Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

24-NJI MAKALA

24-NJI AÝDYM Ýehowanyň dagyna çykyň

Hak Allanyň çadyrynda ebedilik myhman boluň

Hak Allanyň çadyrynda ebedilik myhman boluň

«Eý Ýehowa, çadyryňa kimi myhman alarsyň?»​ (Zeb. 15:1).

ESASY PIKIR

Mukaddes çadyryň myhmanlary Ýehowany razy etmeli we biri-birine hormat goýmaly.

1. Biz näme üçin Zebur 15:1—5-nji aýatlar hakda gürrüň ederis?

 GEÇEN makalada ömrüni Hudaýa bagyş edip, onuň bilen dostlaşan adamlaryň mukaddes çadyrda myhman bolýandygy hakda gürrüň etdik. Hudaýyň çadyrynda myhman bolmak uly hormat. Biz Beýik Hojaýynyň ynamyny ödemek üçin näme etmeli? Şu soragyň jogabyny Zebur 15-nji bapdan tapsa bolýar (Zebur 15:1—5-nji aýatlary okaň). Geliň, Beýik Hojaýynyň sylag-serpaýyny almak üçin näme etmelidigini bileliň.

2. Dawut Zebur 15:1-de «çadyr» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

2 Zebur 15-nji bap: «Eý Ýehowa, çadyryňa kimi myhman alarsyň? Mukaddes dagyňda kim ýaşar?» diýen sözler bilen başlanýar (Zeb. 15:1). Dawut aýatda «çadyr» diýende, Gibgon şäherinde ýerleşýän mukaddes çadyry göz öňünde tutdy. Dawut «dag» diýende, Sion dagyny göz öňünde tutdy. Sion dagy Gibgon şäheriniň günortasynda birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýärdi. Dawut ol ýerde äht sandygy üçin çadyr dikipdi. Birnäçe ýyldan soň mukaddes ybadathana guruldy we äht sandygy ol ýere göçürildi (2 Şam. 6:17).

3. Zebur 15-nji bapda näme düşündirilýär? (Surata serediň).

3 Ysraýyllaryň köpüsi çadyrda gulluk etmändi. Hatda olara äht sandygynyň duran çadyryna aýak sekmek gadagandy. Emma Hudaýa wepaly adamlaryň ählisi ynsan eli bilen gurulmadyk mukaddes çadyrda myhman bolup bilýär. Dawut pygamber Zebur 15-nji bapda Hudaýyň çadyryndan kowulmaz ýaly näme etmelidigimizi düşündirýär. Geliň, bileliň.

Ysraýyllar Dawudyň şahyrana sözlerine derrew düşünendir, sebäbi olar çadyrda myhman bolmagyň nämedigini bilýärdi (3-nji abzasa serediň).


HALAL ÝAŞAŇ WE DOGRY IŞLERI EDIŇ

4. Ýehowanyň çadyrynda ebedilik galar ýaly näme üçin suwa çümdürilmek ýeterlikli däl? (Işaýa 48:1).

4 Zebur 15:2-de Hudaýyň dosty bolmak isleýän adamyň «halal ýaşamalydygy, dogry işleri etmelidigi» aýdylýar. «Halal ýaşamak» we «dogry işleri etmek» diýen jümleler asyl nusgada dowamly hereketi aňladýar. Bikämil adamlar halal ýaşap bilermi? Elbetde! Biz Ýehowa gulak asmak üçin elimizde baryny etsek, bizi halal adam hasaplar. Ömrüni Hudaýa bagyş edip suwa çümdürilen adam: «Indi men Allanyň çadyrynda ebedilik galaryn» diýip arkaýynlaşmaly däl. Sebäbi suwa çümdürilmek ebedi ýaşaýyş ýolunyň başlangyjydyr. Meselem, ysraýyllar Hudaýa bagyş edilen halkdy. Emma olar Ýehowany «ak ýürekden, dogruçyllyk bilen» çagyrmasa, mukaddes çadyrda myhman bolup bilmeýärdi (Işaýa 48:1-i okaň). Hudaýa wepaly ysraýyllar kada-kanunlary öwrenýärdi we olara eýerip ýaşaýardy. Allatagalanyň çadyrynda ebedi myhman bolmak üçin diňe bir suwa çümdürilmek ýeterlikli däl. Biz her gün halal ýaşamaly we dogry işleri etmeli.

5. Halal ýaşamak we dogry işleri etmek nämäni aňladýar?

5 Halal ýaşamak we dogry işleri etmek üçin diňe bir ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak ýeterlikli däl (1 Şam. 15:22). Biz durmuşyň her bir ýagdaýynda Ýehowa gulak asmaly, hiç kim görmeýän wagty hem onuň kada-kanunlaryny berjaý etmeli (Nak. 3:6; Nes. 12:13, 14). Biz diňe bir wajyp däl-de, ýönekeý meselelerde-de Ýehowadan görkezme soramaly. Şonda biz Ýehowany ýürekden söýýändigimizi subut ederis. Beýik Hojaýyn Ýehowa bolsa, bize guwanar (Ýah. 14:23; 1 Ýah. 5:3).

6. Hudaýyň çadyrynda ebedilik myhman bolmak üçin öňki eden ýagşy işlerimiz ýeterliklimi? (Ýewreýler 6:10—12).

6 Ýehowa biziň ýagşy işlerimizi hiç haçan unutmaýar. Emma biz: «Men Ýehowa üçin köp işleri etdim. Indi dynç alsam hem bolar» diýip, gol gowşuryp oturmaly däl. Elbetde, Ýewreýler 6:10—12-nji aýatlarda (okaň) Ýehowanyň ýagşy işlerimizi unutmaýandygy aýdylýar, emma ol biziň soňuna çenli yhlasly bolmagymyzy hem isleýär. Eger biz «ýagşylyk etmekden ýadamasak», Ýehowanyň çadyrynda ebedilik myhman bolup bileris (Gal. 6:9).

ÝÜREGIŇIZDE HAKYKATY AÝDYŇ

7. «Ýüregiňde hakykaty aýtmak» nämäni aňladýar?

7 Ýehowanyň çadyrynda myhman bolýan adam «ýüreginde hakykaty aýtmaly» (Zeb. 15:2). Ol ýalan sözlemeli däl, hemişe hakykaty aýtmaly we dogry işleri etmeli (Ýew. 13:18). Sebäbi «Ýehowa mekirleri ýigrenýär, dogruçyllar bolsa onuň dostudyr» (Nak. 3:32).

8. Biz näme üçin mekir bolmaly däl?

8 «Ýüreginde hakykaty aýdýan adam» Hudaýa göz üçin gulluk etmeýär (Işa. 29:13). Ol mekirlige ýüz urmaýar. Mekir adam Ýehowanyň kada-kanunlarynyň dogry, peýdalydygy bilen ylalaşmaýar we özüni aklaýar (Ýak. 1:5—8). Ol durmuşyň käbir ýagdaýlarynda Hudaýa gulak asmasaň hem bolar diýip pikir edýär. Mekir adam edýän erbet işiniň netijesini birbada görmese, ýüregi gataýar, Hudaýyň beýleki kada-kanunlaryny hem bozup başlaýar we ikiýüzli ýaşaýar (Nes. 8:11). Emma biz Hudaýyň çadyrynda ebedi galmak islesek, dogruçyl ýaşamaly, hiç haçan ýalan sözlemeli däl.

9. Natanaýyl bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? (Surata serediň).

9 Ýehowanyň päk ýürekli adamlary gowy görýändigini bir waka subut edýär. Filipus dosty Natanaýyly Isa pygamber bilen tanyşdyrmak isleýär. Olar Isanyň ýanynda barýar welin, «Isa Natanaýylyň gelýänini görüp: „Ine hakyky ysraýyl ogly. Onda hiç hili mekirlik ýokdur“ diýýär» (Ýah. 1:47). Elbetde, Isa beýleki şägirtlerine mekir diýjek bolmady. Emma ol Natanaýylyň päk ýürekli, akgöwünli adamdygyny aýdýar. Natanaýyl bikämildi, emma onda mekirlik, hilegärlik we ýasamalyk ýokdy. Isa Natanaýyly akýürekli adamdygy üçin öwýär. Isa pygamber siz barada: «Onda hiç hili mekirlik ýok» diýse, begenjiňizden ýaňa ökjäňiz ýere degmese gerek.

Filipus päk ýürekli dosty Natanyýeli Isa pygamber bilen tanyşdyrýar. Size päk ýürekli adam diýse bolarmy? (9-njy abzasa serediň).


10. Biz nämelerden gaça durmaly we näme üçin? (Ýakup 1:26).

10 Zebur 15-nji bapda adamlar bilen sylaşykly bolmalydygy hakda jikme-jik ýazylan. Zebur 15:3-de şeýle diýilýär: «Ol dili bilen töhmet atmaz, goňşusyna ýamanlyk etmez, dostlaryna gara ýöňkemez». Biz şeýle işleri etsek, adamlaryň durmuşyna awy gatarys we Ýehowanyň mukaddes çadyryndaky hormatly ornumyzy ýitireris (Ýakup 1:26-ny okaň).

11. Töhmet näme we töhmet atan mesihçi toba etmese nähili çäre görülýär?

11 Mezmurçy: «Töhmet atma» diýip açyk aýdýar. Töhmet — birini masgaralamak üçin aýdylýan ýalan söz. Eger töhmet atan mesihçi toba etmese, ýygnak gatnaşygyndan kesilýär (Ýer. 17:10).

12, 13. Biz imandaşlarymyza nädip gara ýöňkemegimiz mümkin? (Surata serediň).

12 Zebur 15:3-de Ýehowanyň çadyrynda myhman bolýan adam «goňşusyna ýamanlyk etmez, dostlaryna gara ýöňkemez» diýilýär. Bu sözler nämäni aňladýar?

13 Biz bilmezlikden dogan-uýalara gara ýöňkemegimiz mümkin. Aýdaly, uýa uzak wagtly gullugyny goýýar, är-aýal Beýtel gullugyny tamamlaýar, dogan ýaşuly ýa-da hyzmatçy bolup gulluk etmegini bes edýär. Şonda biz: «Olar gödek ýalňyşlyk edendir, şonuň üçin borjundan aýrylandyr» diýip, gep-gürrüň ýaýratmaly däl. Mesihçi diňe ýalňyşanda däl-de, başga-da wajyp sebäplere görä gullugyny tamamlap biler. Gadyrly dogan-uýalar, Ýehowanyň çadyrynda ebedi myhman bolmak islesek «goňşymyza ýamanlyk etmäliň, dostumyza gara ýöňkemäliň».

Seresap bolmasak, dogan-uýalara gara ýöňkäp bileris (12, 13-nji abzaslara serediň).


ÝEHOWADAN GORKÝANLARA HORMAT GOÝUŇ

14. Biz «ýigrenji adamy» nädip tanamaly?

14 Zebur 15:4-de Ýehowanyň dosty «ýigrenji adam bilen gatnaşmaz» diýilýär. Biz ýigrenji adamy nädip tanamaly? Biz gylyk-häsiýetini gowy gören adamlarymyz bilen dostlaşýarys. Emma käbirleriniň bolşy biziň gaharymyzy getirýär. Olara ýigrenji adam diýse bolarmy? Elbetde, ýok! Biz bikämil, adamyň ýüregini görüp bilmeýäris. Diňe Ýehowa kimiň ýigrenjidigini bilýär (1 Kor. 5:11). Ýehowa öz dostlarynyň üstünden gülýän, ýaňsylaýan, olaryň imanyny gowşadýan ýa-da gaýta-gaýta günä edip toba etmeýän adamlary ýigrenji hasaplaýar. Biz olar bilen gatnaşmaly däl (Nak. 13:20).

15. Biz Ýehowadan gorkýanlara hormat goýmak üçin näme etmeli?

15 Zebur 15:4-de biziň «Ýehowadan gorkýanlara hormat goýmalydygymyz» aýdylýar. Biz Ýehowanyň dostlaryna ýagşylyk etmeli we sylag-hormat goýmaly (Rim. 12:10). Munuň üçin biz «zyýanymyza bolsa-da, beren sözümizde durmaly». Eger biz beren sözümizde durmasak, ýakynlarymyzy kösäris (Mat. 5:37). Ýehowa är-aýalyň toý güni biri-birine wepaly bolmak barada beren wadasyna görä ýaşamagyny isleýär. Şeýle-de ene-atalaryň borjuny gowy ýerine ýetirip, çagalarynyň aladasyny etmegine garaşýar. Eger biz Ýehowany we adamlary ýürekden söýsek, beren wadamyzda durmak üçin elimizde baryny ederis.

16. Myhmansöýer bolmak näme üçin wajyp?

16 Biz jomart bolsak, Ýehowanyň dostlaryny myhmançylyga çagyrsak, olara hormat goýýandygymyzy görkezeris (Rim. 12:13). Biz dogan-uýalar bilen gezelenç etsek, saçak başynda oturyp süýji-süýji söhbet etsek, ýakyndan dostlaşarys we imanymyz has-da berkär. Biz myhmansöýer bolsak, Beýik Hojaýyn Ýehowanyň göreldesine eýereris.

PULUŇ YŞKYNA DÜMÄŇ

17. Zebur 15-nji bapda näme üçin pul hakda agzalýar?

17 Hudaýyň çadyrynda myhman bolýan adam «göterimine pul bermez, bigünäni garalamak üçin para almaz» (Zeb. 15:5). Dawut pygamber näme üçin birdenkä pul hakda aýtdy? Sebäbi puluň yşkyna düşen adam hem özüne, hem başgalara zyýan ýetirýär we Hudaý bilen dostlugyny bozýar (1 Tim. 6:10). Gadymy döwürde ysraýyllar garyp ildeşine göterimine pul berýärdi; adalatsyz kazylar para alyp, bigünä adamy höküm edýärdi. Ýehowa şeýle işleri ýigrenýär (Hyz. 22:12).

18. Puluň yşkyna düşendigimizi anyklamaga haýsy soraglar kömek edýär? (Ýewreýler 13:5).

18 Biz puluň yşkyna düşendigimizi anyklamak üçin şu soraglar hakda oýlanmaly: «Men ýatsam-tursam pul hakda oýlanýarynmy? Näme satyn alsamkam diýip oda-köze düşýärinmi? Eger karz alan bolsam, algydarym pula mätäç däl diýip, bergimi bermän ýörýärinmi? Pulum köpelse özümi hondanbärsi alyp barýarynmy? Men gysgançmy? Men garyplary äsgermän, diňe baýlar bilen tirkeşýärinmi ýa-da baý dogan-uýalary tankytlaýaryn?» Ýehowanyň çadyrynda myhman bolmak uly hormat. Eger biz puluň guly bolmasak, baýlygyň yşkyna düşmesek, Ýehowanyň ebedilik dosty bolarys. Beýik Hojaýyn bizi hiç haçan terk etmez (Ýewreýler 13:5-i okaň).

ÝEHOWANYŇ HORMATLY MYHMANY BOLUŇ

19. Biz näme üçin Hudaýyň görkezmesine eýermeli?

19 Zebur 15-nji bapdaky maslahatlara eýermegiň nähili peýdasy bar? Zebur 15:5-de: «Şeýle adam asla sarsmaz» diýilýär. Bu sözler nämäni aňladýar? Eger biz Ýehowanyň kada-kanunlaryna gulak assak, görkezmesine eýersek bagtly bolarys, Hudaýyň berekedini alarys we penasynda aman-esen ýaşarys (Işa. 48:17).

20. Ýehowa myhmanlaryna nähili sylag-serpaý ýapar?

20 Ýehowanyň hormatly myhmanlaryna ajaýyp gelejek garaşýar. Saýlanan mesihçiler Isa Mesihiň gökde taýýarlan hormatly ornunda oturar (Ýah. 14:2). Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar Ylham 21:3-däki pygamberligiň ýerine ýetişiniň diri şaýady bolar. Hawa, Ýehowanyň dosty bolmak we onuň çadyrynda ebedi myhman bolmak her birimiz üçin uly hormat!

39-NJY AÝDYM Hudaýyň öňünde ýagşy at gazanyň