Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

20-NJI MAKALA

67-NJI AÝDYM «Hudaýyň Sözüni wagyz et»

Wagyzçylar, söýgiňiz ot bolup tutaşsyn!

Wagyzçylar, söýgiňiz ot bolup tutaşsyn!

«Ilki bilen Patyşalyk baradaky hoş habar ähli milletlere wagyz ediler» ​ (Mar. 13:10).

ESASY PIKIR

Ýürekden çykýan söýgi hoş habary janyň-teniň bilen wagyz etmäge höweslendirýär.

1. 2023-nji ýylyň Ýyllyk duşuşygynda nämeleri bildik?

 2023-NJI ÝYLDA Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýyllyk duşuşygy geçirildi a. Şol duşuşykda täze düşündirişler gürrüň berildi we gyzykly bildirişler aýdyldy. Meselem, «Beýik Wawilon» ýykylandan soňra köp adamlaryň garaýşyny üýtgedip, Ýehowanyň halkyna goşuljakdygy aýdyldy. Şeýle-de 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap, wagyzçylaryň wagyz hasabatyny tabşyrmaly däldigi bildiriş edildi. Şu bildirişler biziň wagyz işinden elimizi sowatmalymy? Elbetde, ýok!

2. Biz näme üçin badymyzy gowşatman wagyz etmeli? (Markus 13:10).

2 Biz badymyzy gowşatman wagyz etmeli, sebäbi dünýäniň soňy gün-günden golaýlaşyp gelýär. Isa pygamber soňky günlerde uly depginde wagyz ediljekdigi barada pygamberlik etdi (Markus 13:10-y okaň). Ol: «Hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» diýdi (Mat. 24:14). «Dünýäniň soňy geler» diýen jümle Şeýtanyň dünýäsiniň ýok ediljekdigini aňladýar. Ýehowa höküm etjek «gününi we sagadyny» belledi (Mat. 24:36; 25:13; Res. 1:7). Allatagalanyň höküm güni gün-günden golaýlaşýar (Rim. 13:11). Şol sebäpli biz yhlasly wagyz etmeli.

3. Bizi yhlasly wagyz etmäge näme höweslendirýär?

3 Bizi wagyz etmäge näme höweslendirýär? Bir söz bilen aýtsaň: söýgi. Biziň ýüregimizde hoş habar ot kimin tutaşýar welin, dymyp, içimizde saklap bilmeýäris. Biz adamlary ýürekden söýýäris we olaryň halas bolmagyny isleýäris. Şeýle-de Ýehowany janymyz-tenimiz bilen söýýäris we onuň mukaddes adyna hormat goýýarys. Geliň, ýüregimizde ot kimin tutaşýan söýgi hakda söhbet edeliň.

HOŞ HABAR ÝÜREGIŇIZDE OT KIMIN TUTAŞSYN

4. Siz hoş habary eşideniňizde özüňizi nähili duýduňyz?

4 «Buşluk, ýegeniň boldy! Gutlaýaryn, seni işe aldylar!» diýen täzelikleri eşideniňizde ökjäňiz ýere degen däldir. Dogan-garyndaşlaryňyza, dost-ýarlaryňyza gürrüň berensiňiz. Siz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary eşiden günüňiz begenjiňizden ýaňa ganat baglap uçansyňyz we her bir adam bilen şatlygyňyzy paýlaşansyňyz.

5. Hoş habary ilkinji sapar eşiden günüňizi gürrüň beriň. (Surata serediň).

5 Siz Hudaýyň Sözünden hakykatlary eşiden günüňizi ýadyňyza salyň. Şonda gökdäki Ýehowa Atamyzyň sizi söýýändigini, ogul-gyzy hökmünde kabul etmek isleýändigini, çekýän jebir-jepaňyzy ýok etjekdigini, aradan çykan dogan-garyndaşlaryňyzy direltjekdigini we şuňa meňzeş ençeme hakykatlary bildiňiz (Mar. 10:29, 30; Ýah. 5:​28, 29; Rim. 8:​38, 39; Ylh. 21:​3, 4). Siz özüňizi iň bagtly adam duýansyňyz (Luka 24:32). Şu hakykatlar siziň ýüregiňizde ot bolup tutaşandyr, içiňizde saklap bilen dälsiňiz (Ýermeýa 20:9-y deňeşdiriň).

Hakykaty ilkinji gezek eşidenimizde, ol ýüregimizde ot bolup tutaşandyr, ony içimizde saklap bilen däldiris (5-nji abzasa serediň).


6. Bir är-aýalyň başdan geçiren wakasyndan näme öwrendiňiz?

6 Geliň, Ernest b dogan hakda gürrüň edeliň. Ol 10 ýaşyndaka kakasy aradan çykýar. Ernest şeýle ýatlaýar: «Meni şeýle soraglar biynjalyk edýärdi: Hudaý kakamy öz ýanyna aldymyka? Men indi ony hiç haçan görmerinmi? Kakasy bilen barýan çagalary görenimde gözüm gidýärdi. Men her gün diýen ýaly kakamyň mazarynyň öňünde dyza çöküp: „Hudaý jan, ýalbarýaryn, aýtsana, kakam nirede?“ diýip doga edýärdim». Ernestiň kakasynyň aradan çykanyna 17 ýyl geçdi. Soňra ol Mukaddes Kitap okuwyny geçip başlady we ençeme ýyllap biynjalyk eden soraglaryň jogabyny bildi. Ernest ölen adamlaryň agyr ukuda ýatandygyny, agyry-ynjyny duýmaýandygyny we gelejekde direljekdigini bilende başy göge ýetýär (Nes. 9:​5, 10; Res. 24:15). Onuň aýaly Roza hem Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Hoş habar onuň ýüreginde ot bolup tutaşýar. Şeýlelikde, är-aýal 1978-nji ýylda suwa çümdürilýär. Soňra olar dogan-garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna we beýleki adamlara yhlasly wagyz edýär. Ernest bilen Rozanyň tagallasy ýerine düşdi. Olar 70-den gowrak adama özlerini Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmäge kömek etdi.

7. Hoş habar ýüregimizde kök ursa näme ederis? (Luka 6:​45).

7 Isa pygamber: «Adamyň ýüregindäki dilindedir» diýdi (Luka 6:​45-i okaň). Eger hoş habar ýüregimizde kök ursa, her bir adama wagyz ederis. Bizem I asyrdaky resullaryň: «Gören-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýen sözlerine goşulýarys (Res. 4:​20). Hawa, Hudaýyň Sözündäki hakykat ýüregimizde ot bolup tutaşsa, dymyp oturyp bilmeris.

ADAMLARY ÝÜREKDEN SÖÝÜŇ

8. Biz näme üçin hoş habary wagyz edýäris? (Surata we « Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň!» diýen çarçuwa serediň).

8 Ýehowa we Isa pygamber adamlary ýürekden söýýär (Nak. 8:​31; Ýah. 3:​16). Bizem olaryň göreldesine eýerýäris. Biz «Hudaýy tanamaýan» we «umytsyz ýaşaýan» adamlary görenimizde ýüregimiz para-para bolýar (Efes. 2:​12). Şu dünýäniň gaýgy-aladalary apy-tupan ýaly adamlary gark edip barýar. Bizde bolsa halas ediş gursakça bar, ýagny biz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip adamlary halas edýäris. Biz adamlara kömek etmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanyp hoş habary wagyz edýäris. Hudaýyň hoş habary olaryň ýüreginde umyt uçgunlaryny döredýär. Olar özlerini bagtly duýýarlar we «hakyky ýaşaýşa», ýagny ebedi ýaşaýşa «berk ýapyşýarlar» (1 Tim. 6:​19).

Biz adamlary söýýäris we olaryň ýagdaýyna gynanýarys, şonuň üçin hoş habary yhlasly wagyz edýäris (8-nji abzasa serediň).


9. Biz adamlara näme barada duýdurýarys we näme üçin? (Hyzkyl 33:​7, 8).

9 Biz adamlary ýürekden söýýäris we olara tizden zalym dünýäniň ýok ediljekdigini duýdurýarys (Hyzkyl 33:​7, 8-nji aýatlary okaň). «Şonda şeýle bir uly betbagtçylyk bolar, ol dünýä döräli bäri şu güne çenli ne bolandyr, ne-de bolar» (Mat. 24:21). Gynansak-da, dogan-garyndaşlarymyz, goňşy-golamlarymyz şu dünýäniň gaýgy-aladalary bilen şeýle bir başagaý welin, uly betbagtçylygyň ýetip gelýändigine üns hem bermeýärler. Biz muňa gynanýarys we dünýäniň üstüne injek betbagtçylykdan habarly bolmaklaryny isleýäris. Şol sebäpli biz olara tizden ýalan diniň ýatyryljakdygyny we Armageddon söweşinde Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ýok ediljekdigini aýdýarys (Ylh. 16:14, 16; 17:16, 17; 19:11, 19, 20). Şeýle-de biz köp adamlaryň duýduryşa gulak asyp, Hudaýyň halkyna goşulmagy üçin doga-dileg edýäris. Emma biz näçe tagalla etsek-de, käbir adamlar, şol sanda dogan-garyndaşlarymyz duýduryşy diňlemeýärler. Indi olara näme bolar?

10. Biz näme üçin häzirden höküm habaryny wagyz etmeli?

10 Geçen makalada bilşimiz ýaly, belki-de, «Beýik Wawilon» ýok edilende käbir adamlar Ýehowa iman ederler we halas bolarlar. Şol sebäpli biz şu günler ýalan dinleriň ýok ediljekdigi baradaky höküm habaryny batyrgaýlyk bilen wagyz etmeli. Unutmaň, gelejekde pygamberlik ýerine ýetip başlanda käbirleri biziň aýdanlarymyzyň dogrudygyna göz ýetirer (Hyzkyl 33:33-i deňeşdiriň). Belki, olar duýduryşa gulak asyp, arassa seždä goşular we Ýehowa iman edip halas bolar. I asyrda Filipi şäherinde «güýçli ýertitreme bolanda» türmäniň gözegçisi Ýehowa iman edip halas boldy. Edil şonuň ýaly, tizden «Beýik Wawilon» ýok edilende, göçme manyda bütin dünýä sarsar. Şonda käbir adamlar türmäniň gözegçisi ýaly hak Alla iman edip halas bolar (Res. 16:25—​34).

ÝEHOWANY SÖÝÜŇ WE MUKADDES ADYNY AKLAŇ

11. Biz Ýehowany şöhratlandyrmak, hormat goýmak we alkyş aýtmak üçin näme etmeli? (Ylham 4:​11; surata serediň).

11 Hoş habary wagyz etmegimiziň esasy sebäbi: biz Ýehowa Hudaýy bütin janymyz-tenimiz bilen söýýäris we onuň mukaddes adyna çuňňur hormat goýýarys. Biz hoş habary wagyz edip Ýehowany şöhratlandyrýarys. Biz Ylham 4:11-däki (okaň) perişdeleriň aýdymyna goşulýarys: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa sen şöhrata, hormata, alkyşa mynasypsyň!» Biz Ýehowany nädip şöhratlandyryp, hormat goýup bileris? Munuň üçin biz adamlara Ýehowanyň älem-jahany ýaradandygy we ýaşaýyş demini berendigi üçin borçludygymyz barada wagyz etmeli. Biz nädip hak Alla alkyş aýdyp bileris? Munuň üçin biz wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi gaýgyrman hoş habary adamlara wagyz etmeli (Mat. 6:​33; Luka 13:24; Kol. 3:​23). Biz Ýehowany şeýle bir söýýäris welin, ol hakda hemmelere gürrüň beresimiz gelýär, adyny aýdyp, manysyny düşündiresimiz gelýär.

Biz wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi gaýgyrman wagyz edip Ýehowa alkyş aýdýarys (11-nji abzasa serediň).


12. Biz Ýehowanyň adyny nädip aklap bileris?

12 Şeýtan Iblis Ýehowa töhmet atyp, onuň mukaddes adyny garalady (1 Mus. 3:​1—5; Eýp. 2:4; Ýah. 8:​44). Biz Ýehowany janymyz-tenimiz bilen söýýäris we onuň mukaddes adyny aklamak isleýäris (Mat. 6:9). Biz adamlara Ýehowanyň mähirli, rehimdar, adalatly we söýgüden doly Hudaýdygyny wagyz edýäris. Şeýle-de adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzündäki ähli kynçylyklary aýyrjakdygyny we adamlary Jennetde ebedi ýaşatjakdygyny gürrüň berýäris (Zeb. 37:10, 11, 29; 1 Ýah. 4:8). Biz adamlara Ýehowany tanatsak, Şeýtan Iblisiň ýalançydygyny subut ederis. Şeýle-de biz Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde adymyza görä ýaşasak, Ýehowanyň mukaddes adyny aklarys.

13. Biz Ýehowanyň Şaýady diýen ady göterýändigimize näme üçin buýsanýarys? (Işaýa 43:10—​12).

13 Ýehowa bize: «Siz meniň şaýatlarym» diýdi (Işaýa 43:10—​12-nji aýatlary okaň). Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalarynyň ýazan bir hatynda şeýle diýilýär: «Ýehowanyň Şaýady diýen ady götermek ynsan üçin uly hormat» c. Aýdaly, siziň işiňiz kazyýetde derňelýär. Şonda siz kimi şaýat edersiňiz? Dogruçyl, ynama mynasyp, gowy tanaýan we il içinde ýagşy ady bolan adamy şaýat ederdiňiz. Ýehowa hem bizi gowy tanaýar we adyny aklap biljekdigimize ynanýar, şonuň üçin bizi şaýady edip saýlady. Biz Ýehowanyň Şaýady diýen ady göterýändigimize buýsanýarys, her bir mümkinçilikden peýdalanyp Ýehowa barada şaýatlyk edýäris we adyny töhmetden aklaýarys. Geliň, adymyza mynasyp ýaşalyň! (Zeb. 83:18; Rim. 10:13—​15).

ÝEHOWA «BESDIR» DIÝÝÄNÇÄ WAGYZ EDIŇ

14. Gelejekde nämeler bolar?

14 Bize ajaýyp döwür garaşýar. Biz köp adamlaryň uly betbagtçylykdan öň Ýehowa iman edip, onuň halkyna goşuljakdygyna begenýäris. Adamzat taryhynda boljak iň agyr döwürde, ýagny uly betbagtçylyk başlanda köp adamlar Şeýtanyň dünýäsiniň çüýrükdigine göz ýetirerler we hak Alla iman edip, arassa sežde ederler (Res. 13:48).

15, 16. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli we haçana çenli wagyz etmeli?

15 Mähriban dogan-uýalar, geliň, gol gowşuryp oturmalyň! Biz dünýäde hiç haçan gaýtalanmajak işe gatnaşýarys, ýagny bütin ýer ýüzüne Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edýäris. Şeýle-de biz adamlara höküm habaryny hem wagyz etmeli. Olar Şeýtanyň zalym dünýäsiniň tizden ýok ediljekdiginden bihabar bolmaly däl. Ýehowanyň höküm güni gelende, olar biziň hak Allanyň habaryny aýdandygymyza göz ýetirer (Hyz. 38:23).

16 Dogan-uýalar, goý, hoş habar ýüregiňizde ot kimin tutaşsyn. Ýehowany we adamlary ýürekden söýüň. Hak Allanyň mukaddes adyna hormat goýuň. Ýehowa «besdir» diýýänçä, badyňyzy gowşatman hoş habary wagyz ediň!

54-NJI AÝDYM «Ine ýol!»

a 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Nýuberg şäherinde (Nýu-Ýork, ABŞ) Ýehowanyň Şaýatlarynyň Kongresler köşgünde Ýyllyk duşuşygy geçirildi. Ýyllyk duşuşygynyň 1-nji bölümi 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň teleýaýlymynda, 2-nji bölümi bolsa, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň teleýaýlymynda görkezildi.

b Siz «Garawul diňi» žurnalyndan «Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär. „Mukaddes Kitabyň düşnükli we ynandyryjy aýatlary meni haýran galdyrdy“» diýen makalany okap bilersiňiz (w15-U 1/2).