Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

25-NJI MAKALA

7-NJI AÝDYM Ýehowa güýç berýär

Beýik Biribara bil baglaň!

Beýik Biribara bil baglaň!

«Ýehowa Biribardyr!» (Zeb. 18:46).

ESASY PIKIR

Biz Beýik Biribar Ýehowa sežde edýäris we köp bereket alýarys.

1. Kynçylyklarda Ýehowa wepaly galmaga näme kömek eder?

 MUKADDES KITAPDA «soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygy» aýdylýar (2 Tim. 3:1). Biz ähli adamlar ýaly köp kynçylyklara duş gelýäris. Üstesine-de yzarlanýarys we dogan-garyndaşlarymyz garşy çykýar. Ýehowa ak ýürekden sežde etmäge näme kömek eder? Biz Ýehowanyň Beýik Biribardygyny unutmaly däl (Ýer. 10:10; 2 Tim. 1:12).

2. Biz Biribar Hudaý barada nämäni bilýäris?

2 Ýehowa — hak Hudaý. Ol biziň ähli kynçylyklarymyzy görýär we kömek etmek isleýär (2 Tar. 16:9; Zeb. 23:4). Biz Ýehowanyň Gudratygüýçli, Biribar Hudaýdygyny unutmasak durmuşda duş gelýän ähli kynçylyklary böwsüp geçeris. Geliň, kynçylyklary ýeňip geçen Dawut patyşa hakda gürrüň edeliň.

3. Dawut «Biribar» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

3 Dawut Ýehowany gowy tanaýardy we oňa bil baglaýardy. Şawul patyşa Dawudyň kastyna çykyp, gije-gündiz yzarlaýar. Şonda Dawut Ýehowadan kömek sorap ýalbarýar (Zeb. 18:6). Ýehowa Dawudyň dilegine jogap berende, ol: «Ýehowa Biribardyr!» diýýär (Zeb. 18:46). Dawut näme diýjek boldy? Käbir terjimelerde şol aýatdaky «Biribar» sözi «diri Hudaý» diýip terjime edilen. Bir ylmy kitapda bolsa: «Dawut Ýehowanyň Gudratygüýçli Hudaýdygyna we kömek etmäge taýyndygyna ynanýardy» diýilýär. Hawa, Dawut durmuşynda Ýehowanyň elini ençeme sapar görýär. Şonuň üçin ol Beýik Biribary elmydama wasp etmegi we Oňa yhlasly gulluk etmegi ýüregine berk düwýär (Zeb. 18:28, 29, 49).

4. Biz Ýehowanyň Biribardygyna näme üçin iman etmeli?

4 Biz Ýehowanyň Beýik Biribardygyna iman etsek, Oňa janymyz-tenimiz bilen sežde ederis. Her bir synaga mertlerçe döz geleris we Ýehowa yhlasly gulluk ederis. Ýehowa bilen dostlugymyz gün-günden berkär.

BEÝIK BIRIBAR GÜÝÇ-KUWWAT BERER

5. Gudratygüýçli Hudaý kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edýär? (Filipililer 4:13).

5 Biz Ýehowanyň Beýik Biribardygyny unutmasak we goldajakdygyna iman etsek, islendik kynçylyga döz geleris. Gudratygüýçli Hudaýyň başarmajak zady bolarmy näme?! Ol kynçylyga düşenimizde güýjümize güýç goşar (Filipililer 4:13-i okaň). Geliň, kynçylyklarda ejizlemäliň, mert bolalyň! Durmuşda bolýan her bir kynçylyklarda Ýehowanyň elini görjek bolalyň. Şonda agyr synaglarda-da Beýik Biribara wepaly galarys.

6. Dawudyň Beýik Biribara bolan imany nädip berkedi?

6 Geliň, Dawudyň durmuşynda bolan iki waka seredeliň. Dawut ýaş ýigitdi. Ol «kakasynyň sürüsini bakyp ýörkä, bir gezeg-ä ýolbars, bir gezegem aýy gelip, goýnuny äkidýär». Dawut ýyrtyjy haýwanlaryň yzyndan ýetip, olary öldürýär-de, goýunlaryny ganly penjesinden halas edýär. Şonda ýaş ýigit özüni däl-de, Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrýar (1 Şam. 17:34—37). Bu wakalar Dawudyň ýüreginde öçmejek yz galdyrýar. Ol Ýehowanyň has agyr synaglarda-da goldajakdygyna ynanýar.

7. Dawuda Jalut pälwany ýeňmäge näme kömek etdi?

7 Günlerde bir gün Dawut Ysraýyl goşunynyň düşelgesine barýar. Görse, piliştli Jalut Ysraýyl esgerlerine agzyna gelenini aýdyp masgaralap dur (1 Şam. 17:10, 11). Esgerler bolsa gorkudan ýaňa sandyraşýardylar. Olar Jalutyň boý-syratyna seredip, haýbat atyşyny eşidip, güýç-kuwwatdan gaçdylar (1 Şam. 17:24, 25). Ýöne ýetginjek Dawut äpet pälwanyň Ýehowanyň ýanynda hiç zatdygyny bilýärdi. Jalut diňe bir Ysraýyl goşunyna däl-de, Ýehowa Hudaýa dil ýetirýärdi (1 Şam. 17:26). Dawut Jalutdan gorkmaýar. Ýehowa Dawuda ýyrtyjy haýwanlary öldürmäge kömek eden bolsa, Jaluty hem ýeňmäge güýç-kuwwat berer. Hawa, Dawut ýekeje daş bilen äpet pälwany ýere ýazýar (1 Şam. 17:45—51).

8. Biz näme üçin Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlanmaly? (Surata serediň).

8 Biz Ýehowanyň kömek etmäge taýyndygyny unutmasak ähli synaglara döz geleris (Zeb. 118:6). Munuň üçin Ýehowanyň geçmişde halkyny goldaýşy hakda oýlanyň. Mukaddes Kitapda ençeme wakalar ýazylan (Işa. 37:17, 33—37). JW.ORG saýtynda dogan-uýalaryň beren gyzykly gürrüňleri bar. Siz hem Ýehowanyň kömek eden günlerini ýatlaň. Elbetde, siz ýyrtyjy haýwanlar bilen göreşen dälsiňiz, emma durmuşyňyzda Ýehowanyň gudratly goluny görensiňiz. Ol size her gün hakykat ýolundan ýöremäge kömek edýär (Ýah. 6:44). Eýsem bu gudrat dälmi näme?! Eger Ýehowanyň size kömek edendigi ýadyňyza düşmese, Ondan ýadyňyza salmagy haýyş ediň. Şonda ol size dogalaryňyza jogap berendigini, tüýs gerek wagty goldandygyny we kynçylyklara döz gelmäge kömek edendigini ýatladar. Siz Ýehowanyň Biribar Hudaýdygyna has-da ynanarsyňyz.

Siz kynçylyklara duş geleniňizde jedelli mesele hakda oýlanyň (8, 9-njy abzaslara serediň).


9. Kynçylyklarda nämäni unutmaly däl? (Nakyllar 27:11).

9 Siz kynçylyklara duş geleniňizde jedelli mesele hakda oýlanyň. Şeýtan Iblis mesihçi kynçylykda ejizläp, Ýehowadan ýüz öwrer diýip töhmet atýar. Eger biz kynçylyklarda Hudaýa wepaly galsak, ony söýýändigimizi we Şeýtan Iblisiň barypýatan ýalançydygyny subut ederis (Eýp. 1:10, 11; Nakyllar 27:11-i okaň). Belki, sizi döwlet işgärleri yzarlaýandyr, ýeter-ýetmezçilikden kösenýänsiňiz, adamlar hoş habary diňleýän däldirler we başga-da kynçylyklara duş gelýänsiňiz. Eger şeýle bolsa, ruhdan düşmäň, gaýtam mertlik bilen döz geliň. Şonda Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyňyz. Ýadyňyzda bolsun, Ýehowa döz gelip bilmejek synaglaryňyza ýol bermez (1 Kor. 10:13). Ol size çydamly bolmaga güýç-kuwwat berer.

BEÝIK BIRIBARYŇ SYLAGYNY ALYŇ

10. Ýehowa wepaly bendelerine näme wada berýär?

10 Biz Ýehowa wepaly bolsak, ol bizi sylaglar (Ýew. 11:6). Ol bize bol bereket, kalbymyza rahatlyk berer we gelejekde ebedi ýaşaýşy peşgeş berer. Mähriban dogan-uýalar, Ýehowanyň beren wadalaryna ynanyň. Sebäbi Ol bizi gowy ýaşatmak isleýär, muny etmäge güýji hem ýetýär. Geliň, Biribaryň beren wadalaryna şübhelenmäliň, şonda oňa janymyz-tenimiz bilen gulluk ederis. I asyrda ýaşan Timoteos Hudaýa wepaly bolup, bize gowy göreldi görkezdi (Ýew. 6:10—12).

11. Timoteos näme üçin janyny aýaman gulluk etdi? (1 Timoteos 4:10).

11 1 Timoteos 4:10-y okaň. Timoteos Biribar Ýehowanyň sylaglajakdygyna ynanýar, şonuň üçin janyny aýaman gulluk edýär. Timoteos ökde mugallymdy, täsirli nutuk bilen çykyş edýärdi. Ol ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli mesihçilere gowy görelde görkezýärdi. Şeýle-de ol käbir imandaşlaryna käýeýär, öwüt-ündew berýär, dogry ýoldan sowulmazlyga kömek edýär (1 Tim. 4:11—16; 2 Tim. 4:1—5). Käbir dogan-uýalar Timoteosyň eden ýagşylygynyň gadyryny bilmeýärdi, käbirleri onuň edýän ýagşy işlerinden bihabardy. Ýöne Timoteos Ýehowanyň sylaglajakdygyna ýürekden ynanýardy (Rim. 2:6, 7).

12. Ýaşulular näme üçin janyny aýaman zähmet çekýärler? (Surata serediň).

12 Şu günler ýygnak ýaşululary Patyşalyk işleriniň ilerlemegi we dogan-uýalaryň aladasyny etmek üçin arman-ýadaman zähmet çekýär. Olar her bir edýän işini Ýehowanyň görýändigine we gymmat saýýandygyna ynanýar. Ýaşulular çopançylyk idegini edýär, dogan-uýalara tälim berýär we yhlasly wagyz edýär. Käbir ýaşulular guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşýar, betbagtçylyk döwri dogan-uýalaryň aladasyny edýär. Käbirleri Hassalary ideýän toparda we Keselhanalar bilen işleşýän komitetde gulluk edýär. Ýygnak ýaşululary gurama adamyň däl-de, Ýehowanyň ýolbaşçylyk edýändigine düşünýär. Şonuň üçin olar öz borçlaryny höwes bilen ýerine ýetirýär, sebäbi Ýehowanyň sylaglajakdygyna ynanýar (Kol. 3:​23, 24).

Dogan-uýalar öz borçlaryny höwes bilen ýerine ýetirýär, sebäbi Biribar Ýehowanyň sylaglajakdygyna ynanýar (12, 13-nji abzaslara serediň).


13. Ýehowa dogan-uýalaryň çekýän zähmetine nähili garaýar?

13 Elbetde, hemmämiz ýygnak ýaşulusy bolup bilmeýäris, ýöne her birimiz Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk edip bilýäris. Ýehowa biziň elimizde baryny edýändigimizi görüp begenýär. Ol bütindünýä wagyz işi üçin berýän ujypsyzja pul sadakamyzy gymmat saýýar. Biribar Ýehowa çekinjeň dogan-uýalaryň elini galdyryp ýygnakda jogap berýändigine guwanýar. Ol mesihçiniň göwnüne degen imandaşyny bagyşlaýandygyna begenýär. Ýehowa biziň edýän ýönekeýje işlerimizi hem gymmat saýýar. Ol bizi ýürekden söýýär we bol bereket eçilmek isleýär (Luka 21:1—4).

BEÝIK BIRIBARA IMANYŇYZ GOWŞAMASYN

14. Biz Ýusup pygamber ýaly Ýehowa wepaly bolmak üçin näme etmeli? (Surata serediň).

14 Biz Hudaýy iman gözi bilen edil ýanymyzda duran ýaly görsek, synagda berk durarys. Geliň, gadymy döwürde ýaşan Ýusup pygamber hakda gürrüň edeliň. Potifaryň aýaly Ýusuby ahlaksyzlyk etmäge yrjak boldy. Emma Ýusup Ýehowany iman gözi bilen görýärdi, edil ýanynda duran ýaly duýýardy. Ol Ýehowany gynandyrmak islemedi (1 Mus. 39:9). Eger biz Ýehowa doga etsek we Mukaddes Kitaby okasak, görünmez Hudaýy göreris, imanymyz gün-günden berkär. Biz Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys we onuň ýigrenýän işlerini etmeris (Ýak. 4:8).

Biz Hudaýy iman gözi bilen görsek, synagda berk durarys (14, 15-nji abzaslara serediň).


15. Boýnuýogyn ysraýyllardan näme sapak edinýäris? (Ýewreýler 3:12).

15 Käbir mesihçiler Ýehowanyň Biribar Hudaýdygyna şübhelenýärler we onuň kada-kanunyny bozýarlar. Geliň, çölde ýaşan ysraýyllar hakda gürrüň edeliň. Olar Ýehowanyň bardygyna ynanýardylar, ýöne aladasyny etjekdigine şübhelenýärdiler. Olar: «Ýehowa biziň aramyzdamy ýa ýok?» diýip, goh-galmagal turuzdylar (2 Mus. 17:2, 7). Soňra Ýehowa garşy çykdylar. Boýnuýogyn ysraýyllardan sapak edinmegimiz üçin, Ýehowa şu wakany Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Ýewreýler 3:12-ni okaň).

16. Biziň imanymyz nädip gowşap biler?

16 Şeýtanyň dünýäsinde Ýehowa wepaly bolmak aňsat däl. Köp adamlar Ýehowanyň bardygyna ynanmaýar we onuň kada-kanunlaryny äsgermän döwran sürüp ýaşaýar. Mesihçiler olara göriplik etse, imany gowşap biler. Elbetde, mesihçiler Ýehowanyň bardygyna ynanýar, ýöne aladasyny etjekdigine şübhelenip biler. Zebur 73-nji baby ýazan mezmurçynyň keýpi-sapada ýaşaýan erbet adamlara gözi gitdi. Ol Hudaýyň kanunlaryny äsgermeýän adamlaryň zada zar bolman ýaşaýandygyny görüp: «Men biderek ýere päk ýürekli bolupdyryn» diýýär (Zeb. 73:11—13).

17. Beýik Biribara wepaly bolmaga näme kömek eder?

17 Mezmurçy derrew garaýşyny üýtgedýär. Ol Ýehowany terk eden adamlaryň ejir çekjekdigine düşünýär (Zeb. 73:18, 19, 27). Şeýle-de ol Biribar Ýehowanyň wepaly bendelerine bol bereket berjekdigi hakda oýlanýar (Zeb. 73:24). Biz hem synaga düşenimizde, Allatagalanyň edýän ýagşylyklary hakda oýlanmaly. Ýehowadan ýüz öwren adamyň bagtly ýaşamajakdygyny unutmaly däl. Şonda biz soňky demimize çenli Ýehowa wepaly bolarys we mezmurçynyň: «Men bolsa Hudaý bilen dostlaşmagy saýladym» diýen sözlerine goşularys (Zeb. 73:28).

18. Biz Ýehowanyň gelejekde goldajakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris?

18 Biz hem kynçylyklara döz gelip bileris, sebäbi arkamyzda «diri hem hak Hudaý» dur (1 Sel. 1:9). Ýehowa — Gudratygüýçli Hudaý. Ol wepaly bendeleriniň dadyna ýetişer. Beýik Biribar gadymy döwürden bäri halkyny gorap, goldap gelýär. Ýehowa bizi gelejekde boljak uly betbagtçylykda-da ýeke goýmaz (Işa. 41:10). Geliň, biz «Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn» diýen sözleri dilimizde sena edeliň! (Ýew. 13:5, 6).

3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym