Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Ýer ýüzünde kimler direler we olara näme garaşýar?

Geliň, soragyň jogabyny Mukaddes Kitapdan bileliň.

Resullar 24:15-de: «Dogruçyllar hem-de erbetler direler» diýilýär. Dogruçyllar soňky demine çenli Ýehowa wepaly gulluk eden adamlar. Olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna ýazyldy (Mel. 3:16). Erbetler bolsa Ýehowany tanaman we Oňa gulluk etmän aradan çykan adamlar. Olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmady.

Ýahýa 5:28, 29-njy aýatlarda Resullar 24:15-däki iki topar barada aýdylýar. Isa: «Ýagşy iş edenler ýaşamak üçin, erbet iş edenler höküm edilmek üçin direler» diýdi. Dogruçyllar ölmänkä ýagşy işleri etdiler we atlary ýaşaýyş kitabyna ýazyldy. Şol sebäpli olar ýer ýüzünde boljak Jennetde direldiler. Erbet adamlar bolsa ölmänkä erbet işleri etdiler we olar höküm edilmek üçin direler. Olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmady. Ýöne olara 1 000 ýylyň dowamynda Ýehowa barada öwrenip, atlarynyň ýaşaýyş kitabyna ýazylmagy üçin mümkinçilik berler. Isa bilen saýlanan mesihçiler olaryň öwrenen zatlaryna görä ýaşaýandygyna syn ederler.

Ylham 20:12, 13-nji aýatlarda täze dünýäde golýazmalaryň açyljakdygy aýdylýar. Direljek adamlaryň ählisi golýazmalardaky kada-kanunlara eýermeli bolarlar. Gulak asmadyk adamlary Ýehowa ýok eder (Işa. 65:20).

Danyýar 12:2-de: «Toprakda ýatan ençeme adamlar ukudan oýanar. Olaryň käbiri ebedi ýaşaýşa gowşar, käbiri käýinje we ebedi höküme sezewar bolar» diýilýär. Aýatda soňky synag barada gürrüň edilýär. Diýmek, 1 000 ýylyň ahyrynda kimleriň ebedi ýaşajakdygy, kimleriň höküm ediljekdigi belli bolar (Ylh. 20:15; 21:3, 4).

Täze dünýäde direljekleri daşary ýurda giden adamlara meňzetse bolar. Uzak möhletli we gysga möhletli wizalar bolýar. Dogruçyllary uzak möhletli wiza alan adamlara meňzetse bolar. Olara köp erkinlik berilýär. Erbetleri bolsa gysga möhletli wiza alan adamlara meňzetse bolar. Olar ýurtda galmak üçin hökümetiň kanunyna doly tabyn bolýandygyny görkezmeli. Edil şonuň ýaly, direljek erbet adamlar Jennetde ýaşamaga mynasypdygyny subut etmek üçin Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermeli. Adamlar daşary ýurda nähili wiza bilen gitseler-de, döwletiň kanunyna eýerseler, ol ýeriň raýatlygyny alyp bilýärler, eýermeseler ýurtdan çykarylýarlar. Edil şonuň ýaly, direlen adamlar Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerseler täze dünýäde ebedi ýaşap bilerler.

Ýehowa söýgüden doly, adalatly Hudaý (5 Mus. 32:4; Zeb. 33:5). Ol adamlary söýýändigi üçin hem dogruçyllary, hem erbetleri direlder. Emma Allatagala olardan ýokary ahlak kadalaryna eýerip ýaşamagy talap eder. Kim Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerse we Ony razy etse, Jennetde ebedi ýaşar.