Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Saýtymyzdan gözleg geçiriň

Saýtymyzdan gözleg geçiriň

Baş sahypadaky makalalary tapyň

Köp dogan-uýalar jw.org saýtynyň baş sahypasyndaky makalalary wagyz gullugynda ulanýarlar. Olary elektron enjamlaryna geçirmek aňsat. Şeýle-de makalalar Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere düşünmäge kömek edýär. Bir dogan şeýle diýýär: «Baş sahypadaky makalalar şu günler wagyz gullugynda tüýs gerekli esbap bolup durýar».

Ýöne baş sahypadaky makalalar täzelenip durýar, onda öňki makalalary nireden tapyp bileris?

  • jw.org saýtynyň baş sahypasyndaky «Köpräk maglumat görmek» diýen düwmä basyň. Düwme baş sahypadaky ilkinji makalanyň aşagynda ýerleşýär. Düwmä basanyňyzda, «Baş sahypadaky täze makalalar» diýen sahypa açylar. Şol ýerden siz baş sahypa çykan makalalary tapyp bilersiňiz.

  • jw.org saýtynda «Edebiýatlar», JW Library® programmasynda bolsa «Kitaphana» diýen düwmä basyň. Soňra «Internet makalalar» diýen bölüme girip, «Dürli temalar» atly bölümi tapyň. Şol ýerden baş sahypa çykan makalalary tapyp bilesiňiz.