Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

27-NJI MAKALA

«Ýehowa umyt bagla»

«Ýehowa umyt bagla»

«Ýehowa umyt bagla, mert hem dogumly bol!» (Zeb. 27:14).

128-NJI AÝDYM Soňuna çenli çydalyň

MAZMUNY *

1. a) Biz nähili gelejege umyt edýäris? b) «Ýehowa umyt baglamak» nämäni aňladýar? («Düşündirilişe» serediň).

 ÝEHOWA halkyna ajaýyp gelejegi wada berýär. Tizden ol hasrat çekýänleriň gözýaşlaryny süpürer, syrkawlary sagaldar, ölen adamlary direlder (Ylh. 21:3, 4). Ýehowanyň görkezmesi bilen ýumşak adamlar bütin ýer ýüzüni Jennete öwrerler (Zeb. 37:9—11). Olar Ýehowanyň ýakyn dosty bolarlar. Hawa, biziň ählimiz ajaýyp gelejege umyt edýäris. Biz Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetjegine näme üçin ynamly bolup bileris? Sebäbi Ýehowa hiç haçan sözünden dänmeýär. Biz «Ýehowa umyt baglap» bileris * (Zeb. 27:14). Munuň üçin Ýehowa ähli niýetlerini amala aşyrýança, oňa sabyrly we şatlyk bilen garaşmaly (Işa. 55:10, 11).

2. Şu günler Ýehowanyň haýsy wadasy ýerine ýetýär?

2 Ýehowa sözünde durýandygyny ençeme sapar subut etdi. Hudaýyň Sözünde her milletden, taýpadan we halkdan bolan adamlaryň Ýehowa agzybir sežde etjekdigi ýazylan. Hudaýyň şu wadasy biziň günlerimizde ýerine ýetýär we olara «uly märeke» diýilýär (Ylh. 7:9, 10). Olar dünýäniň dört künjeginde ýaşasalar-da, ýaş, garry, aýal, erkek bolsalar-da, agzybir we parahat ýaşaýarlar (Zeb. 133:1; Ýah. 10:16). Olar gelejege bolan umydy hakda ähli adamlara yhlas bilen wagyz edýärler (Mat. 28:19, 20; Ylh. 14:6, 7; 22:17). Eger sizem uly märekä degişli bolsaňyz, Ýehowanyň beren umydy size güýç-kuwwat berýändir.

3. Şeýtan näme etmek isleýär?

3 Şeýtan biziň gelejege bolan umydymyzy üzmek isleýär. Ol: «Ýehowa aladaňyzy etmeýär we beren sözünde durmaýar» diýip ynandyrjak bolýar. Eger Şeýtanyň şu sözüne ynansak, gorkynyň duzagyna düşeris we Ýehowadan ýüz öwreris. Ol Eýýup pygamberiň hem umydyny üzmek we Ýehowa bilen dostlugyny bozmak isledi.

4. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris? (Eýýup 1:9—12).

4 Şeýtan Eýýup pygamberi Ýehowadan ýüz öwürtmek üçin nähili usullary ulandy? (Eýýup 1:9—12-nji aýatlary okaň). Biz Eýýup pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? Ýehowanyň bizi söýýändigine we hemişe beren sözünde durýandygyna näme üçin şübhelenmeli däl? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

ŞEÝTAN EÝÝUBYŇ UMYDYNY ÜZMEK ISLEDI

5, 6. Eýýubyň başyna inen betbagtçylyk hakda gürrüň beriň.

5 Eýýup pygamber bagtly ýaşaýardy, hiç hili aladasy ýokdy. Ýehowa ondan razydy, dosty hasaplaýardy. Ol tüçjar baýdy, agzybir we uly maşgalasy bardy (Eýp. 1:1—5). Gynansak-da, ol bir günüň içinde bar zadyndan mahrum boldy. Başda ol baýlygyny ýitirýär (Eýp. 1:13—17). Soňra çagalarynyň ählisi ölýär. Ýekeje çagasynyň ölümi ene-atanyň bilini bükýär. Eýýup bilen aýaly bolsa on çagasyndan aýra düşdi. Olar çagalarynyň ölendigini eşidenlerinde dady-perýat edip, ajy hasrat çekendirler. Şol sebäpli Eýýup ýakasyny ýyrtyp, ýüzüni ýere berip ýatýar (Eýp. 1:18—20).

6 Şeýtan Eýýuby agyr kesele uçradýar we at-abraýdan gaçyrýar (Eýp. 2:6—8; 7:5). Öňler adamlar Eýýuba uly hormat goýup, maslahat soraýardylar. Indi bolsa ony adam sanynda görmeýärler (Eýp. 31:18). Eýýubyň doganlary, dost-ýarlary we gullary ondan ýüz öwürýärler (Eýp. 19:13, 14, 16).

Şu günler dogan-uýalaryň köpüsi Eýýup pygamberiňki ýaly kynçylyklary başdan geçirýärler (7-nji abzasa serediň) *.

7. a) Eýýup pygamber başyna inen betbagtçylyklary kimden gören bolmaly, ýöne ol näme etmedi? b) Biziň nähili kynçylyklara duş gelmegimiz mümkin? (Surata seredip jogap beriň).

7 Şeýtan Eýýuby «betbagtçylyklary Ýehowa inderdi» diýip ynandyrmak isledi. Eýýubyň çagalary iň uly agasynyň öýünde myhmançylykda otyrdy. Şonda Şeýtan tüweleý turzup, olaryň oturan öýüni ýykýar we hemmesi ölýär (Eýp. 1:18, 19). Şeýle-de Şeýtan gökden ot ýagdyryp, Eýýubyň çopanlaryny we bütin sürüsini gyrýar (Eýp. 1:16). Belki, Eýýup: «Men Allatagala garşy günä edendirin, şonuň üçin ol tüweleý turzandyr, gökden ot inderendir» diýip pikir edendir. Emma ol Hudaýa dil ýetirmeýär. Eýýup Ýehowanyň ençeme ýyllap beren bereketleri hakda oýlanyp: «Biz hak Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmeli dälmi näme?» diýýär we Ýehowanyň adyna alkyş aýdýar (Eýp. 1:20, 21; 2:10). Eýýup pygamber mal-mülkünden mahrum bolsa-da, çagalaryndan jyda düşse-de, agyr kesele uçrasa-da, Ýehowa wepaly bolýar. Ýöne Şeýtanyň synagy munuň bilen tamamlanmaýar.

8. Şeýtan Eýýup pygamberi nädip synaýar?

8 Şeýtan örän mekir. Ol Eýýup özüni dereksiz duýar ýaly, üç dosty arkaly onuň mertebesini peseldýär. Dostlary Eýýubyň ýanyna gelip, ony günäkärläp başlaýarlar (Eýp. 22:5—9). Şeýle-de olar Eýýuba eden ýagşy işleriniň barynyň Hudaý üçin biderekdigini aýdýarlar (Eýp. 4:18; 22:2, 3; 25:4). Olar Eýýuby «Hudaý seni söýmeýär, aladaňy etmeýär, edýän seždäňi kabul etmeýär» diýip ynandyrjak bolýarlar. Şeýdip, olar Eýýubyň ýarasyna duz sepýärler.

9. Eýýup pygambere agyr synaglara döz gelmäge näme kömek etdi?

9 Eýýup pygamberiň ýagdaýyny göz öňüne getireliň. Ol agyr dert çekip, kül üstünde otyr (Eýp. 2:8). Çagalaryndan aýra düşüp, onuň gara bagry gan aglaýardy. Eýýup birnäçe günläp agyr dert içinde dymyp oturdy. Dostlarynyň awuly sözleri bolsa, Eýýubyň ýüregine pyçak bolup sanjylýar (Eýp. 2:13—3:1). Belki, dostlary Eýýubyň geplemän oturandygyny görüp, ol Beýik Biribardan ýüz öwrendir öýdendirler. Emma olar ýalňyşypdylar. Eýýup dostlarynyň gözüniň garasyna seredip: «Soňky demime çenli wepaly bolaryn!» diýýär (Eýp. 27:5). Eýýup pygamber näme üçin şeýle jogap berdi? Ol çykalgasyz ýagdaýda bolsa-da, Ýehowanyň ähli kynçylyklary aýyrjakdygyna umyt edýärdi. Eýýup ölse-de, Ýehowanyň direltjekdigine ynanýardy (Eýp. 14:13—15).

EÝÝUBYŇ GÖRELDESINE EÝERMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?

10. Eýýup pygamber bilen bolan waka nämäni subut edýär?

10 Eýýup pygamber bilen bolan waka Şeýtanyň bizi mejburlap Ýehowadan dänderip bilmejekdigini we gökdäki Atamyzyň hemme zady bilýändigini subut edýär. Geliň, Eýýup bilen bolan wakadan ýene näme öwrenip biljekdigimize seredeliň.

11. Biz Ýehowa bil baglasak nämä ynamly bolup bileris? (Ýakup 4:7).

11 Biz Ýehowa bil baglasak, islendik synaga döz geleris we Şeýtanyň ýalançydygyny subut ederis. Muny Eýýup pygamber bilen bolan waka subut edýär. Mukaddes Kitapda: «Iblise garşy duruň, şonda ol sizden gaçar» diýilýär (Ýakup 4:7-ni okaň).

12. Direlişe bolan umyt Eýýuba nädip kömek etdi?

12 Biz ölen adamlary Hudaýyň direltjekdigine umyt etmeli. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Şeýtan ölümden gorkynyň duzagyna düşürip, bizi imandan dänderjek bolýar. Şeýtan Eýýuba: «Ol şirin janyny halas etmek üçin hemme zada taýyn bolar, hatda Hudaýdanam ýüz öwrer» diýip töhmet atdy. Emma Şeýtan örän ýalňyşdy. Sebäbi Eýýup ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda-da, Ýehowa wepaly boldy. Ol rehimdar Hudaý Ýehowanyň ähli kynçylyklary aýyrjakdygyna umyt edýärdi. Ine şu umyt hem Eýýuba güýç berdi. Eýýup birden öläýse-de, Ýehowanyň gelejekde direltjekdigine iman edýärdi. Biz hem direlişe umyt etsek, ölümden gorkmarys we imandan dänmeris.

13. Biz näme üçin Şeýtanyň ulanýan usullaryny bilmeli?

13 Şeýtan şu günlerem bizi Eýýup pygamber ýaly synaýar. Şeýtanyň näme diýendigine üns bereliň: «Adam (diňe Eýýup däl) şirin jany üçin ähli zadyndan geçer» (Eýp. 2:4, 5). Aslynda, Şeýtan «adamlar Hudaýy söýmeýär, olar şirin jany üçin imandan däner» diýjek boldy. Şeýle-de ol «Hudaýam adamlary söýmeýär, olaryň wepaly bolmak üçin edýän tagallasyny gymmat saýmaýar» diýdi. Eger biz Hudaýa umyt baglasak we Şeýtanyň ulanýan usullaryny bilsek, onuň ýalan sözlerine ynanmarys.

14. Synaglar nämäni aýan edýär? Mysal getiriň.

14 Biz synaga düşenimizde özümiziň ejiz tarapymyzy görüp bilýäris. Eýýup pygamber hem başdan geçiren kynçylyklary arkaly gowşak taraplaryny bilip öz üstünde işledi. Meselem, ol has-da pesgöwünli bolmagy öwrendi (Eýp. 42:3). Synaglar bize-de gowşak taraplarymyzy görüp öz üstümizde işlemäge kömek edýär. Nikolaý * dogany ýarawsyz bolsa-da türmä basdylar. Ol şeýle diýýär: «Türme edil rentgen ýaly adamyň içki dünýäsini görkezýär». Hawa, biz ejiz taraplarymyzy görsek, ony düzetmek üçin tagalla etmeli.

15. Biz kimiň sözüne gulak asmaly we näme üçin?

15 Biz duşmanlarymyzy däl-de, Ýehowany diňlemeli. Eýýup pygamber Ýehowany ünsli diňledi. Allatagala Eýýuba şeýle diýen ýalydy: «Meniň ýaradan zatlaryma syn et. Meniň Gudratygüýçli Hudaýdygyma ynanmaýarsyňmy? Men seniň başyňa inen bela-beterleri bilýärin. Saňa kömek etmäge güýjüm ýetmez öýdýärsiňmi?» Şonda Eýýup pygamber rehimdar Ýehowa minnetdarlyk we pesgöwünlik bilen: «Sen hakda gulagym bilen eşidipdim, indi seni gözüm bilen gördüm» diýdi (Eýp. 42:5). Eýýup pygamber şu sözleri haçan aýtdy? Ol külüň üstünde otyrdy, endam-jany ýarady, çagalaryndan jyda düşendigi üçin hasrat çekýärdi. Emma Ýehowa Eýýuby eziz görýärdi, ondan örän razydy (Eýp. 42:7, 8).

16. Işaýa 49:15, 16-njy aýatlara görä, biz nämäni unutmaly däl?

16 Şu günler adamlar bizi kemsidýärler, üstümizden gülýärler. Olar bizi hem-de Hudaýyň guramasyny abraýdan düşürjek bolup «her hili ýalan we erbet sözleri aýdýarlar» (Mat. 5:11). Emma Eýýup pygamber bilen bolan wakadan görşümiz ýaly, Ýehowa biziň islendik synagda wepaly boljakdygymyza ynanýar. Allatagala bizi söýýär we Özüne umyt baglaýan adamlary taşlamaýar (Işaýa 49:15, 16-njy aýatlary okaň). Hudaýyň duşmanlary ýalan gep-gürrüňleri ýaýradýarlar. Emma biz olary diňlemeli däl. Türkiýede ýaşaýan Jeýmos maşgalasy bilen bile agyr synaglary başdan geçirdi. Ol şeýle diýýär: «Hudaýyň halkyna atylýan töhmeti, ýalan gep-gürrüňleri diňlemek güýç-gurbatyňy alýan eken. Biz Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketleri barada oýlandyk we yhlasly wagyz etdik. Şonda güýjümize güýç goşulyp, Ýehowa şatlanyp gulluk etdik». Biz Eýýup pygamberiň göreldesine eýerip Ýehowa gulak assak, duşmanlaryň ýalan gep-gürrüňleri umydymyzy üzmez.

UMYT GÜÝJÜŇE GÜÝÇ GOŞÝAR

Eýýup pygamber Ýehowa wepaly bolup bereket aldy. Ol aýaly bilen bagtly ýaşady (17-nji abzasa serediň) *.

17. Ýewreýler 11-nji bapda ýazylan Hudaýa wepaly adamlaryň göreldesine nädip eýerip bileris?

17 Mukaddes Kitapda Eýýup pygamber ýaly agyr synaglara döz gelen ençeme adamlar hakda ýazylan. Pawlus resul: «Bizi uly bulut kimin gurşap alýan şeýle şaýatlar köpdür» diýdi (Ýew. 12:1). Olar agyr synaglara döz gelip Ýehowa wepaly boldular (Ýew. 11:36—40). Olaryň Hudaýa wepaly bolmak üçin eden tagallasy biderek bolmady. Olar Allatagalanyň wadalarynyň ýerine ýetendigini görüp bilmeseler-de, oňa ýürekden umyt etdiler. Olar Ýehowanyň razydygyna we beren wadasyny ýerine ýetirjekdigine ynanýardylar (Ýew. 11:4, 5). Bizem olaryň göreldesine eýersek, Ýehowa her gün umyt edip ýaşarys.

18. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli? (Ýewreýler 11:6).

18 Dünýäniň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär (2 Tim. 3:13). Şeýtan hem Hudaýyň halkyna hüjüm edýär. Gelejekde biz köp synaglara duş gelmegimiz mümkin. Ýöne biz gorkmaýarys, sebäbi Beýik Biribara umyt baglaýarys (1 Tim. 4:10). Eýýup pygamber bilen bolan waka Ýehowanyň «örän mähirli we rehimdar Hudaýdygyny» subut edýär (Ýak. 5:11). Geliň, bizem Eýýup pygamber ýaly Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düweliň! Şonda gökdäki Atamyz bize hökman sylag berer (Ýewreýler 11:6-ny okaň).

150-NJI AÝDYM Hudaýy agtaran halas bolar

^ Agyr synaglardan geçen hudaýhon adamlar barada oýlananymyzda ilki bilen Eýýup pygamber göz öňümize gelýär. Eýýup bilen bolan waka Şeýtanyň hiç bir adamy mejburlap Ýehowadan dänderip bilmejekdigini subut edýär. Şeýle-de Ýehowanyň biziň çekýän derdimizi görýändigini we ýagdaýymyza düşünýändigini görkezýär. Ýehowa Eýýuby agyr derdinden gutaryşy ýaly, biziň hem ähli kynçylyklarymyzy aýrar. Eger biz Eýýubyň göreldesine eýersek, «Ýehowa umyt baglaýan» adamlaryň arasynda bolarys.

^ DÜŞÜNDIRILIŞ: «umyt» diýen ýewreý sözi bir zada sabyrsyzlyk bilen garaşmagy aňladýar. Şeýle-de birine ynanmagy we bil baglamagy aňladýar (Zeb. 25:2, 3; 62:5).

^ Käbir atlar üýtgedildi.

^ SURAT: Eýýup pygamberiň çagalary bir günde aradan çykýar.

^ SURAT: Eýýup pygamber synaglara döz gelýär. Ol aýaly bilen Ýehowanyň beren bereketleri hakda oýlanýar.