Esasy materiala geçiň

Mekdepden bizar. Näme etmeli?

Mekdepden bizar. Näme etmeli?

Şu aşakdakylary etseň gowy bolar

 Okuwa dogry garaýyşda bol. Gelejegiň barada pikir et. Elbetde, okuwda öwrenýän zatlaryň häzir saňa gerekmejek ýaly bolup görünmegi mümkin. Mekdepde alýan bilimiň dünýä garaýşyňy giňeltmäge ýardam eder. Bu saňa dürli milletden bolan adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňda, «her kes üçin her zat bolmaga» kömek eder (1 Korinfliler 9:22). Şeýle-de pikirlenmek ukybyňy ösdürersiň we munuň bütin ömrüňe peýda getirjekdigine şübhelenmän bilersiň.

Mekdepde okamagy geçmesi örän kyn tokaýa meňzetse bolýar. Emma gerekli gurallaryň bolsa özüňe ýol açyp bilersiň

 Mugallymyňa dogry garaýyşda bol. Eger mugallymyň öwredişini ýürekgysgynç görýän bolsaň, onda ünsüňi mugallyma däl-de, tema gönükdir. Mugallymyň bu temany başga synplarda onlarça, hatda ýüzlerçe gezek düşündirendir. Şol sebäpli oňa ilkibaşdakysy ýaly yhlasly düşündirmek kyn bolmagy mümkin.

 Maslahat. Bellik et, düşünmedik ýerleriňi sypaýyçylykly sora, sapaga höwesli bol. Şeýle etseň, başgalara-da gowy täsir eder.

 Ukyplaryňa dogry garaýyşda bol. Mekdep seniň bilinmän ýatan ukyplaryňy ýüze çykarar. Pawlus resul Timoteosa: «Hudaýdan alan sowgadyňy ýanyp duran ot kimin lowurdat» diýip ýazdy (2 Timoteos 1:6). Timoteosda Hudaý tarapyn berlen käbir ukyplar bolan bolmaly. Emma ol alan «sowgadyny» köýdürmez ýaly, ukyplaryny ösdürmelidi. Elbetde, seniň okuwa bolan ukybyň Hudaý tarapyn berilmese-de, özüňe mahsus bolan ukyplaryň bar. Mekdep saňa olary ýüze çykarmaga kömek eder. Şonda özüňde şeýle ukyplaryň bardygyna göz ýetirersiň.