Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

OÝA BOLUŇ!

Uruş sebäpli Ukrainadan gaçýarlar

Uruş sebäpli Ukrainadan gaçýarlar

 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 24-ine Russiýa Ukraina hüjüm etdi. Uruş sebäpli köp adamlar ýurtdan gaçmaly boldy a.

 Nataliýa şeýle gürrüň berýär: «Ýaşaýan ýerimizde ok-ýaragyň, bombalaryň sesi eşidilýärdi. Gorkudan ýaňa näme edip, näme goýanymyzy bilmedik. Adamlary başga ýere göçürýändiklerini eşidip, bizem gaýtdyk. Hemme zadymyzy taşlap, ýekeje sumka bilen çykyp gaýtmaly bolduk. Diňe dokumentlerimizi, gerekli dermanlary, suw we biraz iýmit alyp, demirýol menziline geldik. Şol ýerde-de atylýan bombalaryň sesinden ýaňa durup bolmaýardy» (Harkow, Ukraina).

 Nadýa bolsa şeýle diýýär: «Biz otursak-tursak, ýurdumyzda uruş bolar diýip pikir etmedik. Şäheriň käbir ýerinde bombalar ýarylyp başlady. Olaryň zarbyna aýna-gapylar sarsyp gidýärdi. Iň gerekli zatlary aldym-da, irden sagat 8 töweregi otly bilen Lwow şäherine geldim, soňra awtobusa münüp, Polşa geçdim» (Harkow, Ukraina).

Makalada şu soraglaryň jogaby bar:

 Adamlaryň ýurdundan gaçmagyna näme sebäp bolýar?

 Russiýanyň harby goşuny Ukraina çozanda, ýurtda ýagdaý erbetleşdi. Ýöne Mukaddes Kitapda adamlaryň ýurdundan gaçmagyna diňe uruşlaryň däl-de, başga-da zatlaryň sebäp bolýandygy aýdylýar:

  •   Hökümet. Iň ösen ýurtlaryň hökümet ýolbaşçylary hem näçe jan etse-de, raýatlaryny parahat ýaşadyp bilmeýär. Sebäbi olar ygtyýaryny nädogry ulanyp, adamlara kynçylyk döredýär (Nesihat 4:1; 8:9).

  •   Şeýtan Iblis. Mukaddes Kitapda «bütin dünýä bolsa Şeýtanyň golastynda» diýilýär. «Dünýäniň hökümdary» Şeýtan adamlara zalymlyk etdirýär (Ýahýa 14:30; 1 Ýahýa 5:19).

  •   Asyrlarboýy adamlar görgi baryny görüp gelýär. Üstesine-de, biz «soňky günleriň juda kyn döwründe» ýaşaýarys (2 Timoteos 3:1). Mukaddes Kitapda uruşlar, tebigy betbagtçylyklar, açlyk, keselçilik sebäpli adamlaryň ýurdundan gaçmaly bolýandygy aýdylýar (Luka 21:10, 11).

 Gaçgaklara kim we näme umyt berýär?

 Mukaddes Kitapda Ýaradyjymyz Ýehowanyň b dogduk mekanyndan gaçyp gaýdanlaryň ýagdaýyna düşünýändigi we nebsi agyrýandygy aýdylýar (5 Musa 10:18). Hudaý tizden ýerdäki hökümetleri aýryp, adamlaryň üstünden özi höküm sürer. Şonda hiç kim ýurduny taşlap gaýtmaly bolmaz (Danyýar 2:44; Matta 6:10). Ýehowa Şeýtan Iblisi hem ýok eder (Rimliler 16:20). Ol ähli serhetleri aýryp, agzybirligi dikelder. Milletler bir maşgala ýaly bolar. Mukaddes Kitapda her kimiň öz dogduk mekanynda ine-gana ýaşajakdygy barada şeýle sözler bar: «Olar üzüm we injir agaçlarynyň saýasynda oturarlar. Olary hiç kim gorkuzyp bilmez. Sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa söz berdi» (Mikaý 4:4).

 Hudaýyň Patyşalygy adamlaryň ýurdundan gaýtmagyna sebäp bolýan kynçylyklary düýbünden aýrar. Şonda adamlar kösenip ýaşamagyň nämedigini bilmez. Geliň, Hudaýyň adamlara berýän käbir wadalary hakda bileliň:

  •   Uruşlar bolmaz. Ýehowa «uruşlary togtadar» (Zebur 46:9). Ýeriň dört künjeginde-de parahatlygyň boljakdygyny «Bütin ýer ýüzünde nädip parahatlyk bolar?» diýen makaladan okap bilersiňiz.

  •   Adamlar bir-birini ýigrenmez. Ýehowa ähli adamlary «zorluk-sütemden gutarar» (Zebur 72:14). Hudaý adamlara aňyna we ýüregine siňip giden milletparazlyk, göriplik, ýigrenç ýaly erbet häsiýetleri aýyrmaga kömek eder. Şu hakda köpräk bilmek üçin «Ýüregiňizdäki ýigrenji aýryň» diýen makalalary okaň.

  •   Garyp-gasar bolmaz. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «perýat edýän garyby... halas etjekdigi» wada berilýär (Zebur 72:12). Hudaýyň adamlaryň garyp ýaşamagyna getirýän ýagdaýlaryň soňuna çykjakdygy barada «Ykdysady taýdan deňlik bolarmy?» diýen makaladan okap bilersiňiz.

  •   Açlyk bolmaz. Hudaýyň Sözünde «ýer ýüzünde galla köp bolar» diýilýär (Zebur 72:16). Muňa has ynamly bolar ýaly, «Gaýdyp açlyk bolmaz» diýen makalany okaň.

 Mukaddes Kitabyň maslahatlary gaçgaklara göwünlik berýärmi?

 Hawa, Mukaddes Kitabyň maslahatlary gaçgaklara diňe gelejege umytly garamaga däl-de, häzirden bagtly ýaşamaga kömek edýär.

 Prinsip: «Sada adam her söze ynanýar, ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär» (Nakyllar 14:15).

 Aýadyň manysy: Siz başga ýere göçüp baran bolsaňyz, şol ýurduň ýagdaýy hakda öňünden sorap-idäň, howp-hatarlardan daşda duruň. Jenaýatçylardan we kezzap adamlardan seresap boluň.

 Prinsip: «Iýjegimiz we geýjegimiz bar bolsa, şoňa kaýyl bolalyň» (1 Timoteos 6:8).

 Aýadyň manysy: Baran ýeriňizde köp pul gazanjak bolup, hars urmaň. Adam barja zadyna kanagat etse, bagtly bolup bilýär.

 Prinsip: «Adamlaryň size näme etmegini isleýän bolsaňyz, sizem olara şeýle ediň» (Matta 7:12).

 Aýadyň manysy: Sabyrly hem mähirli boluň. Şeýtseňiz, baran ýeriňizdäki adamlara hormat goýup, olar bilen oňşukly ýaşap bilersiňiz.

 Prinsip: «Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň» (Rimliler 12:17).

 Aýadyň manysy: Adalatsyzlyk, ýamanlyk edenlerinde, ar aljak bolmaň. Beýtseňiz, ýagdaýy hasam beterleşdirersiňiz.

 Prinsip: «Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir» (Filipililer 4:13).

 Aýadyň manysy: Hudaýyň tabşyryklaryna eýeriň, oňa hemişe doga-dileg ediň. Hudaý size kynçylyklary ýeňmäge güýç berer.

 Prinsip: «Hiç zadyň aladasyny etmäň, her bir ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap doga ediň, minnetdarlyk bilen dileg ediň we ýalbaryň. Şonda ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar» (Filipililer 4:6, 7).

 Aýadyň manysy: Ýüregiňize giňlik berer ýaly, Hudaýdan kömek soraň. «Filipililer 4:6, 7. Hiç zadyň aladasyny etmäň» diýen makalany okap görüň.

a Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda uruş turan gününiň ertesi BMG-niň bosgunlar (gaçgaklar) baradaky Ýokary Komissarlygy: «Ýurdundan gaçýanlaryň sany ýokary derejä ýetdi» diýdi. 12 günüň içinde 2 milliondan gowrak adam Ukrainadan goňşy ýurtlara gaçdy. 1 milliona golaýyny bolsa Ukrainanyň howpsuz şäherlerine göçürdiler.

b Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa Hudaýyň ady (Zebur 83:18). «Ýehowa kim?» diýen makalany okaň.