Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýolbaşçylyk maslahatynyň täze agzalary

Ýolbaşçylyk maslahatynyň täze agzalary

2023-NJI ÝYLYŇ 18-nji ýanwary, çarşenbe güni jw.org saýtynda Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasyna iki doganyň bellenendigi bildiriş edildi. Olar Ýehowa ençeme ýyl bäri wepaly gulluk edýän Geýj Fligl bilen Jeffri Winder.

Geýj Fligl bilen aýaly Nadýa

Fligl dogan günbatar Pensilwaniýa ştatynda (ABŞ) ösüp-ulaldy. Onuň ene-atasy Ýehowa berk iman edýärdi we ogluna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etdi. Olar ogly ýetginjekkä wagyzçylaryň az ýerine göçýär. Biraz wagtdan, ýagny 1988-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Fligl suwa çümdürilýär.

Ene-atasy ogluny Ýehowa uzak wagtly gulluk etmäge höweslendirýär. Olar hemişe diýen ýaly etrap gözegçilerini we Beýtelde gulluk edýän dogan-uýalary myhmançylyga çagyrardy. Olar oglunyň şadyýan dogan-uýalaryň göreldesine eýerip, Ýehowa uzak wagtly gulluk etmegini isleýärdi. Fligl suwa çümdürileninden köp wagt geçmänkä, ýagny 1989-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda pioner gullugyna başlaýar. Iki ýyldan soň, ýagny 12 ýaşynda eden arzuwy hasyl bolýar we Beýtele çagyrylýar. Şeýlelikde, Fligl 1991-nji ýylyň oktýabrynda Bruklindäki Beýtelde gulluk edip başlaýar.

Fligl dogan sekiz ýyl çaphanada gulluk edýär. Soňra ol Gulluk bölümine bellenilýär. Ol birnäçe ýyl rus dilinde geçirilýän ýygnakda gulluk edýär. 2006-njy ýylda imany berk uýa Nadýa öýlenýär. Soňra Nadýa hem Beýtele çagyrylýar. Är-aýal portugal dilinde geçirilýän ýygnakda, soňra ispan dilinde geçirilýän ýygnakda onlarça ýyl gulluk edýär. Fligl dogan birnäçe ýyl Gulluk bölüminde işleýär. Birnäçe wagtdan soň ol Okuw komitetiniň müdiriýetine, soňra bolsa Gulluk komitetiniň müdiriýetine bellenilýär. Ol 2022-nji ýylyň martynda Ýolbaşçylyk maslahatynyň Gulluk komitetiniň kömekçisi edip bellenilýär.

Jeffri Winder bilen aýaly Anžela

Winder dogan Kaliforniýa ştatynyň (ABŞ) Marrieta şäherinde dünýä inýär. Ene-atasy ogluny Ýehowanyň öwüt-ündewi bilen ulaldýar. Winder 1986-njy ýylyň 29-njy martynda suwa çümdürilýär. Ol aprel aýynda kömekçi pioner bolup gulluk etmegi ýüregine düwýär. Winder wagyz etmegi şeýle bir gowy görýär welin, diňe bir aprelde däl, ondan soňky aýlarda hem kömekçi pioner bolup gulluk edýär. 1986-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda pioner gullugyna başlaýar.

Winderiň iki agasy Beýtelde gulluk edýärdi. Winder ýetginjek wagty agalaryny görmäge Beýtele gelýär. Ol Beýtelde edilýän işlere haýran galyp, ulalanda Beýtelde gulluk etmegi arzuw edýär. 1990-njy ýylyň maýynda Winderi Wolkildäki Beýtelde gulluk etmäge çagyrýarlar.

Winder dogan dürli-dürli bölümlerde gulluk edýär. Ol Tämizlik bölüminde, Hojalyk bölüminde we Beýteliň fermasynda zähmet çekýär. Winder 1997-njy ýylda imany berk uýa Anžela öýlenýär. Şondan bäri olar bileje Beýtelde gulluk edýär. 2014-nji ýylda olar Worwige göçýär. Winder dogan Baş edaranyň binalar toplumynyň gurluşygyna kömek edýär. 2016-njy ýylda olar Pattersondaky «Garawul diňiniň» okuw merkezine göçýär. Winder dogan ol ýerde Audio-wideo gullugynda zähmet çekýär. Dört ýyldan soň olar Worwige göçýär. Winder dogan Işgärler komitetiniň müdiriýetinde gulluk etmäge bellenilýär. Ol 2022-nji ýylyň martynda Ýolbaşçylyk maslahatynyň Işgärler komitetiniň kömekçisi edip bellenilýär.

Biz doganlary «bereket hökmünde berendigine» Ýehowa örän minnetdar. Goý, Ýehowa olaryň tagallasyna mundan beýläk hem ak patasyny bersin! (Efes. 4:8).