Esasy materiala geçiň

ŽURNALYŇ TEMASY

Wagtdan dogry peýdalanmak

Wagtdan dogry peýdalanmak

Belki, sizem käte: «Wah, köpräk wagtym bolsady» diýýänsiňiz. Ýöne wagt hemme adamlara deň berilýär. Wagt adamyň elinde däl, baýlara köp, garyplara bolsa az berilmeýär. Wagty yzyna dolap bolmaýar. Ýöne ondan dogry peýdalanyp bolýar. Nädip? Geliň, köp adamlara kömek edýän dört maslahata seredeliň.

1-nji maslahat. Işleriňizi tertipleşdiriň

Öňürti etmeli işler. Mukaddes Kitapda: «Iň wajyp zatlara düşüniň» diýlip maslahat berilýär (Filipililer 1:10). Wajyp hem gyssagly işleriňizi ýazyň. Ýöne ilki nämäniň wajypdygyny anyklaň. Meselem, dükana gidip, zat satyn almak onçakly bir wajyp däldir. Ýa-da hemme işiňi taşlap, gowy görýän teleýaýlymyňy görmek hökman däldir.

Oýlanyň. Nesihat 10:10-da: «Kütelen palta ýiteldilmese, köp güýç gerek bolar, akyldarlyk bolsa üstünlik getirer» diýilýär. Şu sözlerden näme öwrenip bolýar? Paltany ýiteltmek — etjek işleriňi öňünden oýlanmak. Şonda wagtyňyz biderek ýere gitmez. Köp wagtyňyzy hem güýjüňizi alýan gerekmejek işleri azaldyň ýa-da etmäň. Bir işiňizi wagtyndan öň gutarsaňyz, indiki etmeli işiňize başlap, wagt utup bilersiňiz. Ähli zady öňünden oýlansaňyz, eden işiňiziň kemi bolmaz. Şonda wagtly-wagtynda paltasyny ýiteldýän işçi ýaly bolarsyňyz.

Biderek zatlara wagt gidirmäň. Köp wagtyňyzy alýan wajyp bolmadyk işleri etmezligi öwreniň. Çendenaşa köp güýmenjeler ýa-da oturylyşyklar ýadadýar we keýpiňi gaçyrýar.

2-nji maslahat. Wagtyňyzy ogurlatmaň

Haýal-ýagallyk etmäň we soňa goýmaň. «Şemala seredýän tohum sepmez, buluda seredýän hasyl ormaz» (Nesihat 11:4). Şu sözlerden näme öwrenip bolýar? Işiňizi soňa goýsaňyz, wagtyňyz-a bir gider, işiňizem çala edersiňiz. Günüň çykmagyna garaşýan daýhan hiç wagt tohum ekip, hasyl almaz. Şonuň ýaly, bizem ýagdaýyň has gowulaşmagyna garaşsak, hiç haçan bir işiň başyna barmarys. Ýa-da etjek işiňiz barada doly maglumat toplaýançaňyz, garaşyp oturmaň. Elbetde, bir karara gelmezden öň, etjek işimiz hakda gowuja oýlanmaly. Nakyllar 14:15-de: «Ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär» diýilýär. Emma gelnen her bir kararyň soňunyň näme bilen gutarjagyny bilip bolmaýar (Nesihat 11:6).

Özüňizden köp zada garaşmaň. Filipililer 4:5-de şeýle diýilýär: «Hemmeler sizi paýhasly adam hökmünde tanasyn». Biz işimiziň kemini goýman edesimiz gelýändir. Emma käte biz özümizden köp zada garaşyp, ruhdan düşýäris, hatda şol işden elimiz sowaýar. Meselem, dil öwrenýän adam ýalňyş gürlejekdigine we öz ýalňyşyndan sapak edinmelidigine düşünmeli. Ýöne özünden köp zada garaşýan adam ýalňyş gürlemekden gorkýar. Şol pikirem oňa dili gowy hem-de soňuna çenli öwrenmäge päsgel berýär. Şonuň üçinem pespäl bolup, ýalňyşyp biljekdigiňizi boýun alyň. Nakyllar 11:2-de: «Akyldarlyk bolsa pespäller bilendir» diýilýär. Pespäl we pesgöwünli adamlar özünden köp zat talap etmeýär, şeýle-de ýalňyşanda öz üstünden gülmegi başarýar.

Aslynda, biz pulumyzy däl-de, wagtymyzy gidirýäris («What to Do Between Birth and Death»).

3-nji maslahat. Paýhasly boluň we bolmajak zady arzuw etmäň

Işläň we dynç alyň. «Biraz dynç almak agyr zähmet çekmekden we şemaly kowalamakdan gowudyr» (Nesihat 4:6). Diňe iş diýip ýaşaýan adamlar köplenç dynç alanyndan zähmet çekenini gowy görýärler. Olaryň dynç almaga wagtam bolmaýar we öler ýaly ýadaýarlar. Ýalta adamlar bolsa zähmet çekip, hözirini göreninden köp dynç alyp, gyzyldan gymmatly wagtyny biderek ýere gidirýärler. Mukaddes Kitapda öz wagtynda hem agyr zähmet çekmegiň, hem dynç almagyň köp peýdasy bar diýilýär. Şeýle işler Allanyň beren sowgadydyr we adamyň ýüregini şatlandyrýar (Nesihat 5:19).

Ukyňyzy alyň. Mukaddes Kitaby ýazan bir adam şeýle diýdi: «Men ýatyp, süýji uka giderin» (Zebur 4:8). Adatça, orta ýaşly adamlar gowy dynjyny alyp, güýç toplap, kellesi durlanar ýaly sekiz sagat ýatmaly bolýar. Soňky geçirilen barlaglara görä, ýeterlik uklamak ünsüňi jemlemäge, ýatkeşligiňi gowulandyrmaga we täze zatlary öwrenmäge kömek edýär. Ýöne ýeterlik ukusyny almaýan adamlar haýal pikirlenýärler, ýalňyşýarlar, gaharjaň bolýarlar we oňaýsyz ýagdaýa düşýärler.

Ýetip biläýjek maksatlary goýuň. «Ýok zadyň arzuwyny edeniňden, bar zatlaryňdan lezzet alanyň ýagşydyr» (Nesihat 6:9). Şu sözlerden näme öwrenip bolýar? Paýhasly adam öz ýagdaýyny gowy bilýär we öňünde ýetip bilmejek maksatlary goýmaýar. Ol biriniň alan zadyna gyzygyp, şony satyn aljak bolmaýar ýa-da karz etmeýär. Gaýtam ol bar zadyna kaýyl bolýar.

4-nji maslahat. Gowy gylyk-häsiýetleriňizi ýitirmäň

Gowy gylyk-häsiýetleriňiz hakda oýlanyň. Adamyň gylyk-häsiýeti durmuşda nämäniň gowudygyny, dogrudygyny we peýdalydygyny anyklamaga kömek edýär. Gylyk-häsiýetleri ýaýa, durmuşy hem oka meňzetse bolýar. Ýagşy gylyk-häsiýetler durmuşyňa täsir edýär. Olar durmuşda wajyp zatlary birinji ýerde goýmaga we wagtdan dogry peýdalanmaga kömek edýär. Gowy gylyk-häsiýetleri nädip öwrenip bolýar? Köp adamlar Mukaddes Kitaby okap, ondaky maslahatlaryň paýhasly bolmaga kömek edýändigini aýdýarlar (Nakyllar 2:6, 7).

Iň gowy gylyk-häsiýet — söýgi. Koloslylar 3:14-de aýdylyşy ýaly, «söýgi... agzybir edýär». Biz maşgalada bir-birimizi söýmesek, bagtly ýaşap bilmeris. Käbir adamlar puluň yşkyna düşüp, ýokary wezipede işlejek bolup, maşgalasyndan sowaşýarlar, betbagt bolýarlar. Şonuň üçinem Mukaddes Kitapda söýmegiň wajypdygy ýüzlerçe gezek aýdylýar (1 Korinfliler 13:1—3; 1 Ýahýa 4:8).

Hudaý bilen dostlaşmak üçin wagtyňyzy gaýgyrmaň. Jeff atly bir adamyň agzybir maşgalasy, gowy dost-ýarlary bardy. Ol hassalara ilkinji kömek berip, sogap iş edýärdi. Emma ol köp ölüm-ýitim görýärdi. Şonuň üçinem: «Heý, şundanam bir durmuş bormy?» diýýärdi. Bir gezek Ýehowanyň Şaýatlary oňa žurnal berýärler. Jeff žurnaly okap, ähli soraglarynyň jogabyny tapýar.

Soňra ol şol hakda maşgalasyna aýdýar, olaram gyzyklanýar. Şeýdip, ol maşgalasy bilen okuw geçip başlaýar. Olar hasam bagtly bolup, wagtyndan dogry peýdalanmagy öwrenýärler. Şeýle-de olar hiç wagt kesellemän, ejir çekmän ebedi ýaşajak döwrüne sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Ylham 21:3, 4).

Jeffiň durmuşyndan Isa Mesihiň şu sözleriniň dogrudygyna ýene bir gezek göz ýetirýäris: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr» (Matta 5:3). Sizem Hudaýy tanap, onuň bilen dostlaşmak üçin wagt taparsyňyzmy? Siz şonda hasam paýhasly bolup, wagtyňyzy biderek ýere gidirmersiňiz. Diňe birki gün däl, bütin ömrüňize bagtly bolarsyňyz.