Esasy materiala geçiň

Hudaý barmy?

Hudaý barmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hawa, bar. Mukaddes Kitapda-da Hudaýyň bardygyny görkezýän ençeme subutnamalar getirilýär. Şeýle-de dini taglymatlara köre-körlük bilen ynanman, «düşgürligimizi» we «pikirlenmek ukybymyzy ulanyp», Hudaýa bolan imanymyzy berkitmelidigimiz aýdylýar (Rimliler 12:1; 1 Ýahýa 5:20). Geliň, Mukaddes Kitaba esaslanan käbir delillere seredeliň.

  •   Älem-jahanyň tertip-düzgünli hereket edişi we ondaky ýaşaýyş Ýaradyjynyň, hakykatdanam, bardygyny görkezýär. Mukaddes Kitapda: «Elbetde, her bir öýüň gurujysy bardyr, ähli zady guran bolsa Hudaýdyr» diýilýär (Ýewreýler 3:4). Bu sözler gaty ýönekeýje bolsa-da, ylymly-bilimli adamlar üçin degerli subutnama bolup hyzmat edýär a.

  •   Adamlarda dogabitdi bir isleg bar, biziň hemmämiz durmuşyň manysyna we maksadyna düşünjek bolýarys. Beden taýdan zerurlyklarymyzy kanagatlandyrsak hem, şol islegimiz aýrylmaýar. Mukaddes Kitapda muňa «ruhy» zerurlyk diýilýär. Bu zerurlygymyza Hudaý barada bilim alyp, oňa sežde etmek hem degişlidir (Matta 5:3; Ylham 4:11). Biziň ruhy zerurlygymyzyň bolmagy Hudaýyň diňe bir bardygyny subut etmän, eýsem, onuň söýgüden doly Ýaradyjydygyny we biziň şol zerurlygymyzy kanagatlandyrmak isleýändigini hem görkezýär (Matta 4:4).

  •   Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler ençeme asyr öňünden ýazylsa-da, edil aýdylan wagtynda jikme-jik ýerine ýetdi. Şol pygamberlikleriň dogrulygy hem-de anyklygy olaryň ynsan tarapyn ýazylmandygyny görkezýär (2 Petrus 1:21).

  •   Mukaddes Kitaby ýazan adamlaryň düşünjesi döwürdeşleriniňkiden has öňde bolupdyr. Mysal üçin, gadymy döwürde adamlar ýer şary piliň, ýekegapanyň, öküziň we ş. m. haýwanlaryň üstünde dur diýip pikir edipdirler. Emma Mukaddes Kitapda: «Hudaý... ýeri hiç zatdan asýar» diýilýär (Eýýup 26:7). Şeýle-de Mukaddes Kitapda ýer ýüzüniň görnüşi dogry suratlandyrylyp, onuň togalak ýa-da şar şekillidigi aýdylýar (Işaýa 40:22). Köpler Mukaddes Kitaby ýazan adamlaryň şeýle öňdebaryjy düşünjeleriniň bolandygy hakda oýlanyp, olaryň Hudaý tarapyn ylhamlanan sözleri ýazandygyna göz ýetirýärler.

  •   Mukaddes Kitapda ençeme kyn soraglara jogap berilýär. Aslynda, adamlaryň käbiri şeýle soraglaryna kanagatlanarly jogap tapyp bilmän, Hudaýa ynanmagyny bes edýärler. Meselem, olar: «Eger Hudaý adamlary söýýän bolsa, onuň ähli zada güýji ýetýän bolsa, onda näme üçin dünýä horlukdan we zalymlykdan doly? Dine uýýan adamlar näme üçin köplenç gowulyk däl-de, erbetlik edýärler?» diýýärler (Titus 1:16).

a Mysal üçin, Allan Sandaž atly bir astronom älem giňişligi barada şeýle diýdi: «Şeýle tertip-düzgüniň bulam-bujarlykdan döremegi asla mümkin däl. Munuň aňyrsynda hökman biri duran bolmaly. Hudaý meniň üçin uly syr bolup galýar. Ýöne ähli zady ýokdan bar edip, gudrat bilen ýaşaýşy emele getiren şol bolmaly».