Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gözleg geçiriň

Gözleg geçiriň

Täze düşündirilişleri nädip bilmeli?

Biz üýtgeşik döwürde ýaşaýarys. Şu günler Ýehowa Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny ýuwaş-ýuwaşdan açýar (Dan. 12:4). Belki, biz Mukaddes Kitabyň hakykatlarynyň täzeçe düşündirilişleriniň ählisini okap ýetişýän däldiris. Biz täze düşündirilişleri nireden tapyp bileris?

• «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksiniň» «Taglymatlaryň düşündirilişi» bölüminde täzeçe düşündirilen hakykatlaryň sanawy ýylyna görä görkezilen. Siz şu maglumaty «Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASYNDAN» hem tapyp bilersiňiz. Munuň üçin gözleg diýen ýere «Taglymatlaryň düşündirilişi» diýen jümläni goşa dyrnakda ýazyň.

• «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasynda» täzeçe düşündirişleriň gysga sanawy bar. Olary «Ýehowanyň Şaýatlary» bölüminiň «Ynanýan zatlary» we «Taglymatlaryň düşündirilişi» diýen sözbaşylaryndan okap bilersiňiz.

Siz şahsy okuwyňyzda täzeçe düşündirişleri öwreniň we şeýle üýtgeşmäniň näme üçin girizilendigini biliň.