Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

18-NJI MAKALA

Maksat goýuň we maksadyňyza ýetiň

Maksat goýuň we maksadyňyza ýetiň

«Şol zatlar hakda oýlan, olara bar ünsüňi ber, şonda hemmeler seniň ruhy taýdan ösüşiňi görerler» (1 Tim. 4:15).

84-NJI AÝDYM Kömegiňi gaýgyrma!

MAZMUNY a

1. Biz nähili maksatlary goýmaly?

 BIZ Ýehowany çyn ýürekden söýýäris we janymyz-tenimiz bilen gulluk etmek isleýäris. Munuň üçin biz öňümizde maksat goýmaly. Meselem, ýagşy häsiýetleri ösdürmeli, Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin ukyplaryňy artdyrmaly we dogan-uýalara ýürekden hyzmat etmeli.

2. Biz näme üçin maksat goýmaly?

2 Biz söýgüden doly gökdäki Atamyzy razy etmek isleýäris. Ýehowa ogul-gyzlarynyň jany-teni bilen gulluk edýändigini görüp örän begenýär. Şeýle-de biz güýjümizi we wagtymyzy gaýgyrman dogan-uýalara kömek etmek isleýäris (1 Sel. 4:9, 10). Biz Ýehowa näçe ýyl gulluk etsegem, öňümizde maksat goýmaly. Geliň, munuň üçin näme etmelidigini bileliň.

3. Pawlus resul Timoteosa nähili maslahat berdi? (1 Timoteos 4:12—16).

3 Timoteos ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýärdi. Pawlus resul oňa hat ýazyp, ruhy taýdan ösmegi maslahat berdi (1 Timoteos 4:12—16-njy aýatlary okaň). Ol Pawlusyň maslahatyna eýerip, söýgüsi, imany we ahlak taýdan arassalygy bilen görelde bolmalydy. Şeýle-de ýygnakda okamak, öwretmek we öwüt-ündew bermek ýaly mugallymçylyk ukybyny ösdürmelidi. Biz şu makalada Timoteos hakda gürrüň ederis we ruhy taýdan ösmek üçin maksat goýmalydygyny bileris. Şeýle-de Ýehowany razy etmek üçin aýgytly ädimleri ätmelidigine serederis.

ÝAGŞY HÄSIÝETLERI ÖSDÜRIŇ

4. Filipililer 2:19—22-nji aýatlara görä, Ýehowa Timoteosa näme üçin köp işleri ynandy?

4 Ýehowa näme üçin Timoteosa köp işleri ynandy? Sebäbi ol öz üstünde işläp, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürýärdi (Filipililer 2:19—22-nji aýatlary okaň). Pawlusyň filipililere ýazan hatyndan görnüşi ýaly, Timoteos wepaly, ynamdar, pesgöwünli we yhlasly dogandy. Ol dogan-uýalary söýýärdi we olaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Şol sebäpli Pawlus Timoteosa ynanýardy we kyn ýumuşlary tabşyrýardy (1 Kor. 4:17). Eger bizem ýagşy häsiýetleri ösdürsek, Ýehowany razy ederis we dogan-uýalara has köp hyzmat edip bileris (Zeb. 25:9; 138:6).

Ösdürmek isleýän häsiýetiňizi ýazyň (5, 6-njy abzaslara serediň).

5. a) Anyk maksat goýmak üçin näme etmeli? b) Uýa nähili maksat goýýar we oňa ýetmek üçin näme edýär? (Surata seredip jogap beriň).

5 Anyk maksat goýuň. Ýehowa doga edip, haýsy häsiýeti ösdürmelidigiňiz hakda oýlanyň. Belki-de, siz dogan-uýalara duýgudaş bolmagy, goldamagy, ýürekden bagyşlamagy we agzybir ýaşamagy maksat edinersiňiz. Şeýle-de dostuňyzdan haýsy häsiýetiň üstünde işlemelidigi hakda maslahat soraň (Nak. 27:6). Soňra ösdürmek isleýän häsiýetiňizi ýazyp alyň.

6. Goýan maksadyňa ýetmek üçin näme etmeli?

6 Maksadyňyza ýetmek üçin jan ediň. Munuň bir usuly: ösdürmek isleýän häsiýetiň barada edebiýatlarymyzdan gözleg geçirmek. Aýdaly, siz geçirimli bolmak isleýärsiňiz. Munuň üçin Mukaddes Kitapda başgalary bagyşlan hem bagyşlap bilmedik adamlar hakda okaň we oýlanyň. Isa pygamber geçirimli bolmak babatda ajaýyp görelde galdyrdy (Luka 7:47, 48). Ol şägirtleriniň goýberýän ýalňyşlary hakda däl-de, olaryň gelejekde Hudaý üçin köp işleri edip biljekdigi barada oýlanýardy. Emma fariseýler özlerini has dogruçyl hasaplap, «peşeden pil ýasaýardylar», adamlary äsgermeýärdiler (Luka 18:9). Şeýle wakalary okap: «Men dogan-uýalaryň ýalňyşlyklaryna üns berýärinmi ýa-da gowy häsiýetlerine?» diýip oýlanyň. Eger size dogan-uýalary ýürekden bagyşlamak kyn bolsa, olaryň ýagşy häsiýetleri hakda oýlanyp, bir kagyza ýazyň. Soňra özüňize şeýle sorag beriň: «Isa pygamber ondan öýkeläp ýörerdimi ýa-da bagyşlardy?» Şu usul size geçirimli bolmaga kömek eder. Belki, başda göwnüňize degen dogan-uýany bagyşlamak aňsat bolmaz, emma tagalla etseňiz geçirimli bolmagy öwrenersiňiz.

UKYBYŇYZY ARTDYRYŇ

Ýygnak jaýyny abatlamaga kömek ediň (7-nji abzasa serediň) d.

7. Ýehowa zähmetsöýer dogan-uýalar arkaly nähili işleri ýerine ýetirýär? (Nakyllar 22:29).

7 Biz hünär öwrenmegi ýa-da ukyplarymyzy artdyrmagy maksat edinmeli. Meselem, janaýamaz dogan-uýalar Beýtel binasynyň, Kongresler köşgüniň we Ýygnak jaýynyň gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Olaryň gurluşyk işinden başy çykmasa-da, ökde ussalar bilen eginme-egin işleşip gerekli hünäri öwrendiler. Suratdan görnüşi ýaly, dogan-uýalar Ýygnak jaýynyň, Kongresler köşgüniň abatlaýyş işlerine höwes bilen gatnaşýarlar. «Döwürleriň Patyşasy Ýehowa» we «patyşalaryň Patyşasy Isa» şeýle zähmetsöýer dogan-uýalar arkaly beýik işleri ýerine ýetirýärler (1 Tim. 1:17; 6:15; Nakyllar 22:29-y okaň). Biz güýç-kuwwatymyz we ukyp-başarnygymyz bilen özümizi däl-de, Allatagalany şöhratlandyrmak isleýäris (Ýah. 8:54).

8. Anyk maksat goýmak üçin näme etmeli?

8 Anyk maksat goýuň. Belki-de, siz Ýehowanyň golunda peýdaly gural bolmak üçin täze hünäri öwrenmek ýa-da ukyp-başarnygyňyzy ösdürmek isleýänsiňiz. Onda ýygnak ýaşulularyndan ýa-da etrap gözegçilerinden maslahat soraň. Olar size ökde wagyzçy we mugallym bolmagy öwren diýseler, anyk nämäniň üstünde işlemelidigini soraň. Olaryň maslahatyna eýerip, aýgytly ädimleri ädiň.

9. Maksadyňa ýetmäge näme kömek eder?

9 Maksadyňyza ýetmek üçin jan ediň. Aýdaly, siz ökde mugallym bolmagy maksat goýduňyz. Onda «Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň» broşýurasyndan şahsy okuwyny geçiriň. Belki, size hepdäniň başyndaky duşuşykda ýumuş bilen çykyş etmek tabşyrylar. Ýygnakda çykyş etmeziňizden öň ýaşulularyň birinden ýumşuňyzy diňlemegi we maslahat bermegi haýyş ediň. Ýumşuňyza öňünden taýýarlanyň. Şonda dogan-uýalar siziň yhlasly we jogapkärlidigiňizi görerler (Nak. 21:5; 2 Kor. 8:22).

10. Geri dogana ökde nutukçy bolmaga näme kömek etdi?

10 Geri dogana labyzly okamak kyn bolýardy. Ol ýygnakda aýatlary okamaly bolanda, utançdan ýaňa ýere giräýjek bolýan eken. Ýöne ol dilini ýençmek we labyzly okamak üçin tagalla baryny edýär. Ol doganlardan maslahat soraýar we edebiýatlardan gözleg geçirýär. Şeýdip, ol ökde nutukçy bolýar. Ýygnakda, etrap we welaýat kongreslerinde nutuk bilen çykyş edýär. Elbetde, bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, biziň ukyp-başarnygymyz biri-birimiziňkiden tapawutlanýar. Belki, käbir dogan-uýalar bizden has zehinlidir. Ýöne ruhdan düşmäň. Geri doganyň göreldesine eýerip, öňüňizde maksat goýuň we maksadyňyza ýetmäge jan ediň.

11. Timoteosyň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?

11 Timoteos ökde nutukçy ýa-da mugallym boldumy? Elbetde, Mukaddes Kitapda bu hakda hiç zat aýdylmaýar. Emma biz onuň Pawlus resulyň maslahatyna eýerip, ýygnakdaky borjuny gowy ýerine ýetirendigine şübhelenmän bileris (2 Tim. 3:10). Eger biz Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin hünär öwrensek we ukyplarymyzy artdyrsak, Ol bize has köp işleri ynanar.

DOGAN-UÝALARA HYZMAT EDIŇ

12. Dogan-uýalaryň size beren kömegi hakda gürrüň beriň.

12 Biziň ählimiz dogan-uýalaryň kömegine mätäç bolýarys. Biz hassahana düşenimizde Keselhanalar bilen işleşýän komitetde we Hassalary ideýän toparda gulluk edýän doganlar halymyzdan habar almaga gelenlerinde örän begenýäris. Ýa-da kyn ýagdaýa düşenimizde ýaşulular ünsli diňlänlerinde we göwünlik berenlerinde ýüregimiz giňäp gidýär. Pionerler biziň Mukaddes Kitapdan geçirýän okuwymyza gatnaşyp gerekli maslahatlary berýärler we ökde mugallym bolmaga kömek edýärler. Dogan-uýalar bizi goldap bilýändiklerine begenýärler. Bizem imandaşlarymyza gerekli kömegi bersek özümizi bagtly duýarys. Isa pygamber: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýdi (Res. 20:35). Siz dogan-uýalara hyzmat etmegi maksat goýduňyzmy? Maksadyňyza ýetmek üçin näme etmeli?

13. Maksadymyz boş arzuw bolup galmaz ýaly näme etmeli?

13 Belki, siz ýygnakda köp işleri edesim gelýär diýýänsiňiz. Emma anyk maksat goýmasaňyz, maksadyňyz boş arzuw bolup galar. Siz şemaly kowalaýan ýaly şeýle maksada hiç haçan ýetip bilmersiňiz. Şol sebäpli anyk maksat goýuň we goýan maksadyňyzy hem-de oňa ýetmek üçin näme etjekdigiňizi ýazyň.

14. Biz näme üçin käte maksadymyzy üýtgetmäge taýyn bolmaly?

14 Biz goýan maksadymyzy üýtgetmäge-de taýyn bolmaly, sebäbi durmuşda garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykýar. Meselem, Pawlusyň tagallasy bilen Selanik şäherinde täze ýygnak döredi. Elbetde, Pawlus şäherde galyp, dogan-uýalaryň imanyny berkitmek isländir. Emma ol duşmanlaryň garşylyklary sebäpli Selanik şäherinden gitmeli bolýar (Res. 17:1—5, 10). Eger ol gitmedik bolsa, şäherdäki dogan-uýalary howply ýagdaýa salyp bilerdi. Pawlus garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli maksadyny üýtgetdi, emma ol ýan bermedi. Ol Timoteosy Selanik şäherine iberip, dogan-uýalaryň aladasyny etmegi tabşyrdy (1 Sel. 3:1—3). Dogan-uýalar Timoteosyň tüýs wagtynda kömek etmäge gelendigine örän begenendirler.

15. Garaşylmadyk ýagdaý sebäpli maksadyny üýtgeden är-aýal hakda gürrüň beriň.

15 Biz Pawlus resul bilen bolan wakadan köp zatlary öwrenip bileris. Käte bizem durmuşda bolýan garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli maksadymyza ýetip bilmeýäris (Nes. 9:11). Şonda ruhdan düşmegiň deregine, ýetip boljak maksatlary goýsak gowy bolar. Geliň, Ted we Heýdi hakda gürrüň edeliň. Olar Beýtelde gulluk edýärdiler, emma ýarawsyzlyk sebäpli gullugyny tamamladylar. Olar Ýehowany jany-teni bilen söýýärdiler. Şol sebäpli pioner we ýörite pioner bolup gulluk etdiler. Soňra Ted etrap gözegçisiniň kömekçisi bolup gulluk etdi. Emma guramada täze özgerişlik girizildi. 70 ýaşly doganlar etrap gözegçisi bolup gulluk edip bilmeýärdiler. Ted bilen Heýdi mundan beýläk etrap gözegçisi bolup gulluk edip bilmeýändiklerine gynandylar, ýöne gol gowşuryp oturmadylar. Ted şeýle diýýär: «Biz bir ýerde durman, aýgytly ädimler bilen diňe öňe gitmelidigine düşündik».

16. Biz Galatýalylar 6:4-däki maslahata nädip eýerip bileris?

16 Durmuşda bolýan käbir ýagdaýlar sebäpli borjumyz üýtgäp biler. Dogan-uýalar, Ýehowa sizi diňe jogapkärli borçlary ýerine ýetirýändigiňiz üçin söýýändir öýtmäň. Siz özüňizi ýygnakda köp işleri edýän dogan-uýalar bilen deňeşdirmäň. Heýdi uýa: «Eger özüňi başgalar bilen deňeşdirseň ruhdan düşýän ekeniň» diýýär (Galatýalylar 6:4-i okaň). Geliň, her bir mümkinçilikden peýdalanyp Ýehowa we dogan-uýalara ýürekden hyzmat edeliň b.

17. Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin näme etmeli?

17 Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin baryňyza kaýyl bolup ýaşaň, gerekmejek bergi etmäň we öňüňizde maksat goýuň. Käbir maksatlara ýetmek üçin köp wagt gerek bolýar. Belki, siz pioner ýa-da ýygnak hyzmatçysy bolmak isleýänsiňiz. Şeýle maksatlara ýetmek üçin tiz ýetip bolýan maksatlary goýmaly, ýagny kömekçi pioner bolmaly, yhlasly wagyz etmeli, ýarawsyz we garry dogan-uýalaryň aladasyny etmeli. Şonda siziň baý tejribäňiz bolar we gelejekde Ýehowa köp işleri ynanar. Şol sebäpli tabşyrylan her bir işi janyňyz-teniňiz bilen ýerine ýetiriň (Rim. 12:11).

Ýetip biljek maksadyňyzy goýuň (18-nji abzasa serediň) e.

18. Bewerli uýanyň eden tagallasyndan näme öwrenýäris? (Surata seredip jogap beriň).

18 Maksat goýmak hiç haçan giç däl. Geliň, 75 ýaşly Bewerli uýa hakda gürrüň edeliň. Ol ýarawsyzlyk sebäpli köp ýöräp bilmeýär. Emma ol adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin geçirilýän ýörite kampaniýa gatnaşmagy ýüregine düwýär. Bewerli uýa öňünde anyk maksat goýýar we maksadyna ýetende örän begenýär. Onuň janaýamazlygy beýleki dogan-uýalary hem yhlasly wagyz etmäge höweslendirýär. Garry dogan-uýalar ýarawsyz bolsalar-da, elinde baryny edip Ýehowa gulluk edýärler. Gökdäki Atamyz olaryň edýän tagallasyny gymmat saýýar (Zeb. 71:17, 18).

19. Ruhy taýdan ösmek üçin näme etmeli?

19 Dogan-uýalar, öňüňizde maksat goýuň. Ýehowa ýaraýan ýagşy häsiýetleri ösdüriň. Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin täze hünär öwreniň we ukyplaryňyzy artdyryň. Her bir mümkinçilikden peýdalanyp dogan-uýalara hyzmat ediň c. Şonda Ýehowa size ak pata berer we «hemmeler siziň ruhy taýdan ösüşiňizi görerler» (1 Tim. 4:15).

38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer

a Timoteos yhlasly wagyz edýärdi. Emma Pawlus resul oňa has-da ökdeleşmegi maslahat berdi. Ol Pawlus resulyň maslahatyna eýerip, Ýehowa we dogan-uýalara jany-teni bilen hyzmat etdi. Sizem Timoteosyň göreldesine eýerip, Ýehowanyň guwanjy we dogan-uýalaryň daýanjy bolmak isleýänsiňiz. Munuň üçin nähili maksatlary goýmaly we olara ýetmek üçin näme etmeli?

b «Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama» kitabynyň 10-njy babynyň «Kömek gerek ýerde gulluk etmek» diýen sözbaşysyny okap bilersiňiz (abz. 6—9).

c «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 60-njy sapagyny okap bilersiňiz.

d SURAT: dogan iki uýa Ýygnak jaýynyň çyrasyny çalyşmagy öwredýär. Uýalar doganyň öwredişi ýaly çyralary çalyşýarlar.

e SURAT: garry uýa ýarawsyzlyk sebäpli öýünden çykyp bilmese-de adamlara jaň edip, olary Ýatlama agşamyna çagyrýar.