Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

16-NJY MAKALA

Ýehowa ýürekden we şatlanyp gulluk ediň

Ýehowa ýürekden we şatlanyp gulluk ediň

«Goý, her kes öz işini barlasyn» (Gal. 6:4).

37-NJI AÝDYM Ýehowa ýürekden gulluk ediň

MAZMUNY a

1. Bagtly bolmak üçin näme etmeli?

 ŞATLYK — Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi (Gal. 5:22). Ýehowa biziň her gün şatlanmagymyzy we bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Mukaddes Kitapda: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýilýär (Res. 20:35). Biz adamlara hoş habary wagyz edenimizde we dogan-uýalara kömek edenimizde özümizi bagtly duýýarys.

2, 3. a) Galatýalylar 6:4-de Pawlus nähili iki maslahat berdi? b) Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Pawlus resul Galatýalylar 6:4-de (okaň) iki maslahat berýär. Birinjiden, biz Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk etmeli. Şonda özümizi bagtly duýarys (Mat. 22:36—38). Ikinjiden, dogan-uýalar bilen özümizi deňeşdirmeli däl. Ýehowa her bir adama ukyp-başarnyk berdi. Biz bilimimize, ukybymyza we saglygymyza görä, güýjümiziň ýetdiginden Hudaýa gulluk etmeli. Belki, käbir dogan-uýalar ökdelik bilen wagyz edýändir we şägirt taýýarlaýandyr. Biz olaryň öz zehinini we ukybyny abraý gazanmak üçin däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ulanýandygyna begenmeli. Biz olary bäsdeşimiz däl-de, işdeşimiz hasaplamaly.

3 Ýehowa köpräk gulluk edip bilmeýändigi üçin ruhdan düşýän dogan-uýalara näme kömek eder? Biz ukyp-başarnygymyzy Ýehowany şöhratlandyrmak üçin nädip ulanyp bileris? Hudaýhon adamlaryň göreldesine eýermek üçin näme etmeli? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

GARRYLYK WE ÝARAWSYZLYK SEBÄPLI RUHDAN DÜŞMÄLIŇ

Ýagdaýymyz üýtgese-de Ýehowa elimizde baryny edip gulluk etsek, Ol bizden razy bolar (4—6-njy abzaslara serediň) b.

4. Dogan-uýalaryň käbiri näme üçin ruhdan düşýär? Mysal getiriň.

4 Dogan-uýalaryň käbiri keselçilik ýa-da garrylyk sebäpli Ýehowa köpräk gulluk edip bilmeýändigi üçin ruhdan düşýärler. Geliň, Kerol uýa hakda gürrüň edeliň. Ol wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edýärdi. Kerol 35 adama Mukaddes Kitapdan okuw geçdi. Olaryň käbirine özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmäge kömek etdi. Birdenem uýanyň durmuşy düýpgöter üýtgeýär. Ol ýarawsyzlyk sebäpli känbir öýünden çykyp bilmeýär. Kerol şeýle diýýär: «Elbetde, men ýarawsyzlyk sebäpli Ýehowa öňkim ýaly gulluk edip bilmeýändigime düşünýärin. Ýöne özümi dogan-uýalar bilen deňeşdirip başlanymda welin, Ýehowa söýgim sowan ýaly duýýaryn. Göwnüm ganat baglap uçmak isleýär, kesel el-aýagymy ýüpsüz baglaýar». Kerol Ýehowa jany-teni bilen gulluk etmek isleýär. Söýgüden doly Atamyz onuň yhlasyny görüp örän begenýändir.

5. a) Garry we ýarawsyz dogan-uýalar nämäni unutmaly däl? b) Doganyň bütin ömrüne Ýehowa jany-teni bilen gulluk edendigi nämeden görünýär? (Surata seredip jogap beriň).

5 Siz ýarawsyzlyk ýa-da garrylyk sebäpli ruhdan düşýärsiňizmi? Onda Ýehowanyň sizden güýjüňizden artyk zady talap etmeýändigi hakda oýlanyň. Aýdaly, 80 ýaşly uýa 40 ýyl mundan öň eden işlerini häzir başarmaýandygy üçin ruhdan düşýär. Ol Ýehowa elinde baryny edip gulluk etse-de, «Ýehowa menden razy däl bolmaly» diýip oýlanýar. Ýehowa ondan razy dälmikä? Uýa häzirem 40 ýaşyndaky ýaly Ýehowa jany-teni bilen gulluk edýär. Ýyllaryň geçmegi bilen uýamyzyň güýç-gurbaty gaçsa-da, Ýehowa bolan söýgüsi asla sowamady. Siz hem: «Ýehowa edýän gullugymdan närazy bolmaly» diýip göwnüçökgünlige düşýärsiňizmi? Ýehowanyň kimden razydygyny ýa-da närazydygyny biziň däl-de, Onuň çözýändigini unutmalyň. Eger Ýehowa ýürekden gulluk etsek, Ol bize: «Berekella!» diýer (Matta 25:20—23-nji aýatlary deňeşdiriň).

6. Biz Mariýanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

6 Biz başarmaýan zatlarymyz hakda oýlansak ruhdan düşeris. Emma güýjümiziň ýetýän zatlaryny etsek, Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederis. Mariýa ýarawsyzlygy sebäpli köp wagyz edip bilmeýändigi üçin göwnüçökgünlige düşýär we özüni dereksiz duýýar. Bir gün ol öýünden çykyp bilmän düşekde ýatan uýa kömek etmek hakda oýlanýar. Mariýa şeýle gürrüň berýär: «Men uýa bilen telefon we hat arkaly wagyz edip başladym. Her gezek wagyzdan soň şatlykdan ýaňa guş bolup uçaýjak bolýaryn we uýa kömek edip bilenime örän begenýärin». Bizem Mariýanyň göreldesine eýersek we güýjümiziň ýetýän işlerini etsek, Ýehowa begenip gulluk ederis. Ýaş, zehinli, ukyp-başarnykly dogan-uýalar hem Ýehowa şatlanyp gulluk edip bilerler.

UKYBYMYZY ÝEHOWANY ŞÖHRATLANDYRMAK ÜÇIN ULANALYŇ

7. Petrus resul näme maslahat berdi?

7 Petrus resul Hudaýyň ylhamy bilen şeýle diýdi: «Hudaý size ýagşy we jogapkärli hyzmatkärler hökmünde... ýagşylyk edýär. Şonuň üçin alan ukybyňyza görä birek-birege hyzmat ediň» (1 Pet. 4:10). Biz Petrusyň maslahatyna eýersek, dogan-uýalaryň imanyny berkideris. Belki-de, biz: «Dogan-uýalar ukybyma we zehinime göriplik edäýmesin ýa-da ruhdan düşäýmesin» diýip, Ýehowa elimizde baryny edip gulluk edýän däldiris. Eger biz şeýle pikiriň duzagyna düşsek, Ýehowany razy edip bilmeris.

8. 1 Korinfliler 4:6, 7-nji aýatlara görä, biz näme üçin ukyp-başarnygymyza buýsanmaly däl?

8 Biz ukyp-başarnygymyzy at-abraý gazanmak üçin däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ulanmaly (1 Korinfliler 4:6, 7-nji aýatlary okaň). Belki, siz ökde mugallymsyňyz, adamlar bilen derrew Mukaddes Kitap okuwyna başlaýansyňyz. Siz «ukybyma buýsanyp, şöhratparazlygyň duzagyna düşäýmäýin» diýip, adamlara okuw teklip etmegiňizi bes edersiňizmi? Elbetde, ýok! Ukybyňa buýsanmak bir zat, ony Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ulanmak düýbünden başga zat. Aýdaly, siz dogan-uýalara bir adam bilen Mukaddes Kitap okuwyna başlandygyňyz barada gürrüň beresiňiz gelýär. Baryp görseňiz, bir uýa olara öýden-öýe wagyz edende žurnal berendigi hakda begenip gürrüň berip oturan ekeni. Elbetde, siz gürrüň berjek wakaňyzyň dogan-uýalary has-da ruhlandyrjakdygyny bilýärsiňiz, emma uýany ruhdan düşürmejek bolup, başga bir gün aýdyp bermek kararyna gelersiňiz. Berekella, siz uýanyň aladasyny edýärsiňiz, emma adamlara Mukaddes Kitap okuwyny teklip etmegi bes etmäň! Hudaýyň beren zehinini köýdürmäň!

9. Biz ukybymyzy nädip ulanmaly?

9 Bize akyl-paýhasy we zehini Ýehowa berdi. Şonuň üçin ukyplarymyza buýsanyp, men-menlik etmeli däl, gaýtam olary dogan-uýalaryň imanyny berkitmek üçin ulanmaly (Flp. 2:3). Eger biz güýjümizi we zehinimizi Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ulansak, Ony razy ederis hem-de dogan-uýalary özümizden ýokary saýarys.

10. Biz näme üçin özümizi dogan-uýalar bilen deňeşdirmeli däl?

10 Ukyply we zehinli dogan-uýalar şöhratparazlygyň duzagyna düşmez ýaly seresap bolmaly. Aýdaly, dogan ökde nutukçy. Ol dilewarlygyna buýsanyp, gowy çykyş edip bilmeýän dogana göwnüýetmezçilik etmeli däl. Sebäbi ol dogan ökde nutukçy bolmasa-da, myhmansöýerdir, çagalaryna gowy terbiýe berýändir we yhlasly wagyz edýändir. Biz Ýehowa jany-teni bilen gulluk edýän we adamlara ýürekden kömek edýän ukyply dogan-uýalara buýsanýarys.

HUDAÝHON ADAMLARYŇ GÖRELDESINE EÝERELIŇ

11. Biz näme üçin Isanyň göreldesine eýermeli?

11 Biz hudaýhon adamlar bilen özümizi deňeşdirmeli däl-de, olaryň göreldesine eýermeli. Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň «yzyna gyşarnyksyz eýermelidigimiz» aýdylýar (1 Pet. 2:21). Isa kämil bolsa-da, biz onuň häsiýetlerinden we eden ýagşylyklaryndan köp zatlary öwrenip bileris. Eger biz Isa pygamberiň göreldesine eýermek üçin tagalla etsek, Ýehowany razy ederis we ökde wagyzçy bolarys.

12, 13. Biz Dawut pygamberiň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?

12 Biz bikämil adamlardan hem görelde alyp bileris (Ýew. 6:12). Geliň, Dawut patyşa hakda gürrüň edeliň. Ýehowa oňa «göwnüme ýaraýan adam» diýdi (Res. 13:22). Elbetde, Dawut bikämildi, ýalňyşýardy, ýöne ol gowy görelde galdyrdy. Näme üçin şeýle diýse bolar? Ol Ýehowanyň temmisini kabul etdi, özüni aklajak bolmady, eden günäsine toba etdi we maslahata ýürekden eýerdi. Ýehowa hem ony bagyşlady (Zeb. 51:3, 4, 10—12).

13 Dawut pygamberiň göreldesine eýermek üçin şu soraglar hakda oýlanalyň: men maslahata gulak asýarynmy? Ýalňyşymy boýun alýarynmy ýa-da özümi aklap başlaýaryn? Men başgalary günäkärleýärinmi? Ýalňyşymy gaýtalamajak bolup jan edýärinmi? Biz Mukaddes Kitapdaky beýleki hudaýhon adamlar barada okanymyzda hem şeýle soraglar hakda oýlanyp bileris. Belki, olar hem biziňki ýaly kynçylyklary başdan geçirendir ýa-da käbir häsiýetleri göwnümize ýaraýandyr. Biz her gezek Mukaddes Kitapdaky hudaýhon adamlar barada okanymyzda özümize şu soragy bersek gowy bolar: «Men onuň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?»

14. Biz näme üçin dogan-uýalaryň göreldesine eýermeli?

14 Biz garry bolsun, ýaş bolsun ähli dogan-uýalaryň göreldesine eýerip bileris. Geliň, ýygnagymyzdaky dogan-uýalar hakda oýlanyp göreliň. Ýaşlar deň-duşlarynyň täsirine düşmeýär. Käbirleriniň dogan-garyndaşlary garşy çykýar, käbirleri bolsa keselçilikden kösenýär. Belki, biz olaryň haýsydyr bir häsiýetini halaýandyrys we olaryň göreldesine eýermek isleýändiris. Biz olaryň Ýehowa wepaly gulluk edýändigi hakda oýlansak kynçylyklara döz gelip bileris. Imany berk dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşmek uly hormat! (Ýew. 13:7; Ýak. 1:2, 3).

ÝEHOWA JANYMYZ-TENIMIZ BILEN GULLUK EDELIŇ

15. Pawlus resulyň beren maslahaty Ýehowa agzybir gulluk etmäge nädip kömek edýär?

15 Dogan-uýalaryň her biri ýygnakda agzybirligiň we parahatlygyň bolmagy üçin öz goşandyny goşup bilerler. Geliň, I asyrda ýaşan mesihçiler hakda gürrüň edeliň. Olar dürli borçlary ýerine ýetirýärdi, ukyplary biri-biriniňkiden tapawutlanýardy (1 Kor. 12:4, 7—11). Emma olar agzala däldi, biri-biri bilen bäsdeşlik etmeýärdi. Sebäbi olaryň her biri «Mesihiň bedenini berkitmek üçin» jan edýärdi. Pawlus resul Efesdäki dogan-uýalara: «Her agzanyň kadaly işlemegi bütin bedeniň ösmegine, ýagny söýgüde berkemegine ýardam edýär» diýdi (Efes. 4:1—3, 11, 12, 16). Şu günlerem Pawlus resulyň maslahatyna eýerýän dogan-uýalaryň tagallasy bilen bütin ýer ýüzündäki ýygnaklarda agzybirlik we parahatlyk gülläp ösýär.

16. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli? (Ýewreýler 6:10).

16 Geliň, dogan-uýalar bilen özümizi deňeşdirmäliň, gaýtam Isa pygamberiň häsiýetlerinden we eden ýagşylyklaryndan öwreneliň. Şeýle-de gadymy döwürde we şu günler Hudaýa wepaly gulluk edýän adamlaryň göreldesine eýereliň. Eger Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk etsek, Ol ýagşy işlerimizi hiç haçan unutmaz (Ýewreýler 6:10-ny okaň). Geliň, Ýehowa şatlanyp we ýürekden gulluk edeliň! Şonda bagtly Hudaý Ýehowa bizden razy bolar.

65-NJI AÝDYM Öňe git!

a Biziň her birimiz dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetlerinden görelde almak isleýäris. Ýöne biz ukyply dogan-uýalar bilen özümizi deňeşdirsek ruhdan düşeris ýa-da tejribesiz imandaşlarymyz bilen özümizi deňeşdirsek tekepbirligiň duzagyna düşeris. Şu makaladaky pikirler özümizi başgalar bilen deňeşdirmän edýän işlerimizden şatlyk tapmaga kömek eder.

b SURAT: dogan ýaş wagty Beýtelde gulluk edýär. Ol öýlenensoň aýaly bilen pioner bolup gulluk edýär. Soňra olaryň iki gyzy bolýar we dogan maşgalasy bilen wagyz edýär. Dogan häzir garrylyk çagyna ýeten hem bolsa yhlasyny gowşatman hat arkaly wagyz edýär.