Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-NJY MAKALA

Ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýyň

Ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýyň

«Biz ol arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris we bardyrys» (Res. 17:28).

141-NJI AÝDYM Täsin ýaşaýyş

MAZMUNY a

1. Ýehowa biziň ýaşaýşymyza nähili garaýar?

 GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ, dostuňyz size maşyn sowgat berýär. Onuň beren maşyny köneje, reňki solan, käbir ýeri bolsa ýemşerlipdir. Ýöne onuň kemçiligi bolsa-da, bahasy birnäçe müň dollar. Siz dostuňyzyň sowgadyna nähili garardyňyz? Elbetde, siz ony gözüňiziň göreji ýaly aýap saklarsyňyz. Şonuň ýaly, Ýaradyjymyz Ýehowa hem bize gymmatly sowgady, ýagny ýaşaýyş sowgadyny berdi. Ýehowanyň biziň üçin ýeke-täk ogluny gurban bermegi her bir adamyň ýaşaýşyny gymmat saýýandygyny görkezýär (Ýahýa 3:16).

2. 2 Korinfliler 7:1-e görä, Ýehowa bizden nämä garaşýar?

2 Ýehowa ýaşaýşyň gözbaşy (Zeb. 36:9). Bu babatda Pawlus resul: «Biz ol arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris we bardyrys» diýdi (Res. 17:25, 28). Hawa, ýaşaýyş Ýehowanyň gymmatly sowgady. Hudaý söýgi bilen aladamyzy edip, ýaşaýyş üçin ähli gerekli zatlary berýär (Res. 14:15—17). Ýöne ol biziň janymyzy gudrat bilen goramaýar. Gaýtam, her bir adamyň beden we ruhy saglygyny goramak üçin öz tarapyndan tagalla etmegini isleýär (2 Korinfliler 7:1-i okaň). Geliň, jan-saglygymyzyň aladasyny etmegiň näme üçin wajypdygyny bileliň.

ÝAŞAÝŞY GYMMAT SAÝYŇ!

3. Biz näme üçin jan-saglygymyzyň aladasyny etmeli?

3 Biz Ýehowa bütin janymyz, tenimiz bilen gulluk edesimiz gelýär (Mar. 12:30). Muňa saglygymyzy goramagyň esasy sebäbi diýse bolar. Biz «bedenimizi diri, mukaddes we Hudaýa ýaraýan gurban hökmünde hödürlemek» isleýäris (Rim. 12:1). Şonuň üçinem saglygymyza zyýan ýetirjek islendik zatdan gaça durýarys. Ýöne näçe jan etsegem, biz keselçilikden gaçyp gutulyp bilmeýäris. Muňa garamazdan saglygymyzy goramak üçin elimizde baryny edesimiz gelýär. Sebäbi biz Ýaradyjymyzyň beren ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýýarys.

4. Dawut näme üçin uzak ýaşamak isleýärdi?

4 Dawut patyşanyň aýdan sözleri ýaşaýyş sowgadyny näme üçin gymmat saýýandygyny görkezýär. Ol: «Men ölsem, mazara insem, saňa ne peýda? Topraga siňsem, saňa alkyş aýdarynmy? Wepaly Hudaýym hakda gürrüň bererinmi?» diýdi (Zeb. 30:9). Dawut bu sözleri garran çagynda ýazan bolmaly. Ol Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin uzak ýaşamak isleýärdi. Elbetde, sizem uzak ýaşap Ýehowa köpräk gulluk etmek isleýänsiňiz.

5. Gartaşan ýa-da syrkaw adamlar nämeden seresap bolmaly?

5 Belki-de, garrylyk ýa-da ýarawsyzlyk sebäpli biz köp zat edip bilýän däldiris. Şonuň üçinem özümizi dereksiz duýup ruhdan düşýändiris. Şonda-da biz saglygymyzyň aladasyny etmeli. Näme üçin? Sebäbi bizem Dawut ýaly elimizde baryny edip, Ýehowany şöhratlandyryp bilýäris. Biz gartaşan ýa-da syrkaw bolsagam, Ýehowa edýän her bir tagallamyzy örän gymmat saýýar (Mat. 10:29—31). Biz hatda aradan çyksak hem Ýehowa direltjekdigini söz berýär (Eýp. 14:14, 15). Geliň, şonuň üçin başymyz dik wagty jan-saglygymyzy goramak üçin elimizde baryny edeliň.

ZYÝANLY ENDIKLERDEN GAÇA DURUŇ!

6. Iýip-içýän zatlarymyza näme üçin ünsli bolmaly?

6 Mukaddes Kitap saglyk kitaby bolmasa-da, onda Ýehowanyň saglyk babatda garaýşy ýazylan. Mysal üçin, Hudaýyň Sözünde «erbet zatlardan gaça duruň» diýilýär (Nes. 11:10). Mukaddes Kitapda iýermenlik we içegenlik ýazgarylýar. Sebäbi şol zatlar biziň saglygymyza zyýan ýetirýär (Nak. 23:20). Ýehowa biziň näme iýip-içýändigimize we näçeräk iýip-içýändigimize ünsli bolmagymyzy isleýär (1 Kor. 6:12; 9:25).

7. Nakyllar 2:11-däki sözler saglygymyzyň aladasyny etmäge nädip kömek edýär?

7 Hudaý bize pikirleniş ukybyny berdi. Biz pikirleniş ukybyny ulanyp jan-saglygymyzy gorap bilýäris (Zeb. 119:99, 100; Nakyllar 2:11-i okaň). Aýdaly, siz bir iýmiti gowy görýärsiňiz, ýöne şol iýmit saglygyňyz üçin zyýanly. Eger siz oýlanyp hereket etseňiz, şol iýmitden gaça durarsyňyz. Biz pikirleniş ukybyny ulansak, diňe bir zyýanly zatlardan gaça durman, eýsem, wagtynda ýatyp turarys, beden maşkyny ederis, şahsy arassaçylygy saklarys, öýümizi we daş-töweregimizi tämiz saklarys.

HOWPSUZLYGY SAKLAŇ!

8. Mukaddes Kitapda howpsuzlyk barada näme diýilýär?

8 Ýehowanyň ysraýyllara beren kanuny olary öýde ýa-da meýdanda işlände howply ýagdaýlardan goraýardy (2 Mus. 21:28, 29; 5 Mus. 22:8). Mysal üçin, kimdir birini tötänden öldüren adam jogapkärçilige çekilýärdi (5 Mus. 19:4, 5). Hatda dünýä inmedik çaga zyýan ýetiren adama hem temmi berilýärdi (2 Mus. 21:22, 23). Görşümiz ýaly, Ýehowa biziň howply ýagdaýlardan seresap bolmagymyzy isleýär.

Ýaşaýşy gymmat saýýandygymyzy haýsy ýagdaýlarda görkezip bileris? (9-njy abzasa serediň).

9. Nähili howpsuzlyk çärelerini görmeli? (Surata serediň).

9 Bizem öýde we işde howpsuzlygy saklasak, ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris. Mysal üçin, kesgir zatlary, himiki serişdeleri we däri-dermanlary çagalaryň eliniň ýetmeýän ýerinde goýmaly. Şol zatlar ulanylyp zyňlanda, başgalara zyýan ýetirmez ýaly aladasyny etmeli. Biz açyk ody, gaýnap duran zatlary we elektrik enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmaly däl. Şeýle-de sürüjiler akyl-huşuňa täsir edýän dermanlary atyp, spirtli içgileri içip we gaty ýadaw halda maşyn sürmekden saklanmaly. Maşyn süreniňde telefonda hem gürleşmeli däl, sebäbi jan-saglyk üçin howply.

BETBAGTÇYLYK BOLANDA

10. Betbagtçylyk bolanda näme etmeli we oňa nädip taýýarlanmaly?

10 Biz käte durmuşymyzda bolýan ýagdaýlaryň öňüni alyp bilmeýäris. Ýaşaýan ýerimizde tebigy betbagtçylyklar, keselçilik we syýasy çaknyşyklar bolup bilýär. Şeýle ýagdaýlarda hökümetiň goýýan çäklendirmelerine eýersek we berýän görkezmesine gulak assak, janymyzy howpdan gorarys (Rim. 13:1, 5—7). Emma käbir howplara öňünden taýýarlanyp bilýäris. Munuň üçin biz agyz suwuny, zaýalanmaýan iýmiti we gerekli däri-dermanlary öňünden alyp goýarys.

11. Ýokanç kesel ýaýranda, saglygymyzy nädip gorap bileris?

11 Ýaşaýan ýerimizde ýokanç kesel ýaýran bolsa näme etmeli? Biz hökümetiň görkezmesine eýerip, elimizi wagtly-wagtynda ýuwmaly, howpsuz araçägi saklamaly, agyz-burun örtügini dakmaly we köpçülige barmaly däl. Şu maslahatlara eýersek, ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris.

12. Nakyllar 14:15-e görä, biz nämä ünsli bolmaly?

12 Betbagtçylyk bolanda käte dost-ýarlarymyzdan, goňşularymyzdan we täzeliklerden nädogry maglumatlary eşidýändiris. Biz her bir aýdylan söze gulak gabartman, hökümetiň we saglyk guramalarynyň aýdýan ygtybarly maglumatlaryny diňlemeli (Nakyllar 14:15-i okaň). Ýolbaşçylyk maslahaty we filiallar hem görkezme bermezden öň belli bir ýagdaý hakda ygtybarly maglumatlary gözleýärler. Diňe şondan soň olar ýygnak duşuşyklary we wagyz işi babatda anyk görkezmeleri berýärler (Ýew. 13:17). Şol görkezmelere eýersek, hem özümizi, hem başgalary gorarys. Adamlar hem Ýehowanyň Şaýatlary hakda gowy pikirde bolarlar (1 Pet. 2:12).

GANDAN GAÇA DURUŇ!

13. Biz näme üçin gan goýbertmeýäris?

13 Köp adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň gany mukaddes hasaplaýandygyny bilýärler. Biz Ýehowanyň gan babatda beren tabşyrygyna gulak asýarys (Res. 15:28, 29). Şonuň üçinem janymyza howp abansa-da, gan goýbertmeýäris. Ýöne bu biziň janymyzdan doýandygymyzy aňlatmaýar. Gaýtam biz Hudaýyň beren ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýýarys. Biz ökde lukmanlar bilen işleşip gansyz, ýagny iň gowy bejergini alýarys.

14. Saglygymyza seretmek we howpsuzlygy saklamak näme üçin wajyp?

14 Şu makaladaky maslahatlara eýersek özümizi agyr kesellerden gorarys. Biz saglygymyzyň aladasyny öňünden etsek, operasiýa girmeli bolsagam tiz aýaga galarys. Şeýle-de biz öýde, işde howpsuzlygy saklasak we ýol düzgünlerini berjaý etsek, özümizi gerekmejek operasiýalardan gorarys.

Biz saglygymyzyň aladasyny edýändigimiz üçin ynanç hatyny doldurýarys we hemişe ýanymyzda göterýäris (15-nji abzasa serediň). d

15. a) Näme üçin ynanç hatyny doldurmaly? (Surata serediň). b) Wideo gansyz bejergi babatda paýhasly karara gelmäge nädip kömek edýär?

15 Biz ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýýandygymyz üçin gansyz bejergi almak hakdaky ynanç hatyny dolduryp, ony hemişe ýanymyzda göterýäris b. Ynanç hatynda gan we bejergi almak babatdaky garaýşymyzy beýan edýäris. Siz ynanç hatyny doldurdyňyzmy? Eger doldurmaly ýa-da täzelemeli bolsaňyz, muny soňa goýmaň. Ynanç hatymyz bolsa lukmanlar bilen düşünişmezlik döremez. Olar bize nähili bejerginiň gerekdigini derrew biler we nädogry bejergini bermez c.

16. Ynanç hatyny dolduryp bilmesek näme etmeli?

16 Biz ýaş bolsagam, sagdyn bolsagam, duýdansyz betbagtçylyga uçrap ýa-da keselläp bilýäris (Nes. 9:11). Şonuň üçin ynanç haty hemişe ýanyňyzda bolsa gowy bolar. Eger ony nädip doldurmalydygyny bilmeýän bolsaňyz, ýygnak ýaşulularyňyza ýüz tutuň. Olar size ynanç hatyny doldurmaga kömek eder. Ýöne bejergi almak babatda size derek karara gelmez. Muňa her kimiň özi jogapkär (Gal. 6:4, 5). Ýaşulular size bejergileriň görnüşlerine gowy düşünmäge we ony ynanç hatyna ýazmaga kömek eder.

PAÝHASLY BOLUŇ!

17. Biz nädip paýhasly bolup bileris?

17 Biz saglygymyzyň aladasyny edenimizde we bejergi saýlanymyzda Mukaddes Kitap boýunça terbiýelenen ynsabymyza görä karara gelýäris (Res. 24:16; 1 Tim. 3:9). Biz karara gelenimizde we gelen kararymyz hakda başgalar bilen gürrüň edenimizde Filipililer 4:5-däki maslahata eýeresimiz gelýär. Ol ýerde: «Hemmeler sizi paýhasly adam hökmünde tanasyn» diýilýär. Paýhasly bolsak, saglygymyz hakda çendenaşa alada etmeris we bejergi almak babatda öz pikirimizi öňe sürmeris. Elbetde, dogan-uýalaryň gelýän kararlary biziňkiden tapawutlanmagy mümkin. Muňa garamazdan, biz olaryň gelýän kararyna hormat goýýarys. Sebäbi biz dogan-uýalary gowy görýäris (Rim. 14:10—12).

18. Ýaşaýyş sowgadyna minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

18 Biz howpsuzlyk çärelerini saklap jan-saglygymyzyň aladasyny etsek, ýaşaýşyň gözbaşy Ýehowa Hudaýymyza minnetdardygymyzy görkezeris (Ylh. 4:11). Ýöne bikämil bolandygymyz üçin islesek-islemesek keselleýäris we betbagtçylyga uçraýarys. Emma Hudaý biziň şeýle ýaşamagymyzy islemeýär. Şonuň üçinem ol adamzada keselsiz we ölümsiz durmuşy, ýagny ebedi ýaşaýşy wada berýär (Ylh. 21:4). Geliň, şol durmuşa ýetýänçäk söýgüden doly gökdäki Hudaýymyza janymyz-tenimiz bilen gulluk edeliň!

140-NJY AÝDYM Ebedi ýaşaýyş

a Biz Hudaýyň beren ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýmak isleýäris. Şu makalada tebigy betbagtçylyklarda, saglygymyz bilen bagly meselede we howply ýagdaýlarda saglygymyzy hem-de ýaşaýşymyzy goramak üçin näme etmelidigini bileris.

b Ynanç hatyna DPA hem diýilýär.

c jw.org saýtyndaky «Gan meselesinde nädip dogry karara gelmeli?» diýen wideony görüň.

d SURAT: Dogan ynanç hatyny doldurýar we hemişe ýanynda göterýär.