Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

11-NJI MAKALA

«Täze häsiýetleri geýiň»

«Täze häsiýetleri geýiň»

«Täze häsiýetleri geýiň» (Kol. 3:10, çykgyt).

49-NJY AÝDYM Ýehowanyň ýüregini şatlandyralyň

MAZMUNY *

1. Biz näme üçin ýagşy zatlar hakda oýlanmaly?

 KÄBIRIMIZIŇ suwa çümdürilenimize ençeme ýyl boldy, käbirimiz bolsa ýaňy-ýakynda suwa çümdürildik. Emma biziň ählimiz Ýehowany begendirip ýaşamak isleýäris. Munuň üçin Ýehowa ýaraýan zatlar hakda oýlanmaly. Näme üçin? Sebäbi biziň oý-pikirimiz edýän işlerimize täsir edýär. Eger aňymyz erbet pikirlerden doly bolsa, aýdýan sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen Ýehowany gynandyrarys (Efes. 4:17—19). Eger biz ýagşy zatlar hakda oýlansak, aýdýan sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen gökdäki Atamyz Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys (Gal. 5:16).

2. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Biz geçen makalada erbet pikirleri aňymyzdan doly aýryp bilmejekdigimiz hakda gürrüň etdik. Emma biz erbet pikirleriň guly bolman bileris. Suwa çümdürilmänkäk «öňki häsiýetleri egnimizden çykarmaly», ýagny Ýehowanyň ýigrenýän işlerini, hapa, sögünç sözleri we erbet endikleri taşlamaly. Şeýle-de Ýehowany razy etmek üçin «täze häsiýetleri geýiň» diýen tabşyryga eýermeli (Kol. 3:10, çykgyt). «Täze häsiýetler» näme? «Täze häsiýetleri geýmek» we olary «egnimizden çykarmazlyk» üçin näme etmeli? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

«TÄZE HÄSIÝETLER» NÄME?

3. Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlara görä, «täze häsiýetler» näme we olary «geýmek» üçin näme etmeli?

3 «Täze häsiýetleri» geýen adam Ýehowanyň göreldesine eýerýär. Ol Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesini ösdürýär. Mukaddes ruhuň oý-pikirine, duýgusyna we edýän işlerine täsir etmegine ýol berýär (Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlary okaň). Meselem, ol Ýehowany we onuň halkyny söýýär (Mat. 22:36—39). Kynçylyklara şatlyk bilen döz gelýär (Ýak. 1:2—4). Adamlaryň arasynda parahatlygy döredýär (Mat. 5:9). Sabyrly we mähirli bolýar (Kol. 3:13). Adamlara gowulyk etmäge taýyn bolýar (Rim. 15:14). Hudaýa ýürekden iman edýändigini iş ýüzünde görkezýär (Ýak. 2:18). Ýaňsylap üstünden gülenlerinde ýumşak jogap berýär. Synaga düşende özüne erk edýär (1 Kor. 9:25, 27; Tit. 3:2).

4. Biz Hudaýa ýaraýan häsiýetleriň diňe käbirini ösdürsek dogry bolarmy? Düşündiriň.

4 «Täze häsiýetleri geýmek» üçin Mukaddes Kitapda agzalýan ýagşy häsiýetleriň hemmesini ösdürmeli *. Hudaýa ýaraýan häsiýetleriň diňe käbirini ösdürsem bolar diýýän adam ýalňyşýar, sebäbi şol häsiýetler biri-biri bilen berk baglanyşykly. Meselem, dogan-uýalary söýmek üçin mähirli we sabyrly bolmaly. Gowy adam bolmak üçin ýumşak bolmaly we özüňe erk etmeli.

«TÄZE HÄSIÝETLERI GEÝMEK» ÜÇIN NÄME ETMELI?

Biz Isa pygamberiň pikir edişi ýaly pikirlensek, onuň göreldesine eýereris (5, 8, 10, 12, 14-nji abzaslara serediň).

5. Biz näme üçin «Mesihiň pikir edişi ýaly pikirlenmeli» we muny nädip etmeli? (1 Korinfliler 2:16).

5 1 Korinfliler 2:16-ny okaň. Biz «täze häsiýetleri geýmek» üçin «Mesihiň pikir edişi ýaly pikir etmeli». Munuň üçin Isa pygamberiň eden işleri hakda okap, ony gowy tanamaly we göreldesine eýermeli. Isada mukaddes ruhuň miwesiniň ähli häsiýetleri bardy we Ýehowanyň göreldesine kämil derejede eýerýärdi (Ýew. 1:3). Biz «Mesihiň pikir edişi ýaly pikirlensek», onuň göreldesine eýereris, ýagşy işleri ederis we Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdüreris (Flp. 2:5).

6. «Täze häsiýetleri geýmek» isleýän adamlar nämäni ýatdan çykarmaly däl?

6 Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip bilerismi? Belki, käbirimiz: «Isa pygamber kämil. Men oňa hiç haçan meňzäp bilmerin» diýip, ruhdan düşýändiris. Şeýle pikir sizi hem biynjalyk edýärmi? Onda şu üç zady ýatdan çykarmaň: birinjiden, biz Hudaýyň we Isa pygamberiň keşbinde ýaradyldyk (1 Mus. 1:26). Diýmek, biz olaryň göreldesine eýerip bileris. Kämil derejede bolmasa-da, olara meňzäp bileris. Ikinjiden, Ýehowa bize iň kuwwatly güýji, ýagny mukaddes ruhy berýär. Mukaddes ruhuň kömegi bilen biz özümiziň başarmajak zatlarymyzy edip bileris. Üçünjiden, Ýehowa biziň Isa pygamberiň göreldesine kämil derejede eýermegimize garaşmaýar. Söýgüden doly Atamyz Ýehowa biziň kämillige ýetmegimiz üçin müň ýyl wagt berýär (Ylh. 20:1—3). Emma Ýehowa şu günler biziň özüne bil baglamagymyzy we Isanyň göreldesine eýermek üçin elimizde baryny etmegimizi isleýär.

7. Biz näme hakda gürrüň ederis?

7 Biz haýsy ýagdaýlarda Isa pygamberiň göreldesine eýerip bileris? Geliň, mukaddes ruhuň miwesi bolan dört häsiýet hakda gürrüň edeliň we Isa pygamberiň şol häsiýetleri nädip görkezendigini bileliň. Şeýle-de onuň göreldesine eýermäge we özümizi barlamaga kömek etjek soraglara seredeliň.

8. Isa pygamber Hudaýy we adamlary söýýändigi üçin näme etdi?

8 Isa pygamber Ýehowany we adamlary söýýändigi üçin özünden geçmäge taýyndy (Ýah. 14:31; 15:13). Ol ýer ýüzünde ýaşanda adamlary janyndan eziz görýändigini subut etdi. Käbirleri Isa garşy çyksa-da, ol mähirlidi, adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Hawa, ol adamlary ýürekden söýýärdi. Şonuň üçin Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz edýärdi (Luka 4:43, 44). Isa pygamber günäli adamlaryň ebedi ýaşamagy üçin ejirli ölüme döz geldi we töleg gurbanyny berdi.

9. Isa pygamberiň göreldesine eýerip adamlary ýürekden söýmek üçin näme etmeli?

9 Biz gökdäki Atamyz Ýehowany söýýändigimiz üçin ömrümizi oňa bagyş etdik we suwa çümdürildik. Şol sebäpli biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowany we adamlary ýürekden söýmeli. Ýahýa resul: «Gözi bilen görýän doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez» diýdi (1 Ýah. 4:20). Biz özümize şu soraglary bermeli: adamlary ýürekden söýýärinmi? Men wagtymy, güýjümi gaýgyrman hoş habary wagyz edýärinmi? Gödek adamlar bilenem mähirli gepleşýärinmi? Adamlar garşy çyksa-da, aýdýan habarymy diňlemese-de höwes bilen wagyz edýärinmi? Şägirt taýýarlamak işine has köp gatnaşmak üçin tagalla edýärinmi? (Efes. 5:15, 16).

10. Isa pygambere näme üçin parahatlygy döredýän adam diýse bolar?

10 Isa pygamber hemişe adamlaryň arasynda parahatlygy döredýärdi. Ol hiç haçan ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermeýärdi. Isa parahatlygy dikeltmek üçin ilkinji ädimi özi ädýärdi we başgalary hem agzybir ýaşamaga höweslendirýärdi. Ol agzala adamlaryň seždesini Ýehowanyň kabul etmeýändigini aýtdy (Mat. 5:9, 23, 24). Şeýle-de ol biri-biri bilen jedelleşýän şägirtlerine dawalaşmaly däldigini gaýta-gaýta düşündirdi (Luka 9:46—48; 22:24—27).

11. Parahatlygy döretmek üçin näme etmeli?

11 Parahatlygy döredýän adam diňe bir dawa-jenjelden gaça durmaýar. Ol parahatlygy döretmek üçin ilkinji ädimi özi ädýär we dogan-uýalary düşünişmezligi çözmäge höweslendirýär (Flp. 4:2, 3; Ýak. 3:17, 18). Biz şu soraglar hakda oýlanmaly: parahatlygy döretmek üçin näme edip bilerin? Göwnüme degenlerinde öýkeläp ýörýärinmi? Göwnüme degen adam ötünç soraýança garaşýarynmy ýa-da ilkinji ädimi özüm ädýärinmi? Ýerlikli bolsa dogan-uýalary ýaraşmaga höweslendirýärinmi?

12. Isa pygamberiň mähirlidigini nireden bilýäris?

12 Isa adamlar bilen mähirli gepleşýärdi we ýagşylyk edýärdi (Mat. 11:28—30). Ol ýumşakdy, eglişik etmäge taýyndy. Meselem, finikiýaly aýal Isa pygamberiň ýanyna gelip, gyzyny sagaltmagy haýyş edýär. Isa aýalyň haýyşyny bitirip bilmejegini aýdýar, emma onuň berk imanyny görüp gyzyny sagaldýar (Mat. 15:22—28). Isa dostlary bilen mähirli gepleşýärdi, emma gerek wagty olaryň ýalňyşyny açyk aýdýardy. Bir gün Isa pygamber şägirtleriniň ýanynda Petrusa käýeýär, sebäbi Petrus oňa Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge päsgel berjek boldy (Mar. 8:32, 33). Isa Petrusy kemsitmek üçin däl-de, düzetmek üçin käýäpdi. Elbetde, Petrus oňaýsyz ýagdaýa düşendir, ýöne wajyp sapak edinendir. Beýleki şägirtler hem Isa pygamberi ýagşy gününde-de, ýaman gününde-de goldamalydygyna düşünendir.

13. Ýagşylyk etmek we mähirli bolmak üçin näme etmeli?

13 Mähirli we ýagşylyk edýän adam dostunyň ýalňyşyny açyk aýdýar. Dostuňyza maslahat bereniňizde Isa pygamberiň göreldesine eýeriň, Mukaddes Kitaba esaslanyň, mähirli boluň we onuň niýetine, Ýehowany söýýändigine, maslahatyňyza eýerjekdigine şübhelenmäň. Şeýle-de şu soraglar hakda oýlanyň: dostumyň ýalňyşyny batyrgaýlyk bilen aýdyp bilerinmi? Men mähir bilen maslahat berýärinmi ýa-da gödeklik bilen? Men dostuma nähili niýet bilen maslahat berýärin? Gaharym gelýändigi üçin maslahat berýärinmi ýa-da kömek etmek üçin?

14. Isa pygamber näme üçin adamlara gowulyk edýärdi? Düşündiriň.

14 Isa pygamber adamlara gowulyk etmegiň wajypdygyny öwredýärdi we özi hem ýagşylyk edýärdi. Isa ýagşy işleri gowy niýet bilen edýärdi, sebäbi Atasyny razy etmek isleýärdi. Ýagşylyk etmelidigini bilip-de, ony etmeýän adama gowy adam diýip bolmaz. Gowy adamyň ýüreginde erbetlik, ýamanlyk we hilegärlik bolmaýar. Ol ýagşy işleri päk niýet bilen edýär. Belki, käbirleriniň: «Ýaman niýet bilenem adamlara ýagşylyk edip bolarmy?» diýmegi mümkin. Hawa, edip bolar. Meselem, Isa pygamber özüne alkyş almak üçin garyplara sadaka berýän adamlara käýedi. Ýehowa göz üçin ýagşy işleri edýän adamlardan razy bolmaýar (Mat. 6:1—4).

15. Nähili adama gowy adam diýse bolar?

15 Biz ýagşy işleri päk niýet bilen etsek gowy adam bolup bileris. Özümize şu soraglary bereliň: men ýagşylyk edýärinmi ýa-da «ýagşylyk etmeli» diýip diňe dilde aýdýaryn? Men adamlara nähili niýet bilen ýagşylyk edýärin?

«TÄZE HÄSIÝETLERI» HIÇ HAÇAN «EGNIŇIZDEN ÇYKARMAŇ»

16. Biz her gün näme etmeli we näme üçin?

16 Mesihçi täze häsiýetleri ösdürmek üçin diňe suwa çümdürilýänçä tagalla etmelimi? Ýok! Biz täze häsiýetleri, ýagny mukaddes ruhuň miwesini ösdürmek üçin her gün jan etmeli. Näme üçin? «Herekete — bereket» diýipdirler. Biz näçe köp jan etsek, şonça-da Ýehowa mukaddes ruhy arkaly kömek eder. Ol zähmetsöýer Hudaýdyr. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly örän köp işleri edýär (1 Mus. 1:2). Ýehowa öz üstünde işleýän we tagalla edýän adamlara bereket berýär. Ýakup şägirt: «Iman... iş ýüzünde görkezilmese ölüdir» diýdi (Ýak. 2:26). Diýmek, mukaddes ruhuň miwesi bolan häsiýetleriň hemmesini iş ýüzünde görkezmek örän wajyp.

17. Ruhuň miwesini görkezmek kyn bolsa näme etmeli?

17 Biziň suwa çümdürilenimize köp ýyl geçen hem bolsa, käte ruhuň miwesini görkezmek kyn bolup biler, ýöne biz jan etmeli. Aýdaly, siziň eşigiňize ýag degýär. Siz ony indi gaýdyp geýmersiňizmi? Elbetde, siz eşigi ýuwup, ýag degen ýeriniň tegmilini aýyrarsyňyz. Siz indiki gezek ýag degirmejek bolarsyňyz. Edil şonuň ýaly, mähirli, sabyrly bolup bilmän biri bilen gödek gepleşseňiz ruhdan düşmäň. Göwnüne degen adamyňyzdan ötünç soraň, dostlugyňyzy dikeldiň. Indiki gezek gödek bolmajak boluň.

18. Biz nämä ynamly bolup bileris?

18 Isa pygamberiň gowy görelde galdyrandygy üçin örän minnetdar. Isa pygamberi näçe gowy tanasak, onuň pikirine we göreldesine eýermek hem-de «täze häsiýetleri geýmek» aňsat bolar. Şu makalada biz mukaddes ruhuň miwesi bolan dört häsiýet hakda gürrüň etdik. Eger mukaddes ruhuň miwesi bolan beýleki häsiýetler hakda okamak hem öwrenmek üçin wagt tapsak we olary «egnimize geýmek» üçin jan etsek, Ýehowany razy ederis. Munuň üçin «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasynyň» «Mesihçileriň durmuşy» diýen bölüminiň «Mukaddes ruhuň miwesi» diýen sözbaşysyna seredip bilersiňiz. Eger her gün ruhuň miwesini ösdürmäge jan etsek, Ýehowa bize «täze häsiýetleri geýmäge» we olary hiç haçan «egnimizden çykarmazlyga» kömek eder.

127-NJI AÝDYM Men nähili adam bolmaly?

^ Biziň her birimiz «täze häsiýetleri geýip» bileris. Munuň üçin garaýşymyzy üýtgetmeli we Isa pygamberiň göreldesine eýermeli. Şu makalada Isanyň ajaýyp häsiýetleri hakda gürrüň ederis. Şeýle-de suwa çümdürilenimizden soň hem onuň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigini bileris.

^ Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlarda Hudaýa ýaraýan häsiýetleriň hemmesi agzalmaýar. Köpräk bilmek üçin «Okyjylaryň sowallaryny» okaň (w20.06).