Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Comstock Images/Stockbyte via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

Siz kimi saýlarsyňyz? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Siz kimi saýlarsyňyz? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Adamlar ýurt baştutanyny saýlamaly bolar.

 Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Ynsan hökümdarlarynyň güýji çäkli

 Mukaddes Kitapda ynsan hökümdarlarynyň köp zada güýjüniň ýetmeýändigi aýdylýar.

  •    «Han-beglere, ynsan ogullaryna bil baglamaň, olar janyňy halas edip bilmez. Olaryň ýaşaýyş demi gutarýar, topraga siňýär, şol gün oý-pikirleri hem puç bolýar» (Zebur 146:3, 4).

 Gynansak-da, iň gowy hökümdaram ahyrsoňy ölýär. Onuň ýerine geçjek adam bolsa ýurdy başgaça dolandyryp başlaýar (Nesihat 2:18, 19).

 Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, hiç bir adam gowy hökümdarlyk edip bilmeýär.

  •    «Adam... hatda nirä ädim ätjegini çözüp bilmeýär» (Ýermeýa 10:23).

 Adamyň güýji çäkli bolsa, onda kim gowy hökümdar bolup biler?

Hudaýyň bellän patyşasy

 Mukaddes Kitapda Hudaýyň iň gowy, dogruçyl, ynamdar hökümdary belländigi aýdylýar. Ol Isa Mesih (Zebur 2:6). Isa Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy (Matta 6:10).

 Siz Isanyň patyşaňyz bolmagyny isleýärsiňizmi? Etjek saýlawymyz her birimiz üçin wajyp.

  •    «Ogluny (Isa Mesihi) hormatlaň, ýogsam Alla gazaplanar, ýoluňyzda heläk bolarsyňyz. Sebäbi Allanyň gahary tiz tutaşýandyr. Hudaýy pena edinen bagtlydyr!» (Zebur 2:12).

 Biz häzirden belli bir karara gelmeli. Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler Isanyň 1914-nji ýyldan bäri höküm sürýändigini subut edýär. Tizden bolsa Hudaýyň Patyşalygy ynsan hökümetlerini ýok edip, bütin ýer ýüzüniň üstünden ebedi höküm sürer (Danyýar 2:44).

 Isanyň hökümdarlygynyň raýaty bolar ýaly näme etmelidigini bilmek üçin «Hudaýyň Patyşalygyny goldalyň!» diýen makalany okaň.