Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Beýik Lukmany tapdym

Beýik Lukmany tapdym

«BÄH, nätdiň-aý?! Men muny çagalygymdan bäri arzuw edýärin». Men bu sözleri 1971-nji ýylda bir är-aýala aýdypdym. Olar meniň täze açan hassahanama bejergi almaga gelipdiler. Siziň şol är-aýalyň kimdigini we meniň çagalyk arzuwymyň nämedigini bilesiňiz gelýärmi? Geliň, men size gürrüň bereýin.

Men 1941-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde dünýä indim. Biziň maşgalamyz baý däldi. Men 10 ýaşymdakam inçekesel boldum, mekdebe gidip bilmedim. Men gaty gynandym, sebäbi okamagy gowy görýärdim. Lukmanlar birnäçe aýlap ýerimden galman ýatmalydygymy aýtdylar. Men ýatan ýerimde sözlükleri okaýardym we Pariž uniwersitetiniň radiogepleşiklerini diňleýärdim. Bir gün lukman meniň inçekeselden gutulandygymy aýtdy. Men mekdebe gidip biljegime begenip, guş bolup uçaýjak boldum. Men: «Lukmanlar hakyky halasgärler!» diýdim. Şondan soň menem lukman bolup, adamlary keselden sagaltmak isledim. Kakam: «Ulalaňda kim boljak?» diýip soranda, men hemişe: «Lukman boljak» diýip jogap bererdim. Şeýlelikde, men çagalykdan lukman bolmagy arzuw etdim.

YLYM HUDAÝY TANAMAGA KÖMEK ETDI

Enem-atam katolik bolsa-da Hudaý barada köp zat bilmeýärdim. Meni biynjalyk edýän ençeme soraglar bardy. Emma lukmançylyk uniwersitetinde okap başlanymda, Beýik Ýaradanyň bardygyna göz ýetirdim.

Talyp wagtym mikroskop arkaly çigildemiň öýjüklerine seretdim. Şonda öýjükleriň yssydan we sowukdan nädip goranýandygyny görüp haýran galdym. Şeýle-de men öýjügiň düzümindäki suwuklygy, ýagny sitoplazmany hem öwrendim. Ol duzly ýerde gysylýar, arassa suwda bolsa giňeýär. Şeýlelikde, janly organizmler täze şertlere tiz uýgunlaşyp bilýär. Men öýjükleriň çylşyrymly gurluşyny öwrenip, ýaşaýşyň öz-özünden döremändigine göz ýetirdim.

Ýokary okuwyň ikinji ýylynda Hudaýyň barlygyna has-da ynanyp başladym. Anatomiýa dersinde adamyň bileginiň gurluşyny öwrendik. Bilegiň kömegi bilen barmaklar ýumlup açylýar. Myşsalaryň, bogunlaryň we siňirleriň sazlaşykly işleýşi duranja bir gudrat. Meselem, bilegiň myşsasyndan siňir uzalyp gidýär. Ol barmagyň ikinji süňküne barýar-da, ikä bölünýär we özboluşly köprini emele getirýär. Köpriniň aşagyndan bolsa ýene-de bir siňir uzalyp gidip, barmagyň üçünji süňküne birleşýär. Şeýle-de siňirler barmak süňklerine berk birleşen. Şeýle bolmadyk bolsa barmaklarymyz gowy ýumlup açylmazdy. Şeýlelikde, mende ynsan bedenini ýaradan paýhasly Ýaradyjynyň bardygyna şek-şübhe galmady.

Çaganyň dogluşy hakda öwrenenimde, Beýik Biribara bolan imanym has-da berkedi. Çaga enesiniň göwresindekä onuň öýkenindäki alweollara (üzüm salkymyna meňzeş düwmejiklere) howa barmaýar. Ýatgydaky çaga göbegi arkaly kislorod baryp durýar. Çaganyň dünýä inmegine birnäçe hepde galanda, alweollaryň içini surfaktant atly ýagjymak suwuklyk örtýär. Dünýä inen çaga ilkinji sapar dem alanda, täsin gudrat bolup geçýär. Çaganyň ýüregindäki deşik ýapylyp, gan öýkene gidýär. Alweollaryň surfaktant (ýagjymak suwuklyk) bilen örtülendigi üçin olar howadan tiz dolýar. Şeýdip, dünýä inen çaga ilkinji sapar dem alýar.

Men şeýle täsin gudraty görüp Beýik Ýaradany tanasym geldi. Şonuň üçin Mukaddes Kitaby okap başladym. Men Hudaýyň ysraýyl halkyna 3 000 ýyl mundan ozal beren arassaçylyk hakdaky kanunlaryna haýran galdym. Meselem, ysraýyllar täretini gömmelidi, ýuwnup durmalydy we ýokanç keselli adam köpçülikden aýry ýaşamalydy (3 Mus. 13:50; 15:11; 5 Mus. 23:13). Mukaddes Kitapda keseliň nädip ýaýraýandygy hakda aýdylypdy. Emma alymlar muny bary-ýogy bir ýarym asyr mundan öň bildi. Şeýle-de jynsy gatnaşyk meselesinde arassaçylygy saklamak baradaky kanunlar tutuş halkyň sagdyn bolmagyna ýardam edýärdi (3 Mus. 12:1—6; 15:16—24). Beýik Biribar şu kanuny ysraýyllaryň peýdasy üçin beripdir. Şol kanuna gulak asan adamlar köp bereket alypdyr. Şu zatlar hakda oýlanyp, Mukaddes Kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan kitapdygyna düşündim, ýöne Hudaýyň adyny bilmeýärdim.

ÝARYMA DUŞDUM WE HUDAÝY TANADYM

Lidiýa bilen toý eden günümiz (3 aprel 1965)

Ýokary okuw jaýynda okaýan wagtym, Lidiýa atly näzenin gyza aşyk boldum. Biz 1965-nji ýylda toý etdik. Men okuwymy tamamlamandym. Biziň 1971-nji ýyla çenli üç çagamyz bolupdy, soňra ýene üçüsi dünýä indi. Mähriban aýalym maňa işde we öýde uly goldaw bolýardy.

Men üç ýyl lukman bolup işlänimden soňra hassahana açdym. Bir gün är-aýal barlagdan geçmäge geldi. Olar hakda sözümiň başynda gürrüň beripdim. Men äri üçin derman ýazyp bermekçi bolanymda, aýaly: «Lukman, dermanyň düzüminde gan bolmawersin» diýdi. Men geň galyp: «Näme üçin?» diýip soradym. Ol: «Biz Ýehowanyň Şaýatlary» diýip jogap berdi. Men Ýehowanyň Şaýatlary ýa-da olaryň gana bolan garaýşy hakda eşitmändim. Aýal Mukaddes Kitap arkaly düzüminde gan bolan dermanlary näme üçin ulanmaýandygyny düşündirdi (Res. 15:28, 29). Soňra gürrüňe äri hem goşuldy. Olar maňa Hudaýyň Patyşalygynyň tizden horlugy, keselçiligi we ölümi ýok etjekdigini gürrüň berdiler (Ylh. 21:3, 4). Şonda men: «Bäh, nätdiň-aý?! Men muny çagalygymdan bäri arzuw edýärin. Men adamlary agyr dertden gutarmak üçin lukman bolupdym» diýdim. Biziň gürrüňimiz şeýle bir gyzypdyr welin, bir ýarym sagadyň nädip geçendigini bilmän galypdyrys. Indi men özümi katolik hasaplamaýardym, sebäbi Beýik Biribaryň adynyň Ýehowadygyny bilýärdim.

Är-aýal ýene üç sapar hassahana geldi. Her sapar hem bir sagatdan gowrak gürrüň etdik. Men Mukaddes Kitap barada arkaýyn gürrüň eder ýaly olary öýe çagyrdym. Aýalym olaryň gürrüňini diňlese-de, katolik buthanasynyň taglymatlarynyň nädogrudygy bilen razylaşyp bilmedi. Şonuň üçin men öýe ruhanyny çagyrdym. Biz diňe Mukaddes Kitap arkaly gürrüň etmeli diýişdik. Çekeleşikli gürrüňdeşlik ýarygijä çenli dowam etdi. Şol gürrüňdeşlikden soň aýalym Ýehowanyň Şaýatlarynyň hakykaty öwredýändigine göz ýetirdi. Biziň Ýehowa bolan söýgimiz gün-günden artdy. Şeýdip, Lidiýa ikimiz 1974-nji ýylda suwa çümdürildik.

ÝEHOWA GULLUK ETMEGI DURMUŞYMDA BIRINJI ORUNDA GOÝDUM

Men Hudaýyň adamzat hakdaky niýetini öwrenip, durmuşda nämäni birinji orunda goýmalydygyna düşündim. Lidiýa ikimiz her gün Ýehowany razy edip ýaşamagy ýüregimize düwdük. Biz çagalarymyzy Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça terbiýeledik. Olara Hudaýy we adamlary söýmegi öwretdik (Mat. 22:37—39). Şeýlelikde, biz has-da agzybir boldy.

Biziň öýümizde Isa pygamberiň: «Siziň „hawa“ diýeniňiz „hawa“, „ýok“ diýeniňiz „ýok“ bolsun» diýen sözleri kanundy (Mat. 5:37). Lidiýa ikimiz çagalara terbiýe berenimizde birek-biregiň kararyny ýürekden goldaýardyk. Muny çagalaram bilýärdi. Meselem, uly gyzym 17 ýaşyndaka Lidiýa ony deň-duşlary bilen aýlanmaga goýbermändir. Şonda gyzymyň joralarynyň biri: «Ejeň goýbermeýän bolsa, onda kakaňdan sora» diýipdir. Gyzym bolsa: «Meniň ene-atamy tanaňok. Olaryň pikiri hemişe deň gelýär» diýipdir. Biziň alty çagamyz hem Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip, agzybir ýaşaýandygymyzy görýärdiler. Men häzir çagalarymyň köpüsiniň Ýehowa ýürekden gulluk edýändigine örän begenýärin.

Men Hudaýa gulluk etmegi durmuşymda birinji orunda goýdum. Men lukmançylygy hem goýmadym, sebäbi dogan-uýalara kömek edesim gelýärdi. Men Beýtelde meýletinçi bolup gulluk edip başladym. Başda Pariždäki, soňra Luwýedäki täze Beýtelde lukman bolup işledim. Men eýýäm 50 ýyl bäri Beýtele gatnap kömek edýärin. Beýtelde köp dostlarym bar. Olaryň käbiri 90 ýaşlarynda. Bir gün täsin waka boldy. Men 20 ýaşlaryndaky Beýtele täze gelen dogan bilen tanyşdym. Görüp otursam, ol dünýä inende, ejesine kömek edipdirin.

ÝEHOWA HALKYNY SÖÝÝÄR

Men Ýehowanyň guramasy arkaly halkynyň aladasyny edip, görkezme berýändigini görenimde, Oňa bolan söýgim hasam artýar. 1980-nji ýyllaryň başlarynda Ýolbaşçylyk maslahaty bir topar döretdi. Şol topar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda lukmanlara Ýehowanyň Şaýatlarynyň näme üçin gan goýbertmeýändigini düşündirmelidi.

Ýolbaşçylyk maslahaty 1988-nji ýylda Keselhanalar barada maglumat gullugyny (KMG) döretdi. KMG Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Keselhanalar bilen işleşýän komitete (KIK) gözegçilik edýärdi. KIK hassa dogan-uýalaryň garaýşyna hormat goýýan lukmanlary tapmaga kömek edýärdi. Soňra KIK dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Fransiýada hem döredildi. Men Ýehowanyň guramasy arkaly ýarawsyz dogan-uýalara tüýs wagtynda kömek edýändigine örän begenýärin.

ARZUWYM HASYL BOLDY

Hudaýyň Patyşalygy hakda hoş habary wagyz edýäris

Meniň çagalyk arzuwym hasyl boldy. Men lukman bolup adamlara kömek edýärin. Emma adamlara ýaşaýşyň Gözbaşy Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek has-da wajyp. Men pensiýa çykanymdan soň aýalym bilen pioner gullugyna başladyk. Biz häzirem adamlaryň janyny halas edýän wagyz işine köpräk gatnaşmak üçin elimizde baryny edýäris.

Lidiýa we men (2021)

Men syrkaw adamlara kömek edýärin, emma lukman näçe ökde bolsa-da, keseli we ölümi aýryp bilmeýän ekeni. Şol sebäpli men keseliň we ölümiň bolmajak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Biz täze dünýäniň bosagasynda durus! Bize gowy günler garaşýar. Men Jennetde Ýehowanyň ýaradan zatlary, esasanam, ynsan bedeniniň gurluşy hakda köp zatlary öwrenerin. Hawa, çagalyk arzuwlarymyň käbirine ýetdim, gelejekde ählisine ýetjekdigime berk ynanýaryn.