Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Ýagşylyk kanunyny» berjaý edeliň

«Ýagşylyk kanunyny» berjaý edeliň

LIZA * şeýle diýýär: «Ýehowanyň Şaýatlarynyň eden ýagşylygy meni Mukaddes Kitap okuwyna başlamaga höweslendirdi». Hanna: «Meni Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagzy däl-de, ýagşy işleri özüne çekdi» diýýär. Hawa, dogan-uýalaryň eden ýagşylygy Lizanyň hem, Hannanyň hem ýüreginde öçmejek yz galdyrdy. Häzir olar Ýehowanyň Şaýady we Mukaddes Kitaby höwes bilen okaýarlar.

Biz sözde we iş ýüzünde nädip ýagşylyk edip bileris? Biz kimlere ýagşylyk etmeli? Häzir şu soraglaryň jogabyny bileris.

MÄHIRLI GEPLEŞELIŇ

Nakyllar 31-nji bapda «dilinden ýagşylyk kanuny düşmeýän» gaýratly gelin wasp edilýär (Nak. 31:26). Ol mähirli gepleýär we göwne degiji sözleri aýtmaýar. Ärler hem, atalar hem ýagşylyk kanunyny berjaý etmeli. Adatça, çagalara gygyrsaň we olar bilen gödek gepleşseň, gulak asmak islemeýärler. Munuň şeýledigine köp ene-atalar göz ýetirdiler. Eger ene-atalar mähirli gepleşseler, çagalary höwes bilen gulak asarlar.

Biziň ählimiz «ýagşylyk kanunyna» eýermek üçin jan etmeli. Nädip? Nakyllar 31:26-da: «Akyldarlyk sözlerini aýdyň» diýilýär. Munuň üçin biz aýtjak sözümize we äheňimize ünsli bolmaly. Biz özümize şu soragy bermeli: «Meniň aýtjak sözüm adamlaryň gaharyny getirermi ýa-da köşeşdirer?» (Nak. 15:1). Hawa, aýtjak sözümiz hakda öňünden oýlansak paýhasly bolup bileris.

Nakyllar 12:18-de: «Oýlanman aýdylan söz gylyç kimin ýara salýandyr» diýilýär. Adamlar bilen gödek gepleşsek, olaryň göwnüne degip bileris. Ýöne «ýagşylyk kanunyna» eýersek, aýdýan sözümize we äheňimize ünsli bolarys. Biz ýürege ýara salýan awuly sözleri däl-de, derde derman bolýan hoş sözleri aýdarys (Efes. 4:31, 32). Gökdäki mähirli Atamyz Ýehowa bize gowy görelde görkezdi. Ol ölümini dilän Ylýas pygamberi perişdesi arkaly ruhlandyrdy. Ýehowa Ylýas bilen «pessaý we mylaýym ses» bilen gepleşdi (1 Pat. 19:12). Biz «ýagşylyk kanunyna» diňe bir sözde däl-de, iş ýüzünde hem eýermeli. Nädip?

ÝAGŞYLYK EDELIŇ

Ýehowanyň göreldesine eýersek adamlara ýagşylyk ederis we mähirli gepleşeris (Efes. 4:32; 5:1, 2). Dogan-uýalaryň eden ýagşylygy Lizanyň durmuşyny bütinleý üýtgedýär. Liza şeýle gürrüň berýär: «Biz gyssag ara göçmeli bolduk. Ýygnakdan iki är-aýal işinden rugsat alyp, bize göçmäge kömek etdi. Şol wagt men Mukaddes Kitapdan okuw geçmeýärdim». Dogan-uýalaryň eden ýagşylygy Lizany Ýehowa barada bilim almaga höweslendirdi.

Hanna Ýehowanyň Şaýatlarynyň eden ýagşylygyny hiç haçan unutmaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Maňa hiç kim ýagşylyk etmändi, şonuň üçin adamlardan göwnüm geçipdi. Men Ýehowanyň Şaýatlaryna-da ynanmaýardym. Olaryň meniň bilen näme üçin mähirli gepleşýändigine düşünmeýärdim. Emma Mukaddes Kitapdan okuw geçýän uýanyň hemişe aladamy edýändigini görüp, oňa ynanyp başladym. Şondan soňra Mukaddes Kitaby çuňňur özleşdirmegi ýüregime düwdüm».

Liza-da, Hanna-da dogan-uýalaryň edýän ýagşylyklaryny görüp, Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladylar. Şeýlelikde, olar Ýehowa Hudaý we Onuň halky bilen dostlaşdylar.

ÝAGŞYLYK EDÝÄN HUDAÝDAN GÖRELDE ALALYŇ

Käbirleri alan terbiýesi, medeniýeti sebäpli hemişe ýylgyrýarlar we mähirli gepleşýärler. Elbetde, güler ýüzli we hoş sözli adamlary hemmeler gowy görýär. Emma Ýehowanyň ýagşylyk häsiýetinden görelde almak üçin adamyň dogabitdi mähirli we ýumşak bolmagy ýeterlikli däl (Resullar 28:2-ni deňeşdiriň).

Ýagşylyk häsiýeti Ýehowanyň mukaddes ruhunyň miwesi (Gal. 5:22, 23, çykgyt). Şol sebäpli biz Ýehowadan mukaddes ruhy sorap doga etmeli. Şonda biz Ýehowanyň we Isa pygamberiň göreldesine eýerip, adamlara ýagşylyk ederis. Biz Ýehowanyň Şaýatlary, adamlaryň ýürekden aladasyny edýäris, sebäbi Ýehowa Hudaýy we adamlary söýýäris. Biz Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýerip ýagşylyk etsek, Ony razy ederis.

ÄHLI ADAMLARA ÝAGŞYLYK EDELIŇ

Adatça, biz tanyş-bilişlerimize ýa-da bize ýagşylyk eden adamlara minnetdar bolýarys we olara ýagşylyk etmekden ýadamaýarys (2 Şam. 2:6; Kol. 3:15). Emma adamlar eden ýagşylygyň gadyryny bilmeseler näme?

Ýehowa ýagşylyk etmekde ajaýyp görelde görkezdi. Mukaddes Kitapda ýagşylyk etmegiň wajypdygy hakda ençeme sapar aýdylýar. «Ýagşylyk etmek» mynasyp bolmasaň-da, gazanyp bilmeseň-de, jomartlyk bilen berilýän berekedi, sowgady ýa-da sylagy aňladýar. Ýehowa nädip ýagşylyk edýär?

Ýehowa asyrlarboýy ähli adamlara ýagşylyk edýär. Ol adamlar üçin Gününi dogurýar, ýagmyryny ýagdyrýar (Mat. 5:45). Ýehowa özüni tanamaýan adamlardan hem ýagşylygyny gaýgyrmaýar (Efes. 2:4, 5, 8). Meselem, Allatagala söwer Ogluny ähli adamlar üçin gurban etdi. Pawlus resul Ýehowanyň töleg gurbanyny berip «uly ýagşylyk edendigini» aýdýar (Efes. 1:7). Biz günäli bolsak-da, Ýehowany gynandyrsak-da, Ol bize görkezme berýär. Ýehowanyň öwüt-nesihaty çisňäp ýagýan «ýagyş deý» göwnümizi galkyndyrýar (5 Mus. 32:2). Biz gökdäki Atamyzyň eden ýagşylygynyň öwezini hiç haçan dolup bilmeris (1 Petrus 1:13-i deňeşdiriň).

Ýehowa ýagşylyk etmedik bolsa, biziň gelejege umydymyz bolmazdy. Ýagşylyga baý Hudaý Ýehowa bilen dostlaşyp bilýändigimize diýseň begenýäris. Eger biz Ýehowanyň göreldesine eýersek, diňe bir tanyş-bilişlerimize däl-de, ähli adamlara her gün ýagşylyk ederis (1 Sel. 5:15). Yssy howada sowuk suw teşne jany gandyrýar. Edil şonuň ýaly, biziň hoş sözlerimiz we edýän ýagşylygymyz dogan-garyndaşlarymyzyň, imandaşlarymyzyň, işdeşlerimiziň, klasdaşlarymyzyň we goňşy-golamlarymyzyň göwnüni galkyndyrar.

Siz kimlere ýagşylyk edip bilersiňiz? Belki, dogan-garyndaşlaryňyz ýa-da imandaşlaryňyz mähirli sözleriňize we siziň goldawyňyza mätäçdir. Siz dogan-uýalaryň öýüni arassalamaga, mellegini agdarmaga ýa-da bazardan gerek-ýarak zatlaryny satyn almaga kömek edip bilersiňiz. Şeýle-de wagyzda kömege mätäç adamlara duş gelseňiz, olara eliňizden gelen ýagşylygy ediň.

Geliň, Ýehowanyň göreldesine eýereliň we «ýagşylyk kanunyny» sözde hem-de iş ýüzünde berjaý edeliň!

^ Käbir atlar üýtgedildi.