Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

21-NJI MAKALA

107-NJI AÝDYM Söýginiň ajaýyp göreldesi

Özüňe mynasyp ýary nädip tapmaly?

Özüňe mynasyp ýary nädip tapmaly?

«Gaýratly gelni kim tapar? Bahasy merjenden has gymmatdyr» ​(Nak. 31:10).

ESASY PIKIR

Mynasyp ýanýoldaş tapmak üçin Mukaddes Kitabyň prinsiplerine eýermeli. Dogan-uýalar maşgala gurjaklary goldamaly.

1, 2. a) Maşgala gurmak isleýän mesihçi näme barada oýlanmaly? b) Tanyşlyk döwri näme? (Düşündirilişe serediň).

 SIZ maşgala gurmak isleýärsiňizmi? Elbetde, bagtly bolmak üçin maşgala gurmak hökman däl. Ýöne şonda-da ýaşlar hem, garrylar hem söwer ýarynyň bolmagyny isleýär. Durmuş gurmak isleýän adam maşgalany ekläp bilmeli, imany berk bolmaly we maşgalanyň ýüküni çekmäge taýýar bolmaly (1 Kor. 7:36) a. Şonda maşgala ojagy agzybir we bagtly bolar.

2 Elbetde, özüňe mynasyp ýar tapmak aňsat däl (Nak. 31:10). Tapaýanyňda-da, oňa söz aýtmak aňsat bolmaýar. Şu makalada berilýän maslahatlar mynasyp ýanýoldaş tapmaga kömek eder we tanyşlyk döwri b birek-biregi has gowy tanamagy öwreder. Şeýle-de maşgala gurmak isleýän dogan-uýalary goldamak üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis.

MYNASYP ÝANÝOLDAŞ GÖZLÄŇ

3. Maşgala gurmak isleýän mesihçi haýsy soraglar barada oýlanmaly?

3 Siz biri bilen duşuşyp başlamankaňyz, ilki nähili adam bilen maşgala gurmak isleýändigiňiz hakda oýlanyň c. Ýogsam siz özüňize gabat gelmeýän adam bilen duşuşyp başlamagyňyz mümkin. Elbetde, biz diňe «Halypamyzyň şägirdi», ýagny suwa çümdürilen mesihçi bilen maşgala gurmaly (1 Kor. 7:39). Emma her bir suwa çümdürilen mesihçi mynasyp ýar bolup bilmez. Şonuň üçin özüňize şu soraglary beriň: «Men nähili maksatlara ýetmek isleýärin? Men ýanýoldaşymyň nähili adam bolmagyny isleýärin? Meniň garaşýan zatlarym ýerliklimi ýa-da men aşa köp zat isleýärinmi?»

4. Siz näme barada doga edip bilersiňiz?

4 Siz: «Ýehowa, maňa mynasyp ýanýoldaş tapmaga kömek edäý!» diýip doga edýärsiňizmi? (Flp. 4:6). Elbetde, Ýehowa size derrew ýanýoldaş tapyp bermez. Emma ol mynasyp ýar tapmak üçin gerekli maslahat berer, sebäbi sizi söýýär, aladaňyzy edýär. Siz Ýehowa doga edip, isleg-arzuwyňyzy we duýgyňyzy aýdyp duruň (Zeb. 62:8). Şeýle-de sabyrly we paýhasly bolmak barada doga ediň (Ýak. 1:5). ABŞ-da ýaşaýan sallah dogan Jon d şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa gözleýän gyzymyň nähili häsiýetli bolmalydygyny gürrüň berýärin, şeýle gyza duşurmagyny dileýärin. Şeýle-de gowy är bolmak üçin öz üstümde işlemäge kömek et diýýärin». Şri-Lankada ýaşaýan Tanýa şeýle diýýär: «Men maşgala gurmak üçin gowuja ýigit gözlesem-de, köplenç Ýehowa doga edip, wepaly bolmaga, bagtly, şadyýan, yhlasly wagyz etmäge kömek et diýýärin». Eger siz mynasyp ýanýoldaş tapmaýan bolsaňyz, gynanmaň, Ýehowa hökman siziň aladaňyzy eder, zada zar etmez we söýgüsi bilen çoýar (Zeb. 55:22).

5. Ýehowany ýürekden söýýän mesihçi bilen tanyşmak üçin nähili mümkinçilik bar? (1 Korinfliler 15:58; surata serediň).

5 Mukaddes Kitapda: «Halypamyzyň işinde hemişe köp zähmet çekiň» diýilýär (1 Korinfliler 15:58-i okaň). Siz Ýehowa köpräk gulluk etseňiz, onda imany berk dogan-uýalar bilen köpräk wagt geçirersiňiz, ruhlandyryjy gürrüňleri edersiňiz. Şeýle-de diňe Ýehowany razy edip ýaşaýan maşgala gurmadyk dogan-uýalar bilen tanşarsyňyz. Siz Ýehowanyň islegini birinji orunda goýup, hakykatdan-da bagtly bolarsyňyz.

Siz Ýehowa köpräk gulluk etseňiz, onda imany berk dogan-uýalar bilen köpräk wagt geçirersiňiz. Şeýle-de diňe Ýehowany razy edip ýaşaýan maşgala gurmadyk dogan-uýalar bilen tanşarsyňyz (5-nji abzasa serediň).


6. Maşgala gurmadyk mesihçiler nämäni unutmaly däl?

6 Dogan-uýalar, özüňize mynasyp ýar gözläp, akyl-huşuňyzy ýitirmäň (Flp. 1:10). Unutmaň, hakyky bagt adamyň maşgala gurandygyna ýa-da gurmandygyna däl-de, Ýehowa bilen dostlugyna bagly (Mat. 5:3). Siz sallah wagtyňyz Ýehowanyň işine berk ýapyşyň, güýjüňizi, wagtyňyzy gaýgyrmaň. Şonda hiç haçan ökünmersiňiz (1 Kor. 7:32, 33). ABŞ-da ýaşaýan Jessika uýa 40 ýaş töweregi durmuşa çykýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň durmuşa çykasym gelýärdi, emma men gulluga yhlasly gatnaşýardym, menden bagtly adam ýokdy».

SYNLAŇ

7. Dogan söz aýtmazdan öň näme üçin uýany synlamaly? (Nakyllar 13:16).

7 Siz birini halasaňyz, onda derrew söz aýtmalymy? Mukaddes Kitaba görä, paýhasly adam bir zat etjek bolsa, onda öňünden sorap-idäp görýär (Nakyllar 13:16-ny okaň). Siz hem söz aýtmazdan öň, birnäçe wagtlap gyzyň oturyşyny-turuşyny, häsiýetlerini, edim-gylymyny we özüni alyp barşyny ünsli synlaň. Niderlandiýada ýaşaýan Eşwin dogan şeýle diýýär: «Duýgy diýen zat birden peýda bolýar, birdenem ýitýär. Eger siz halan adamyňyzy howlukman gowuja synlasaňyz, onda wagtlaýyn duýga esaslanyp duşuşyp başlamarsyňyz». Belki-de, siz birnäçe wagtlap synlap, ol gyzyň gabat gelmeýändigine göz ýetirersiňiz we söz aýtmarsyňyz.

8. Göwnüňe ýaran adamy nädip synlamaly? (Surata serediň).

8 Doganlar, siz göwnüňize ýaran gyzy nädip synlap bilersiňiz? Siz ýygnakda, oturylyşykda onuň özüni nähili alyp barýandygyna, häsiýetlerine üns beriň we şu soraglar hakda oýlanyň: ol Ýehowa berk imany edýärmi? Joralary kim? Ol näme hakda gürrüň etmegi halaýar? (Luka 6:45). Maksatlarymyz gabat gelýärmi? Onuň nähili abraýy bar? (Rut 2:11). Siz ol hakda ýaşululardan ýa-da ony gowy tanaýan dogan-uýalardan sorap bilersiňiz (Nak. 20:18). Uýany synlanyňyzda, ony oňaýsyz ýagdaýa salmakdan seresap boluň. Ony gowy tanajak diýip, her bir ädimini yzarlap ýörmäň.

Siz söz aýtmazdan öň, birnäçe wagtlap gyzyň häsiýetlerini we özüni alyp barşyny synlaň (7, 8-nji abzaslara serediň).


9. Näçe wagt synlamaly?

9 Haçana çenli synlamaly? Eger siz derrew söz aýtsaňyz, onda howlukmaç karara gelersiňiz (Nak. 29:20). Emma uzaga çekseňiz, esasanam, gyz synlaýanyňyzy aňýan bolsa, belli bir karara gelip bilmeýän adam ýaly görnersiňiz (Nes. 11:4). Unutmaň, gyzy näçe synlasaňyz-da, onuň gowy ýanýoldaş boljagyny 100 göterim anyklap bilmersiňiz. Munuň üçin tanyşlyk açmaly. Esasy zat, siz maşgalanyň ýüküni çekmäge taýyn bolmaly we gyza göwnüňiz ýetmeli.

10. Sizi halaýan adamda göwnüňiz ýok bolsa näme etmeli?

10 Uýalar, biriniň sizi halaýandygyny duýsaňyz näme etmeli? Siziň göwnüňiz ýok bolsa, onda näz edip ýörmäň, onuň duýgusyny oýnamaň, ýogsam ýüregine ýara salarsyňyz (1 Kor. 10:24; Efes. 4:25).

11. Gyz tapmagy haýyş etseler nämäni göz öňünde tutmaly?

11 Käbir ýurtlarda ene-atalar ogluna gyz tapyp berýär. Käbir ýurtlarda bolsa oglanyň dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary gowuja gyz tapmaga kömek edýär. Eger sizden gyz tapmagy haýyş etseler näme etmeli? Siz iki tarapyň hem islegini göz öňünde tutuň. Gyzyň edim-gylymyny, gylyk-häsiýetini we Ýehowany jany-teni bilen söýýändigini biljek boluň. Sebäbi onuň Hudaý bilen dostlugy baýlygyndan, biliminden, kesp-kärinden we aslyndan has wajypdyr. Emma maşgala gurmalymy ýa-da gurmaly däldigini oglan bilen gyzyň çözmelidigini unutmaň (Gal. 6:5).

SÖZ AÝDYŇ

12. Nädip söz aýtmaly?

12 Aýdaly, siz biri bilen duşuşmak isleýärsiňiz. Siz oňa nädip söz aýdarsyňyz? e Onuň bilen ýüzbe-ýüz görşüň ýa-da oňa jaň ediň. Siz gyzy gowy görýändigiňizi we ony ýakyndan tanamak isleýändigiňizi açyk aýdyň (1 Kor. 14:9). Ol oýlanjak diýse, wagt beriň, howlukdyrmaň (Nak. 15:28). Gyz sizde göwnüniň ýokdugyny aýtsa, kararyna hormat goýuň we ýüregine düşmäň.

13. Size söz aýdanlarynda näme etmeli? (Koloslylar 4:6).

13 Biri size söz aýtsa näme etmeli? Oňa duýgusyny aýtmak aňsat bolan däldir. Şonuň üçin mähirli we sylaşykly gepleşiň (Koloslylar 4:6-ny okaň). Eger oýlanmaga wagt gerek bolsa çekinmän aýdyň. Emma tizräk jogap berjek boluň (Nak. 13:12). Göwnüňiz ýok bolsa mähir bilen we açyk aýdyň. Bir uýa Awstriýada ýaşaýan Hans dogana gowy görýändigini aýdýar. Hans şeýle gürrüň berýär: «Men uýa bilen sypaýyçylykly we açyk gepleşdim. Ol boş arzuw edip ýörmez ýaly, göwnümiň ýokdugyny derrew aýtdym. Şeýle-de özümi alyp barşyma ünsli boldum». Söz aýdan doganda göwnüňiz bar bolsa, ony ýakyndan tanamak isleýändigiňizi aýdyň we tanyşlyk döwrüni nädip geçirjekdigiňiz hakda gürrüň ediň. Sebäbi medeniýetiňize ýa-da başga ýagdaýlara görä, isleg-arzuwlaryňyz biri-biriňiziňkiden tapawutlanyp biler.

GOLDAWYŇYZY GAÝGYRMAŇ

14. Biz dogan-uýalary nädip goldap bileris?

14 Maşgala gurmadyk dogan-uýalary nädip goldap bileris? Biz aýtjak sözlerimize ünsli bolmaly (Efes. 4:​29). Şu soraglar hakda oýlansak gowy bolar: men olary ýaňsylap üstünden gülýärinmi? Dogan bilen uýanyň gepleşip durandygyny görenimde, olary çatjak bolýarynmy? (1 Tim. 5:​13). Maşgala gurmadyklary durmuşdan yza galan hasaplamaň. Hans dogan şeýle diýýär: «Dogan-uýalar: „Öýlenmän geziberjekmi? Ýaşyňdan habaryň barmy?“ diýip soraýarlar. Şeýle sözler ruhdan düşürýär we Ýehowa üçin edýän bar tagallaňy biderek edýär». Dogan-uýalar, geliň, maşgala gurmadyk imandaşlarymyza «Berekella!» diýeliň we olaryň göwnüni galkyndyralyň (1 Sel. 5:​11).

15. a) Rimliler 15:2-ä görä, maşgala gurmadyklara kömek edeniňde nämäni göz öňünde tutmaly? (Surata serediň). b) Wideodan näme öwrendiňiz?

15 Siz bir dogan bilen uýany tanyşdyrmak isleýän bolsaňyz nämeleri göz öňünde tutmaly? Mukaddes Kitapda adamlaryň duýgusyna hormat goýmalydygy aýdylýar (Rimliler 15:2-ni okaň). Siz maşgala gurmadyk dogan-uýalar çatyp ýörmäň we olaryň garaýşyna hormat goýuň (2 Sel. 3:​11). Eger mesihçiniň özi haýyş etse, oňa ýar tapmaga kömek ediň, ýöne haýyş etmese, durmuşyna goşulmaň (Nak. 3:​27) f. Siz dogan bilen uýany tanyşdyrjak diýip, olary bir-biriniň garşysyna getirip oturtmaň, sebäbi özlerini oňaýsyz duýar. Germaniýada ýaşaýan durmuşa çykmadyk Lidiýa uýa şeýle diýýär: «Siz dogan bilen uýany tanyşdyrjak bolsaňyz, olaryň ikisini hem oturylyşyga çagyryň, emma başga zada goşulmaň. Şonda olaryň özleri tanşar we gürrüňdeş bolar».

Dogan bilen uýa oturylyşykda biri-birini ýakyndan tanaýar (15-nji abzasa serediň).


16. Maşgala gurmadyk dogan-uýalar nämäni ýatdan çykarmaly däl?

16 Maşgala guranlar hem, gurmadyklar hem bagtly we şadyýan ýaşap biler (Zeb. 128:1). Maşgala gurmak isleýän dogan-uýalar, söwer ýar tapmadyk bolsaňyz, ruhdan düşmäň, gaýtam Ýehowa yhlasly gulluk ediň. Makaoda ýaşaýan Sin Ýi uýa şeýle gürrüň berýär: «Siz Jennetde ýanýoldaşyňyz bilen ebedi we bagtly ýaşarsyňyz. Şonda häzirki ýalňyzlyk duýgularyňyz ýadyňyza-da düşmez. Şonuň üçin ýaşlyk döwrüňiziň gadyryny biliň, wagtyňyzy paýhasly ulanyň». Indiki makalada tanyşlyk döwri paýhasly karara gelmek barada gürrüň ederis. Şol maslahatlar duşuşyp başlanlara kömek eder.

137-NJI AÝDYM Wepaly gelin-gyzlar

a JW.ORG saýtyndan «Duşuşmak. 1-nji bölüm: Men duşuşmaga taýynmy?» diýen makalany okap bilersiňiz.

b DÜŞÜNDIRILIŞ: şu we indiki makalada tanyşlyk döwri hakda gürrüň ederis. Oglan bilen gyz tanyşlyk döwri biri-birini içgin tanaýar we gowy ýanýoldaş bolup biljekdigini ýa-da bilmejekdigini anyklaýar. Käbir ýurtlarda şol döwre duşuşmak, gowy tanamak, söýüşmek we halaşmak döwri diýýärler. Oglan bilen gyz biri-birinde göwnüniň bardygyny açyk aýdanda tanyşlyk döwri başlanýar. Eger ýaşlar duşuşmagyny bes etseler ýa-da toý tutmak kararyna gelseler, tanyşlyk döwri tamamlanýar.

c Makalada dogan barada aýdylsa-da, ondaky maslahatlar uýa-da degişli.

d Käbir atlar üýtgedildi.

e Adatça, dogan uýa söz aýdýar, emma uýa hem dogana göwnüniň bardygyny aýdyp biler. Munuň hiç hili aýyby ýok (Rut 3:1—13). «Oýanyň!» žurnalyndan (rus.) «Ýaşlaryň sowallary: „Men oňa duýgularym hakda nädip aýtsamkam?“» (g04-U 22/10) diýen makalany okap bilersiňiz.

f JW.ORG saýtyndan «Imanyňyz üçin göreşiň! Durmuş gurmadyklar» diýen wideony görüň.