Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

13-NJI MAKALA

Ýehowa sežde etmek şatlygyňa şatlyk goşýar

Ýehowa sežde etmek şatlygyňa şatlyk goşýar

«Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhrata, hormata, alkyşa mynasypsyň!» (Ylh. 4:11).

31-NJI AÝDYM Hudaýyň ýolundan ýöre

MAZMUNY *

1, 2. Ýehowa nähili seždäni kabul edýär?

 SEŽDE sözüni eşideniňizde näme göz öňüňize gelýär? Belki, pesgöwünli doganyň dyza çöküp Ýehowa doga edişi ýa-da agzybir maşgalanyň bilelikde Mukaddes Kitaby okaýşy göz öňüňize gelýändir.

2 Hawa, doga-dileg edenimizde-de, Mukaddes Kitaby okanymyzda-da Hudaýa sežde edýäris. Emma Ýehowa seždämizi kabul eder ýaly, biz ony söýmeli, hormat goýmaly we islegini ýerine ýetirmeli. Biz hak Hudaý Ýehowany söýýäris we diňe Oňa sežde etmelidigine düşünýäris. Şonuň üçin janymyzy aýaman yhlasly gulluk edýäris.

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Şu makalada gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlaryň Ýehowa nädip sežde edendigi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Ýehowa edýän seždämiziň sekiz aýratynlygyna serederis. Biz olaryň haýsysyny has-da gowulandyrmalydygymyzy we arassa seždäniň bizi bagtly edýändigi hakda bileris.

GADYMY DÖWÜRDE ÝEHOWA NÄHILI SEŽDÄNI KABUL EDÝÄRDI?

4. Hudaýhon adamlaryň Ýehowa arassa sežde edendiklerine näme üçin şübhelenmän bileris?

4 Gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlar Habyl, Nuh, Ybraýym, Eýýup pygamberler Ýehowany söýýärdiler we oňa çuňňur hormat goýýardylar. Olar Hudaýa gulak asýardylar, iman edýärdiler we mal gurbanlyklaryny berýärdiler. Mukaddes Kitapda olaryň Hudaýa nädip sežde edendigi hakda jikme-jik aýdylmaýar. Emma olaryň Ýehowa hormat goýup arassa sežde edendigine şübhelenmän bileris. Soňra Ýehowa ysraýyl halkyna Musa pygamber arkaly kanun berýär. Şol kanunda Ýehowa nädip sežde etmelidigi hakda jikme-jik ýazylandy.

5. Isa Mesih ölümden direlensoň Ýehowa näme etdi?

5 Isa Mesih ölümden direlensoň Ýehowa Musanyň kanunyny ýatyrdy (Rim. 10:4). Soňra ol täze kanuny, ýagny «Mesihiň kanunyny» berdi (Gal. 6:2). «Mesihiň kanunyny» ýat tutmaly däldi. Onda näme etmeli ýa-da näme etmeli däldigi hakda birgiden düzgün ýokdy. Mesihçiler «Mesihiň kanunyny» nädip berjaý etmelidi? Olar Isa Mesihiň göreldesine eýermelidiler we onuň öwreden zatlary boýunça ýaşamalydylar. Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlary Isa Mesihiň göreldesine eýerip, Hudaýa arassa sežde edýärler we özlerini bagtly duýýarlar (Mat. 11:29).

6. Biz özümizi barlamak üçin haýsy soraglar hakda oýlanmaly?

6 Geliň, arassa seždäniň sekiz aýratynlygyna seredeliň we özümize şeýle soraglary bereliň: men Ýehowanyň göwnünden turmak üçin nähili ädimleri ätdim? Allatagala edýän seždämden razy bolar ýaly, men ýene näme edip bilerin? Elbetde, biz şu güne çenli Ýehowa arassa sežde etmek üçin aýgytly ädimleri ädendigimize begenýäris. Emma Hudaýa doga edip, ýene nämäniň üstünde işlemelidigimiz hakda oýlanmaly. Şonda Ýehowa edýän seždämizden razy bolar.

ARASSA SEŽDÄNIŇ SEKIZ AÝRATYNLYGY

7. Ýehowa nähili doga-dilegleri diňleýär?

7 Ýehowa doga-dileg etmek. Mukaddes Kitapda Hudaýa edýän doga-dileglerimiz tütetgä meňzedilýär (Zeb. 141:2). Ysraýyllar ilkibaşda çadyrda, soňra ybadathanada Hudaýa tütetgi ýakýardylar. Tütetginiň hoşboý ysy Ýehowa ýaraýardy. Edil şonuň ýaly, biziň ýürekden edýän dogalarymyz Ýehowa üçin «ýakymly» (Nak. 15:8; 5 Mus. 33:10). Biz dilewar bolmasak-da, sada sözler bilen Hudaýy söýýändigimizi we minnetdardygymyzy aýtsak, ol begener. Ýehowa biziň gaýgy-aladamyzy, umydymyzy we ýürek arzuwlarymyzy aýtmagymyzy isleýär. Doga-dilegimiz Ýehowa ýaraýan «hoşboý ysly tütetgi» bolar ýaly näme etmeli? Biz Hudaýa doga etmezden öň aýtjak sözlerimiz hakda oýlanmaly.

8. Biz Ýehowany şöhratlandyrmak üçin näme etmeli?

8 Wagyz etmek (Zeb. 34:1). Biz Ýehowany şöhratlandyrmak üçin, onuň ajaýyp häsiýetleri we gudratly işleri hakda wagyz etmeli. Eger ýüregimiz Hudaýa minnetdarlykdan joşup dursa, hemişe yhlasly wagyz ederis. Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlansak, minnetdarlygymyzyň çägi bolmaz we her bir adama ýagşylyga baý Hudaý Ýehowa hakda wagyz ederis. Şonda biz «Hudaýa elmydama öwgi gurbanlaryny bereris» (Ýew. 13:15). Allatagala doga-dileg etmezden öň aýtjak sözlerimiz hakda oýlanyşymyz ýaly, hoş habary wagyz etmezden öň hem adamlara näme gürrüň berjegimiz barada pikirlenmeli. Eger biz Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda joşup, ynam bilen gürrüň bersek, «öwgi gurbanlarymyz» Ýehowanyň göwnünden turar.

9. Ýygnak duşuşyklary Hudaýyň halkyna nähili peýda berýär? Ýygnak duşuşyklarynyň size nähili peýda berendigini gürrüň beriň.

9 Ýygnak duşuşyklaryna barmak. Ýehowa ysraýyllara şeýle tabşyryk berdi: «Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek.... Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gelsin» (5 Mus. 16:16). Ysraýyllar öýüni, mellegini goýup gitmelidiler. Ýehowa olara: «Ýehowa Hudaýyňyzyň huzuryna geleniňizde, hiç kim siziň ýurduňyza göz dikip bilmez» diýip söz berdi (2 Mus. 34:24). Ysraýyllar Allatagala doly bil baglap, her ýyl geçirilýän baýramçylyklara barýardylar. Şeýlelikde, olar bol bereketleri alýardylar, Kanuna has gowy düşünýärdiler, Hudaýyň ýagşylyklary hakda oýlanýardylar we imandaşlary bilen gürrüňdeş bolup şatlanýardylar (5 Mus. 16:15). Bizem ýygnak duşuşyklaryna barmak üçin elimizde baryny etsek, Ýehowanyň ak patasyny alarys. Şeýle-de ýygnaga taýýarlanyp barsak, gysgajyk we manyly jogaplary bersek, Ýehowany razy ederis.

10. Biz näme üçin aýdym aýtmaga çekinmeli däl?

10 Aýdym aýtmak (Zeb. 28:7). Ysraýyllar Ýehowa sežde edende aýdym aýdýardylar. Dawut patyşa Ýehowanyň şanyna aýdym aýtmak üçin 288 sany lewini belledi (1 Tar. 25:1, 6—8). Şu günler bizem Ýehowa sežde edenimizde ony wasp edip aýdym aýdýarys. Belki-de, mahmal owazymyzyň ýokdugy üçin aýdym aýtmaga çekinýändiris. Mukaddes Kitapda «biziň ählimiziň... sözümizde ýalňyşlyk goýberýändigimiz» aýdylýar (Ýak. 3:2). Emma biz ýalňyş geplemekden gorkup, ýygnakda jogap bermän ýa-da hoş habary wagyz etmän oturmaýarys. Şonuň ýaly, biziň şirin owazymyz bolmasa-da, Ýehowanyň şanyna aýdym aýtmaga utanmaly däl.

11. Zebur 48:13-e görä, biz näme üçin maşgala okuwyny geçirmeli?

11 Mukaddes Kitaby okamak we maşgala okuwyny geçirmek. Ysraýyllar Sabat güni ähli işini goýup, Ýehowa sežde edýärdiler. Olar çagalaryna hem Ýehowanyň edýän ýagşylyklary hakda gürrüň berýärdiler (2 Mus. 31:16, 17). Biz ýörite wagt belläp Mukaddes Kitaby okamaly we şahsy okuwyny geçirmeli. Şeýdip, biz Ýehowa sežde edýäris we onuň bilen dostlaşýarys (Zeb. 73:28). Maşgala okuwy hem Ýehowa edýän seždämiziň bir bölegi. Sebäbi biz maşgala okuwynda çagalarymyza Ýehowany söýmäge we onuň bilen dostlaşmaga kömek edýäris (Zebur 48:13-i okaň).

12. Ýehowanyň guramanyň gurluşyk işlerini mukaddes hasaplaýandygyny nireden bilýäris?

12 Ýehowa sežde edilýän binalary gurmak we abat saklamak. Ýehowa çadyry gurjak we onuň ähli zadyny ýasajak ussalara akyl-paýhas berdi, sebäbi Ýehowa çadyryň gurluşygyny mukaddes iş hasaplaýardy (2 Mus. 36:1, 4). Edil şonuň ýaly, şu günlerem Ýehowa Ýygnak jaýlarynyň we guramanyň binalarynyň gurluşygyny mukaddes iş hasaplaýar. Dogan-uýalaryň käbiri wagtyny hem güýjüni gaýgyrman gurluşyk işine gatnaşýarlar. Biz olaryň Patyşalyk işiniň ilerlemegi üçin çekýän zähmetine örän minnetdar. Olar hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Hatda käbirleri pioner bolmak isleýärler. Köp wagtyny gurluşyga sarp edýän dogan-uýalar pioner bolmak üçin arza ýazsalar, ýaşulular olary höwes bilen goldamaly. Şeýdip, ýaşulular guramanyň gurluşyk işlerine goşant goşarlar. Eger guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşmaga mümkinçiligimiz bolmasa, biz Ýygnak jaýynyň arassaçylyk we abatlaýyş işine kömek edip bileris.

13. Ysraýyllaryň göreldesine nädip eýerip bileris?

13 Pul sadakasyny bermek. Ysraýyllar Ýehowanyň huzuryna eli boş gelmeli däldi (5 Mus. 16:16). Olar göwnünden çykaranyny sadaka bermelidiler. Şeýdip, olar Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna minnetdardygyny görkezýärdiler. Biz ysraýyllaryň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz ýygnagyň çykdajylaryny ödemek we bütindünýä wagyz işini goldamak üçin pul sadakasyny berip bileris. Pawlus resul şeýle diýdi: «Hudaý ýürekden berlen sadakany kabul edýär, sebäbi Hudaý adamyň güýji ýetmeýän zadyny däl-de, güýji ýetýän zadyny bermegini isleýär» (2 Kor. 8:4, 12). Biz guramanyň işlerini goldamak üçin «ikije teňňe» bersek-de, Ýehowa örän begenýär (Mar. 12:42—44; 2 Kor. 9:7).

14. Nakyllar 19:17-ä görä, biz näme üçin mätäç dogan-uýalara kömek etmeli?

14 Mätäç dogan-uýalary goldamak. Ysraýyllar garyp düşen doganlaryny goldanlarynda, Ýehowa olara bol bereket berýärdi (5 Mus. 15:7, 10). Biz mätäç dogan-uýalara kömek etsek, «Ýehowa karz berýäris» (Nakyllar 19:17-ni okaň). Pawlus türmede otyrka Filipidäki dogan-uýalar oňa sowgat iberýärler. Pawlus olaryň sowgadyna «Hudaýyň halaýan ýakymly ysly gurbanlygy» diýdi (Flp. 4:18). Biz ýygnakdaky dogan-uýalaryň haýsysyna kömek etsemkäm diýip oýlansak gowy bolardy. Biz mätäç dogan-uýalar üçin wagtymyzy, güýjümizi, ukybymyzy gaýgyrmasak, el kömegini we pul kömegini bersek Ýehowany razy ederis. Şeýdip, biz hak Hudaýa arassa sežde edýändigimizi görkezeris (Ýak. 1:27).

ÝEHOWA SEŽDE ETMEK BAGTLY EDÝÄR

15. Ýehowa sežde etmek näme üçin kyn däl?

15 Ýehowa sežde etmek üçin wagt hem güýç sarp etmeli, emma muny etmek kyn däl (1 Ýah. 5:3). Sebäbi biz Ýehowany söýýäris. Aýdaly, oglanjyk kakasyny begendirmek üçin sowgat beresi gelýär. Ol ençeme sagadyny sarp edip, ýadaman, ýaltanman ak kagyzyň ýüzüne owadan surat çekýär, sebäbi ol kakasyny gowy görýär. Bizem Ýehowany söýýändigimiz üçin janymyzy gaýgyrman sežde edýäris.

16. Ýewreýler 6:10 Ýehowanyň biziň edýän işlerimizi gymmat saýýandygyny nädip görkezýär?

16 Ene-atalar çagalaryny gowy tanaýar. Olary biri-biri bilen deňeşdirmeýär. Çagalarynyň başarýan we başarmaýan zatlaryny gowy bilýär. Olaryň berýän her bir sowgadyny gymmat saýýar. Gökdäki Atamyz Ýehowa hem biziň edip bilýän we edip bilmeýän zadymyzy gowy bilýär. Käbirimiz dogan-uýalara garanda köp işleri edip bilýändiris. Käbirimiz bolsa maşgala borçlarymyz, garrylyk we ýarawsyzlyk sebäpli öňkimiz ýaly Ýehowa üçin köp işleri edip bilýän däldiris. Geliň, özümizi başgalar bilen deňeşdirmäliň (Gal. 6:4). Sebäbi Ýehowa her bir ogul-gyzynyň edýän işini gymmat saýýar (Ýewreýler 6:10-y okaň). Eger biz ýürekden we ýagşy niýet bilen sežde etsek, gökdäki Atamyzy begendireris. Ýehowa biziň köp işleri etmek isleýändigimizi bilýär. Emma ol biziň başarýan işlerimizi edip şatlanmagymyzy isleýär.

17. a) Ýehowa sežde etmek kyn bolsa näme etmeli? b)  23-nji sahypadaky çarçuwada görkezilen haýsy ýagdaý siziň şatlygyňyza şatlyk goşýar?

17 Biz şu makalada Hudaýa edýän seždämiziň sekiz aýratynlygyna seretdik. Emma şularyň käbirini etmek kyn bolsa, meselem, Mukaddes Kitaby her gün okamaga ýaltanýan bolsak ýa-da köpçülik ýerlerinde wagyz etmäge çekinýän bolsak näme edip bileris? «Çekseň zähmet, ýagar rähnet» diýlişi ýaly, biz şol işler bilen meşgullanmak üçin has köp wagt we güýç sarp etmeli. Şonda biz Mukaddes Kitaby her gün okap şatlanarys we adamlara batyrgaýlyk bilen wagyz ederis. Hudaýa edýän seždämizi gitara çalmagy öwrenmek bilen deňeşdirse bolar. Eger gitarany elimize käte alsak, saz çalmagy öwrenip bilmeris. Emma gitarany her gün çalsak, ökde sazanda bolup bileris. Belki, başda 5-10 minut gitara çalarys, emma soňra wagtyny köpeldip bileris. Biz edýän tagallamyzyň ýerine düşendigini görsek, gitara çaljak wagtymyza sabyrsyzlyk bilen garaşarys. Hudaýa sežde etmek üçin hem tagalla etsek, özümizi bagtly duýarys.

18. Biz näme etsek bagtly bolarys?

18 Adamlar ýeke-täk hak Hudaýa sežde etmek üçin ýaradyldy. Eger Ýehowa sežde etsek, bagtly bolarys we ebedi ýaşarys (Nak. 10:22). Biz kyn ýagdaýlarda howsala düşmeýäris, sebäbi Ýehowanyň kömege taýýardygyny bilýäris (Işa. 41:9, 10). Biz ýeriň-gögüň eýesi Beýik Hudaý Ýehowa sežde edýändigimize buýsanýarys. Ol «şöhrata, hormata, alkyşa mynasyp» Alladyr! (Ylh. 4:11).

24-NJI AÝDYM Ýehowanyň dagyna çykyň

^ Biz diňe Ýehowa sežde etmeli, sebäbi ol älem-jahany ýaradan hak Alla. Eger biz Hudaýa gulak asyp, kada-kanunlaryny berjaý etsek, ol biziň seždämizi kabul eder. Şu makalada Hudaýa edýän seždämiziň sekiz aýratynlygyna serederis.