Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Mukaddes Kitapda Ýehowanyň öňdengörüjilik ukybyny ulanyşy hakda näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda Ýehowanyň gelejekde boljak zatlary öňünden bilýändigi hakda ýazylan (Işa. 45:21). Emma ol ýerde Ýehowanyň öňdengörüjilik ukybyny nädip, haçan we näderejede ulanýandygy hakda aýdylmaýar. Şonuň üçin şu babatda anyk bir zat diýmek kyn. Emma şonda-da Mukaddes Kitap Ýehowanyň şu ukyby bilen bagly käbir zatlary mälim edýär. Geliň, olara seredeliň.

Ýehowanyň başarmaýan zady ýok, emma käte ol öz-özüne çäk goýýar. Onuň akyldarlygy çäksiz bolsa-da, hemme zady öňünden biljek bolmaýar (Rim. 11:33). Ýehowa sabyrly, özüne erk edýän Hudaý. Şonuň üçin öňdengörüjilik ukybyny hemişe ulanmaýar (Işaýa 42:14-i deňeşdiriň).

Ýehowa niýetini hökman amala aşyrýar. Muny bilmek Hudaýyň öňdengörüjilik ukybyna düşünmäge nädip kömek edýär? Işaýa 46:10-da şeýle diýilýär: «Soňunda näme boljagyny öňünden aýdypdym, boljak zatlary gadymy günlerde habar beripdim. Men diýýärin: „Niýetim ýerine ýeter, ýüregime düwenim amala aşar“».

Ýehowanyň niýetini amala aşyrmaga güýjüniň ýetýändigi üçin, ol gelejegi öňünden aýdyp bilýär. Aýdaly, bir adam kitap okap otyr. Ol kitabyň diňe soňky sahypalaryny okap näme bilen gutarýandygyny bilýär. Ýehowa öňdengörüjilik ukybyny ulananda beýle etmeýär. Ýogsam adamlaryň durmuşyny öňünden kesgitlän ýaly bolardy. Ýehowa näme edýär? Ýehowa niýetiniň amala aşjak wagtyny öňünden aýdýar we şol wagtda niýeti ýerine ýeter ýaly hem edýär (2 Mus. 9:​5, 6; Mat. 24:36; Res. 17:31).

Ýehowa gelejekde etjek işleri hakda aýdanda «ýüregime düwdüm» ýa-da «niýet etdim» diýýär (2 Pat. 19:25; Işa. 46:11). Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda şu jümleler «küýzegär» diýen sözden gelip çykypdyr (Ýer. 18:4). Küýzegär toýuna şekil berip owadan küýze ýasaýar. Ýehowa hem ökde küýzegär ýaly, wakalary ugrukdyryp, niýetini amala aşyrýar (Efes. 1:​11).

Ýehowa adamlary erkin edip ýaratdy. Ol adamlaryň ykbalyny öňünden kesgitlemeýär. Hudaý adamlary mejbur etmeýär. Olaryň özüne karara gelmäge ýol berýär. Emma kada-kanunlary boýunça ýaşamaga höweslendirýär.

Geliň, iki waka seredeliň. Ýehowa Ninewiýany weýran etjegini öňünden aýdýar, sebäbi onuň halky gaty zalymdy. Emma ninewiýalylar toba edýär. Ýehowa-da «pikirini üýtgedip, olaryň başyna betbagtçylyk indermeýär» (Ýun. 3:​1—​10). Ninewiýalylary toba etmäge hiç kim mejbur etmedi. Olaryň özleri şeýle karara geldi. Ýehowa-da olaryň dogry karara gelendigine begenip niýetinden dändi.

Ýehowa Kir patyşanyň ýehudylary azat etjekdigini we ybadathanany dikeltmek hakda perman çykarjakdygyny pygamberlik edýär (Işa. 44:26—​45:4). Ýehowanyň aýdyşy ýaly hem bolýar (Hyd. 1:1—4). Emma Pars patyşasy Kir hak Hudaýa sežde etmeýärdi. Ýehowa Kir patyşa arkaly niýetini amala aşyrsa-da, ony özüne sežde etmäge mejbur etmedi (Nak. 21:1).

Biz Ýehowanyň öňdengörüjilik ukybyny haýsy ýagdaýlarda ulanýandygy hakda üç pikire seretdik. Ýöne bu hemmesi däl. Aslynda, adamlar Hudaýyň pikirlerine doly düşünip bilmeýär (Işa. 55:​8, 9). Emma biziň Mukaddes Kitapdan sereden aýatlarymyz Ýehowanyň hemişe adalatly hereket edýändigini subut edýär.