Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Jynsy gatnaşyk babatdaky ynançlarymy nädip düşündirip bilerin?

Jynsy gatnaşyk babatdaky ynançlarymy nädip düşündirip bilerin?

«Sen henizem hiç kim bilen bolup görmediňmi?»

Eger sen bu soraga «ýok» diýip, jogap bermekçi bolsaň, onda ynamly aýtmak islärsiň gerek? Şu makala saňa kömek eder.

 Boý ýigit ýa-da gyz diýmek nämäni aňladýar?

 Bu söz öýlenmedik ýigide ýa-da durmuşa çykmadyk gyza aýdylýar.

 Emma munuň üçin maşgala gurmazlyk ýeterlikli däl. Sebäbi özüni boý ýigit ýa-da gyz hasaplaýanlaryň käbiri jynsy gatnaşyk etmeseler-de, ahlaksyzlygyň başga görnüşine baş goşdular.

 Jynsy gatnaşyga oral (agyz), anal (täret deşigi) arkaly ahlaksyzlyk etmek we biriniň jynsy organlaryny sypalamak hem degişli.

 Netije: Jynsy gatnaşyk, şol sanda oral (agyz), anal (täret deşigi) arkaly ahlaksyzlyk eden we biriniň jynsy organlaryny sypalan adamlara boý ýigit ýa-da gyz diýip bolmaýar.

 Mukaddes Ýazgylarda jynsy gatnaşyk barada näme diýilýär?

 Mukaddes Ýazgylarda diňe durmuş guran är-aýalyň jynsy gatnaşykda bolup bilýändigi aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 5:18). Şol sebäpli Hudaýyň göwnünden turmak isleýän adam nikadan öň hiç hili jynsy gatnaşyk etmeli däl (1 Selanikliler 4:3—5).

 Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylaryň könelişendigini we biziň döwrümize gabat gelmeýändigini aýdýarlar. Emma şu günler nikany bozmak, islenilmeýän göwrelilik we jynsy ýol bilen geçýän keseller ýaly betbagtçylyklaryň bolýandygyny unutmalyň. Eýsem, bu azgyn dünýä ahlak taýdan dogry maslahat berip bilermi? (1 Ýahýa 2:15—17).

 Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylaryň ahlak kadalary diýseň gymmatly! Aýdaly, biri saňa 1 müň dollar sowgat berdi. Sen ony adamlaryň aýak astyna zyňarsyňmy?

 Jynsy gatnaşyk barada hem şeýle diýse bolar. 14 ýaşly Sýerra şeýle diýýär: «Men birnäçe ýyldan hatda ady hem ýadyma düşmejek birine namysymy depelemäge ýol bermerin». Onuň sözleri bilen 17 ýaşly Temmi ylalaşyp: «Jynsy gatnaşyk – aýratyn sowgat. Ony öz wagtynda ulanmaly» diýýär.

 Netije: Mukaddes Ýazgylarda maşgala gurmadyk adamlaryň mertebesini saklap, ahlak taýdan arassa ýaşamalydygy aýdylýar (1 Korinfliler 6:18; 7:8, 9).

 Sen bu babatda näme pikir edýärsiň?

  •   Seniň pikiriňçe, Mukaddes Ýazgylarda jynsy gatnaşyk baradaky aýdylýan zatlar paýhaslymy ýa-da ýok?

  •   Seniň pikiriňçe, bir-birini söýýän ýaşlar durmuş gurman jynsy gatnaşyk etse, dogry bolarmy?

 Şu soraglaryň üstünde oýlanyp, ýaşlaryň köpüsi mertebäňi saklamagyň we ahlak taýdan arassa ýaşamagyň paýhaslydygyna göz ýetirdiler. Olar gelen kararyna ökünmeýärler we gowy zatdan mahrum bolandyryn öýtmeýärler. Gel, olaryň käbiriniň aýdan sözlerine seredeliň:

  •  «Men namysymy gorandygyma ökünmeýärin. Durmuş gurman ahlaksyzlyk eden ýaşlar beden we duýgy taýdan ejir çekýärler. Eýsem, şu zatlardan gaça durmak dogry dälmi?!» Emili

  •  «Hiç kim bilen jynsy gatnaşyk etmändigime we şol arkaly geçýän keselleriň mende ýokdugyna begenýärin». Eleýn

  •  «Özüm ýaly deň-duş we biraz uly gyzlaryň durmuş gurman ahlaksyzlyk edip ökünendigini eşitdim. Men olaryň ýalňyşyny gaýtalamak islemeýärin». Wera

  •  «Men namysyny goramandygy ýa-da ahlaksyzlyk edendigi üçin ynsaby köseýän adamlary köp gördüm. Olar uly ýalňyşlyk goýberýärler». Diana

 Netije: Deň-duşlaryň täsirine ýa-da ahlaksyzlyk babatda synaga düşmänkäň, ynançlaryň nämä esaslanýandygy barada oýlan (Ýakup 1:14, 15).

 Garaýşyňy başgalara nädip düşündirip bilersiň?

 Biri jynsy gatnaşyk babatda seniň garaýşyňy biljek bolsa näme jogap berersiň? Köp zat ýagdaýa bagly bolýar.

 «Eger biri üstümden gülmek maksady bilen sorag berse, ony diňläp durmaryn-da: „Bu seniň işiň däl“ diýip, jogap bererin». Karina

 «Gynansam-da, mekdepde käbiri başgalara azar bermegi gowy görýärler. Eger olar berýän soraglary bilen meni öjükdirjek bolsalar, jogap gaýtarmajak bolaryn». Deýwid

 Bilýäňmi? Isa pygamber käte ýaňsylaýan adamlaryň soragyna jogap bermeýärdi (Matta 26:62, 63).

 Biri seniň garaýşyňy bilmek üçin ak ýürekden sorag berse näme? Eger ol Mukaddes Ýazgylara hormat goýýan bolsa, onda 1 Korinfliler 6:18-i okap bilersiň. Ol ýerde nikadan öň ahlaksyzlyk edýän adamyň «öz bedenine garşy günä edip», özüne zyýan ýetirýändigi aýdylýar.

 Sen Mukaddes Ýazgylardan aýat okasaň-da, okamasaň-da, ynamly geplemek örän wajyp. Ýadyňda sakla: ahlak taýdan özüňi päk saklaýandygyňa buýsanyp bilersiň (1 Petrus 3:16).

 «Ynamly jogap berseň, berk garaýyşly adamdygyňy we kimdir biriniň aýdýanlaryny gaýtalamaýandygyňy, gaýtam, öz ynançlaryň dogrudygyna şübhelenmeýändigiňi görkezersiň». Jil

 Netije: Sen jynsy gatnaşyk babatda ynançlaryň dogrudygyna göz ýetirseň, ony başgalara düşündirip bilersiň. Olaryň seslenişine seniň geň galmagyň mümkin. 21 ýaşly Melinda şeýle diýýär: «Namysymy goraýandygym üçin işdeşlerim maňa hatda öwgüli sözleri aýtdylar. Olar maňa geň-taň seretmeýärler, gaýtam, özüme erk edýändigime we ahlak taýdan arassadygyma begenýärler».

 Maslahat. Eger jynsy gatnaşyk babatdaky garaýşyňy berkitmek isleseň, «Jynsy gatnaşyk babatdaky garaýşyňy nädip düşündirmeli?» diýen gönükmäni ýükläp al. Şeýle-de «Ýaşlaryň sowallary peýdaly maslahatlar» kitabyny okap bilersiň.

 «Maňa „Ýaşlaryň sowallary peýdaly maslahatlar“ kitabynda getirilýän deliller ýaraýar. Meselem, I tomuň 187-nji sahypasyndaky suratda nikadan öň ahlaksyzlyk etmegi gymmatbaha monjugy arzan baha bermek bilen deňeşdirilýär. Öz gymmatyňy gaçyrma. 177-nji sahypadaky suratda bolsa nikadan öň ahlaksyzlyk etmek owadan surata aýagyňy süpüren ýalydyr. II tomuň 54-nji sahypasyndaky suraty has-da gowy görýärin. Onuň aşagynda şeýle sözler bar: „Nikadan öň jynsy gatnaşyk etmegi heniz berilmedik sowgady açmak bilen deňeşdirse bolýar“. Bu gelejekki ýanýoldaşyňa degişli zady ogurlamak ýalydyr». Wiktoriýa