Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

25-NJI MAKALA

Ýehowa geçirimli adamlara bereket berýär

Ýehowa geçirimli adamlara bereket berýär

«Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamaly» (Kol. 3:13).

130-NJY AÝDYM Geçirimli bolalyň

MAZMUNY *

1. Ýehowanyň toba edýän günäkärleri bagyşlamaga taýyndygyny näme subut edýär?

 ÝEHOWA Ýaradan, Kanun çykaryjy we Kazy bolandygy üçin toba edýän günäkärleri bagyşlamaga haklydyr (Zeb. 100:3; Işa. 33:22). Şeýle-de Ol söýgüden doly Ata we ogul-gyzlaryny bagyşlamaga hemişe taýýar (Zeb. 86:5). Işaýa pygamber Ýehowanyň ýürekden bagyşlaýandygy hakda şeýle diýdi: «Günäleriňiz gyzyl mata ýaly bolsa-da, men olary gar ýaly ak ederin» (Işa. 1:18).

2. Birek-birek bilen dostlugymyz bozulmaz ýaly näme etmeli?

2 Biziň ählimiz bikämil. Şol sebäpli käte aýdýan sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen dostlarymyzyň göwnüne degip bileris (Ýak. 3:2). Emma biri-birimizi ýürekden bagyşlasak dostlugymyz bozulmaz (Nak. 17:9; 19:11; Mat. 18:21, 22). Ýehowa hem biziň göwnümize degen adamlary ýürekden bagyşlamagymyzy isleýär (Kol. 3:13). Eger biz geçirimli bolsak, Ýehowa hem biziň günälerimizi «doly bagyşlar» (Işa. 55:7).

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Şu makalada geçirimli Ýehowanyň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis we şu soraglaryň jogabyny bileris: biz haýsy ýagdaýlarda dogan-uýalaryň eden günäsini ýaşululara aýtmaly? Ýehowa näme üçin biziň biri-birimizi bagyşlamagymyzy isleýär? Käbirleriniň eden işi we günäsi sebäpli ejir çeken dogan-uýalardan näme öwrenip bileris?

AGYR GÜNÄ EDEN MESIHÇI NÄME ETMELI?

4. a) Agyr günä eden adam näme etmeli? b) Ýehowa ýaşululara nähili borç tabşyrdy?

4 Agyr günä eden mesihçi ýaşululara ýüz tutmaly. 1 Korinfliler 6:9, 10-njy aýatlarda agyr günäler hakda ýazylan. Agyr günä — Hudaýyň kada-kanunlaryny bozmak. Agyr günä eden mesihçi Ýehowa doga edip ötünç soramaly we ýaşululara bolan ýagdaýy aýtmaly (Zeb. 32:5; Ýak. 5:14). Ýaşulular näme etmeli? Elbetde, adamlaryň günäsini bagyşlamaga diňe Ýehowanyň haky bar. Ol ýazyklary Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly bagyşlaýar *. Emma Ýehowa günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmelimi ýa-da kesmeli däldigini anyklamagy ýaşululara tabşyrdy. Olar Mukaddes Kitap esaslanyp bolan ýagdaýyň anygyna ýetmeli (1 Kor. 5:12). Şeýle-de ýaşulular şu soraglar hakda oýlanmaly: ol bilgeşleýin günä etdimi? Günäsini gizledimi? Näçe wagtlap gizläp gezdi? Onuň ýürekden toba edýändigi görünýärmi? Ýehowanyň ony bagyşlandygyny görkezýän subutnamalar barmy? (Res. 3:19).

5. Düzediş çäresiniň nähili peýdasy bar?

5 Ýehowa günä eden adama nähili çäre görmelidigini çözýär. Ýaşulular günäkär bilen görşende «gökde çözülen zady ýer ýüzünde» hem çözmäge çalyşýarlar (Mat. 18:18). Düzediş çäresiniň nähili peýdasy bar? Eger günäkär toba etmese, ýygnak gatnaşygyndan kesilýär we ol dogan-uýalara zyýan ýetirip bilmeýär (1 Kor. 5:6, 7, 11—13; Tit. 3:10, 11). Şeýle-de düzediş çäresi günäkäre toba etmäge we Ýehowanyň razylygyny gazanmaga kömek edýär (Luka 5:32). Günäkär ýene-de Ýehowa bilen dostlugyny dikelder ýaly, ýaşulular onuň üçin doga-dileg edýär (Ýak. 5:15).

6. Ýehowa ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamy bagyşlarmy? Düşündiriň.

6 Günäkär eden işine toba etmese, ýaşulular ony ýygnak gatnaşygyndan kesýär. Eger ol döwletiň kanunyny bozan bolsa, ýaşulular ony eden işiniň erbet netijesinden goramaýar. Sebäbi Ýehowa döwlet işgärlerine kanuny bozan adam toba etse-de, etmese-de höküm etmäge we jeza bermäge ygtyýar berdi (Rim. 13:4). Eger günäkär akylyna aýlansa, ýürekden toba etse we erbet ýolundan dönse, Ýehowa ony bagyşlar (Luka 15:17—24). Ol näçe agyr günä eden hem bolsa, Ýehowa oňa rehim eder (2 Tar. 33:9, 12, 13; 1 Tim. 1:15).

7. Biz haýsy ýagdaýlarda bagyşlamaly?

7 Günäkäri bagyşlamalymy ýa bagyşlamaly däldigini Ýehowa çözýär. Muny bilmek ýükümizi ýeňledýär. Emma biziň hem bagyşlamaly ýerlerimiz bolýar. Belki, kimdir biri göwnümize degip ýa-da ýüregimize ýara salyp biler. Soňra ol eden ýalňyşyna düşünip ötünç sorar ýa-da ötünç soraman bolan ýagdaýa biparh sereder. Nähili bolaýanda-da, biz öýke-kine saklaman ýürekden bagyşlamaly. Elbetde, göwnüňe degen adamy derrew bagyşlamak aňsat bolmaýar. Biz bagyşlamak üçin tagalla etmeli. 1994-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Günäkäri bagyşlamak onuň erbet işine göz ýummagy aňlatmaýar. Gaýtam biz Ýehowanyň çözmegine garaşýarys. Älem-jahanda iň adalatly Kazy — Ýehowa. Ol öz wagtynda adalatly höküm çykarar». Ýehowa biziň günäkäri bagyşlamagymyzy we adalaty dikeldýänçä sabyrly garaşmagymyzy isleýär. Näme üçin?

BAGYŞLAMAGYŇ BÄŞ SEBÄBI

8. Rehimdar Ýehowa Hudaýa minnetdar bolmak üçin näme etmeli?

8 Rehimdar Hudaýa minnetdardygymyzy görkezýäris. Isa pygamber Ýehowany hyzmatkäriniň köp bergisini geçen patyşa meňzedýär. Emma hyzmatkär özüne ujypsyz bergisi bolan başga hyzmatkäri bagyşlap bilmeýär (Mat. 18:23—35). Isa pygamber şu mysal arkaly birek-biregi bagyşlamak üçin rehimdar Ýehowa Hudaýa minnetdar bolmalydygyny düşündirdi (Zeb. 103:9). Birnäçe ýyl mundan öň çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle ýazylypdyr: «Ýehowa Isa Mesih arkaly günälerimizi bagyşlaýar. Biz biri-birimizi näçe bagyşlasak-da, Ýehowanyň rehimdarlygynyň öwezini dolup bilmeris».

9. Ýehowa kimlere rehimdarlyk edýär? (Matta 6:14, 15).

9 Bagyşlaýan adamlaryň günäsi geçiler. Ýehowa rehimdar adamlara rehim eder (Mat. 5:7; Ýak. 2:13). Şu barada Isa pygamber hem şägirtlerine doga etmegi öwredende aýdypdy (Matta 6:14, 15-nji aýatlary okaň). Eýýup pygamber bilen bolan waka hem bagyşlamagyň wajypdygyny görkezýär. Eýýubyň dostlary Alypaz, Bildat we Sapar ony ýazgaryp, ýüregine agyr ýara saldylar. Ýehowa Eýýuba dostlaryny bagyşlap, olar üçin doga-dileg etmegi tabşyrdy. Eýýup gulak asdy, Ýehowa hem oňa bereket berdi (Eýp. 42:8—10).

10. Öýke-kine saklamak näme üçin zyýanly? (Efesliler 4:31, 32).

10 Öýke-kine saglyga zyýan ýetirýär. Ýehowa öýke-kinäniň agyr ýük kimin adamy çökerýändigine düşünýär (Efesliler 4:31, 32-nji aýatlary okaň). Mukaddes Kitapda: «Gahar-gazaba münme» diýip maslahat berilýär (Zeb. 37:8). Şu maslahata eýersek bagtly bolarys, sebäbi öýke-kine adamyň saglygyna zyýan ýetirýär (Nak. 14:30). Zäher içen adam başga birine däl-de, özüne zyýan ýetirýär. Edil şonuň ýaly, öýke-kine saklaýan adam göwnüne degene däl-de, özüne zyýan ýetirýär. Biz göwnümize degen adamy bagyşlasak köp haýyr taparys (Nak. 11:17). Biziň kalbymyz rahat bolar we Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederis.

11. Mukaddes Kitapda ar almak hakda näme diýilýär? (Rimliler 12:19—21).

11 Ýehowanyň ar almaga haky bar. Ýehowa bize höküm çykarmaga ýa-da ar almaga ygtyýar bermedi (Rimliler 12:19—21-nji aýatlary okaň). Biz bikämil we garaýşymyz çäkli, şonuň üçin Hudaý ýaly adalatly höküm çykaryp bilmeýäris (Ýew. 4:13). Käte adam bolan ýagdaýy şeýle bir göwnüne alýar welin, sagdyn pikirlenip we dogry karara gelip bilmeýär. Ýakup Hudaýyň ylhamy bilen şeýle sözleri ýazdy: «Gahar Hudaýyň dogruçyllygyna garşydyr» (Ýak. 1:20). Hawa, biz Ýehowanyň öz wagtynda adalaty dikeltjekdigine ynamly bolup bileris.

Göwnümize degen adamy bagyşlalyň. Biz meseläni özümiz çözmän Ýehowa tabşyralyň. Ol ýetirilen zyýanyň öwezini dolar (12-nji abzasa serediň).

12. Adalatly Hudaý Ýehowa bil baglaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

12 Bagyşlasak adalatly Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezeris. Biz meseläni özümiz çözmän Ýehowanyň eline tabşyrmaly. Näme üçin? Sebäbi diňe Ol bize ýetirilen zyýanyň öwezini dolup biler. Täze dünýäde Ýehowa ähli ýürek ýaralarymyzy bitirer, «öňki zatlar ýadymyza düşmez, bizi gama batyrmaz» (Işa. 65:17). Hawa, biz göwnümize degen adamlary bagyşlamagyň wajypdygyna düşünýäris. Emma ýüregimize bitmejek ýara salan adamlary hem bagyşlap bilerismi? Geliň, käbir dogan-uýalar bilen bolan wakalar hakda gürrüň edeliň.

REHIMDAR ADAMLAR BEREKET ALARLAR

13, 14. Toniniň Hoseni bagyşlamagyndan näme öwrendiňiz?

13 Dogan-uýalaryň köpüsi ýüregine bitmejek ýara salan adamlary bagyşladylar. Geliň, olaryň nähili bereket alandygyny bileliň.

14 Toni * Filippin adalarynda ýaşaýar. Bir gün Hose Toniniň agasyny öldürýär. Şol wagtlar Toni Ýehowanyň Şaýady däldi. Ol gaharjaň, zalym adamdy we ar almagy ýüregine düwüpdi. Hoseni adam öldürendigi üçin türmä basýarlar. Birnäçe wagtdan soň ol azatlyga çykýar. Toni bolsa ýarag satyn alyp: «Hoseni öldürmesem, ynjalmaryn» diýip kasam edýär. Soňra Toni Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Men garaýşymy üýtgetmelidigime we ar almaly däldigime düşündim». Birnäçe wagtdan soň Toni suwa çümdürilýär we ýygnakda ýaşuly bellenilýär. Soňra ol Hoseniň hem suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady bolandygyny eşidýär. Olar görşenlerinde Toni Hoseni gujaklap, bagyşlandygyny aýdýar. Häzir Toni özüni şeýle bir bagtly duýýar welin, şatlygyny söz bilen beýan edip bilmeýär. Hawa, Ýehowa Toniden razy boldy we bol bereket berdi.

Piter we Sýu bilen bolan waka öýke-kinäni ýüregimizden sogrup taşlamaga kömek edýär (15, 16-njy abzaslara serediň).

15, 16. Piter we Sýu bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

15 1985-nji ýylda bir adam Ýygnak jaýynda bomba goýýar. Är-aýal Piter bilen Sýu Ýygnak jaýynda otyrkalar bomba ýarylýar. Sýunyň gözüne, gulagyna, burnuna zeper ýetýär we ol hiç hili ys almaýar *. Piter bilen Sýu: «Haýsy doňýürek adam şeýle iş edip bildikä?» diýip oýlanýardylar. Birnäçe ýyldan soň jenaýatçyny tussag edýärler we ömürlik türmä basýarlar. Piter bilen Sýudan: «Ony bagyşladyňyzmy?» diýip soraýarlar. Olar şeýle jogap berýärler: «Ýehowa bize öýke-kine saklamaly däldigini öwredýär, sebäbi öýke-kine adamyň jan-saglygyna zyýan ýetirýär. Şol döwürler biz Ýehowa doga edip, jenaýatçyny bagyşlamaga kömek et we kalbymyza rahatlyk ber diýip ýalbardyk».

16 Är-aýala bagyşlamak aňsat boldumy? Olar şeýle gürrüň berýär: «Käte Sýu özüni erbet duýýar. Biziň bolan wakany ýatlap gaharymyz gelýär. Emma gaharymyz köşeşer ýaly, şol gün hakda kän oýlanmajak bolýarys. Eger ol adam Ýehowanyň Şaýady bolsa, ony gujak açyp garşy alarys. Kyn günleri başdan geçirsek-de, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary bagyşlamaga kömek etdi. Ýehowanyň ähli zady düzetjekdigi hakda oýlananymyzda kalbymyz rahat bolýar. Dogrudan-da, Ýehowanyň Sözi azat edýär!»

17. Meri bilen bolan wakadan näme öwrendiňiz?

17 Geliň, Meri hakda gürrüň edeliň. Ol Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar, emma äri gyzyklanmaýar. Soňra äri biwepalyk edýär we iki ogluny, aýalyny taşlap gidýär. Meri şeýle gürrüň berýär: «Ärim taşlap gidip ýüregime bitmejek ýara saldy. Şondan soň men hiç kime ynanmaýaryn. Yzyma ser salanymda gaýgy-gama batýaryn, bolan ýagdaý üçin özümi günäkärleýärin we ýönekeýje zatlara-da gaharlanýaryn». Meriniň aýrylyşanyna ençeme ýyl geçen hem bolsa, ýürek ýarasy heniz hem bitenok. Ol şeýle diýýär: «Şol pikirler birnäçe aýlap öz günüme goýmady, janyma jaý tapmadym. Görüp otursam, adamlara ynamym gaçypdyr, Ýehowa söýgim sowapdyr». Meri uýa öýke-kinäni ýüreginden sogrup taşlady. Ol çagalarynyň kakasynyň Ýehowanyň Şaýady boljakdygyna umyt edýär. Meri Ýehowanyň gelejekde berjek bereketleri hakda oýlanýar. Gaýratly uýamyz Meri iki ogluny Ýehowanyň ýolunda terbiýeledi. Häzir Meri iki ogly we gelinleri bilen Ýehowa yhlasly gulluk edýär.

ÝEHOWA — ADALATLY KAZY

18. Biz näme üçin Beýik Kazy Ýehowanyň hökümlerine şübhelenmän bileris?

18 Adamlary höküm etmek — uly jogapkärçilik. Şeýle jogapkärçiligi Ýehowanyň öz boýnuna alandygyna örän begenýäris. Ol Beýik Kazy! (Rim. 14:10—12). Ýehowa ýagşy we ýaman babatdaky kämil kanunyna esaslanyp höküm çykarýar (1 Mus. 18:25; 1 Pat. 8:32). Ýehowa hiç haçan adalatsyzlyk etmeýär!

19. Tizden adalatly Hudaý Ýehowa näme eder?

19 Biz Ýehowanyň bikämilligiň we günäniň ýetiren ähli zyýanyny aýyrjak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ol biziň ýürek ýaralarymyzy doly bitirer. Başymyzdan geçen agyr günler ýadymyzdan çykar (Zeb. 72:12—14; Ylh. 21:3, 4). Biz geçirimli Ýehowa Hudaýyň özünden görelde almak ukyby bilen ýaradandygyna örän begenýäris.

18-NJI AÝDYM Töleg gurbanyna minnetdarlyk

^ Ýehowa toba edýän adamlary bagyşlaýar. Biz hem Ýehowanyň göreldesine eýerip, göwnümize degen adamlary bagyşlamaly. Şu makalada dogan-uýalaryň günäsini haýsy ýagdaýlarda bagyşlamalydygy we haýsy ýagdaýlarda ýaşululara aýtmalydygy hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Ýehowanyň biri-birimizi bagyşlamagymyzy isleýändigi we geçirimli adamlara bereket berýändigi hakda bileris.

^ «Okyjylaryň sowallaryny» okap bilersiňiz (w96-U 15/4).

^ Käbir atlar üýtgedildi.

^ Piter bilen Sýu hakda «Oýanyň!» žurnalyndan (g92-U 8/2 sah. 9—13) okap bilersiňiz. Şeýle-de JW teleýaýlyma çykan «Piter we Sýu Şuls. Kyn ýagdaýa döz geldiler» (rus.) diýen wideony görüp bilersiňiz.