Ýaradyjyny şöhratlandyrýan maksatlary goýuň
Ýaradyjyny şöhratlandyrýan maksatlary goýuň
I ASYRDA ýaşan Rim ýazyjysy şeýle sözleri aýdyp geçipdir: «Gämide ýüzüp barýan adam nirä barýanyny bilmese, oňa ýeliň hiç hili peýdasy ýok». Şonuň ýaly durmuşda-da maksadyň bolmasa, hiç bir işiň başyny tutup bilmersiň.
Mukaddes Kitapda-da maksadyna ýetmäge jan eden adamlar hakda aýdylýar. Meselem, Nuh pygamber öý-içerisini halas etmek üçin 50 ýyllap gämi gurupdyr. Musa pygamber hem Hudaýyň berjek sylagyny almagy maksat goýupdyr (Ýewreýler 11:7, 26). Musanyň kömekçisi Ýuşanyň hem maksady bolupdyr. Hudaý oňa Kengan ýurduny basyp almagy tabşyrypdyr (5 Musa 3:21, 22, 28; Ýuşa 12:7—24).
I asyrda ýaşan Pawlus resul Isanyň aýdyşy ýaly, ähli milletlere wagyz etmegi maksat goýupdyr (Matta 24:14). Bir gezek Isanyň özi hem Pawlusa görnüp: «Men hakda milletlere wagyz et» diýip tabşyrypdyr. Pawlus resul şol maksada ýetmäge jan edip, kiçi Aziýada we Ýewropada mesihçiler ýygnagyny döredipdir (Resullar 9:15; Koloslylar 1:23).
Görşümiz ýaly, Ýehowanyň dürli döwürlerde ýaşan gullukçylary Hudaýy şöhratlandyrýan maksatlary goýup, şoňa ýetmäge jan edipdirler. Biz nähili ruhy maksatlary goýup bileris? Maksadymyza ýetmäge haýsy maslahatlar kömek edip biler?
Hudaýa ýaraýan maksat goý!
Durmuşda her dürli maksatlary goýup bolýar. Köp adamlar özüni şöhratlandyrýan maksatlary goýýarlar. Olar baý bolmaga, at-abraý, wezipe gazanmaga jan edýärler. Şeýle maksatlara ymtylmak, gör, nähili akylsyzlyk! Ýöne Hudaýyň gullukçylarynyň goýýan maksatlary düýbünden tapawutlanýar. Biz Hudaýyň Patyşalygy we seždämiz bilen bagly maksatlary goýup, şoňa ýetmäge jan etsek, Hudaýy şöhratlandyrarys (Matta 6:33). Şeýle maksatlar dogan-uýalary Hudaýy söýmäge we oňa wepaly bolmaga höweslendirýär (Matta 22:37—39; 1 Timoteos 4:7).
Guramada belli bir borçlary ýerine ýetirmek islesegem, ruhy taýdan ösmek islesegem, maksat goýanymyzda öz peýdamyzy gözlemeli däl. Niýetimiz gowy bolsa-da, käbir goýan maksatlarymyza ýetmeýändiris. Biz nähili maksatlary goýup bileris? Maksadymyza ýetmek üçin näme edip bileris?
Islegiň ýanyp dursun!
Geliň, Ýehowanyň älem-jahany ýaratmak islände maksadyna nädip ýetendigini bileliň. «Agşam düşdi daň atdy» diýen sözler Ýehowanyň her gün nämeler etjekdigini öňünden kesgitländigini görkezýär (1 Musa 1:5, 8, 13, 19, 23, 31). Diýmek, Ol her günüň başynda anyk maksatlary goýupdyr. Goýan maksatlaryna-da ýetipdir (Ylham 4:11). Eýýup pygamber: «Ýehowa ýüregine düwse hökman eder» diýdi (Eýýup 23:13). Ýehowa ýaradan zatlaryny görüp begendi we «ähli zat juda gowy» diýdi (1 Musa 1:31).
Biziň hem Ýehowa ýaly maksadymyza ýetmäge güýçli islegimiz bolsa, hökman ýeteris. Maksadymyza ýetýänçäk islegimiz hemişe ýanyp durar ýaly näme edip bileris? Başda Ýer şary boşlukdy we entek şekil berilmändi. Ýöne Ýehowa onuň bagy-bossanlyga öwrülip, owadan boljakdygyny we lezzet berjekdigini göz öňüne getirdi. Edil şonuň ýaly, maksadymyza ýetenimizde nähili gowy boljakdygy hakda oýlansak, islegimiz ot ýaly ýanyp durar. 19 ýaşly Toni muňa öz durmuşynda göz ýetirdi. Ol Ýewropadaky Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialyna baryp görýär. Şol gün onuň ömür ýadyndan çykmaýar. Şondan soň ol: «Menem Beýtelde ýaşap, gulluk edäýsem» diýip, pikir edip ýörýär. Ol maksadyna ýetip biljegini, ýetenden soň nähili boljagyny göz öňüne getirýär. Şonuň üçin ol Beýtelde gulluk etmegi maksat goýup, oňa ýetmäge jan edýär. Birnäçe ýyldan ony şol ýerde gulluk etmäge çagyrýarlar. Şonda onuň begenjinden ýaňa aýagy ýere degen däldir!
Maksadyna ýeten dogan-uýalar bilen gulluk etmek hem goýan maksadymyza ýetmäge güýçli isleg döredýär. 30 ýaşly Jeýson ýetginjekkä wagza çykmagy halamaýardy, ýöne mekdebi gutaransoň, pioner bolmak isleýär. Ol maksadyna ýetip, uzak wagtly gulluga başlaýar. Başda wagyz etmek islemeýän adamy pioner bolmaga näme höweslendirdikä? Jeýson şeýle diýýär: «Pioner bolup gulluk edýän dogan-uýalar bilen gürleşip, wagza çykyp, meniňem pioner bolasym geldi we maksadyma-da ýetdim».
Maksatlaryňy ýaz!
Pikirimizi beýan etjek bolanymyzda gerekli sözleri saýlaýarys. Süleýman patyşa ýerlikli sözleriň çopan taýagynyň ujuna dakylan çiş ýaly dogry ýoldan alyp gidýändigini aýtdy (Nesihat 12:11). Eger şol sözleri ýazsaň, aňyňa we ýüregiňe güýçli täsir edýär. Şonuň üçin Ýehowa Ysraýyl patyşalaryna Kanunyň nusgasyny özlerine ýazyp almagy tabşyrdy (5 Musa 17:18). Şonuň ýaly bizem goýan maksadymyzy, oňa ýetmek üçin nämeleri etmelidigimizi, nämeleriň päsgel berip biljekdigini we ony nädip ýeňip geçmelidigini ýazsak, maksadymyza ýetip bileris. Şeýle-de goýan maksadyňa ýetmek üçin nämeleri bilmelidigiňi, nähili ukyplaryň gerekdigini, kimden kömek sorap biljekdigiňi ýazsaň kömek edýär.
Ruhy maksatlary goýmak Jeffrä kyn ýagdaýda göwnüçökgünlige düşmezlige kömek etdi. Ol Aziýanyň çet ýerinde ýörite pioner bolup gulluk edýärdi. Gynansak-da, onuň aýaly duýdansyz aradan çykýar. Şol kyn döwürde Jeffri pioner gullugyndan ünsüni sowmaz ýaly, maksatlary goýup başlaýar. Ol Ýehowa doga edip, bir aýyň dowamynda üç adam bilen Mukaddes Kitap okuwyna başlamagy maksat goýýar we ony bir ýere ýazýar. Maksadyna ýetmek üçin her gün nämeleri edendigi hakda oýlanýar. Her 10 gündenem şoňa ýeten-ýetmändigini gözden geçirýär. Jeffri maksadyna ýetdimikä? Ol begenip, 4 adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlandygyny aýdýar.
Maksadyňa ýetirýän maksatlar
Käbir maksatlar ýetip bolmajak ýaly görünýändir?! Ýokarda agzalan Toni üçin hem Beýtelde gulluk etmek amala aşmajak arzuw ýalydy. Sebäbi ol durmuşyny üýtgetmelidi, entek suwa-da çümdürilmändi. Ýöne Toni Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşap, suwa çümdürilmegi maksat goýýar. Suwa çümdürilenden soň, haçan kömekçi pioner, soňra pioner gullugyna başlajakdygyny öňünden belläp goýýar. Birnäçe wagt pioner bolup gulluk edensoň, ony Beýtelde gulluk etmäge çagyrýarlar.
Bir maksat goýsak, ilki, şoňa kömek edýän ädimleri ätmeli. Şol ädimleri ädýändigiňi barlap dursaň we maksadyňy unutmasaň, dura-bara ýetersiň. Pawlus resul: «Hemişe doga-dileg ediň» diýdi (1 Selanikliler 5:17). Eger goýan maksatlaryň barada Ýehowa gaýta-gaýta aýtsaň, ünsüňi maksadyňdan sowmazlyga kömek edýär.
Tutanýerli bol!
Ýokarda agzalan maslahatlara eýersek-de, käbir maksatlarymyza ýetip bilmeýändiris. Şeýle ýagdaýda Markus şägirtden görelde alyň. Pawlus resul ikinji wagyz syýahatynda Markusy ýany bilen alyp gitmek islemeýär (Resullar 15:37—40). Markus şonda gaty gynanandyr. Ýöne ol dörän ýagdaýdan sapak edinmelidi, köpräk gulluk etmek üçin başga maksat goýmalydy. Markus şeýle-de etdi. Şondan soň Pawlus onuň Petrus bilen Wawilonda yhlasly gulluk edendigini, özi bilen eginme-egin işleşendigini ýazýar (2 Timoteos 4:11; 1 Petrus 5:13). Markus Isanyň ömri we gullugy barada kitap ýazaryn diýip pikirem eden däldir. Ýöne Ýehowa oňa şol hormaty ynandy.
Käte bizde-de Markusyňky ýaly ýagdaý bolmagy mümkin. Şonda ruhdan düşüp eliňi sowatmagyň deregine, maksadyňa ýetmek üçin nämäni üýtgetmelidigiň hakda oýlan ýa-da başga maksat goý. Kynçylyk dörände yza çekilme, tutanýerli bol, maksadyňa ýetýänçäň ýan berme. Süleýman patyşa şeýle ýazdy: «Her işde Ýehowa bil bagla, ol maksadyňa ýetirer» (Nakyllar 16:3).
Käte saglygymyz ýa-da maşgala ýagdaýymyz sebäpli goýan maksadymyza ýetip bilmeris. Ýöne bir zady ýatdan çykarmaly däl: biz ýerde ýa-da gökde ýaşamaga umyt etsek-de, ebedi ýaşaýyş sylagyny hökman alarys (Luka 23:43; Filipililer 3:13, 14). Munuň üçin näme etmeli? Ýahýa resul: «Hudaýyň islegini berjaý edýän adam ebedi ýaşar» diýdi (1 Ýahýa 2:17). Käbir maksatlara ýetmäge mümkinçiligimiz bolmasa-da, «hak Hudaýdan gorkup we onuň tabşyryklaryny berjaý edip» bilýäris (Nesihat 12:13). Ruhy maksatlar ünsümizi Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge gönükdirýär. Geliň, ruhy maksatlary goýup, Ýaradyjymyzy şöhratlandyralyň.
[Çarçuwa]
Käbir ruhy maksatlar
○ Mukaddes Kitaby her gün okamaly.
○ «Garawul diňi», «Oýanyň» žurnalynyň her sanyny okamaly.
○ Ýürekden doga etmegi öwrenmeli.
○ Ruhuň miwesini ösdürmeli.
○ Köpräk gulluk etmeli.
○ Ökde wagyz etmeli we şägirt taýýarlamaly.
○ Islendik ýerde, islendik wagt wagyz etmegi öwrenmeli.