Esasy materiala geçiň

«Garawul diňi» — Hiç bir žurnal taý gelmez

«Garawul diňi» — Hiç bir žurnal taý gelmez

«Garawul diňi» žurnaly bütin dünýäde çap edilýän žurnallardan has köp neşir edilýär. Onuň her sany 42 milliondan hem geçýär. Ikinji ýerde — her sany 41 milliondan geçýän «Oýanyň!» žurnaly durýar. Bularyň ikisi-de Ýehowanyň Şaýatlary tarapyndan neşir edilip, 236 ýurtda we territoriýada ýaýradylýar.

Eýsem başga edebiýatlar barada näme diýse bolar? ABŞ-da neşir edilýän žurnallaryň Assosiasiýasyna görä, ABŞ-da çykarylýan tölegli žurnallaryň arasynda birinji ýerde Amerikan zähmet rugsadyna çykanlarynyň Assosiasiýasynyň (AARP) žurnaly durýar. Ol 50 ýaşdan geçen okyjylar üçin niýetlenen. Onuň her sany 22,4 milliondan geçýär. Germaniýada çykarylýan «ADAS Motorwelt» žurnalynyň her sany 14 milliona, Hytaýda çykarylýan «Taryhlar» (Gushi Hui) žurnalynyň her sany bolsa 5,4 milliona ýetýär.

Gazetleriň arasynda birinji ýerde Ýaponiýada çykarylýan «Yoimuri Shimbun» gazeti durýar. Onuň her sany 10 milliondan geçýär.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşir edýän edebiýatlary hem başgalara garanyňda has köp dile terjime edilýär. «Garawul diňi» žurnaly 190-dan gowrak, «Oýanyň!» žurnaly bolsa 80-den gowrak dile terjime edilýär. Meselem, «Reader’s Digest» žurnaly 21 dile terjime edilýär we onuň manysy dürli ýurtda tapawutlanýar.

Emma ýokarda agzalan žurnallardan tapawutlylykda, «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallary adamlaryň berýän pul sadakalarynyň esasynda neşir edilýär, olarda reklama ýok we mugt paýlanylýar.

«Garawul diňi» žurnalynyň maksady — Mukaddes Kitapdaky taglymatlary, esasan-da, Hudaýyň Sözünde Onuň Patyşalygy barada näme diýilýändigini düşündirmek. Ol 1879-njy ýyldan bäri neşir edilýär. «Oýanyň!» žurnalynda bolsa tebigat, ylym we Ýaradyja bolan imanyňy berkitmäge kömek edýän makalalar çap edilýär. Şeýle-de onda Mukaddes Kitabyň biziň durmuşymyz üçin peýdalydygy nygtalýar.