Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

17-NJI MAKALA

Ewnikanyň ajaýyp göreldesi

Ewnikanyň ajaýyp göreldesi

«Eneň öwüt-ündewini unutma. Olar başyňa owadan täç, boýnuňa monjuk bolar» (Nak. 1:8, 9).

137-NJI AÝDYM Wepaly gelin-gyzlar

MAZMUNY a

Timoteosyň suwa çümdürilenine ejesi Ewnika bilen mamasy Loýis örän begenýär we oňa guwanýar (1-nji abzasa serediň).

1, 2. a) Ewnika ogluny Ýehowanyň öwüt-ündewi bilen terbiýelemek aňsat boldumy? b) Daşky sahypadaky suraty gürrüň beriň.

 MUKADDES KITAPDA Timoteosyň suwa çümdürilişi hakda ýazylmadyk hem bolsa, şol güni onuň ejesi Ewnikanyň begenendigi şübhesiz (Nak. 23:25). Göz öňüne getiriň, Timoteos suwa girende ejesi ogluna guwanyp seredýär. Ewnika mähirli ýylgyrýar. Timoteosyň mamasy Loýis hem gyzy Ewnikanyň begenjini deň paýlaşýar. Timoteosy suwa çümdürenlerinde Ewnika iki elini gursagyna tutup, uludan dem alýar. Oglunyň ýylgyryp suwdan çykandygyny görende, Ewnika begenjinden ýaňa gözýaşyny saklap bilmeýär. Ewnikanyň tagallasy ýerine düşdi. Timoteos Ýehowany we Isa Mesihi söýýändigi üçin aýgytly ädim ätdi. Emma Ewnika ogluny Ýehowanyň öwüt-ündewi bilen terbiýelemek aňsat düşen däldir.

2 Timoteosyň ene-atasynyň hersi bir dine uýýardy. Onuň kakasy grekdi, ejesi we mamasy ýehudydy (Res. 16:1). Soňra Timoteosyň ejesi bilen mamasy Isa Mesihe iman edýär, emma kakasy mesihçi bolmaýar. Şol döwürler Timoteos ýetginjek ýaşlarynda bolmaly. Hawa, ol özbaşdak karara gelmeli ýaşa ýetipdi. Timoteosyň öňünde üç ýol bardy: 1) ol kakasynyň dinine uýarmy? 2) Çagalykdan aňyna siňen ýehudy däp-dessurlary boýunça ýaşarmy? 3) Ejesi we mamasy ýaly Isa Mesihiň şägirdi bolarmy? Timoteos haýsy ýoly saýlarka?

3. Nakyllar 1:8, 9-njy aýatlara görä, Ýehowa uýalaryň çekýän zähmetine nähili garaýar?

3 Şu günlerem Ewnika ýaly maşgalasyny ýürekden söýýän gaýratly uýalar bar. Olar perzentleriniň Ýehowany ýürekden söýüp, Onuň bilen dostlaşmagyny isleýärler. Hak Alla olaryň çagalaryny terbiýelemek üçin edýän tagallasynyň gadyryny bilýär (Nakyllar 1:8, 9-njy aýatlary okaň). Ýehowanyň goldawy bilen köp uýalar çagalaryny hakykat ýolunda terbiýelediler.

4. Uýalar çagalaryny terbiýelände nähili kynçylyklar bilen göreşýär?

4 Şu günler uýalar: «Çagam Timoteos ýaly Ýehowa yhlasly gulluk edermikä?» diýip alada edýärler. Sebäbi çagalary Şeýtanyň aňsatlyk bilen duzaga salýandygyna düşünýärler (1 Pet. 5:8). Şeýle-de käbir uýalar çagalaryny ýeke özi terbiýeleýär, käbirleriniň bolsa äri Ýehowa iman etmeýär. Kristina b uýa şeýle gürrüň berýär: «Ärim meni, çagalary söýýärdi we biziň ýürekden aladamyzy edýärdi. Emma ol çagalara Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge rugsat etmeýärdi. Men: „Çagalarym haçan Ýehowa gulluk ederkä?“ diýip, köp gözýaş dökdüm».

5. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

5 Mähriban uýalar, sizem Ewnika ýaly çagalaryňyzy Ýehowanyň ýolunda terbiýeläp bilersiňiz. Makalada uýalaryň Ewnikanyň göreldesine eýermek we çagalaryna sözi hem-de göreldesi bilen terbiýe bermek üçin näme etmelidigini bileris. Şeýle-de Ýehowanyň berýän goldawy hakda gürrüň ederis.

ÇAGALARYŇYZA ÖWÜT-ÜNDEW BERIŇ

6. Timoteosa mesihçi bolmaga kim kömek etdi? (2 Timoteos 3:14, 15).

6 Ewnika Timoteosa bäbejikkä Mukaddes Kitapdan wakalary gürrüň berýärdi. Ol Isa pygamber hakda hiç zat eşitmese-de, Mesih baradaky pygamberlikleri bilýärdi we ogluna-da öwredýärdi. Şol sebäpli Timoteosyň Isa Mesihe iman eder ýaly bilimi bardy. Emma mesihçi bolmalymy ýa-da bolmaly däldigini Timoteosyň özi çözmelidi. Ewnika ogluny mejbur etmese-de, Isanyň Mesihdigine ynandyrmak üçin tagalla edendir (2 Timoteos 3:14, 15-nji aýatlary okaň). Ewnika Timoteosyň Ýehowa Hudaýa gulluk etmek kararyna gelendigini görüp örän begenendir. Ewnika adyna mynasyp hereket etdi; Ewnika «ýeňiji» diýmegi aňladýar.

7. Ewnika ogluna suwa çümdürileninden soňam nädip kömek etdi?

7 Timoteos aýgytly ädimleri ädip suwa çümdürildi. Indi Ewnikany başga zatlar alada goýýardy. Belki-de, ol: «Oglum durmuşda nämäni birinji orunda goýarka? Erbet adamlar bilen dostlaşarmyka? Ol ýalan taglymatlary öwredýän filosoflardan bilim almak üçin Afina gidermikä? Oglum baýlyga kowalaşyp, ýaşlygyny, güýjüni we wagtyny ýele sowrarmyka?» diýip pikir edendir. Elbetde, Ewnika ogluna derek karara gelip bilmeýärdi, emma kömek edip bilýärdi. Ol oglunyň Ýehowany söýüp we Isanyň eden ýagşylygyna minnetdar bolup ýaşamagy üçin güýjüni gaýgyrmaly däldi. Ewnika ýaly çagalaryny ýeke özi terbiýeleýän uýalar munuň kyndygyna düşünýän bolsa gerek. Ene-atanyň ikisi hem mesihçi bolsa-da, çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek aňsat bolmaýar. Olar Ewnikanyň göreldesine nädip eýerip bilerler?

8. Uýalar ärini nädip goldap bilerler?

8 Çagalaryňyza Mukaddes Kitap okuwyny geçiň. Uýalar, äriňize çagalaryňyzy hak ýolda terbiýelemäge kömek ediň, sebäbi muny Ýehowa isleýär. Äriňiz maşgala okuwyny geçirende hemişe ony goldaň we maşgalaňyz bilen Mukaddes Kitaby okamagy gowy görýändigiňizi aýdyň. Şeýle-de maşgala okuwy gyzykly we ýakymly geçer ýaly näme edip biljekdigiňiz hakda oýlanyň hem-de äriňize teklibiňizi aýtmaga çekinmäň. Çagalaryň her biri bilen aýratynlykda Mukaddes Kitap okuwyny geçmeli bolsa, äriňiz bilen bilelikde «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan sapak geçiň.

9. Çagasyny ýeke özi terbiýeleýän uýalara Ýehowa nädip kömek edýär?

9 Uýalar, belki, siz çagalaryňyzy bir özüňiz terbiýeleýänsiňiz ýa-da äriňiz Ýehowa iman edýän däldir. Şol sebäpli çagalaryňyza özüňiz Mukaddes Kitapdan okuw geçmeli bolýansyňyz. Alada etmäň, Ýehowa sizi ýeke goýmaz! Çagalary terbiýelemäge kömek etmek üçin Ýehowanyň guramasy arkaly berýän esbaplaryndan peýdalanyň. Maşgala okuwyny gyzykly geçirer ýaly tejribeli ene-atalardan maslahat soraň c (Nak. 11:14). Ýehowa doga ediň we çagalaryňyzyň duýgusyna, pikirine düşüner ýaly kömek soraň (Nak. 20:5). Çagalaryňyz bilen gürrüňdeş bolmak üçin şeýle sorag beriň: «Mekdepde nähili synaglara duş gelýärsiň?»

10. Çagalaryňyza Ýehowany tanamaga nädip kömek edip bilersiňiz?

10 Her bir mümkinçilikden peýdalanyp çagalaryňyza Ýehowa barada gürrüň beriň. Çagalaryňyza Ýehowanyň häsiýetleri we siziň üçin eden ýagşylyklary hakda aýdyň (5 Mus. 6:6, 7; Işa. 63:7). Eger siz çagalaryňyz bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçip bilmeýän bolsaňyz Kristina uýanyň göreldesine eýerip bilersiňiz. Ol şeýle diýýär: «Kakasynyň ýanynda Hudaý hakda dil ýaryp bilmeýärdim. Emma men çagalaryma Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin elimden gelenini gaýgyrmaýardym. Çagalarym bilen gezelenje gidenimde we gaýykda ýüzenimde, olara Ýehowanyň ýaradan zatlary hakda gürrüň berýärdim. Çagalarym ulalanda, olary Mukaddes Kitaby okamaga höweslendirýärdim». Uýalar, çagalaryňyza Ýehowanyň guramasy we dogan-uýalar hakda gowy zatlary gürrüň beriň. Ýaşululary tankytlamaň we olaryň gowy häsiýetlerini aýdyp beriň. Şonda çagalaryňyz kyn ýagdaýa düşende ýaşululardan maslahat soramaga çekinmezler.

11. Ýakup 3:18-e görä, maşgalada parahatlyk höküm sürer ýaly näme etmeli?

11 Maşgalaňyzda agzybirlik höküm sürsün. Uýalar, äriňizi we çagalaryňyzy söýýändigiňizi her gün aýdyň. Äriňize hormat goýuň, onuň bilen mähirli gepleşiň we çagalaryňyza-da şeýle etmegi öwrediň. Şonda siziň maşgala ojagyňyzda agzybirlik höküm sürer we çagalaryňyza Ýehowa barada gürrüň berip bilersiňiz (Ýakup 3:18-i okaň). Geliň, Rumyniýada ýörite pioner bolup gulluk edýän Ýozef hakda gürrüň edeliň. Kakasy onuň ejesine we doganlaryna azar ýamanyny berýärdi hem-de Ýehowa hakda öwrenmegine garşy çykýardy. Ol şeýle ýatlaýar: «Ejem öýde parahatlyk bolar ýaly elinde baryny ederdi. Kakam näçe gaharly bolsa, ejem şonça-da mähirli bolardy. Käte kakamyzy sylasymyz ýa-da ony diňläsimiz gelmezdi. Şonda ejem bize Efesliler 6:1—3-nji aýatlary okap bererdi we kakamyň ýagşy häsiýetlerini ýekän-ýekän agzap, ony gowy görmelidigimizi aýdardy. Şeýdip, ejem goh-galmagaly parahatlyk bilen ýatyrardy».

ÇAGALARYŇYZA GÖRELDE BOLUŇ

12. 2 Timoteos 1:5-e görä, Ewnikanyň göreldesi ogluna nähili täsir etdi?

12 2 Timoteos 1:5-i okaň. Ewnika ogly Timoteosa diňe sözde däl, iş ýüzünde hem tälim berdi. Ol ogluna imany «iş ýüzünde görkezmeseň ölüdigini» düşündirendir (Ýak. 2:26). Timoteos ejesiniň Ýehowany ýürekden söýüp, köp ýagşy işleri edýändigini we Hudaýa şatlanyp gulluk edýändigini görýärdi. Ejesiniň eden işleri ogluna nähili täsir etdi? Pawlus Timoteosyň hem ejesi Ewnika ýaly Ýehowa ýürekden iman edýändigini aýtdy. Elbetde, iman nesilden-nesle geçmeýär. Timoteos ejesiniň ýagşy işlerini görüp göreldesine eýermek isländir. Şu günler köp uýalar sözi bilen däl-de, edim-gylymy bilen çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etdiler (1 Pet. 3:1, 2). Olar başaran bolsa, sizem başararsyňyz!

13. Uýalar näme üçin Ýehowa sežde etmekligi birinji orunda goýmaly?

13 Ýehowa sežde etmekligi birinji orunda goýuň (5 Mus. 6:5, 6). Uýalar, siz çagalaryňyzyň aladasyny etmek üçin wagtyňyzy, güýjüňizi, puluňyzy we janyňyzy gaýgyrmaýarsyňyz. Çagaňyz ýaraman ýatanda, uzak gije dik oturýarsyňyz. Emma siz näçe işli we ýadaw bolsaňyz-da, Ýehowa sežde etmek üçin wagt tapyň. Hudaýa hemişe doga ediň, Mukaddes Kitaby her gün okaň we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyň. Şonda siziň Hudaýa bolan söýgiňiz hiç haçan sowamaz we maşgalaňyza hem-de dogan-uýalara görelde bolarsyňyz.

14, 15. Liýananyň, Mariýanyň we Jowanyň beren gürrüňinden näme öwrendiňiz?

14 Geliň, ejesiniň göreldesine eýerip, Ýehowany ýürekden söýýän we Oňa bil baglaýan ýaşlar hakda gürrüň edeliň. Kristinanyň gyzy Liýana şeýle diýýär: «Ejem bize öýde okuw geçip bilmeýärdi, emma ýygnak duşuşyklaryndan hiç galmazdy. Biz Mukaddes Kitapdan köp zatlary bilmesek-de, ejemiň göreldesi Hudaýa imanymyzy berkitdi. Biz ýygnaklara baryp bilmeýärdik, ýöne ejemiň hak ýoldan ýöreýändigine göz ýetirdik».

15 Mariýanyň kakasy ýygnaga gidendikleri üçin aýalyny, çagalaryny urýardy we sögýärdi. Mariýa şeýle diýýär: «Meniň ejem iň batyrgaý uýalaryň biri. Men bolsa il-günüň gepinden çekinýärdim. Emma ejemiň mertligini we berk imanyny görüp, menem batyrgaý bolmagy ýüregime düwdüm». Jowanyň kakasy öýde Ýehowa we Mukaddes Kitap hakda gürrüň etmegi gadagan edýär. Jowa şeýle gürrüň berýär: «Ejem kakamyň göwnüni tapmak üçin hemme zatdan geçmäge taýyndy, emma onuň Ýehowa bilen dostlugyny hiç kim we hiç zat bozup bilmezdi. Ejemiň Hudaýa bolan söýgüsi meniň imanymy berkitdi».

16. Çagalaryny ýeke özi terbiýeleýän uýalaryň imany başgalara nähili täsir edýär?

16 Uýalar, siziň imanyňyz diňe çagalaryňyzyň däl, dogan-uýalaryň hem ýüregine täsir edýär. Meselem, Pawlus resul Ewnikanyň Hudaýa bolan söýgüsine haýran galýar. Ol Timoteosa: «Seniň ak ýürekden iman edişiň ýadyma düşýär. Şeýle iman... ejeň Ewnikada hem bardy» diýýär (2 Tim. 1:5). Pawlus resul birinji wagyz syýahatynda Listra şäherine barýar. Şonda ol Loýis we Ewnika bilen tanşyp, olara mesihçi bolmaga kömek eden bolmaly (Res. 14:4—18). Pawlus Ewnikanyň berk imanyny hiç haçan unutmady. Şondan 15 ýyl geçensoň Pawlus Timoteosa hat ýazyp, Ewnikanyň berk imany hakda agzaýar. Ewnikanyň göreldesi diňe bir Pawlus resulyň däl, köp dogan-uýalaryň imanyny berkitdi. Uýalar, çagalaryňyzy ýeke özüňiz terbiýeleýän bolsaňyz, gaýratyňyz gowşamasyn! Siziň imanyňyzdan diňe bir çagalaryňyz däl, dogan-uýalar hem görelde alýarlar.

Uýalar, ýan bermäň! Çagalara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin wagt gerek (17-nji abzasa serediň).

17. Siz edýän tagallaňyz ýerine düşmeýän ýaly görünse näme edersiňiz?

17 Uýalar, siz çagaňyzy Ýehowanyň ýolunda terbiýelemek üçin eliňizde baryny edýänsiňiz. Emma siziň bar tagallaňyz biderek ýaly bolup görünýän bolsa näme edip bilersiňiz? Uýalar, çagaňyz bir günüň içinde Ýehowanyň dosty bolar öýtmäň. Aýdaly, siz miweli agajyň tohumyny ekýärsiňiz. Emma onuň pajarlap ösmegi we miwe bermegi size bagly däl. Ýöne siz wagtly-wagtynda suwaryp dursaňyz, onuň ösmegine goşant goşarsyňyz (Mar. 4:26—29). Edil şonuň ýaly, sizem çagaňyzyň ýüregine hakykat tohumyny ekýärsiňiz. Emma onuň ösjegi ýa-da ösmejegi size bagly däl. Eger siz çagalaryňyzy terbiýelemek üçin janyňyzy gaýgyrmasaňyz, olara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edersiňiz (Nak. 22:6).

ÝEHOWA BIL BAGLAŇ

18. Ýehowa çagalara ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edýär?

18 Gadymy döwürde-de, şu günlerem köp ýaşlar Ýehowanyň dosty boldular (Zeb. 22:9, 10). Eger çagalaryňyz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin bir ädim ätse, Ýehowa olara tarap on ädim äder (1 Kor. 3:6, 7). Çagalaryňyz yhlasly gulluk etmese-de, Ýehowa olary söýýär (Zeb. 11:4). Ýehowa olaryň ýüreginde hakykat tohumynyň çalaja ösüp başlandygyny görse, olara berk imanly adam bolmaga kömek eder (Res. 13:48; 2 Tar. 16:9). Şeýle-de Ýehowa size çagaňyza gerekli wagty ýerlikli sözleri aýtmaga kömek eder (Nak. 15:23). Ýa-da dogan-uýalar arkaly çagaňyza gerekli kömegi berer. Ogul-gyzyňyz ulalandan soň hem Ýehowa olaryň çagalykda sizden eşiden sözlerini ýadyna salar (Ýah. 14:26). Uýalar, siz çagalaryňyzy sözüňiz we göreldäňiz bilen terbiýeläň. Şonda Ýehowa hem olara ruhy taýdan ösmäge kömek eder.

19. Uýalar Ýehowany razy edýändiklerine näme üçin şübhelenmeli däl?

19 Mähriban eneler, çagalaryňyz Ýehowa bilen dostlaşsa-da, dostlaşmasa-da Ol sizi ýürekden söýýär. Sebäbi siz Ýehowany söýýärsiňiz. Eger siz çagalaryňyzy bir özüňiz terbiýeleýän bolsaňyz, unutmaň, Ýehowa olaryň Atasy we Hossary bolmagy wada berýär (Zeb. 68:5). Siz çagalaryňyzy Ýehowa gulluk etmäge mejburlap bilmersiňiz. Uýalar, Ýehowa bil baglap, eliňizde baryny etseňiz, Ol sizden hemişe razy bolar.

134-NJI AÝDYM Çagalar Hudaýdan miras

a Şu makalada Timoteosyň ejesi Ewnika hakda gürrüň ederis. Uýalar Ewnikanyň göreldesine eýerseler, çagalaryna Ýehowany ýürekden söýmäge we Onuň bilen dostlaşmaga kömek ederler.

b Käbir atlar üýtgedildi.

c «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 50-nji sapagyny we «Garawul diňiniň» «Maşgala we şahsy okuwy üçin käbir teklipler» diýen makalasyny okap bilersiňiz (w11 15/8 sah. 6, 7).