Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1-NJI MAKALA

Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyna ynanýarsyňyzmy?

Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyna ynanýarsyňyzmy?

2023-NJI ÝYLYŇ AÝADY: «Seniň sözüň hakykatdyr» (Zeb. 119:160).

96-NJY AÝDYM Hudaýyň Sözi genji-hazyna

MAZMUNY a

1. Köp adamlar näme üçin Mukaddes Kitaba ynanmaýar?

 ŞU GÜNLER köp adamlar ähli zada şübhelenýärler. Olar kime ynanjakdygyny bilmeýärler. Syýasy ýolbaşçylar, alymlar we täjirler öz peýdasyna çapýar. Şeýle-de dini ýolbaşçylaryň aýdýan zady edýän işi bilen deň gelmeýär. Şonuň üçin adamlaryň olardan göwni geçip, sylag-hormat goýasy gelmeýär we Mukaddes Kitaby hem okamak islemeýär.

2. Zebur 119:160-a görä, biz nämä ynamly bolmaly?

2 Biz Ýehowanyň hak Hudaýdygyna we adamlara hemişe ýagşylyk isleýändigine doly ynanýarys (Zeb. 31:5; Işa. 48:17). Biz Hudaýyň «sözüniň özeniniň» hakykatdygyna şübhelenmeýäris b (Zebur 119:160-y we çykgydyny okaň). Biz Mukaddes Kitaby öwrenýän alymyň şu sözleri bilen doly ylalaşýarys: «Hudaý hiç haçan ýalan sözlemeýär, her bir aýdan sözi ýerine ýetýär. Akýürekli adamlar Hudaýyň sözüne ýürekden ynanýar, sebäbi Onuň hemişe hakykaty aýdýandygyny bilýärler».

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Biz adamlara Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyna iman etmäge nädip kömek edip bileris? Geliň, Mukaddes Kitabyň dogry göçürilendigi, ondaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigi we maslahatlarynyň adamyň durmuşyny düýpgöter üýtgedýändigi hakda gürrüň edeliň. Şonda Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyna has-da göz ýetireris.

MUKADDES KITABYŇ GADYMY GOLÝAZMALARY

4. Käbir adamlar näme üçin Mukaddes Kitabyň aýatlary ýoýlandyr öýdýär?

4 Ýehowa Hudaý 40-a golaý wepaly adama Mukaddes Kitaby ýazdyrdy. Emma onuň asyl nusgasy biziň günlerimize gelip ýetmedi. Mukaddes Kitap asyrlarboýy birnäçe sapar göçürildi we biziň elimize göçürilen nusgasy gelip ýetdi. Şonuň üçin köp adamlar onuň käbir aýatlary ýoýlandyr öýdýärler. Mukaddes Kitabyň dogry göçürilendigine ynanmaga näme kömek edýär?

Ökde mürzeler Töwrat kitabyny dogry göçürmek üçin elinde baryny etdiler (5-nji abzasa serediň).

5. Töwrat kitaby nädip göçürildi? (Daşky sahypadaky surata serediň).

5 Ýehowa Mukaddes Kitabyň ýitip gitmezliginiň aladasyny etdi. Meselem, ol Ysraýylyň patyşalaryna Töwrat kitabyny göçürmegi tabşyrdy. Lewiler bolsa Musanyň kanunyny halka düşündirmelidi (5 Mus. 17:18; 31:24—26; Neh. 8:7). Ýehudylar Wawilon ýesirliginden azat bolansoň, ökde mürzeler Töwrat kitabynyň birnäçe nusgasyny göçürdiler (Hyd. 7:6, çykgyt). Olar işine jür adamlardy. Mürzeler Mukaddes Kitaby göçürenlerinde diňe bir sözleri däl-de, hatda harplary sanap göçürýärdiler. Elbetde, olaram bikämil bolandygy üçin kiçiräk ýalňyşlary goýberýärdiler. Ýöne Töwrat kitabynyň göçürilen nusgalarynyň köp bolandygy üçin, şol ýalňyşlary tapyp bolýardy. Nädip?

6. Alymlar Mukaddes Kitabyň golýazmalaryndan ýalňyşlary nädip tapýarlar?

6 Mukaddes Kitaby öwrenýän alymlar mürzeleriň goýberen ýalňyşyny tapmagyň iň gowy usulyny bildiler. Aýdaly, bir ýazgyny 100 sany adam göçürýär. Olaryň biri ýönekeýje ýalňyşlyk goýberýär. Onuň ýalňyşyny tapmagyň iň gowy usuly beýleki 99-y bilen deňeşdirmeli. Edil şonuň ýaly, alymlar golýazmalary bir-biri bilen deňeşdirip, goýberilen ýalňyşlary we galdyrylan sözleri tapýarlar.

7. Mürzeleriň golýazmany dogry göçürmek üçin jan edendigini nireden bilýäris?

7 Mürzeler Mukaddes Kitaby dogry göçürmek üçin elinde baryny etdiler. Biziň günlerimize gelip ýeten Töwrat kitabynyň iň gadymy nusgasy b. e. 1008-nji ýa-da 1009-njy ýylynda göçürildi. Şol golýazma Leningrad kodeksi diýilýär. Soňky ýyllarda Mukaddes Kitabyň göçürilen başga nusgalary hem tapyldy. Şol nusgalar Leningrad kodeksinden takmynan 1000 ýyl öň göçürilipdir. Käbirleri 1000 ýylyň dowamynda gaýta-gaýta göçürilendigi üçin Leningrad kodeksi gadymky golýazmalardan düýpgöter tapawutlanýandyr öýdýärler. Ýöne olar ýalňyşýarlar. Alymlar täze tapylan golýazmalary gadymky golýazmalar bilen deňeşdirip, olaryň arasynda sähelçe tapawudyň bardygyny, emma Mukaddes Kitabyň habarynyň ýoýulmandygyny anykladylar.

8. Injiliň göçürilen nusgalary bilen gadymy golýazmalaryň arasynda nähili tapawut bar?

8 I asyrdaky mesihçiler Töwrady göçüren mürzeleriň göreldesine eýeripdirler. Olar hem 27 kitapdan ybarat Injili dogry göçürmek üçin elinde baryny edipdirler. Soňra şol nusgalary ýygnakda we wagyzda ulanypdyrlar. Bir alym Injiliň golýazmalaryny I asyrda ýazylan beýleki kitaplar bilen deňeşdirip, şeýle netijä gelýär: «Taryhy kitaplara garanyňda, Injiliň köp golýazmalary biziň günlerimize gelip ýetdi. Şeýle-de golýazmalarda Injiliň ähli kitaplary bar». Bir kitapda bolsa şeýle diýilýär: «Injiliň dogry terjimesini okaýan adamlar asyl nusgadaky habaryň ýoýulmandygyna göz ýetirýärler».

9. Işaýa 40:8-e görä, Mukaddes Kitabyň biziň günlerimize ýoýulman gelip ýetmegi nämäni subut edýär?

9 Asyrlarboýy zähmetsöýer mürzeler Mukaddes Kitaby dogry göçürmek üçin elinde baryny etdiler. Şol sebäpli biz şu günler Mukaddes Kitabyň dogry terjimesini okap lezzet alýarys. c Hawa, Ýehowa Hudaý Mukaddes Kitabyň biziň günlerimize gelip ýetmeginiň aladasyny etdi (Işaýa 40:8-i okaň). Belki, käbir adamlar: «Mukaddes Kitabyň ýoýulman biziň günlerimize gelip ýeten bolmagy mümkin, ýöne bu onuň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyny subut etmeýär» diýýändir. Geliň, Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözüdigini subut edýän käbir delillere seredeliň.

MUKADDES KITABYŇ PYGAMBERLIKLERI

Çep tarapda: C. Sappa/​DeAgostini/​Getty Images; right: Image © Homo Cosmicos/​Shutterstock

Mukaddes Kitabyň pygamberlikleri ýerine ýetýär (10, 11-nji abzaslara serediň) e.

10. 2 Petrus 1:21-e görä, Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegi nämäni subut edýär? (Surata serediň).

10 Mukaddes Kitapdaky köp pygamberlikler ýerine ýetdi. Olaryň käbiri şol wakadan ýüzlerçe ýyl öň ýazylypdy. Taryha ser salsak, şol pygamberlikleriň jikme-jik ýerine ýetendigini görse bolýar. Biz muňa geň galmaýarys! Sebäbi şol pygamberlikler Mukaddes Kitaba Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan (2 Petrus 1:21-i okaň). Geliň, gadymy şäher Wawilon hakda gürrüň edeliň. Işaýa pygamber b. e. öň VIII asyrda Wawilon şäheriniň basylyp alynjakdygy hakda pygamberlik etdi. Hatda ol Wawilony kimiň we nädip basyp aljakdygyny aýtdy (Işa. 44:27—45:2). Işaýa Wawilonyň ýer bilen ýegsan boljakdygy we ol ýerde janly-jemendäniň ýaşamajakdygy hakda hem pygamberlik etdi (Işa. 13:19, 20). Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly hem boldy. B. e. öň 539-njy ýylda Midiýa-Pars goşuny beýik şäher Wawilony ýer bilen ýegsan etdi. Şu günler Wawilon şäheri haraba bolup ýatyr («Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 3-nji sapagyň 5-nji abzasyndaky «Wawilonyň weýran ediljegi öňünden aýdyldy» diýen wideony görüň).

11. Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy baradaky pygamberligiň ýerine ýetişi hakda gürrüň beriň (Danyýar 2:41—43).

11 Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler diňe bir geçmişde däl, şu günler hem ýerine ýetýär. Geliň, Danyýar pygamberiň Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy hakda ýazan pygamberligi barada gürrüň edeliň (Danyýar 2:41—43-nji aýatlary okaň). Pygamberlikde Angliýa-Amerika dünýä imperiýasynyň bir tarapdan demir ýaly güýçli, beýleki tarapdan bolsa toýun ýaly gowşak boljakdygy ýazylan. Biz şu pygamberligiň diri şaýady. Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy Birinji we Ikinji jahan uruşlarynda demir ýaly berkdigini görkezdi. Olaryň harby goşuny hem gün-günden güýçlenýär. Emma şol ýurtlaryň raýatlary zähmet haklaryny, adam hukuklaryny talap edip gozgalaň turuzýarlar we garaşsyzlyk ugrunda göreşýärler. Bir syýasatçy şeýle diýdi: «Şu günler demokratik ýurtlaryň arasynda ABŞ ýaly syýasy taýdan durnuksyz we bölünen ýurt ýokdur». Soňky döwürler Beýik Britaniýa hem demir ýaly berkdigini görkezip bilmeýär. Sebäbi Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyndan işleşmelimi ýa-da işleşmeli däldigi hakda belli bir karara gelip bilmeýärler. Şol sebäpli Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy aýgytly hereket edip bilmeýär.

12. Mukaddes Kitapdaky ýerine ýeten pygamberlikler bizi nämä ynandyrýar?

12 Mukaddes Kitapdaky ýerine ýeten pygamberlikler Hudaýyň gelejek hakda beren wadalaryna ynamymyzy artdyrýar. Mezmurçy Ýehowa: «Men sözüňe umyt edýärin, halas ederiňe garaşýaryn» diýip doga etdi (Zeb. 119:81). Biz onuň sözlerine goşulýarys. Ýehowa Mukaddes Kitap arkaly «ýagty gelejege umyt berýär» (Ýer. 29:11). Biz adamlaryň berýän wadasyna däl-de, Ýehowanyň wadalaryna umyt edýäris. Geliň, Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleri çuňňur öwrenip, Hudaýyň Sözüne ýürekden iman edeliň.

MUKADDES KITABYŇ MASLAHATLARY

13. Zebur 119:66, 138-nji aýatlara görä, Mukaddes Kitabyň ynama mynasypdygyny näme subut edýär?

13 Mukaddes Kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyny ýene näme subut edýär? Ondaky maslahatlar adamlara bagtly ýaşamaga kömek edýär (Zebur 119:66, 138-nji aýatlary okaň). Meselem, birwagtlar bir-birini söýmeýän we sylamaýan är-aýallar, indi agzybir ýaşaýarlar. Olar çagalaryny söýýärler we ýürekden aladasyny edýärler, sebäbi Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýarlar (Efes. 5:22—29).

14. Mukaddes Kitabyň adamyň durmuşyny üýtgedip bilýändigi hakda gürrüň beriň.

14 Mukaddes Kitabyň maslahatlary jenaýatçylara hem ýagşy adam bolmaga kömek edýär. Geliň, Jek d hakda gürrüň edeliň. Ol howply jenaýatçydy. Ony türmä basýarlar we ölüme höküm edýärler. Bir gün ol türmede doganlaryň tussaglara Mukaddes Kitap okuwyny geçirişini diňleýär. Doganlaryň güler ýüzi onuň doň ýüregini eredýär. Soňra Jek Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar we öwrenen zatlary boýunça ýaşaýar. Ol Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürip, durmuşyny düýbünden üýtgedýär we wagyzçy bolýar. Biraz wagtdan soň ömrüni Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilýär. Ol türmedäki tussaglara wagyz edýär we dört adama hakykata gelmäge kömek edýär. Jege ölüm jezasy berilmeli güni onuň aklawjylarynyň biri şeýle diýdi: «20 ýyl mundan öňki Jekden nam-nyşan galmandyr. Ýehowanyň Şaýatlarynyň öwreden zatlary oňa gylyk-häsiýetlerini üýtgedip, gowy adam bolmaga kömek etdi». Jege ölüm jezasy berlen hem bolsa, ol Mukaddes Kitabyň kömegi bilen ýagşy at gazandy. Hawa, Mukaddes Kitap ýöne-möne kitap däl. Ol Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan (Işa. 11:6—9).

Mukaddes Kitabyň maslahatlary dürli medeniýetli adamlaryň durmuşyny gowulandyrýar (15-nji abzasa serediň) f.

15. Ýehowanyň Şaýatlary başga adamlardan nämede tapawutlanýar? (Surata serediň).

15 Şu günler adamlar syýasy pikirleri, tire-taýpasy, baý ýa-da garypdygy sebäpli toparlara bölünýär. Ýöne Ýehowanyň halky Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýerip agzybir ýaşaýar (Ýah. 13:35; 1 Kor. 1:10). Geliň, Jon hakda gürrüň edeliň. Ol Afrikanyň ýurtlarynyň birinde önüp-ösýär. Onuň ýaşaýan ýurdunda raýatlyk urşy turýar. Jon harby goşunda gulluk edýär. Soňra goňşy ýurda gaçyp gidýär. Şol ýerde ol Ýehowanyň Şaýatlary bilen tanyşýar. Jon şeýle diýýär: «Men hak Hudaýa sežde edýän adamlaryň syýasata we urşa goşulman, bir-birini ýürekden söýmelidigine düşündim. Men öň watanymy goramak üçin şirin janymdan geçmäge taýyndym. Ýöne Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny öwrenemsoň, ömrümi Ýehowa bagyş etmek isledim». Ol öň eline ýarag alyp, başga milletden, tire-taýpadan bolan adamlary öldürmek islän bolsa, indi eline Mukaddes Kitaby alyp, olary halas etmek isleýär. Jonuň wakasyndan görnüşi ýaly, Mukaddes Kitabyň maslahatlary milletparazlygyň höküm sürýän döwründe agzybir ýaşamaga kömek edýär.

«SENIŇ SÖZÜŇ HAKYKATDYR»

16. Hudaýyň Sözüne näme üçin ýürekden iman etmeli?

16 Dünýäniň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär. Şonuň üçin imanymyzy gowşadýan synaglara duş gelmegimiz mümkin. Käbirleri Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözüdigine we Ýehowanyň wepaly hem paýhasly hyzmatkär arkaly görkezme berýändigine ynanmaýarlar. Olar bizi hem öz yzlaryna eýertjek bolmagy mümkin. Eger biz Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyna ýürekden iman etsek, olaryň toruna düşmeris. Biz «ömrümiziň ahyryna çenli (Hudaýyň) kanunlaryna eýermegi ýüregimize düweris» (Zeb. 119:112). Biz adamlara hakykat barada wagyz etmäge utanmarys, gaýtam olary şol boýunça ýaşamaga höweslendireris (Zeb. 119:46). Şeýle-de iň agyr synaglarda Hudaýa wepaly bolarys we kynçylyklara «şatlyk bilen döz geleris» (Kol. 1:11; Zeb. 119:143, 157).

17. 2023-nji ýylyň aýady hökmünde näme üçin Zebur 119:160 saýlandy?

17 Biz hakykatyny açandygy üçin Ýehowa müňdebir şükür edýäris. Hudaýyň Sözi bize güýç berýär, bagtly ýaşamaga we garaňky dünýäde hakykat ýolunda ýöremäge kömek edýär. Şeýle-de Hudaýyň Patyşalygynyň astynda eşretli durmuşda ýaşamaga umyt berýär. Goý, 2023-nji ýyl üçin saýlanan aýat biziň Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyna ynamymyzy has-da artdyrsyn (Zeb. 119:160).

94-NJI AÝDYM Sözüň üçin minnetdar

a 2023-nji ýylyň aýady hökmünde Zebur 119:160 saýlandy. Aýatda: «Seniň sözüň hakykatdyr» diýilýär. Sizem şu aýat bilen ylalaşýan bolsaňyz gerek. Ýöne köp adamlar Mukaddes Kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna we onuň maslahatlarynyň peýdalydygyna şübhelenýärler. Geliň, Mukaddes Kitabyň ynama mynasypdygyny görkezýän üç subutnama seredeliň.

b DÜŞÜNDIRILIŞ: şu aýadyň çykgydyndaky «özen» diýen ýewreý sözi bir zadyň jemini aňladyp, Hudaýyň ähli sözüniň hakykatdygyny görkezýär.

c Köpräk bilmek üçin jw.org saýtyna girip, gözleg diýen ýere «Mukaddes Kitabyň taryhy» diýip ýazyň.

d Käbir atlar üýtgedildi.

e SURAT: Hudaýyň pygamberlik edişi ýaly, Wawilon şäheri haraba öwrüldi.

f SURAT: ýaş ýigit indi söweşmeýär. Ol Mukaddes Kitapdan parahat ýaşamak üçin näme etmelidigini öwrenýär we başgalara hem şu hakda wagyz edýär.