ŞAHSY OKUWY ÜÇIN TEKLIP
Ýehowany razy edýän adam paýhasly karara gelýär
1 Musa 25:29—34-nji aýatlary okaň we Ysaw bilen Ýakubyň haýsysynyň paýhasly karara gelendigini biliň.
Konteksti bilen okaň. Şu wakadan öň näme boldy? (1 Mus. 25:20—28). Şu wakadan soň näme boldy? (1 Mus. 27:1—46).
Gözleg geçiriň. Gadymy döwürde nowbahar ogluň nähili haky we borjy bardy? (1 Mus. 18:18, 19; w10-U 1/5 sah. 13).
-
Mesih nowbahar adamlaryň neslinden gelmelidimi? (w17.12 sah. 14, 15).
Sapak ediniň we durmuşda ulanyň. Ýakup näme üçin nowbaharlyk hakyny gymmat saýdy? (Ýew. 12:16, 17; w03-U 15/10 sah. 28, 29). Ýehowa Ýakuby gowy gördümi ýa-da Ysawy? (Mel. 1:2, 3). Ysaw paýhasly karara gelmek üçin näme edip bilerdi?
-
Özüňize şeýle sorag beriň: meniň gün tertibimden Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýýandygym görünýärmi? Men her hepde şahsy ýa-da maşgala okuwyny geçirýärinmi?