Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Isa «men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

Isa şägirtlerine parahat, agzybir ýaşamalydygyny aýtdy. Ýöne ol şeýle sözleri hem aýtdy: «Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň; men parahatlyk däl, gylyç getirdim. Sebäbi men ogly kakasyndan, gyzy ejesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim» (Mat. 10:34, 35, çykgyt). Isa nämäni göz öňünde tutdy?

Elbetde, Isa maşgala agzalaryň arasynda bölünişik döretjek bolmady. Ýöne Mukaddes Kitapdan okuw geçip, özüni Hudaýa bagyş edenlere maşgala agzalarynyň garşy çykjakdygyny aýtdy. Isanyň şägirdi bolanyňdan soň, ýanýoldaşyň ýa-da maşgala agzalaryňdan biri garşy çyksa Hudaýyň kada-kanunlaryny ýerine ýetirip, Oňa wepaly bolmak kyn bolup biler.

Mukaddes Kitapda: «Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak boluň» diýilýär (Rim. 12:18). Onda näme üçin Isa «men gylyç», ýagny agzalalyk getirdim diýdikä? Kimdir biri Isa Mesihiň şägirdi bolup tabşyryklaryny ýerine ýetirip başlasa, dogan-garyndaşlary garşy çykyp biler. Şonuň üçin Isa «adamyň duşmany öý-içerisindäkiler bolar» diýdi (Mat. 10:36).

Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlary bilen ýaşaýan dogan-uýalaryň Ýehowa we Isa pygambere imany synalyp biler. Meselem, iman etmeýän dogan-garyndaşlary däp-dessurlary berjaý etmegi, baýramçylyklara gatnaşmagy talap edip biler. Şeýle ýagdaýda siz kimiň göwnünden turarsyňyz? Isa pygamber şeýle diýdi: «Kim kakasyny ýa ejesini menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir» (Mat. 10:37). Elbetde, Isa Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanyňdan soň, ene-ataňy söýmeli däl diýjek bolmady. Ýöne her kimiň, her zadyň öz ýeri bar. Elbetde, dogan-garyndaşlarymyz garşy çyksa-da, biz olary söýmeli. Ýöne Ýehowany bütin ýüregimiz, bütin janymyz-tenimiz bilen söýmeli.

Dogry, dogan-garyndaşlaryň garşy çykmagy ýüregiňe bitmejek ýara salyp biler. Ýöne Isanyň şägirtlerine aýdan şu sözlerini ýatdan çykarmaly däl: «Kim jebir pürsüni alyp yzyma düşmese, şägirdim bolmaga mynasyp däldir» (Mat. 10:38). Hawa, biziň her birimiz synaglaryň boljakdygyny, dogan-garyndaşlarymyzyň garşy çykjakdygyny bilýäris. Ýöne hiç haçan umydymyzy üzmäliň. Dogan-garyndaşlarymyz ýagşy edim-gylymymyzy görüp, iru-giç Ýehowany tanamak islärler (1 Pet. 3:1, 2).