Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-NJI MAKALA

Ýehowany tanamak üçin ýaradylan zatlara syn ediň

Ýehowany tanamak üçin ýaradylan zatlara syn ediň

«Hudaý göze görünmese-de, ýaradan zatlaryndan gudratly güýjüni we häsiýetlerini görüp bolýar» (Rim. 1:20).

6-NJY AÝDYM Gökler Hudaýy wasp edýär

MAZMUNY a

1. Eýýup pygamber Ýehowany gowy tanamak üçin näme etdi?

 EÝÝUP PYGAMBER ýaşan döwründe köp adamlar bilen söhbetdeş bolandyr. Emma onuň hak Alla bilen eden gürrüňdeşligi hiç haçan ýadyndan çykan däldir. Beýik Ýaradan Eýýuby täsin tebigat we janly-jandarlar hakda oýlanmaga höweslendirýär. Şonda Eýýup Ýehowanyň akyl-paýhasyna haýran galýar. Eger Ýehowa haýwanlaryň aladasyny edýän bolsa, wepaly bendesini goldamazmy näme?! (Eýp. 38:39—41; 39:1, 5, 13—16). Hawa, Eýýup pygamber ýaradylan zatlar hakda oýlanyp, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini gördi.

2. Adamlar haýsy sebäplere görä tebigaty synlap bilmeýär?

2 Biz janly tebigaty synlap, Allatagalany has gowy tanap bilýäris. Emma muny etmek aňsat däl. Şäherde ýaşaýan adamlaryň tebigaty we janly-jandarlary synlamaga mümkinçiligi bolmaýar. Obada ýaşaýanlaryň bolsa wagty bolmaýar. Geliň, tebigaty synlamak üçin wagt tapmagyň wajypdygy hakda gürrüň edeliň. Şeýle-de Ýehowanyň we Isa pygamberiň tebigat arkaly adamlara tälim berendigine seredeliň.

BIZ NÄME ÜÇIN ÝARADYLAN ZATLARA SYN ETMELI?

Ýehowa Adam atanyň tebigatdan lezzet almagyny isledi we haýwanlara at dakmagy tabşyrdy (3-nji abzasa serediň).

3. Ýehowa Adam ata nähili gyzykly iş tabşyrdy?

3 Ýehowa adamlaryň şatlanyp ýaşamagyny isleýär. Ol ilkinji ynsan Adam atany owadan Erem bagynda ýaratdy we oňa Erem bagyna gözegçilik etmegi, giňeltmegi tabşyrdy (1 Mus. 2:8, 9, 15). Adam ata tohumyň ösüşini we onuň pajarlap gül açyşyny görende haýran galandyr. Adam ata owadan Erem bagyna gözegçilik etmegi uly hormat hasaplandyr. Şeýle-de Ýehowa oňa haýwanlara at dakmagy tabşyrýar (1 Mus. 2:19, 20). Elbetde, Ýehowanyň özi haýwanlara at dakyp bilerdi, ýöne şu wajyp işi Adam ata buýurýar. Adam ata haýwanlara at dakmazdan öň, olaryň her biriniň aýratynlygyny, hereketini we daş keşbini ünsli synlandyr. Şu iş Adam ata şatlyk berendir. Şonda ol gökdäki Atasynyň akyl-paýhasyna, gudratyna we ussatlygyna haýran galandyr.

4. a) Ýehowanyň ýaradan zatlaryny näme üçin synlamaly? b) Siz Ýehowanyň ýaradan zatlarynyň haýsysyny halaýarsyňyz?

4 Beýik Ýaradan Ýehowa ýaradylan zatlary synlamagymyzy isleýär. Ol: «Başyňyzy galdyryň, göklere serediň. Olary kim ýaratdy?» diýip soraýar. Soragyň jogaby mese-mälim (Işa. 40:26). Gök asmanda, ýer ýüzünde we ummanyň jümmüşinde Ýehowanyň sansyz-sajaksyz ýaradan zatlaryny görüp bolýar (Zeb. 104:24, 25). Geliň, Allatagalanyň adamlary täsin edip ýaradandygy hakda oýlanalyň. Ol biziň kalbymyza tebigata bolan söýgini guýdy. Şeýle-de Ýehowa bize bäş sany duýgy berdi. Olar: görüş, eşidiş, syzyş (elläp görmek), tagam biliş we ys alyş. Gudrat diýip şuňa aýdaýsaň!

5. Rimliler 1:20-ä görä, Ýehowanyň ýaradan zatlaryny näme üçin synlamaly?

5 Mukaddes Kitapda ýaradylan zatlary synlap oýlanmagyň ýene bir wajyp sebäbi aýdylýar. Eger biz owadan tebigaty, janly-jandarlary synlasak, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini görüp bilýäris (Rimliler 1:20-ni okaň). Siz Beýik Ussanyň älem-jahanda sünnäläp ýaradan zatlaryny synlanyňyzda, onuň çäksiz akyldarlygyna haýran galmaýarsyňyzmy? Ýa-da süýjüden-süýji ir-iýmişleri we näz-nygmatlary iýeniňizde, Beýik Ýaradanyň adamlara bolan söýgüsini görmeýärsiňizmi? Hawa, ýaradylan zatlary synlasak, Ýehowany gowy tanarys we onuň bilen ýakyndan dostlaşarys. Geliň, indi Ýehowanyň ýaradan zatlary arkaly nädip tälim berýändigi barada gürrüň edeliň.

ÝEHOWA ÝARADAN ZATLARY ARKALY TÄLIM BERÝÄR

6. Gök asmanda uçup barýan guşlar nämäni ýatladýar?

6 Ýehowa meýilnamasyna görä hereket edýär. Ysraýyllar her ýyl fewralyň soňundan tä maýyň ortasyna çenli demirgazyk tarapa uçup barýan leglekleri görerdiler. Ýehowa ysraýyllara: «Hatda leglegem göçmeli wagtyny bilýär» diýdi (Ýer. 8:7). Eger Beýik Ýaradan Ýehowa guşlar üçin wagt bellän bolsa, höküm gününi hem belländigine şübhelenmän bileris. Siz asmanda toýnuk gurap uçup barýan guşlary göreniňizde, Ýehowanyň zalym dünýäni ýok etmek üçin bir güni belländigi hakda oýlanyň (Hab. 2:3).

7. Asmanda uçup ýören guşlary görenimizde nämä ynamly bolup bileris? (Işaýa 40:31).

7 Ýehowa halkyna güýç berýär. Ýehowa ejizlän, ruhdan düşen ysraýyl halkyna güýç-kuwwat berjegini aýdyp: «Siz bürgüt kimin ganat ýaýarsyňyz» diýýär (Işaýa 40:31-i okaň). Ysraýyllar her gün diýen ýaly howanyň ugruna görä ganat ýaýyp uçup ýören bürgütleri görerdiler. Ýehowanyň ysgyn-mydardan gaçan halkyna gurbat berjekdigini görkezýän nähili gowy deňeşdirme! Sizem gök asmanda uçup ýören bürgütleri göreniňizde, Ýehowanyň islendik kynçylyga döz gelmäge güýç berjekdigine ynanyp bilersiňiz.

8. Eýýup pygamber ýaradylan zatlar hakda oýlanyp nämä göz ýetirdi we biz näme edip bileris?

8 Ýehowa ynama mynasyp Hudaý. Eýýup pygamber Ýehowa bilen gürrüňdeş bolandan soň, onuň imany has-da berkeýär (Eýp. 32:2; 40:6—8). Ýehowa Eýýuba garaňky gijede ýagty saçýan ýyldyzlar, kerwen gurap geçýän bulutlar we gök gürlände çakýan ýyldyrym hakda gürrüň berýär. Şeýle-de Ýehowa göreniňde sustuňy basýan ýabany öküz we kişňeýän bedew hakda aýdýar (Eýp. 38:32—35; 39:9, 19, 20). Şonda Eýýup pygamber Ýehowanyň güýç-kuwwatly, akyldar we söýgüden doly Hudaýdygyna göz ýetirýär. Şol gürrüňdeşlik Eýýup pygamberiň Beýik Ýaradana bolan ynamyny has-da berkidýär (Eýp. 42:1—6). Eger bizem ýaradylan zatlary synlasak, Ýehowanyň çäksiz akyldarlygyna, güýç-kuwwatyna göz ýetireris we ähli kynçylygymyzy aýyrjakdygyna ynanarys. Şonda biziň hak Alla bolan imanymyz has-da berkär.

ISA PYGAMBER ÝARADYLAN ZATLAR ARKALY ÖWREDÝÄR

9, 10. Gün we ýagyş Ýehowa barada nämäni aýan edýär?

9 Isa pygamber janly tebigaty bäş barmagy ýaly bilýärdi. Sebäbi Ýehowa älem-jahany ýaradanda, Isa «ökde ussa kimin onuň ýanyndady» (Nak. 8:30). Isa pygamber ýer ýüzüne gelende tebigat arkaly Atasy barada şägirtlerine gürrüň berdi. Geliň, onuň gürrüň beren zatlarynyň käbirine seredeliň.

10 Ýehowa ähli adamlary söýýär. Isa pygamber Dagdaky wagzynda Ýehowanyň ýaradan iki zady hakda gürrüň berýär. Olaryň biri ýer ýüzüni çoýýan Gün, ikinjisi tebigaty janlandyrýan ýagyş. Emma adamlar olara bolaýmaly zat ýaly garaýar. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň bolmagy üçin Gün we ýagyş örän zerur. Ýehowa özüne iman etmeýän adamlaryň üstüne Gününi dogurman, ýagmyryny ýagdyrman bilerdi. Emma ol Güni bilen ähli adamlary çoýýar, ýagyş ýagdyryp bereket berýär (Mat. 5:43—45). Isa pygamber Ýehowanyň göreldesine eýerip, ähli adamlary söýmelidigimizi aýtdy. Siz Günüň batyşyny, ýagşyň çisňäp ýagşyny göreniňizde, Ýehowanyň ähli adamlary söýýändigi hakda oýlanyň we hiç kimi ala tutman hoş habary wagyz ediň.

11. Ýehowanyň guşlaryň aladasyny etmegi bizi nädip ruhlandyrýar?

11 Ýehowa aladamyzy edýär. Isa pygamber Dagdaky wagzynda şeýle diýdi: «Guşlara syn ediň. Olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara däne ýygnaýarlar. Emma şonda-da gökdäki Ataňyz guşlary iýmitlendirýär». Şonda Isany diňläp oturan adamlar asmanda uçup ýören guşlara sereden bolmaly. Soňra Isa pygamber mähir bilen: «Siz olardan has gymmatly dälmi?» diýýär (Mat. 6:26). Hawa, Ýehowanyň aladamyzy edýändigini görkezýän örän ruhlandyryjy mysal! (Mat. 6:31, 32). Şu mysal köp dogan-uýalaryň Ýehowa bolan imanyny berkidýär. Ispaniýada pioner bolup gulluk edýän ýaş uýa jaý tapman kösenýär. Şonda däne çokup duran guşlary görüp, onuň göwni giňeýär. Uýa: «Eger Ýehowa guşlaryň aladasyny edýän bolsa, meniň aladamy etmezmi näme?!» diýip oýlanýar. Şondan köp wagt geçmänkä ýaşar ýaly jaý tapýar.

12. Serçelere syn etsek Ýehowa barada näme öwreneris? (Matta 10:29—31).

12 Ýehowa her birimizi aýratynlykda söýýär. Isa pygamber şägirtlerini wagza ibermezden öň, olara käbir maslahatlary berýär. Şägirtler adamlardan gorkmaz ýaly, Isa pygamber serçeler hakda gürrüň berýär (Matta 10:29—31-nji aýatlary okaň). Serçeler Ysraýylda köp duş gelýärdi we bahasy kör-köpüge durýardy. Isa pygamber şägirtlerine: «Olaryň (serçeleriň) ýekejesi ýere gaçaýsa, gökdäki Ataňyz görýändir... Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatly» diýýär. Ol Ýehowanyň her bir şägirdini söýýändigini we yzarlamalardan gorkmaly däldigini aýtdy. Şägirtler oba-oba, şäher-şäher aýlanyp wagyz edenlerinde, serçeleri görendirler. Şonda Halypasynyň aýdanlaryny ýatlandyrlar. Sizem serçeleri göreniňizde, Ýehowanyň her biriňizi söýýändigi we serçelerden has gymmat saýýandygy hakda oýlanyň. Şonda yzarlamalara we garşylyklara mertlik bilen döz gelersiňiz (Zeb. 118:6).

ÝARADYLAN ZATLAR ARKALY ÝEHOWANY TANAŇ

13. Ýaradylan zatlardan Ýehowany gowy tanamak üçin näme etmeli?

13 Ýaradylan zatlar arkaly Ýehowany tanamak üçin iki ädim ätmeli. Birinjiden, ýaradylan zatlary synlamak üçin wagt tapmaly. Ikinjiden, olar hakda oýlanmaly. Muny etmek hemişe aňsat bolmaýar. Kamerunda ýaşaýan Žeraldina uýa şeýle gürrüň berýär: «Men uly şäherde önüp ösdüm. Şonuň üçin Ýehowanyň ýaradan zatlaryny synlamak üçin ýörite wagt tapmalydygyma düşündim». Ýaşuly dogan Alfonso şeýle gürrüň berýär: «Men ýaradylan zatlary synlamak we olar hakda oýlanmak üçin ýörite wagt bellemegiň wajypdygyna göz ýetirdim. Şonda Ýehowany has gowy tanap bolýan ekeni».

Dawut pygamber Aýly agşam asmana seredip, Ýehowa hakda oýlanýar (14-nji abzasa serediň).

14. Dawut ýaradylan zatlar hakda oýlananda nämä göz ýetirdi?

14 Dawut pygamber Ýehowanyň ýaradan zatlary hakda çuňňur oýlanýardy. Ol Ýehowa ýüzlenip: «Gök asman, Aý we ýyldyzlar seniň elleriň işi, men olara seredip oýlanýaryn: „Ýatlap aladasyny ederiň ýaly, başy ölümli ynsan kimmişin?“» diýdi (Zeb. 8:3, 4). Hawa, Dawut gijelerine asmana seredýärdi we Aýly asmanyň owadanlygyna haýran galýardy. Emma ol munuň bilen çäklenmeýärdi. Ol Aýa we ýyldyzlara seredende, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda oýlanýardy. Şonda Dawut Ýehowanyň Gudratygüýçli Hudaýdygyna düşündi. Şeýle-de Dawut enäniň göwresinde çaganyň ösüşi, kemala gelşi hakda oýlanýar. Şonda ol Ýehowanyň akyl-paýhasyna haýran galýar (Zeb. 139:14—17).

15. Siz Ýehowanyň ýaradan zatlaryndan näme öwrendiňiz? Mysal getiriň. (Zebur 148:7—10).

15 Siz hem Dawut pygamber ýaly ýaradylan zatlar hakda oýlanmak üçin mümkinçilik gözläň. Munuň üçin uzaga gitmek gerek däl. Daş-töweregiňize göz aýlap, janly tebigata syn ediň. Şonda Ýehowanyň ençeme ajaýyp häsiýetlerini görersiňiz. Meselem, Gün şöhlesiniň eliňizi ýyladýandygyny duýanyňyzda, Ýehowanyň güýji hakda oýlanyň (Ýer. 31:35). Guşlaryň höwürtgesini göreniňizde, Beýik Ýaradanyň akyldarlygy hakda pikirleniň. Guýrugyny kowalaýan güjüjegi göreniňizde, Ýehowanyň degişgen Hudaýdygy hakda oýlanyň. Balajygyny gujagynda hüwdüleýän enäni göreniňizde, Ýehowanyň söýgüsi hakda pikirleniň. Uly bolsun, kiçi bolsun, ýakynda ýa-da uzakda bolsun, ýaradylan zatlar hakda oýlansaňyz, ýüregiňiz minnetdarlykdan dolar we Ýehowa alkyş aýdarsyňyz (Zebur 148:7—10-njy aýatlary okaň).

16. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

16 Ýehowa pähim-paýhasly, aladaçyl we güýç-kuwwatly Hudaýdyr. Ol ellerinden gül dökülýän ökde Ussadyr. Biz daş-töweregimize seredenimizde, Ýehowanyň şu we başga-da ençeme häsiýetlerini görýäris. Şol sebäpli ýaradylan zatlary synlap oýlanmak üçin ýörite wagt sarp ediň. Şonda Beýik Ýaradan bilen ýakyndan dostlaşarsyňyz (Ýak. 4:8). Indiki makalada ene-atalaryň ýaradylyş arkaly çagalaryna Hudaý bilen dostlaşmaga nädip kömek edip biljekdigi hakda gürrüň ederis.

5-NJI AÝDYM Hudaýyň täsin işleri

a Hak Hudaýyň ýaradan zatlary haýran galdyrýar. Säher bilen Günüň dogşy we owadan gülleriň ysy jana lezzet berýär. Biz ýaradylan zatlardan Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini görüp bilýäris. Şu makalada ýaradylan zatlary synlamak üçin wagt tapmalydygy we Beýik Ýaradany has gowy tanamak üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis.