Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gaýgy-aladany ýeňmegiň syry

Gaýgy-aladany ýeňmegiň syry

GAÝGY-ALADA adamy ruhdan düşürýär we güýç-kuwwatyny alýar (Nak. 12:25). Siziňem durmuşyňyzda güýçden gaçyrýan kynçylyklar boldumy? Şonda özüňizi ýüpsüz baglanan ýaly duýduňyzmy? Eger şeýle bolsa ruhdan düşmäň. Biziň köpümiz kynçylyklardan ýaňa göwnüçökgünlige düşýäris, gaýgy-gama batýarys we elimiz işden sowaýar. Meselem, dogan-garyndaşlarymyzdan biri agyr keselleýär ýa-da aradan çykýar, ýa-da biz tebigy betbagtçylykdan kösenýäris. Şeýle kynçylyklara döz gelmäge näme kömek edýär? a

Biz Dawut patyşanyň başdan geçiren wakalary barada okasak we oýlansak, onuň göreldesine eýerip bileris. Ol köp kynçylyklara döz geldi, hatda ölüm bilen ýüzbe-ýüz boldy (1 Şam. 17:34, 35; 18:10, 11). Oňa şeýle kynçylyklara döz gelmäge näme kömek etdi? Biz Dawudyň göreldesine nädip eýerip bileris?

DAWUT GAÝGY-ALADA NÄDIP DÖZ GELDI?

Käte kynçylyklar üsti-üstüne bolýar. Dawut bilen hem şeýle bolupdy. Şawul patyşa ony öldürmegiň küýüne düşýär. Dawut başyny gutarmak üçin gowaklarda ýaşaýar. Bir gün ol batyr esgerleri bilen Ziklaga gelýär, görse, duşmanlar şäheri otlapdyrlar, gelin-gyzlary we çaga-çugalary ýesir äkidipdirler. Şonda Dawut bilen esgerleriniň ýüregi para-para bolup, ses edip aglaşdylar; «olar aglap-aglap güýçden gaçdylar». Jany ýanan halk Dawudy daşlajak boldy (1 Şam. 30:1—6). Görşümiz ýaly, Dawudyň başyna kynçylyklar yzly-yzyna gelipdi: maşgalasy ýesir düşdi, dostlary ony öldürjek boldy, Şawul patyşa janynyň kastyna çykdy. Dawudyň gaýgy-aladadan ýaňa bili bükülendir.

Dawut näme etdi? Ol Ýehowa doga edip kömek sorady we Onuň eden ýagşylyklary hakda oýlandy. Ýehowa hem onuň ýüregine giňlik berdi (1 Şam. 17:37; Zeb. 18:2, 6). Şeýle-de Dawut Ýehowa bil baglady, görkezme sorady we Oňa gulak asdy. Dawut Ýehowanyň goldawy bilen ýeňiş gazandy, duşmanlaryň talan zatlaryny we ýesir düşen adamlaryň ählisini alyp gaýtdy (1 Şam. 30:7—9, 18, 19). Dawudyň näme edendigine üns berdiňizmi? Ilki bilen, ol Ýehowa doga edip kömek sorady. Soňra Ýehowanyň eden ýagşylyklary barada oýlandy we Onuň görkezmesine eýerdi. Biz Dawudyň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?

DAWUDYŇ GÖRELDESINE EÝERELIŇ

1. Doga-dileg edeliň. Biz gaýgy-aladadan ýaňa ruhdan düşýäris, şonda Ýehowadan akyldarlyk we güýç-kuwwat dilemeli. Biz Ýehowa ýüregimizi döküp doga-dileg etsek göwnümiz giňär. Ol biziň içimizden edýän gysgajyk dogamyzy hem diňleýär. Biz Dawut ýaly Ýehowanyň kömek etjekdigine ýürekden ynanmaly. Ol: «Ýehowa penam, galam, dadyma ýetişýän Hudaýym, Hudaýym arkadagym, penakärim» diýdi (Zeb. 18:2). Pioner uýa Kaliýa: «Ýehowa doga edenimde kalbym rahatlanýar, imanym has-da berkeýär we Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenip başlaýaryn» diýýär. Hawa, Ýehowa ýüregimizi döküp doga etsek, gaýgy-aladamyz zym-zyýat bolar.

2. Oýlanalyň. Yzyňyza ser salyp, aladaly günleriňiz hakda oýlanyň. Belki, çykalgasyz ýagdaýda Ýehowanyň kömek edendigi ýadyňyza düşýändir. Dogrudan-da, Ýehowanyň bize we gadym döwürdäki hudaýhon adamlara eden ýagşylyklary barada oýlansak, güýjümize güýç goşulýar we imanymyz berkeýär (Zeb. 18:17—19). Ýaşuly dogan Joşuwa şeýle diýýär: «Ýehowa her sapar dogalaryma jogap berende ýazyp goýýaryn. Şonda men Ýehowa näme hakda doga edendigimi we Onuň tüýs wagtynda beren jogabyny hiç haçan unutmaýaryn». Hawa, Ýehowanyň hemişe goldaýandygy barada oýlansak, gaýgy-aladaly günümizde ruhdan düşmeris we Oňa doly bil baglarys.

3. Görkezmä eýereliň. Biz karara gelmezden öň Mukaddes Kitapdan gözleg geçirmeli (Zeb. 19:7, 11). Dogan-uýalaryň köpüsi aýatlara gowy düşünmek we durmuşda ulanmak üçin gözleg, barlag geçirmegiň peýdalydygyna göz ýetirdiler. Ýaşuly dogan Jerod şeýle diýýär: «Edebiýatlarymyzdan gözleg geçirenimde aýatlaryň çuň manysyna we Ýehowanyň maňa näme aýtjak bolýandygyna düşünýärin. Şonda maňa Mukaddes Kitapdaky maslahatlara eýermek aňsat bolýar». Eger Mukaddes Kitapdan gözleg geçirip, Ýehowanyň bizden nämä garaşýandygyna düşünsek we şoňa görä hereket etsek gaýgymyz şatlyga öwrüler.

ÝEHOWANYŇ KÖMEGI BILEN BÖWEDI BÖWSÜP GEÇERIS

Dawut kynçylyklara döz gelmek üçin Ýehowanyň goldawyna mätäçdigine düşünýärdi. Ol Ýehowanyň kömegine minnetdar bolup: «Hudaýyň güýji bilen diwardan aşyp geçerin. Güýjüme güýç goşýan hak Hudaýdyr» diýdi (Zeb. 18:29, 32). Käte kynçylyklar ýolumyza dag ýaly böwet bolup biler. Emma Ýehowanyň kömegi bilen her bir böwedi böwsüp geçip bileris. Hawa, biz Ýehowa doga edip kömek sorasak, eden ýagşylyklary hakda oýlansak we görkezmesine ýürekden eýersek, Ol bize gaýgy-aladamyza döz geler ýaly güýç-kuwwat hem akyldarlyk berer.

a Howsala düşmek keselinden ejir çekýän adamlar lukmana ýüz tutsalar gowy bolar.