Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

26-NJY MAKALA

8-NJI AÝDYM Ýehowa penamyz

Ýehowa halkynyň Arkadagydyr

Ýehowa halkynyň Arkadagydyr

«Arkadag Hudaýym ýeke-täkdir» (1 Şam. 2:2).

ESASY PIKIR

Biz Arkadag Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýermeli.

1. Zebur 18:46-da Ýehowa barada näme aýdylýar?

 ŞU GÜNLER apy-tupan ýaly kynçylyklar her birimiziň başymyza inýär we durmuşymyz göz açyp-ýumasy salymda üýtgeýär. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Biribar Ýehowa kömek etmäge hemişe taýyn. Biz onuň goldawy bilen her bir kynçylyga döz geleris. Dawut pygamber Ýehowa «Biribar» diýenden soňra, Oňa «Arkadagym» diýip ýüzlendi (Zebur 18:46-ny okaň). Geliň, Dawut pygamberiň şu sözleri näme üçin aýdandygyny bileliň.

2. Biz şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Biz şu makalada Mukaddes Kitapda Ýehowa näme üçin Arkadag diýilýändigi barada bileris. Şeýle-de Arkadag Ýehowa bil baglamak üçin näme etmelidigi we onuň göreldesine nädip eýerip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

ÝEHOWA — GAÝA

3. «Arkadag» diýen söz Ýehowa barada nämäni mälim edýär? (Surata serediň).

3 Mukaddes Kitabyň asyl nusgasyndaky «gaýa» diýen söz «Arkadag» diýip terjime edildi. Ýehowa gaýa ýa-da Arkadag diýilmegi, onuň nähili Hudaýdygyny mälim edýär. Ol ynamdar, üýtgewsiz we halkyna pena bolýan Hudaýdyr. Mukaddes Kitapda ilkinji sapar «Arkadag» sözi 5 Musa 32:4-de duş gelýär. Gadymy döwürde hudaýhon adamlar deňi-taýy bolmadyk Ýehowany wasp edenlerinde «Arkadagym» diýip ýüzlenipdir. Meselem, hudaýhon aýal Hanna «Arkadag Hudaýym ýeke-täkdir» diýýär (1 Şam. 2:2). Habakuk pygamber Ýehowa «Arkadagym» diýip ýüzlenýär (Hab. 1:12). Mezmurçy «Hudaý arkadagymdyr» diýýär (Zeb. 73:26). Şeýle-de Ýehowa özüne «Menden başga Arkadag ýok» diýýär (Işa. 44:8). Geliň, Arkadag Ýehowanyň halkyna nädip pena bolýandygyny bileliň. Şonda biz hemişe oňa bil baglarys (5 Mus. 32:31).

Arkadag Ýehowa halkyna pena bolýar (3-nji abzasa serediň).


4. Näme üçin Ýehowa pena diýse bolar? (Zebur 18:2).

4 Ýehowa penadyr. Gadymy döwürde äpet gaýalar apy-tupan turanda adamlara pena bolupdyr. Şu günler biziň başymyza apy-tupan ýaly kynçylyklar inende, Ýehowa penamyz bolýar (Zebur 18:2-ni okaň). Hudaý halkyna düzedip bolmajak zyýan ýetirilmegine ýol bermez. Gelejekde bolsa Arkadagyň penasynda ýaşajak adamlar asuda, parahat durmuşda döwran sürerler (Hyz. 34:25, 26).

5. Ýehowa penamyz bolar ýaly näme etmeli?

5 Biz Arkadag Ýehowa Hudaýa doga-dileg etsek, biziň penamyz bolar, «Hudaýyň parahatlygy» ýüregimizde höküm sürer we dury pikirlenmäge kömek eder (Flp. 4:6, 7). Geliň, Artýom dogan hakda gürrüň edeliň. Ony Hudaýa iman edýändigi üçin tussag edýärler. Sülçi Artýom dogany her gün soraga tutardy, üstünden gülerdi, kemsiderdi. Artýom şeýle gürrüň berýär: «Men her sapar sülçüniň ýanyna barmaly bolanymda, howsala düşýärdim... Emma doga-dileg edenimde göwnüm giňäp gidýärdi, Ýehowa baş alyp çykmaga kömek edýärdi. Sülçi her zat etse-de, meni imanymdan dänderip bilmedi... Arkadagym Ýehowa meni penasynda aman saklady».

6. Ýehowa näme üçin ynamdar Hudaý? (Işaýa 26:3, 4).

6 Ýehowa ynamdar Hudaý. Mukaddes Kitapda «Ýehowa ebedilik Arkadagdyr» diýilýär (Işaýa 26:3, 4-nji aýatlary okaň). Ol özüne ýöne ýere Arkadag, gaýa diýmeýär, sebäbi gaýany hiç bir zat ýerinden gozgap bilmeýär. Edil şonuň ýaly, Ýehowanyň etjek işine hiç kim we hiç zat böwet bolup bilmeýär. Ýehowa biziň dogalarymyzy eşidýär, hemişe kömek edýär we beren sözünde durýar. Biz Ýehowa doly bil baglap bileris, sebäbi ol wepaly Hudaýdyr (2 Şam. 22:26). Ol biziň eden ýagşylygymyzy unutmaz, wepaly bendelerini sylagsyz goýmaz (Ýew. 6:10; 11:6).

7. Biz Ýehowa bil baglasak nähili peýda alarys? (Surata serediň).

7 Biz Arkadag Ýehowa bil baglasak, ol penamyz bolar. Biz nähili ýagdaý bolaýanda-da, Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozmaly däl. Şonda Ýehowa bize guwanar we bereket berer (Işa. 48:17, 18). Kynçylyklarda Ýehowanyň elini görsek, gelejekde-de goldaw berjekdigine ynamly bolarys. Käbir ýagdaýlarda Ýehowadan başga hiç kim dadymyza ýetişmez. Wladimir dogan şeýle ýagdaýy başdan geçirdi: «Men tussaglykda ýekedim, elimden hiç zat gelmeýärdi. Emma şeýle agyr pursatda Ýehowa bil baglamagy öwrendim, ýakyndan dostlaşdym. Şol döwri hiç haçan unutmaryn».

Arkadag Ýehowa bil baglasak, ol bize pena bolar (7-nji abzasa serediň).


8. a) Ýehowa näme üçin üýtgemeýän Hudaý? b) Biz nämä ynamly bolup bileris? (Zebur 62:6, 7).

8 Ýehowa üýtgemeýän Hudaý. Ol berk gaýa kimin ygtybarly. Ýagdaý üýtgese-de, onuň häsiýeti we niýeti üýtgemeýär (Mel. 3:6). Erem bagynda Adam ata bilen How ene gozgalaň turuzdy. Şonda ýagdaý üýtgedi, emma Ýehowa üýtgemedi. Pawlus resul Ýehowa «öz-özüne garşy gidýän däldir» diýdi (2 Tim. 2:13). Daş-töwerekde apy-tupan tursa-da, adamlar näme etse-de, Ýehowa häsiýetini, niýetini we kada-kanunlaryny üýtgetmeýär. Biz kynçylyga düşenimizde Ýehowadan kömek soramaly, onuň dadymyza ýetişjekdigine ynamly bolmaly. Sebäbi ol üýtgemeýän Hudaýdyr (Zebur 62:6, 7-nji aýatlary okaň).

9. Tatýana uýa bilen bolan wakadan näme öwrendiňiz?

9 Arkadag Ýehowanyň häsiýetleri, niýeti barada oýlansak, biziň penamyz bolar. Käte durmuşda bolýan kynçylyklar sebäpli howsala düşüp, näme edip, näme goýjagymyzy bilmeýäris. Şonda Arkadag Hudaý hakda oýlansak, özümizi ele alarys, kalbymyz rahat bolar (Zeb. 16:8). Geliň, Tatýana uýa hakda gürrüň edeliň. Ol Ýehowa iman edýändigi üçin öý tussaglygynda oturýar. Tatýana şeýle gürrüň berýär: «Men dört diwaryň içinde otyrdym. Başda men göwnüçökgünlige düşdüm, emma Ýehowany razy etmek üçin oturandygym barada oýlananymda göwnüm giňäp gitdi. Şondan soňra içimi hümledip oturmadym, alada etmedim». Görşümiz ýaly, kynçylyklar başymyza inende Arkadag Hudaýyň häsiýeti we niýeti hakda oýlansak ejizlemeris, berk durarys.

10. Uly betbagtçylyga nädip taýýarlyk görmeli?

10 Tizden adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik uly betbagtçylyk bolar. Emma biz şol döwür gelýänçä gol gowşuryp oturman taýýarlyk görmeli. Muny nädip edip bileris? Biz Mukaddes Kitapdan hudaýhon adamlar hakda, şu günler Hudaýa wepaly bolýan imandaşlarymyz barada okamaly we Ýehowanyň olara nädip pena bolandygy barada oýlanmaly. Şonda Arkadag Ýehowa Hudaýyň biziň hem penamyz boljakdygyna göz ýetireris.

ARKADAG HUDAÝDAN GÖRELDE ALYŇ

11. Biz näme üçin Arkadag Ýehowanyň göreldesine eýermeli? (« Maksat goýuň» diýen çarçuwa serediň).

11 Biz Arkadag Ýehowanyň halkyna pena bolýandygy hakda gürrüň etdik. Eger biz onuň göreldesine eýersek, dogan-uýalaryň penasy bolarys. Isa pygamber Simuna Kifa (grekçe «Petrus») diýdi. Kifa «gaýanyň bölegi» diýmegi aňladýar (Ýah. 1:42). Petrus resul dogan-uýalaryň daýanjy we ýygnagyň diregi bolmalydy. Şu günler ýygnak ýaşululary «belent gaýa kimin» dogan-uýalara pena bolýar we tutuş ýygnagy howp-hatardan goraýar (Işa. 32:2). Ýöne diňe bir ýygnak ýaşululary däl-de, ähli dogan-uýalar Arkadag Ýehowanyň göreldesine eýerse, ýygnak berkär (Efes. 5:1).

12. Biz dogan-uýalara nädip pena bolup bileris?

12 Pena boluň. Käbir dogan-uýalar tebigy betbagtçylyk, uruşlar we gozgalaňlar sebäpli öýüni taşlap gitmeli bolýar. Şonda biz olary güler ýüz bilen garşylap myhman almaly. Dünýäniň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär. Gelejekde biz dogan-uýalara has köp kömek etmeli bolarys (2 Tim. 3:1). Biz olara göwünlik bermeli, imanyny berkitmeli, ýygnaga gelende gujak açyp garşy almaly we mähirli gepleşmeli. Şeýtanyň dünýäsi bizi her tarapdan gysyp-gowrup barýar, şonuň üçin ýygnaga gelen dogan-uýalary mährimiz bilen çoýalyň. Goý, olar özüni öýünde ýaly rahat duýsun!

13. Ýygnak ýaşululary nädip pena bolup biler? (Surata serediň).

13 Ýaşulular kyn günleri başdan geçirýän dogan-uýalara pena bolýar. Olar tebigy betbagtçylykdan ejir çeken, hassa ýa-da bejergä mätäç dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny edýärler. Şeýle-de Mukaddes Kitap arkaly dogan-uýalaryň imanyny berkidýärler. Eger ýaşuly mähirli, duýgudaş, diňlemäge taýyn bolsa, dogan-uýalar oňa arkaýyn ýüz tutup biler. Olar ýaşulynyň Mukaddes Kitap esasynda berýän maslahatyny hem höwes bilen kabul ederler (1 Sel. 2:7, 8, 11).

Ýygnak ýaşululary tebigy betbagtçylykdan ejir çeken, hassa ýa-da bejergä mätäç dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny edýär (13-nji abzasa serediň) a.


14. Ynamdar bolmak üçin näme etmeli?

14 Ynamdar boluň. Biz ynamdar adam hökmünde tanalmaly, esasanam, kyn güne düşen dogan-uýalaryň dadyna ýetişmeli (Nak. 17:17). Biz ynamdar adam bolmak üçin näme etmeli? Her gün mukaddes ruhuň miwesini görkezmeli, sözümizde durmaly, tabşyrylan işi wagtynda etmeli (Mat. 5:37). Şeýle-de mätäç dogan-uýalardan elimizden gelen kömegi gaýgyrmaly däl, ýygnakda berlen ýumuşlary görkezmä görä ýerine ýetirmeli.

15. Ýehowa ýaşululardan näme garaşýar?

15 Ýygnak ýaşululary — uly bereket. Dogan-uýalar ýaşululara, esasanam, wagyz toparynyň gözegçisine arkaýyn ýüz tutup bilmeli. Munuň üçin ýaşulular kömek etmäge taýyn bolmaly. Olar maslahat berende öz pikirini öňe sürmän, Mukaddes Kitaba we wepaly hyzmatkäriň edebiýatlaryna esaslanmaly. Ýaşulular dogan-uýalaryň syryny saklamaly we beren sözünde durmaly. Ynamdar, aladaçyl ýaşulularyň penasynda dogan-uýalar ruhy taýdan gülläp öser.

16. Biz näme üçin tutanýerli bolmaly?

16 Ýagdaý üýtgese-de, siz üýtgemäň. Biz tutanýerli bolsak, hakykat ýolundan saga-sola sowulmarys we Mukaddes Kitaba esaslanyp karara geleris. Şeýle-de dogan-uýalara gowy görelde bolarys. Biz Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna çuňňur düşünsek imanymyz berkär, ýalan taglymatlaryň ýesiri bolmarys, dünýäniň täsirine düşmeris we şemal ýaly öwsüp durmarys (Efes. 4:14; Ýak. 1:6—8). Biz erbet habar eşidenimizde howsala düşmez ýaly, Ýehowanyň wadalaryna iman etmeli (Zeb. 112:7, 8). Şonda dogan-uýalar hem biziň göreldämize eýerip, synaglarda berk durarlar (1 Sel. 3:2, 3).

17. Ýaşulular dogan-uýalaryň imanyny berkitmek üçin näme etmeli?

17 Ýaşulular ähli zatda çägini bilýän, sagdyn düşünjeli, tertip-düzgünli we paýhasly bolmaly. Olar «Hudaýyň ynamdar sözüni gyşarnyksyz öwredip» dogan-uýalaryň imany berkitmeli (Tit. 1:9; 1 Tim. 3:1—3). Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara çopançylyk idegini etseler, ýygnaklardan galmasalar, yhlasly wagyz etseler we şahsy okuwyny geçirseler imandaşlaryna gowy görelde bolar. Şeýle-de ýaşulular agyr günleri başdan geçirýän dogan-uýalary ruhlandyrmaly, Ýehowa we onuň niýeti hakda oýlanmaga höweslendirmeli.

18. a) Biz näme üçin Ýehowa alkyş aýtmaly? b) Hudaý bilen dostlaşmaga näme kömek eder? (« Ýehowa bilen dostlaşyň» diýen çarçuwa serediň).

18 Şu makalada Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri barada gürrüň etdik. Geliň, Dawut pygamberiň: «Arkadagym Ýehowa alkyş bolsun!» diýen sözlerine goşulalyň (Zeb. 144:1). Ýehowa ynamdar Hudaýdyr. Goý, Ýehowa bilen dostlugyňyzy hiç bir zat bozmasyn! Durmuşyň belentli-pesli ýollarynda «Alla Arkadagymdyr!» diýip ynamly ýöräň (Zeb. 92:14, 15).

150-NJI AÝDYM Hudaýy agtaran halas bolar

a SURATYŇ BEÝANY: uýa ýygnak jaýynda ýaşululara aladasyny gürrüň berýär.