Täze dünýä ýakyn
Ýükläň:
1. Ýaň salýar daş-töwerege
Saýrak guşlaryň sesi.
Al-asmanda gyzyl ot deý
Nur saçyp dur Günüň şöhlesi.
Garşylap ýakynyňy,
Geň galýarsyň ynanman.
Tizden geler şol zaman,
Täze dünýä ýakynda.
2. Depe-baýyrlarda öýler,
Seret, bagy-bossana.
Çeşme-çaýlaryň owazy
Kalbyňy getirer heýjana.
Bereketli meýdanlar
Taýýar hasyl ýygyma.
Ýetersiň arzuwyňa,
Täze dünýä ýakynda.
KÖPRI:
Köp garaşdyk şol günlere,
Ýaşarys indi sag-aman.
Hiç bir adam dökmez gözýaş,
Täze dünýä, täze zaman.
3. Terje gök otlaryň ysy,
Gelýär şowhunyň sesi.
Täze güni garşylaýar
Dogan-gardaşlaryň hemmesi.
Sag bol aýdarys Ýehowa,
Her gün bolup minnetdar.
Ählimizde umyt bar,
Täze dünýä ýakynda.
KÖPRI:
Güler ýüzüň, gülki sesiň
Ýakymlydyr gulagyma.
Köp garaşdym arzuw edip,
Seni basaryn bagryma.
4. Geliň, Täze dünýä
Garaşalyň sabyrly.
Wada beripdi Ýehowa,
Hökman berjaý bolar wadasy.
Gelejek hakda oýlansak,
Lapykeçlik daşlaşýar.
Gowy günler garaşýar,
Täze dünýä ýakynlady.