Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

38-NJI MAKALA

Ynamdar adam boluň!

Ynamdar adam boluň!

«Ynamdar adam syr saklaýar» (Nak. 11:13).

101-NJI AÝDYM Agzybir bolalyň

MAZMUNY a

1. Ynamdar adam nähili bolýar?

 YNAMDAR adam beren sözünde durýar we syr saklamagy başarýar (Zeb. 15:4). Adamlaram oňa ähli zadyny ynanyp bilýär. Bizem dogan-uýalaryň ynamyny gazanmak isleýäris. Munuň üçin näme etmeli?

2. Ynamdar bolmak üçin kimden görelde almaly we näme üçin?

2 Puly sowmak aňsat, gazanmak kyn. Edil şonuň ýaly, ynamdan gaçmak aňsat, ýöne gazanmak kyn. Biz adamlary mejburlap özümize ynandyryp bilmeýäris. Munuň üçin tagalla etmeli. Ýehowa bize gowy görelde görkezdi. Ol ähli işlerinde ynama mynasypdygyny subut etdi (Zeb. 33:4). Bizem Ýehowadan görelde alyp bilýäris (Efes. 5:1). Şu makalada gadymy döwürde Ýehowadan görelde alyp ynamdar bolan adamlar barada bileris. Şeýle-de bize ynamdar bolmaga kömek etjek bäş häsiýet hakda gürrüň ederis.

YNAMDAR ADAMLARYŇ GÖRELDESINE EÝERIŇ

3, 4. Danyýar ynamdar adamdygyny nädip subut etdi we biz onuň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?

3 Danyýar pygamber döwürdeşleriniň arasynda iň ynamdar adamlaryň biridi. Bir gün wawilonlylar ysraýyllary sürgün edýärler, Danyýar pygamber hem ýesir düşýär. Ol Wawilonda adamlaryň ynamyny gazanmaly bolýar. Wawilonyň patyşasy Nawuhodonosor düýş görýär. Danyýar Ýehowanyň kömegi bilen düýşi ýorup berýär. Bir gün bolsa ol Ýehowanyň patyşadan razy däldigini aýdýar. Elbetde, patyşanyň gulagyna hoş ýakmaýan zady aýtmak üçin batyrgaýlyk gerekdi, sebäbi Nawuhodonosor patyşa zalymdy (Dan. 2:12; 4:20—22, 25). Birnäçe ýyldan soň Danyýar ynamdar adamdygyny ýene-de subut etdi. Ol köşgüň diwaryna ýazylan pygamberlik sözlerini jikme-jik düşündirdi (Dan. 5:5, 25—29). Dariý patyşa bilen köşk emeldarlary hem Danyýar pygamberiň «akyl-paýhasy bilen tapawutlanýandygyna» göz ýetirdiler. «Danyýar ynamdar we dogruçyl adamdy. Işine sowuk-sala garamaýardy» (Dan. 6:3, 4). Hawa, başga milletli hökümdarlar hem Ýehowanyň pygamberine ynanyp bolýandygyna düşündiler.

4 Biziň ählimiz Ýehowany şöhratlandyrmak isleýäris. Şol sebäpli Danyýar pygamber ýaly ynamdar adam bolmak üçin özümize şeýle soraglary bermeli: Ýehowa iman etmeýän adamlaryň arasynda abraýym nähili? Olar meni ynamdar adam hökmünde tanaýarlarmy?

Nehemýa şähere gözegçilik etjek ynamdar adamlary saýlady (5-nji abzasa serediň).

5. Nehemýa näme üçin Hananýany Iýerusalime gözegçi edip belledi?

5 B. e. öň 455-nji ýylda Iýerusalimiň diwarlary dikeldilenden soň, Nehemýa şähere gözegçilik edip biljek ynamdar adamlary gözleýär. Olaryň arasynda Galanyň baştutany Hananýa hem bardy. Mukaddes Kitapda Hananýanyň ynamdar we Hudaýdan gorkýan adamdygy aýdylýar (Neh. 7:2). Hananýa Ýehowany ýürekden söýýärdi we Ony razy etmek üçin özüne ynanylan işe yhlasly ýapyşýardy. Biz hem Ýehowany ýürekden söýsek we Ony razy etsek ynamdar adamdygymyzy subut ederis.

6. Tihikus ynamdar adamdygyny nädip subut edýär?

6 Geliň, Pawlus resulyň ynamdar dosty Tihikus hakda gürrüň edeliň. Pawlus öý tussaglygynda otyrka efeslilere hat ýazýar. Ol hatynda Tihikusa «Halypamyzyň wepaly guly» diýip, oňa ynanýandygyny görkezýär (Efes. 6:21, 22). Pawlus resul ýazan hatlaryny Efesdäki we Kolosdaky doganlara eltip bermegi Tihikusdan haýyş edýär. Şeýle-de oňa imandaşlaryny ruhlandyrmagy we göwünlik bermegi ynanýar. Şu günler hem Tihikus ýaly biziň aladamyzy edýän doganlaryň bardygyna örän begenýäris (Kol. 4:7—9).

7. Ynamdar ýaşulularyň we ýygnak hyzmatçylarynyň göreldesine nädip eýerip bileris?

7 Biz ynama mynasyp ýaşulularyň we ýygnak hyzmatçylaryň bardygyna guwanýarys. Olar Danyýar, Hananýa we Tihikus ýaly özüne ynanylan işleri ýürekden edýärler. Ýaşulular hepdäniň başyndaky duşuşyklarda geçirjek bölümine gowy taýýarlanýarlar. Olar ýygnakda ýumuş bilen çykyş edýän dogan-uýalara minnetdarlyk bildirýärler. Doganlar jemagat nutuklaryna gowy taýýarlanýarlar. Şol sebäpli biz Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlerimizi dynç günleri geçirilýän ýygnak duşuşyklaryna arkaýyn çagyryp bilýäris. Ýaşulular wagyz üçin edebiýatlaryň bolmagynyň hem aladasyny edýärler. Wepaly we aladaçyl doganlary berendigi üçin Ýehowa örän minnetdar. Biz nädip ynamdar adam bolup bileris?

SYR SAKLAMAGY BAŞARYŇ

8. Biz nämeden seresap bolmaly? (Nakyllar 11:13).

8 Biz dogan-uýalary ýürekden söýýäris we olaryň aladasyny edýäris. Emma olaryň durmuşyna goşulmakdan seresap bolmaly. I asyrda käbir mesihçiler «gybat... edýärler we başgalaryň işine goşulyp, gep gezdirýärler» (1 Tim. 5:13). Aýdaly, uýa saglyk ýagdaýy we kynçylyklary barada gürrüň berip, hiç kime aýtmazlygy haýyş edýär. Biz onuň haýyşyny bitirip, syryny saklasak ynamdar adamdygymyzy subut ederis b (Nakyllar 11:13-i okaň). Geliň, ýene haýsy ýagdaýlarda syr saklamalydygymyz hakda gürrüň edeliň.

9. Maşgala agzalarynyň her biriniň nähili jogapkärçiligi bar?

9 Maşgalada syr saklaň. Her bir maşgalanyň öz syry we öz edep-terbiýesi bolýar. Maşgala agzalarynyň ählisi syr saklamagy başarmaly. Meselem, dogan aýalynyň bir häsiýetine üns berýär. Ol aýaly barada başgalara gürrüň berip, onuň üstünden gülermi? Elbetde, ýok! Sebäbi ol aýalyny söýýär we onuň göwnüne degmek islemeýär (Efes. 5:33). Ene-atalar ýetginjek çagalarynyň garaýşyny göz öňünde tutup, sylag-hormat bilen gepleşmeli. Olar çagalarynyň ýalňyşlyklaryny hemmeleriň ýanynda aýdyp utandyrmaly däl (Kol. 3:21). Çagalar hem maşgalada bolýan ýagdaýlary başgalara gürrüň berip ýörmeli däl (5 Mus. 5:16). Maşgala agzalaryň her biri maşgalasynyň syryny saklamaga jan etse, maşgala ojagynda söýgi we parahatlyk höküm sürer.

10. Kimlere hak dost diýse bolar? (Nakyllar 17:17).

10 Dostuňyzyň syryny saklaň. Biz içki syrymyzy dostlarymyza gürrüň berenimizde ýüregimiz giňäp gidýär. Käte syryňy birine gürrüň bermek kyn bolup biler. Esasan-da, dostlaryňa gürrüň beren zatlaryňy başgalardan eşitseň, olara has-da ynamyň gaçar. Emma hak dost syr saklamagy başarýar. Geliň, «hak dost» bolalyň! (Nakyllar 17:17-ni okaň).

Ýaşulular syr saklamagy talap edýän meseleleri maşgala agzalarynyň ýanynda agzamaýar (11-nji abzasa serediň) c.

11. a) Biz ýaşululara we olaryň aýallaryna näme üçin ynanyp bileris? b) Syr saklamak babatda ýaşululardan näme öwrenip bileris? (Surata seredip jogap beriň).

11 Ýygnakda syr saklaň. Ýaşulular dogan-uýalaryň syryny saklap «ýelden gorag... çabgada pena bolýarlar» (Işa. 32:2). Biz kimdir biriniň syryny biljek bolup, ýaşululara sorag baryny bermeli däl. Sebäbi dogan-uýalar ýaşululary ynamdar adam hasaplaýarlar we syryny hiç kime paş etmejekdigini bilýärler. Ýaşulularyň aýallary hormata mynasyp, sebäbi olar dogan-uýalaryň syryny biljek bolup ärini synaga salmaýarlar. Bir ýaşulynyň aýaly şeýle gürrüň berýär: «Men ärime uly hormat goýýaryn. Ol dogan-uýalara ýürekden kömek edýär we çopançylyk idegini edip, olary ruhlandyrýar. Emma olaryň syryny aýtmaýar, kime kömek edendiginiň adyny hem agzamaýar. Ärimiň dogan-uýalaryň syry barada maňa hiç zat aýtmaýandygyna örän minnetdar. Şol sebäpli men olar bilen arkaýyn gepleşip bilýärin. Men hem ärime duýgularym, kynçylyklarym barada arkaýyn aýdýaryn, sebäbi onuň ynamdar adamdygyny bilýärin». Hawa, biziň her birimiz hem ynamdar adam bolmak isleýäris. Geliň, ynamdar bolmaga kömek etjek bäş häsiýet hakda gürrüň edeliň.

YNAMDAR ADAM BOLMAGA KÖMEK EDÝÄN HÄSIÝETLER

12. Ynamdarlygyň gözbaşy näme?

12 Söýgi häsiýeti ynamdarlygyň gözbaşy. Isa pygamber iki sany wajyp tabşyryk berdi: Ýehowa Hudaýyňy we ýakynyňy söý (Mat. 22:37—39). Ýehowany ýürekden söýsek, Onuň göreldesine eýerip ynamdar adam bolarys. Dogan-uýalary ýürekden söýsek, olaryň syryny hiç kime paş etmeris. Sebäbi biz olary gynandyrjak we ýüregine ýara saljak zatlary aýtmak islemeýäris (Ýah. 15:12).

13. Pesgöwünlik häsiýeti ynamdar adam bolmaga nädip kömek edýär?

13 Pesgöwünlik häsiýeti ynamdar bolmaga kömek edýär. Pesgöwünli mesihçi özüni başgalardan ýokary saýyp, hemme zady bilýän ýaly alyp barmaýar (Flp. 2:3). Ol syr saklamagy talap edýän meseleler barada dogan-uýalaryň ýanynda hiç zat aýtmaýar. Şeýle-de pesgöwünli adam öz pikirini öňe sürmän, Mukaddes Kitap we edebiýatlar esasynda gürrüň edýär.

14. Pähim-parasatly bolmak ynamdar bolmaga nädip kömek edýär?

14 Pähim-parasatly adam «dymmagyň öz wagtynyň... geplemegiň öz wagtynyň» bardygyny bilýär (Nes. 3:7). «Dymmak — altyn, geplemek — kümüş» diýlişi ýaly, käte geplemäge garanyňda, dymmak has wajyp bolýar. Nakyllar 11:12-de: «Parasatly adam dilini saklaýar» diýilýär. Geliň, bir tejribeli ýaşuly barada gürrüň edeliň. Başga ýygnagyň ýaşululary köplenç ondan ýygnagynyň meseleleri hakda maslahat soraýarlar. Ol barada ýygnagyndaky bir ýaşuly şeýle gürrüň berýär: «Ol başga ýygnaklaryň syr saklamagy talap edýän meseleleri barada hiç kimiň ýanynda, hatda biziň hem ýanymyzda dil ýarmaýar». Öz ýygnagynyň ýaşululary oňa hormat goýýarlar. Sebäbi onuň dogan-uýalaryň syryny hiç kimiň ýanynda gürrüň etmejekdigini bilýärler.

15. Dogruçyl bolmak başgalaryň ynamyny gazanmaga nädip kömek edýär? Düşündiriň.

15 Dogruçyllyk häsiýeti ynamdar bolmaga kömek edýär. Biz dogruçyl adama ynanýarys, sebäbi onuň hemişe hakykaty aýtjakdygyny bilýäris (Efes. 4:25; Ýew. 13:18). Aýdaly, siz ýygnakda öz geçirýän bölümiňiz bilen gowy edip çykyş etmek isleýärsiňiz. Şonuň üçin doganlaryň birinden çykyşyňyzy gowy edip diňläp, soňundan maslahat bermegini haýyş edýärsiňiz. Siz kimden maslahat sorarsyňyz? Gulagyňyza hoş ýakýan sözleri aýtjak dogandanmy? Ýa-da ýalňyşyňyzy düzetjek dogandan? Siz maslahat berip, ýalňyşyňyzy düzetjek dogandan kömek sorarsyňyz. Mukaddes Kitapda: «Gizlin saklanan söýgüden, ýüzüňe aýdylan käýinç ýagşydyr. Wepaly dostuň salan ýaralary... gowudyr» diýilýär (Nak. 27:5, 6). Elbetde, ýalňyşyň ýüzüňe aýdylsa, agyr degýär, ýöne ynamdar dostuň berýän maslahaty ökde mugallym bolmaga kömek edýär.

16. Nakyllar 10:19-a görä, biz näme etmeli?

16 Özüňe erk etmek ynamdar adam bolmaga kömek edýär. «Dil — bela, diş — gala» diýlişi ýaly, köp geplesek dogan-uýalaryň syryny paş ederis, dymsak syr saklarys (Nakyllar 10:19-y okaň). Interneti ulananymyzda özümize erk etmek kyn bolup biler. Eger seresap bolmasak dogan-uýalaryň syryny älem-jahana jar ederis. Biz özümize erk edip bilmän, syr saklamagy talap edýän maglumatlary internetde paýlaşsak, kimleriň okajakdygyny we nähili kynçylyklaryň dörejekdigini bilmeýäris. Şeýle-de wagyz işi gadagan edilen ýa-da çäklendirilen ýurtlarda polisiýa işgärleri bizi soraga tutanlarynda dilimize erk etmek örän wajyp. Biz mezmurçynyň: «Dilim bilen günä etmez ýaly... dilimi saklaryn» diýen sözlerine eýermäge jan etmeli (Zeb. 39:1). Görşümiz ýaly, maşgalada, dost-ýarlarymyzyň arasynda we ýygnakda ynamdar adam bolmaly. Munuň üçin özüňe erk etmeklik örän wajyp.

17. Biz dogan-uýalaryň ynamyny gazanmak üçin näme etmeli?

17 Biz biri-birini söýýän ynamdar adamlar bilen Ýehowa sežde edýändigimize begenýäris. Hawa, biziň ählimiz dogan-uýalaryň ynamyny gazanmak üçin tagalla etmeli. Biz olary ýürekden söýmeli, pesgöwünli, pähim-parasatly, dogruçyl bolmaly we özümize erk etmeli. Makaladaky maslahatlara eýersek we Ýehowa Hudaýdan görelde alsak, ynamdar adam hökmünde tanalarys.

123-NJI AÝDYM Hudaýyň guramasyna gulak asalyň

a Adamlaryň bize ynanmagy üçin olaryň ynamyny gazanmaly. Şu makalada ynamdar bolmak üçin näme etmelidigi we nähili häsiýetleriň gerekdigi hakda gürrüň ederis.

b Biz biriniň agyr günä edendigi barada bilsek, ony ýaşululardan kömek soramaga höweslendirmeli. Eger ol aýtmak islemese, özümiz ýaşululara gürrüň bermeli. Şonda Ýehowa wepalydygymyzy we ýygnagy goramak isleýändigimizi görkezeris.

c SURAT: ýygnak ýaşulusy uýanyň syryny maşgalasynyň ýanynda gürrüň bermeýär.