ýetirip durýarlar, ruhlandyrýarlar we imanyny berkidýärler. Aladaçyl doganlar ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmak, dogan-uýalary ruhlandyrmak we çopançylyk idegini etmek üçin köp wagtyny sarp edýärler. Ýehowanyň Şaýatlary şeýle köp işleri näme üçin edýärler? Olar Ýehowany we adamlary ýürekden söýýärler (Mat. 22:37—39).

2. Rimliler 15:1—3-nji aýatlara görä, Isa pygamber nähili görelde galdyrdy?

2 Isa pygamber adamlara kömek etmek üçin özünden geçmäge taýyndy. Biz onuň göreldesine eýermeli (Rimliler 15:1—3-nji aýatlary okaň). Şonda biz Isanyň: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýen sözleriniň dogrudygyna göz ýetireris (Res. 20:35).

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Şu makalada Isa pygamberiň haýsy ýagdaýlarda janyny aýaman adamlara kömek edendigi we onuň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de dogan-uýalara ýürekden hyzmat etmek üçin näme etmelidigini bileris.

ISANYŇ GÖRELDESINE EÝERIŇ

Isa ýadaw bolsa-da adamlara kömek etdi (4-nji abzasa serediň).

4. Isa pygamber janaýamazdygyny nädip görkezdi?

4 Isa ýadaw bolsa-da adamlara kömek etdi. Bir gün Isa Kapernawumyň golaýyndaky daga çykyp, uzak gije Hudaýa doga-dileg edýär. Isa dagdan düşüp düzlüge baranda, uly märekäni görüp ýüregi awaýar. Isa ýadaw bolsa-da syrkawlary sagaldýar we garyp-gasarlara göwünlik berip, hoş habary wagyz edýär. Isa pygamberiň şol wagzy «Dagdaky wagyz» diýip atlandyryldy we taryhda öçmejek yz galdyrdy (Luka 6:12—20).

Biz Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? (5-nji abzasa serediň).

5. Maşgalabaşylara janaýamaz bolmaga näme kömek eder?

5 Maşgalabaşylar Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bilerler? Göz öňüne getiriň, dogan işden soň sütüni süýnüp öýe gelýär. Ol ýadaw bolansoň maşgala okuwyny goýbolsun etmekçi bolýar, emma Ýehowa doga edip güýç soraýar. Ýehowa onuň dogasyna jogap berýär. Dogan aýaly we çagalary bilen maşgala okuwyny geçirýär. Şonda çagalary ene-atasynyň Ýehowa sežde etmegi hemme zatdan wajyp hasaplaýandygyny görýärler.

6. Isanyň adamlar üçin wagtyny gaýgyrmandygyny haýsy waka subut edýär?

6 Isa pygamber adamlar üçin wagtyny gaýgyrmaýardy. Isa suwa çümdürýän Ýahýanyň kellesiniň kesilendigini eşidýär we ýüregi para-para bolýar. Mukaddes Kitapda: «Isa gaýyga münüp, bir çola ýere gitdi» diýýär (Mat. 14:10—13). Biz Isanyň näme üçin çola ýere gidendigine düşünýän bolsak gerek, sebäbi adam hasrat çekýän wagty ýeke bolasy gelýär. Emma Isa gaýykdan düşende uly märekäni görýär. Adamlar ol ýere Isadan öň barypdyrlar. Şonda Isa näme edýär? Isa adamlary görüp ýüregi awaýar, olaryň göwünlik beriji sözlere mätäçdigine düşünýär we Hudaý hakda «köp zatlary öwredip başlaýar» (Mar. 6:31—34; Luka 9:10, 11).

7, 8. Isa pygamberiň göreldesine eýerýän aladaçyl ýaşulular nähili işleri edýärler?

7 Ýaşulular Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bilerler? Biz aladaçyl we janaýamaz ýaşululara örän minnetdar. Olar ýygnakda köp zähmet çekýärler. Biz ýaşulularyň edýän işleriniň hemmesini bilmeýäris. Käbir ýaşulular Keselhanalar bilen işleşýän komitetde gulluk edýärler. Olar hassahana düşen dogan-uýalara kömek edýärler. Köplenç şeýle gaýragoýulmasyz ýagdaýlar ýarygije ýüze çykýar. Aladaçyl ýaşulular we olaryň maşgalasy agyr güne düşen dogan-uýalaryň ýagdaýyna gynanýarlar we olara kömek etmek üçin elinde baryny edýärler.

8 Käbir ýaşulular Ýygnak jaýlarynyň we guramanyň beýleki binalarynyň gurluşyk işlerine gatnaşýarlar ýa-da betbagtçylyk bolan ýerde kömek edýärler. Şeýle-de olar ýygnakdaky dogan-uýalary ruhlandyrmak, tälim bermek we goldamak üçin köp wagtyny sarp edýärler. Emma ýaşulular ýygnagyň işleri bilen başagaý bolup, maşgalasynyň aladasyny etmegi unutmaly däl. Biz ýaşululara we olaryň maşgalasyna örän minnetdar. Goý, Ýehowa olara her bir işinde ak pata bersin!

JANAÝAMAZ BOLMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

9. Filipililer 2:4, 5-nji aýatlara görä, biz nähili garaýyşda bolmaly?

9 Filipililer 2:4, 5-nji aýatlary okaň. Isa pygamberiň göreldesine diňe ýaşulular däl, biziň ählimiz eýermeli. Mukaddes Kitapda Isanyň «özüni gul edendigi» barada aýdylýar (Flp. 2:7). Hojaýynyna wepaly gul onuň göwnünden turmak üçin arman-ýadaman zähmet çekýär. Bizem gul kimin Ýehowa we dogan-uýalara hyzmat etmek isleýäris. Munuň üçin janaýamaz bolmaly. Geliň, käbir maslahatlara seredeliň.

10. Ýüregimizi barlamaga haýsy soraglar kömek eder?

10 Ýüregiňizi barlaň. Şu soraglar hakda oýlanyň: men dogan-uýalara janymy aýaman kömek edýärinmi? Menden garry dogan-uýalaryň halyndan habar almagy ýa-da olary ýygnaga äkidip-getirmegi haýyş etseler, höwes bilen ederinmi? Men kongresden öň ýa-da soň arassaçylyk işlerine kömek edýärinmi? Ýygnak jaýynyň bejeriş işlerine höwes bilen gatnaşýarynmy? Biz ömrümizi Ýehowa bagyş edenimizde onuň islegini birinji orunda goýjakdygymyzy söz berdik. Biz dogan-uýalara wagtymyzy, güýjümizi we janymyzy gaýgyrman kömek etsek, Ýehowa örän begener. Bize janaýamaz bolmak kyn bolsa näme etmeli?

11. Janaýamaz bolmak üçin näme etmeli?

11 Ýehowa doga-dileg ediň. Belki, siz janaýamaz bolmagyň wajypdygyna düşünýänsiňiz, ýöne känbir höwesiňiz ýokdur. Onda Ýehowa ýüregiňizi döküp doga ediň we janaýamaz bolar ýaly «ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç» berer ýaly ýalbaryň (Flp. 2:13).

12. Suwa çümdürilen ýaş doganlara janaýamaz bolmaga näme kömek eder?

12 Suwa çümdürilen ýaş doganlar, siz dogan-uýalara janyňyzy aýaman hyzmat edesiňiz gelýärmi? Onda «ýüregiňizde isleg döreder» ýaly Ýehowa doga ediň. Käbir ýygnaklarda hyzmatçylaryň sany ýaşululardan az. Üstesine-de, hyzmatçylaryň ýaşy bir çene ýeten. Ýygnaklar hem gün-günden ösýär. Şol sebäpli dogan-uýalaryň aladasyny eder ýaly ýaş we gujur-gaýratly doganlar gerek. Ýaş doganlar, ýaşulularyň tabşyran her bir işini höwes bilen ýerine ýetiriň. Şonda bagtly bolarsyňyz, Ýehowany razy edersiňiz, ýagşy at gazanarsyňyz we dogan-uýalara hyzmat edip şatlyk taparsyňyz.

Ýahudada ýaşaýan mesihçiler Iordan derýasyndan geçip, Pella şäherine bardylar. Şol ýere ilkinji baranlar soňky gelenleri ýürekden goldadylar (13-nji abzasa serediň).

13, 14. Dogan-uýalara kömek etmek üçin näme etmeli? (Daşky sahypadaky surata serediň).

13 Kömek etmäge taýyn boluň. Pawlus resul ýewreýlere: «Ýagşylyk etmegi we başgalar bilen zadyňyzy paýlaşmagy unutmaň, sebäbi Hudaý şeýle sadakalary halaýandyr» diýdi (Ýew. 13:16). Tüýs wagtynda berlen maslahat! Pawlusyň ýazan hatyndan köp wagt geçmänkä, Ýahudadaky mesihçiler öýüni, işini we dogan-garyndaşlaryny goýup, «daglara gaçmaly» boldular (Mat. 24:16). Olar ýat ýurtda arkalaşyp, biri-birini goldamalydylar. Dogduk mekanynda Pawlusyň maslahatyna eýeren mesihçilere ýat ýurtda hem imandaşlaryny goldamak kyn düşen däldir.

14 Dogan-uýalaryň käbiri başgalara ýük bolmajak bolup, kömege mätäçdigini aýtmaýarlar. Aýdaly, doganyň aýaly aradan çykýar. Belki, biz doganyň öýüni arassalamaga, nahar bişirmäge ýa-da ulagly bir ýere äkidip-getirmäge kömek edip bileris. Belki, ol dogan-uýalary azara goýmajak bolup kömek soraýan däldir. Emma biziň özümiz baryp kömek etsek, ol örän begener. Biz: «Dogana başga biri kömek eder-le ýa-da kömek gerek bolsa özi aýdar-la» diýip, pikir etmeli däl. Biz özümizi onuň ýerine goýmaly. Şonda oňa nähili kömegiň gerekdigini bileris.

15. Janaýamaz bolmak üçin ýene näme etmeli?

15 Dogan-uýalar size arkaýyn ýüz tutup bilsin. Ýygnakda kömege taýyn dogan-uýalaryň bolmagy uly bereket. Biz olara islendik wagt ýüz tutýarys, sebäbi olaryň gaşyny çytman kömek etjekdigini bilýäris. Biz olaryň göreldesine eýermek isleýäris. 40 ýaşlaryndaky ýaşuly Alan Isa pygamber ýaly janaýamaz bolasy gelýärdi. Alan şeýle diýýär: «Ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli adamlar Isanyň ýanyna arkaýyn baryp kömek soraýardylar. Isa işli bolsa-da, adamlary güler ýüz bilen garşy alýardy, wagtyny we güýjüni gaýgyrman kömek edýärdi. Dogan-uýalar maňa islendik wagt ýüz tutup biler ýaly Isa pygamberden görelde alyp, mähirli we ýumşak bolasym gelýär».

16. Zebur 119:59, 60-njy aýatlara görä, Isa pygamberiň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?

16 Elbetde, biziň hiç birimiz Isa pygamberiň göreldesine doly eýerip bilmeris (Ýak. 3:2). Emma biz ruhdan düşmeli däl. Şägirt derrew halypasy ýaly ussat sazanda bolup bilmez, emma türgenleşse we halypasyndan görelde alsa, ökde sazanda bolup biler. Edil şonuň ýaly, bizem Mukaddes Kitaby okasak, öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulansak we öz üstümizde işläp, ýagşy häsiýetleri ösdürsek, Isa pygamberiň göreldesine eýereris (Zebur 119:59, 60-njy aýatlary okaň).

JANAÝAMAZ ADAMLAR BEREKETDEN DADARLAR

Isa pygamber ýaly janaýamaz ýaşulular ýaş doganlara görelde bolýarlar (17-nji abzasa serediň) *.

17, 18. Janaýamaz adamlar nähili bereket alýarlar?

17 Janaýamaz adamy göreniňde, oňa meňzäsiň gelýär. Ýaşuly dogan Tim şeýle diýýär: «Käbir doganlar ýaş hem bolsa hyzmatçy bellendi. Bilýäňizmi näme üçin?! Olar ýygnakdaky janaýamaz dogan-uýalaryň göreldesine eýermek islediler. Şeýlelikde, ýaş doganlar ýygnagyň daýanjy, ýaşulularyň guwanjy boldular».

18 Şu dünýäde adamlar diňe özüni bilip ýaşaýarlar, emma Ýehowanyň Şaýatlary olardan düýbünden tapawutlanýar. Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda adamlara kömek etmek üçin wagtyny we güýjüni gaýgyrmady. Biz edil Isa pygamber ýaly bolup bilmesek-de, onuň «yzyna gyşarnyksyz eýermäge» jan etmeli (1 Pet. 2:21). Eger dogan-uýalara janymyzy aýaman hyzmat etsek, Ýehowany razy ederis we bagtly ýaşarys.

13-NJI AÝDYM Mesihiň göreldesi

^ Isa pygamber adamlara hyzmat etmek üçin janyny aýamaýardy. Makalada onuň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigini we janaýamaz dogan-uýalaryň aljak bereketleri hakda bileris.

^ SURAT: Danyň kakasy keselhanada ýatyrka, iki ýaşuly onuň halyndan habar almaga gelýär. Dan ýaşulularyň göreldesine eýerip, dogan-uýalara kömek edip başlaýar. Ýaş dogan Ben Danyň janaýamazlygyny görüp örän ruhlanýar. Şol sebäpli Ben Ýygnak jaýynyň arassaçylyk işlerine kömek edýär.