Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-NJI MAKALA

123-NJI AÝDYM Hudaýyň guramasyna gulak asalyň

Ýehowanyň görkezmesine eýereliň

Ýehowanyň görkezmesine eýereliň

«Men, Ýehowa... ýöremeli ýoluňyzdan alyp barýaryn» ​ (Işa. 48:17).

ESASY PIKIR

Makalada şu günler Ýehowanyň halkyna nädip ýol görkezýändigi we onuň görkezmesiniň peýdalydygy hakda gürrüň berilýär.

1. Bize Ýehowanyň görkezmesi näme üçin gerek?

 AÝDALY, siz jeňňeliň içinden geçmeli bolýarsyňyz. Siz jeňňellikde ýyrtyjy haýwanlaryň, zäherli ýylanlaryň, möýleriň we batgalyk ýerleriň köpdügini bileniňizde gorkýarsyňyz. Emma siziň ýanyňyzda ýoly bäş barmagy ýaly bilýän dostuňyz bar. Ol sizi howp-hatardan gorap, sag-aman jeňňelden geçirýär. Şeýtanyň dünýäsi hem gorkunç jeňňele meňzeýär we ol Ýehowa bilen dostlugymyzy bozjak bolýar. Emma biziň ýanymyzda ýolbelet Ýehowa Hudaý bar. Ol bizi bela-beterden gorap, sag-aman pellehana, ýagny täze dünýä elter.

2. Ýehowa bize nädip görkezme berýär?

2 Ýehowa bize Sözi arkaly ýol görkezýär. Şeýle-de ol ýer ýüzündäki wekilleri arkaly görkezme berýär. Meselem, «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» bize edebiýatlar arkaly dogry kararlara gelmäge kömek edýär (Mat. 24:45). Etrap gözegçileri we ýygnak ýaşululary kyn ýagdaýa düşen dogan-uýalary ruhlandyrýar hem-de maslahat berýär. Biz Ýehowanyň Mukaddes Kitap we wekilleri arkaly görkezme berýändigine örän minnetdar! Eger biz Ýehowanyň görkezmelerine eýersek, ony razy ederis we ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan sowulmarys.

3. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Bize käte Ýehowanyň görkezmesine eýermek kyn bolýar. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa bikämil adamlar arkaly görkezme berýär. Käte ýaşulular bize islemeýän zadymyzy etmegi tabşyrar. Käte bolsa biz olaryň görkezmesini ýerliksiz hasaplarys. Belki-de, biz olaryň görkezmesi Ýehowanyň islegine gabat gelmeýär diýip pikir ederis. Emma şuny unutmaly däl: her bir görkezme Ýehowadandyr we olara eýermek peýdalydyr. Biz makalada üç soragyň jogabyny bileris: 1) Ýehowa gadymy döwür nädip görkezme berdi? 2) Ýehowa şu günler nädip görkezme berýär? 3) Görkezmelere eýermegiň nähili peýdasy bar?

Ýehowa gadymy döwürden bäri halkyna wekilleri arkaly görkezme berýär (3-nji abzasa serediň).


ÝEHOWA YSRAÝYLLARA NÄDIP GÖRKEZME BERDI?

4, 5. Ýehowanyň Musa pygamberi wekili edip saýlandygy nämeden görünýär? (1-nji sahypadaky surata serediň).

4 Ýehowa Musa pygamber arkaly ysraýyllary Müsür gulçulygyndan azat etdi. Ýehowanyň halkyna Musa pygamber arkaly görkezme berýändigi hemmelere mälimdi. Sebäbi Ýehowa «gündiz bulut sütüni, gije ot sütüni» arkaly halkyna ýol görkezýärdi (2 Mus. 13:21). Musa pygamber sütünleriň yzyna düşüp, ysraýyl halkyny Gyzyl deňziniň kenaryna getirdi. Şonda halk aljyraňňy ýagdaýa düşdi, sebäbi olaryň öňünde aňyrsy-bärsi görünmeýän Gyzyl deňzi möwç urýardy, yzyndan bolsa ägirt uly Müsür goşuny ýetip gelýärdi. Ysraýyl halky Musa bizi duzaga düşürmek üçin şu ýere getirdi diýip pikir etdi. Aslynda, ysraýyllar däl-de, müsürliler duzaga düşüpdi (2 Mus. 14:2). Ýehowa gudrat bilen halkyny Gyzyl deňizden geçirdi we müsürlileriň elinden halas etdi (2 Mus. 14:26—​28).

Musa pygamber 40 ýyllap ysraýyl halkyna ýol görkezdi. Ol bulut sütüni nirä gitse, şol tarapa giderdi (4, 5-nji abzaslara serediň).


5 Musa pygamber 40 ýyllap ymgyr çölüň içinde ysraýyl halkyna ýol görkezdi. Ol bulut sütüni nirä gitse, şol tarapa giderdi a. Ýehowa wagtal-wagtal bulut sütünini Musanyň çadyrynyň agzyna getirerdi. Muny tutuş halk görerdi (2 Mus. 33:​7, 9, 10). Şeýle-de Ýehowa bulut sütüniň içinden Musa pygamber bilen gepleşerdi. Musa-da Hudaýyň beren görkezmelerini halka ýetirerdi (Zeb. 99:7). Hawa, ysraýyllar Musa pygamberiň Ýehowanyň wekilidigine doly ynamly bolup bilerdiler.

Musa pygamber we kömekçisi Ýuşa (5, 7-nji abzaslara serediň).


6. Ysraýyllar Ýehowanyň görkezmesine nähili seslendiler? (4 Musa 14:​2, 10, 11).

6 Ýehowanyň Musa pygamberi wekili edip saýlandygy mese-mälim bolsa-da, ysraýyllar oňa ynanmadylar (4 Musa 14:2, 10, 11-nji aýatlary okaň). Olar Musanyň görkezmesini gaýta-gaýta inkär etdiler. Şeýlelikde, Ýehowa gozgalaňçy halka wada edilen ýurda girmäge rugsat bermedi (4 Mus. 14:30).

7. Ýehowanyň görkezmesine eýeren adamlar hakda gürrüň beriň (4 Musa 14:24; surata serediň).

7 Ysraýyl halkynyň arasynda Ýehowanyň görkezmesine eýeren adamlar hem bardy. Meselem, Ýehowa: «Kalep... maňa bütin ýüregi bilen gulak asdy» diýdi (4 Musa 14:24-i okaň). Şol sebäpli Ýehowa Kalebe wada edilen ýurtdan özüne mülk saýlamaga rugsat berdi (Ýuşa 14:12—​14). Hudaýa wepaly ysraýyllar hem görkezmä eýermek babatda gowy görelde galdyrdy. Ýehowa Musa pygamberden soň Ýuşany baştutan edip belledi. Wepaly ysraýyllar «bütin ömrüne Ýuşa çuňňur hormat goýdular» (Ýuşa 4:14). Şonuň üçin olar wada edilen ýurtda uzak ömür sürdüler (Ýuşa 21:43, 44).

8. Patyşalaryň höküm süren döwründe Ýehowa kimler arkaly görkezme berýär? (Surata serediň).

8 Ýehowa ençeme ýyllap ysraýyl halkyna serdarlar arkaly görkezme berdi. Patyşalar Ysraýyl ýurduny dolandyryp başlanda bolsa, Ýehowa pygamberleri arkaly görkezme berdi. Hudaýa wepaly patyşalar pygamberlere gulak asýardy. Meselem, Dawut patyşa Natan pygamberiň düzedişini pesgöwünlik bilen kabul etdi (2 Şam. 12:​7, 13; 1 Tar. 17:​3, 4). Ýehoşapat patyşa Ýahazyýel pygamberiň görkezmesine eýerdi we Ýahuda ilatyny «Hudaýyň pygamberlerine iman etmäge» höweslendirdi (2 Tar. 20:14, 15, 20). Hizkiýa patyşa bolsa Işaýa pygamberiň maslahatyna eýerýärdi (Işa. 37:1—6). Patyşalar pygamberlere gulak asanda, Ýehowa ysraýyl halkyny duşmanlardan gorardy we bol bereket bererdi (2 Tar. 20:29, 30; 32:22). Gynansak-da, patyşalaryň köpüsi we ysraýyl halky Ýehowanyň pygamberlerine gulak asmady (Ýer. 35:12—​15).

Hizkiýa patyşa we Işaýa pygamber (8-nji abzasa serediň).


ÝEHOWA I ASYRDA NÄDIP GÖRKEZME BERDI?

9. Ýehowa I asyrda kimler arkaly görkezme berýär? (Surata serediň).

9 Ýehowa I asyrda mesihçiler ýygnagyny döretdi. Ol Isa Mesihi ýygnagyň başy edip belledi (Efes. 5:23). Isa her bir mesihçä aýratynlykda däl-de, Iýerusalimdäki resullar arkaly görkezme berýärdi (Res. 15:1, 2). Şeýle-de ýygnaklara ýaşuly doganlar bellendi (1 Sel. 5:12; Tit. 1:5).

Resullar we ýaşulular (9-njy abzasa serediň).


10. a) I asyrdaky mesihçileriň köpüsi görkezmä nähili seslendi? (Resullar 15:30, 31). b) Käbirleri Ýehowanyň wekilleriniň görkezmesine näme üçin gulak asmady? (« Ýehowanyň wekillerinden näme üçin ýüz öwürdiler?» diýen çarçuwa serediň).

10 I asyrdaky mesihçiler Ýehowanyň görkezmesine eýerdilermi? Elbetde! Olar resullaryň görkezmesini eşidip, «örän ruhlandylar we ýürekden begendiler» (Resullar 15:30, 31-nji aýatlary okaň). Ýehowa şu günler halkyna nädip ýol görkezýär?

ÝEHOWA ŞU GÜNLER NÄDIP GÖRKEZME BERÝÄR?

11. Şu günler Ýehowanyň nädip görkezme berýändigini gürrüň beriň.

11 Ýehowa şu günler halkyna ýol görkezýärmi? Hawa! Ol Mukaddes Kitap we Isa Mesih arkaly ýygnaklara görkezme berýär. Ýehowanyň şu günler ýer ýüzünde wekilleri barmy? Elbetde, bar! Geliň, 1870-nji ýyllara dolanalyň. Çarlz Teýz Rassel we onuň egindeşleri 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygy hakdaky pygamberlikleriň ýerine ýetjekdigine düşündiler (Dan. 4:25, 26). Olara şeýle netijä gelmäge näme kömek etdi? Doganlar Mukaddes Kitabyň pygamberliklerini çuňňur öwrendiler we gözleg-barlag geçirdiler. Ýehowa-da mukaddes ruhy arkaly olara pygamberliklere düşünmäge kömek etdi. 1914-nji ýylda bolan wakalar Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar edilendigini subut edýär. Şol ýyl Birinji jahan urşy başlandy. Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler ýerine ýetip başlady, ýagny dünýäniň çar tarapynda gyrgynçylyk, açlyk we ýertitreme ýaly betbagtçylyklar boldy (Luka 21:10, 11). Dogrudanam, Ýehowa doganlar arkaly halkyna öz niýetini äşgär etdi.

12, 13. Ikinji jahan urşy döwri jogapkär doganlar bütin dünýäde hoş habary wagyz eder ýaly nähili çäreleri gördüler?

12 Geliň, Ikinji jahan urşy döwrüne ser salalyň. Şol döwür Baş edaradaky doganlar Ylham 17:8-däki pygamberligi çuňňur öwrenip, şeýle netijä gelýär: Ikinji jahan urşy tamamlanansoň, Armageddon söweşi başlamaz, gaýtam bütin ýer ýüzünde wagyz eder ýaly parahatlyk döwri bolar. Käbirleri oňlamasa-da, doganlar Gilead mekdebini açýarlar we missioner boljak dogan-uýalara tälim berýärler. Ikinji jahan urşy döwri missionerleri dünýäniň dürli künjegine iberýärler. Şeýle-de ýygnak duşuşyklarynda Teokratik gulluk okuwy b geçirilip başlanýar. Şol okuw dogan-uýalara ökde wagyzçy we mugallym bolmaga kömek etdi. Şeýlelikde, Ýehowa halkyny bütin dünýäde güýçli depginde wagyz etmäge taýýarlady.

13 Görşümiz ýaly, Ýehowa şol kyn günlerde halkyna ýol görkezdi. Ikinji jahan urşy tamamlanandan soňra Hudaýyň halky köp ýurtlarda asuda ýaşaýarlar we erkinlikde hoş habary wagyz edýärler. Şeýlelikde, bütin dünýäde wagyz işi uly depginde alnyp barylýar.

14. Biz näme üçin Ýehowanyň guramasynyň we ýaşulularyň görkezmesine şübhelenmän bileris? (Ylham 2:1; surata serediň).

14 Şu günler Ýolbaşçylyk maslahaty Isa Mesihiň görkezmesine eýerýär. Olar bir mesele hakda karara gelmezden öň, oňa Ýehowanyň we Isanyň nähili seredýändigi hakda oýlanýar. Soňra etrap gözegçileri we ýygnak ýaşululary arkaly bütin ýer ýüzündäki ýygnaklara görkezme berýär c. Mukaddes Kitapda ýaşuly doganlaryň Isa Mesihiň «sag elindedigi» aýdylýar (Ylham 2:1-i okaň). Elbetde, ýaşulular bikämil. Olar Musa pygamber, Ýuşa we I asyrdaky resullar ýaly ýalňyşýarlar (4 Mus. 20:12; Ýuşa 9:14, 15; Rim. 3:23). Emma Isa Mesih şu günler wepaly hyzmatkär we ýaşulular arkaly görkezme berýär we «dünýäniň soňuna çenli» olar arkaly görkezme berer (Mat. 28:20). Şonuň üçin jogapkär doganlaryň görkezmesine şübhelenmän bileris.

Ýolbaşçylyk maslahaty (14-nji abzasa serediň).


ÝEHOWANYŇ GÖRKEZMESINE EÝERMEGIŇ NÄHILI PEÝDASY BAR?

15, 16. Ýehowanyň görkezmesine eýerýän dogan-uýalardan näme öwrenýäris?

15 Biz Ýehowanyň görkezmesine eýersek köp bereket alarys. Meselem, Endrýu bilen Reýçel d wepaly hyzmatkäriň görkezmesine eýerip sada ýaşap başlaýarlar (Mat. 6:22). Şeýlelikde, olar guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Reýçel uýa şeýle gürrüň berýär: «Biz aşhanasy bolmadyk kiçijik jaýda ýaşaýardyk. Men surat almagy gowy görýärdim, birnäçe fotoaparatym bardy. Olaryň käbirini satmaly bolanymda agladym. Emma men Ybraýymyň aýaly Bibisara ýaly geçmiş bilen ýaşaman, Ýehowa üçin häzir nämeler edip biljekdigim barada oýlandym» (Ýew. 11:15). Är-aýal gelen kararyna ökünýärmi? Reýçel şeýle diýýär: «Biz Ýehowa üçin köp zatlardan geçendigimiz hakda oýlananymyzda, özümizi bagtly duýýarys. Biz dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşdik we guramanyň işlerine goşant goşduk. Şeýdip, biz azajyk hem bolsa täze dünýäniň „tagamyny datdyk“». Endrýu aýalynyň sözüne goşulyp şeýle diýýär: «Biz Patyşalyk işleri üçin bütin ömrümizi we ähli zadymyzy bagyş edendigimize begenýäris, asla ökünmeýäris».

16 Biz Ýehowanyň görkezmesine eýersek ýene nähili bereketleri alarys? Meri uýa orta mekdebi tamamlansoň, pioner bolmak isleýärdi (Mat. 6:33; Rim. 12:11). Ol şeýle gürrüň berýär: «Maňa mugtuna dört ýyl ýokary okuw jaýynda okamagy teklip etdiler. Emma meniň Ýehowa köpräk gulluk edesim gelýärdi. Şonuň üçin orta hünär okuw mekdebine girdim. Bu meniň ömrümde gelen iň gowy kararlarymyň biri boldy. Häzir men öwrenen hünärim boýunça işleýärin. Meniň öz elim, öz ýakam. Men pioner bolup gulluk edýärin, Beýtele kömek edýärin we guramanyň beýleki işlerine goşant goşýaryn».

17. Ýehowanyň görkezmesine eýermegiň ýene nähili peýdasy bar? (Işaýa 48:17, 18).

17 Guramanyň berýän maslahatlary janymyzy bela-beterden goraýar. Käte bize «baýlygyň ugrunda hars urmaň» we «Hudaýyň kada-kanunlaryny bozmaň» diýip maslahat berilýär. Olara eýersek, biziň ynsabymyz arassa bolar we köp kynçylyklaryň öňüni alarys (1 Tim. 6:9, 10). Biz Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk ederis, kalbymyz rahat bolar we özümizi bagtly duýýarys (Işaýa 48:17, 18-nji aýatlary okaň).

18. Biz Ýehowanyň görkezmesine eýermegi näme üçin ýüregimize berk düwmeli?

18 Ýehowa uly betbagtçylykda we Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda wepaly doganlar arkaly görkezme berer (Zeb. 45:16). Şol döwür doganlar gulagymyza hoş ýakmaýan we halamaýan görkezmelerimizi berse, olara eýererismi? Eger biz häzirden doganlara gulak asmagy öwrensek, olara gelejekde-de gulak asmak kyn bolmaz. Geliň, Ýehowanyň wepaly doganlar arkaly berýän görkezmesine eýereliň! (Işa. 32:​1, 2; Ýew. 13:17). Şonda ýolbelet Hudaýymyz Ýehowa howp-hatardan doly dünýäde ýol görkezer we täze dünýä alyp barar.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýehowa ysraýyllara nädip görkezme berdi?

  • Ýehowa I asyrda nädip görkezme berdi?

  • Ýehowa şu günler nädip görkezme berýär?

48-NJI AÝDYM Her gün Ýehowanyň ýolundan ýöräliň

a Ýehowa ysraýyllary wada edilen ýurda alyp barýarka, bir perişdä halka ýol görkezmek üçin «öňüne düşüp gitmegi» tabşyrdy. Megerem, ol baş perişde Mikaýyl (oňa ýer ýüzünde gulluk edende Isa pygamber diýdiler) bolmaly (2 Mus. 14:19; 32:34).

b Soňra oňa «Teokratik gulluk mekdebi» diýildi. Şu günler şeýle tälim «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynda berilýär.

c «Ýolbaşçylyk maslahatynyň borjy» diýen çarçuwany okap bilersiňiz (w21.02 sah. 18).

d Käbir atlar üýtgedildi.