Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-NJI MAKALA

«Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň»

«Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň»

«Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň» (1 Pet. 5:8).

144-NJI AÝDYM Baýragy ýatda sakla!

MAZMUNY a

1. Isa dünýäniň soňy hakda näme diýdi we nähili duýduryş berdi?

 BIR GÜN şägirtleri Isadan: «Dünýäniň soňuny haýsy alamatdan bilse bolar?» diýip soraýar (Mat. 24:3). Şonda Isa: «Şol güni ýa sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de, Ogul-da bilýän däldir, diňe Ata bilýändir» diýip jogap berdi. Aslynda, şägirtler Iýerusalimiň weýran ediljek wagtyny bilesi gelýärdi. Ýöne Isanyň aýdan sözleri diňe bir I asyra däl-de, biziň günlerimize hem degişlidi. Soňra Isa sözüni dowam edip: «Hüşgär boluň, oýa boluň!» diýip duýdurdy (Mar. 13:32—37).

2. I asyrdaky mesihçiler näme üçin oýa bolmalydy?

2 I asyrdaky mesihçiler halas bolmak üçin oýa bolmalydylar. Isa Iýerusalim hakda şeýle sözleri aýdýar: «Siz Iýerusalimiň gabalandygyny görseňiz, onuň tizden harabaçylyga öwrüljekdigini biliň» (Luka 21:20, 21). Şonda şägirtler daglara gaçmalydylar. Isanyň duýduryşyna gulak asan adamlar Rim goşuny Iýerusalimi basyp alanda halas boldy.

3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Biz hem zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýarys. Şonuň üçin oýa bolmaly. Şu makalada dünýäde bolýan wakalara dogry garaýyşda bolmak üçin näme etmelidigini bileris. Şeýle-de nämelerden ägä bolmalydygymyza we wagtymyzy nädip paýhasly ulanyp biljekdigimize serederis.

DÜNÝÄDÄKI WAKALARA DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ

4. Pygamberlikleriň ýerine ýetişine näme üçin ünsli bolmaly?

4 Biz dünýädäki wakalar arkaly pygamberlikleriň ýerine ýetişini bilesimiz gelýär. Belki, siz hem şol hakda ýygy-ýygydan gürrüň edýänsiňiz. Isa soňky günlerde nähili wakalaryň boljakdygyny öňünden aýtdy (Mat. 24:3—14). Petrus resul hem imanymyz berk bolar ýaly, pygamberlikleriň ýerine ýetişine ünsli bolmagy maslahat berdi (2 Pet. 1:19—21). Ylham kitaby bolsa şeýle sözler bilen başlanýar: «Hudaý gullaryna tizden boljak zatlary Isa Mesih arkaly äşgär etdi» (Ylh. 1:1). Hawa, soňky günler baradaky pygamberlikler hemmämizi hem gyzyklandyrýar.

Pygamberlikler hakda gürrüň edenimizde nämeden gaça durmaly we näme etmeli? (5-nji abzasa serediň) b.

5. Pygamberlikler hakda gürrüň edenimizde nämeden gaça durmaly? (Surata serediň).

5 Biz dünýädäki wakalar hakda gürrüň edenimizde, pygamberlikleri özümizçe düşündirmekden seresap bolmaly. Aýdaly, täzeliklerde syýasy ýolbaşçylaryň bir dawany çözmek üçin parahatlygy dikeltjek bolýandygyny eşidýäris. Şonda biz «1 Selanikliler 5:3-däki pygamberlik ýerine ýetip başlapdyr-ow» diýip, ony özümizçe düşündirmeli däl. Gaýtam bu babatda edebiýatlarymyzda näme öwredýändigini biljek bolmaly. Biz öz pikirimizi öňe sürsek, ýygnakda agzalalyk döräp bilýär. Emma biziň aýdýan sözlerimiz Ýehowanyň guramasynyň çap eden edebiýatlaryna esaslansa, dogan-uýalar bilen «bir pikirde» bolarys we ýygnakda agzybirlik höküm sürer (1 Kor. 1:10; 4:6).

6. 2 Petrus 3:11—13-nji aýatlara görä näme etmeli?

6 2 Petrus 3:11—13-nji aýatlary okaň. Petrusyň aýdan sözleri Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Ol «Ýehowanyň geljek gününe bar ünsüňizi beriň» diýdi. Biz Armageddonyň gününi we sagadyny biljek bolman, gaýtam şol gün gelmänkä, mukaddes ýaşap Hudaýa wepaly bolmaly (Mat. 24:36; Luka 12:40). Hawa, biziň aýdýan sözlerimiz, edýän işlerimiz Hudaýy söýýändigimizi we oňa wepaly bolmak isleýändigimizi görkezmeli. Munuň üçin bolsa, biz erbetlikden ägä bolmaly.

ERBETLIKDEN ÄGÄ BOLUŇ!

7. Erbetlikden nädip ägä bolmaly? (Luka 21:34).

7 Isa diňe bir soňky günlerde boljak alamatlar hakda aýtman, bize erbet täsir edip biljek zatlar barada hem belläp geçýär. Ol Luka 21:34-de (okaň) erbetlikden «ägä boluň» diýip duýdurýar. Erbetlikden ägä bolýan adam Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirip biljek ýagdaýlardan gaça durýar we şeýle howplaryň öňüni alýar (Nak. 22:3; Ýahd. 20, 21).

8. Pawlus mesihçilere nähili maslahat berdi?

8 Pawlus resulyň aýdan sözleri hem bize erbetlikden gaça durmaga kömek edýär. Ol Efesdäki mesihçilere: «Akylsyz adamlar ýaly däl-de, paýhasly adamlar ýaly ýaşamak üçin her bir ädimiňize ünsli boluň» diýip maslahat berdi (Efes. 5:15, 16). Şeýtan Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmak üçin her dürli hileleri gurýar. Şol hilelerden goranmak üçin «Ýehowanyň islegine düşünjek bolmaly» (Efes. 5:17).

9. Ýehowanyň islegine düşünmek üçin näme etmeli?

9 Mukaddes Kitapda Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetirýän her bir howp barada aýdylmaýar. Käbir meselede özbaşdak karara geler ýaly, bize paýhaslylyk gerek bolýar. Munuň üçin Hudaýyň Sözüni her gün okamaly we oýlanmaly. Şonda Hudaýyň islegine gowy düşüneris. Biz «Mesihiň pikir edişi ýaly pikirlensek», islendik ýagdaýda paýhasly adam bolup bileris (1 Kor. 2:14—16). Hawa, käbir howplary görmek kyn däl, ýöne käbirleri göze görünmeýär.

10. Göze görünýän howplara nämeler degişli?

10 Göze görünýän howplara näz-kereşme etmek, içegenlik, iýermenlik, gödek sözler, erbet göwnaçmalar, pornografiýa we şuňa meňzeş zatlar degişli (Zeb. 101:3). Mekir duşmanymyz Şeýtan Ýehowa bilen dostlugymyzy gowşatmak üçin her dürli duzaklary gurýar (1 Pet. 5:8). Ol biziň ýüregimizde ýigrenç, tekepbirlik, açgözlük, göriplik, ýalan sözlemek we nägilelik ýaly häsiýetleriň tohumyny ekmek üçin mümkinçilik gözleýär (Gal. 5:19—21). Başda biz şol häsiýetlere üns bermezligimiz mümkin. Ýöne howpy görüp öňüni almasak, duşmanyň eken tohumlary ýüregimizde gögerip, Ýehowa bilen dostlugymyza howp salar (Ýak. 1:14, 15).

11. Näme üçin göze görünmeýän howplardan gaça durmaly? Mysal getiriň.

11 Geliň, indi göze görünmeýän howplaryň biri, ýagny ýaman ýaranlar hakda gürrüň edeliň. Aýdaly, siz Ýehowa iman etmeýän adam bilen işleýärsiňiz. Işdeşiňiz Ýehowanyň Şaýatlary hakda gowy pikirde bolar ýaly, özüňizi sylaşykly alyp barýarsyňyz we hemişe oňa ýagşylyk etjek bolýarsyňyz. Siz käwagt onuň bilen günortanlyk naharyna çykýarsyňyz. Soňabaka her gün diýen ýaly onuň bilen iýip-içip başlaýarsyňyz. Işdeşiňiz gürrüňiniň arasynda ahlaksyz zatlar hakda aýdýar. Ilkibaşda, siz şeýle gürrüňleri halamaýarsyňyz. Ýöne soňabaka şol zatlaryň käbirini makullap başlaýarsyňyz. Bir gün işdeşiňiz sizi işden soň oturmaga çagyrýar, siz hem razylaşýarsyňyz. Şondan soň siz işdeşiňize meňzäp başlanyňyzy duýman galýarsyňyz. Hawa, biz adamlar bilen ýumşak, sylaşykly bolmak isleýäris. Ýöne bir zady ýatdan çykarmaly däl, «Gawun gawundan reňk alar» diýlişi ýaly, kim bilen gatnaşsak, şoňa-da meňzäris (1 Kor. 15:33). Biz Isanyň erbetlikden ägä boluň diýen duýduryşyna gulak assak, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýan adamlar bilen ýakyndan gatnaşmarys (2 Kor. 6:15). Şonuň üçin, geliň, howply ýagdaýlardan gaça duralyň.

WAGTYŇYZY PAÝHASLY ULANYŇ

12. Isa şägirtlerine näme etmegi tabşyrdy?

12 Iýerusalim ýykylýança Isanyň şägirtleri näme etmelidi? Isa olara: «Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde wagyz etmegi» tabşyrdy (Res. 1:6—8). Şägirtler wagyz işine yhlasly gatnaşyp, wagtyny paýhasly ulanýandygyny görkezdiler.

13. Biz näme üçin wagtymyzy paýhasly ulanmaly? (Koloslylar 4:5).

13 Koloslylar 4:5-i okaň. Biz erbetlikden ägä bolmak üçin wagtymyzy nämä sarp edýändigimize ünsli bolmaly. Sebäbi biz «garaşylmadyk ýagdaýa» duş gelip bilýäris (Nes. 9:11). «Bu gün göreniň ertir ýok» diýlişi ýaly, her birimiziň duýdansyz ömür tanapymyz kesilip biler.

Biz wagtymyzy nädip paýhasly ulanyp bileris? (14, 15-nji abzaslara serediň).

14, 15. Biz wagtymyzy nädip paýhasly ulanyp bileris? (Ýewreýler 6:11, 12; surata serediň).

14 Ýehowanyň islegini ýerine ýetirip onuň bilen dostlugymyzy berkitsek, wagtymyzy paýhasly ulanarys (Ýah. 14:21). Munuň üçin biz «berk we tutanýerli bolup, Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekmeli» (1 Kor. 15:58). Şonda dünýäniň soňy gelse-de, aradan çyksak-da, armanly bolmarys (Mat. 24:13; Rim. 14:8).

15 Isa şu günler hem bütin ýer ýüzünde hoş habaryň wagyz edilmegine gözegçilik edýär. Ol Ýehowanyň guramasy arkaly bize tälim berýär we wagyz üçin gerekli esbaplary berýär (Mat. 28:18—20). Biziň her birimiz şu işe öz goşandymyzy goşup bilýäris. Munuň üçin yhlasly wagyz etmeli, adamlara ökdelik bilen öwretmeli we dünýäniň soňuna çenli oýa bolmaly. Biz Ýewreýler 6:11, 12-nji aýatlardaky (okaň) maslahata eýersek, «umydymyzy soňuna çenli saklap bileris».

16. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

16 Ýehowa Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ýok ediljek gününi we sagadyny belläp goýdy. Şol gün gelende Ol Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleri berjaý eder. Käwagt Ýehowanyň güni eglenýän ýaly bolup görünmegi mümkin. Ýöne Ýehowanyň güni «gijä galmaz!» (Hab. 2:3). Şonuň üçin, geliň, «gözlerimizi Ýehowa dikip», «Halasgär Hudaýymyza sabyrly garaşalyň!» (Mik. 7:7).

139-NJY AÝDYM Täze dünýäni göz öňüne getir!

a Şu makalada hüşgär we ruhy taýdan berk bolmak üçin näme etmelidigimizi bileris. Şeýle-de biz nämelerden ägä bolmalydygymyza we wagtymyzy paýhasly ulanmak üçin näme etmelidigimize serederis.

b SURAT: (Ýokarky) Är-aýal täzelikleri görýär. Soňra ýygnakda dogan-uýalara bolup geçýän wakalary özleriçe düşündirýär. (Aşaky) Är-aýal Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere düşünmek üçin Ýolbaşçylyk maslahatynyň hasabatyny görýär. Olar wepaly hyzmatkäriň Mukaddes Kitap esasynda çykaran edebiýatlaryny paýlaýar.