Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Mukaddes Kitapda ant içmek barada näme diýilýär?

«Türkmen diliniň düşündirişli sözlügine» görä, «ant — bir iş etmek üçin berilýän wada, gutarnykly äht, ynandyrmak maksady bilen edilýän kasam». Adamlar köplenç Hudaýyň adyndan ant içýär. Käte bolsa dilden ýa-da ýazuw arkaly wada berýärler.

Isa pygamber: «Asla ant içmäň... Goý, siziň „hawa“ diýeniňiz „hawa“, „ýok“ diýeniňiz „ýok“ bolsun. Bulardan artygy Şeýtandandyr» diýdi (Mat. 5:33—37). Käbir adamlar şu aýada esaslanyp ant içmeli däl diýip pikir edýärler. Elbetde, Isa pygamber Musanyň kanunyna görä, käbir ýagdaýlarda ant içmelidigini we gadymy döwürdäki hudaýhon adamlaryň biri-birine ant içip, äht baglaşandygyny bilýärdi (1 Mus. 14:22, 23; 2 Mus. 22:10, 11). Ol hatda Ýehowanyň hem ant içendigini bilýärdi (Ýew. 6:13—17). Görşümiz ýaly, Isa pygamber «ant içmäň» diýende, boş ýere söz bermeli däldigini düşündirjek boldy. Eger biz bir zady etmegi ýa-da etmezligi söz beren bolsak, sözümizde durmaly, sebäbi Ýehowa biziň wadamyzy ýerine ýetirmegimizi isleýär.

Siz birine wada bermeli bolsaňyz näme edersiňiz? Birinjiden, beren wadaňyzy ýerine ýetirip biljegiňize göz ýetiriň. Eger ýerine ýetirip bilmejek bolsaňyz söz bermäň. Mukaddes Kitapda: «Wada berip, berjaý etmäniňden, wada bermedigiň has gowudyr» diýilýär (Nes. 5:5). Ikinjiden, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary hakda oýlanyň. Üçünjiden, ynsabyňyza görä hereket ediň. Geliň, Mukaddes Kitabyň ant içmek baradaky käbir kada-kanunlaryny bileliň.

Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelmeýän wadalar. Ýehowanyň Şaýatlary toý tutan güni bütin ömrüne biri-birine wepaly boljakdygyny wada berýärler. Biri-biriňe wada bermek hem ant içmekdir. Toý tutýan ýigit bilen gyz Hudaýyň we adamlaryň öňünde biri-birine şeýle söz berýärler: «Ýer ýüzünde ýaşaýan wagtym seni ýürekden söýjekdigimi we hemişe aladaňy etjekdigimi wada berýärin, sebäbi maşgala ojagyny Hudaý döretdi» (ýaş juwanlar edil şu sözleri gaýtalamasalar-da, olar Hudaýyň öňünde biri-birine söz berýärler). Şondan soň olar är-aýal diýlip yglan edilýär we olaryň nikasy ömürlik bolýar (1 Mus. 2:24; 1 Kor. 7:39). Şeýle wadalar Hudaýyň kada-kanunyna garşy gelmeýär.

Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelýän wadalar. Ýehowanyň Şaýatlary eline ýarag alyp, watanyny goramak ýa-da imanyndan dänmek üçin kasam içmeýärler. Eger olar şeýle kasam içseler, Hudaýyň kada-kanunyny bozýarlar. Olar «şu dünýäden däldigi» üçin dawa-jenjellere we uruşlara goşulmaýarlar (Ýah. 15:19; Işa. 2:4; Ýak. 1:27).

Ynsabyňa görä berilýän wadalar. Isa pygamber: «Patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi (Luka 20:25). Biz bir zady söz bermezden öň, Isanyň şu maslahaty barada oýlanmaly.

Käbir ýurtlar bir adamy öz raýaty edip kabul edenlerinde ýa-da pasport berenlerinde döwletiň kanunyna görä, kasam içmegi talap edýär. Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň Şaýatlary näme etmeli? Eger kasamyň sözleri Ýehowanyň kada-kanunlaryna garşy gelýän bolsa, mesihçiniň Mukaddes Kitaba görä terbiýelenen ynsaby şeýle kasamy aýtmaga ýol bermez. Käte döwlet işgärleri kasamyň sözlerini üýtgedip aýtmaga rugsat berýärler. Şeýle ýagdaýda mesihçiniň ynsaby kasamy aýtmaga ýol berip biler.

Rimliler 13:1-de: «Her bir adam ýokary häkimiýetlere tabyn bolmaly» diýilýär. Eger döwlet işgärleri kasamyň sözlerini üýtgetmäge rugsat berse, mesihçi şu aýada esaslanyp kasam aýdyp biler. Hudaýyň kanunyny bozmandygy üçin mesihçiniň ynsaby ezýet bermez.

Gadymy rimliler we skifler hakykaty aýdýandygyny subut etmek üçin öz gylyjyndan ant içipdirler. Gylyçdan ant içmek söweş taňrysyny şaýat tutmagy aňladýardy. Grekler bolsa elini göge galdyryp ant içýärdiler. Şeýdip, olar gudratly güýjüň bardygyna, onuň ähli zada syn edýändigine we adamlardan hasabat sorajakdygyna ynanýandygyny görkezipdirler. Eger mesihçiden bir zatdan ýa-da hereketi bilen ant içmegi talap etseler, ol ynsabyna görä hereket edip biler.

Ýehowanyň Şaýatlary döwlet nyşanlaryndan ýa-da ýalan din bilen bagly zatlardan ant içmeýärler. Aýdaly, siz kazyýetiň öňünde Mukaddes Kitaba eliňizi goýup, dogryňyzy aýtjakdygyňyzy söz bermeli bolýarsyňyz. Şonda siz näme edersiňiz? Belki, siziň ynsabyňyz şeýle ant içmäge ýol berer, sebäbi gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlar hem belli bir hereketleri edip ant içýändigini görkezipdirler (1 Mus. 24:2, 3, 9; 47:29—31). Ant içen adam diňe dogrusyny aýtjakdygyny Allanyň öňünde söz berýär. Şonuň üçin soraglara dogry we anyk jogap berer ýaly öňünden oýlanmaly.

Biz Ýehowa bilen dostlugymyzyň bozulmagyny islemeýäris. Eger ant içmeli bolsak, doga-dileg etmeli we Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryň bozulmaýandygy hem-de ynsabymyzyň ezýet bermejekdigi hakda oýlanmaly. Ant içsek, ony hökman ýerine ýetirmeli (1 Pet. 2:12).