Esasy materiala geçiň

Tebigatdan näme öwrenýäris?

Tebigatdan näme öwrenýäris?

Tebigatdan näme öwrenýäris?

«Indi haýwanlardan soraň, olar öwrederler; guşlardan soraň, olar size gürrüň bererler. Ýer ýüzüne syn ediň, size öwrederler; deňiz balyklary hakykaty aýdar» (EÝÝUP 12:7, 8).

SOŇKY ýyllaryň içinde alymlar, hünärmenler haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň gurluşyndan köp zatlary öwrendiler. Şeýdip, olar täze-täze zatlary döredýärler we öňki döreden zatlaryny kämilleşdirýärler. Haýwanlaryň gurluşyndan göçürip almaklyga «biomimetika ylmy» diýilýär. Şu makalada getirilen haýwanlar hakda okanyňyzda: «Şu zatlaryň ählisi üçin biz kimi şöhratlandyrmaly?» diýen soragyň üstünde oýlanyň.

Kitiň ýüzgüji

Uçary oýlap tapýan alymlar küýki kitden köp zatlary öwrenip bilýärler. Geliň, bileliň. Küýki kitiň agramy 30 tonna barabar bolup, göwrümi uly ýük maşyn bilen deň. Onuň hamy örän galyň we ganata meňzeş ýüzgüçleri bar. Ýöne 12 metrlik äpet kit suwda çalasynlyk bilen ýüzýär. Ol kiçijik balyklary tutmak üçin ýokarlygyna towlanyp hereket edýär. Şol bir wagtyň özünde demliginden güýçli üfläp, köpürjikleri emele getirýär. Göwrümi bir ýarym metre barabar bolan köpürjikler balyklary ýokaryk galdyrýar. Şeýdip, ol bir gezekde köp balyklary iýip bilýär.

Alymlar şeýle äpet jandaryň towlanyp, çalasynlyk bilen hereket edýändigine haýran galypdyrlar. Olar munuň sebäbiniň ýüzgüjindedigini anyklapdyrlar. Onuň ýüzgüjiniň öň tarapy uçaryň ganatynyňky ýaly tekiz däl-de, kertik-kertik.

Kitiň ýüzgüjindäki kertikleri suwy itekläp, ýokaryk galmaga kömek edýär. Tebigat baradaky bir žurnalda şeýle diýilýär: «Kitiň ýüzgüçleriniň kertik bolandygy sebäpli, suwuň basyşy ýüzgüçlerine agram salmaýar. Şonuň üçin ol çalasynlyk bilen towlanýar. Eger ýüzgüçleri tekiz bolan bolsa, onda kit towlananda, suwda aýlanma emele gelip, ýüzgüçlerine agram düşerdi» («Natural History»).

Bu açyşyň ylymda nähili peýdasy bar? Uçaryňam ganaty kitiň ýüzgüjiniňki ýaly edip ýasalsa, howanyň güýçli akymyndan aňsatlyk bilen geçerdi. Häzirki ýaly köp enjam gerek bolmazdy. Onsoňam, ganatlary berk bolup, olary bejermek hem aňsat bolardy. Janly organizmleriň gurluşyny öwrenýän Jon Long atly alym şeýle diýýär: «Gelejekde biz uçaryň ganatyny küýki kitiň ýüzgüji ýaly edip ýasarys».

Çarlagyň ganaty

Elbetde, şu wagtky uçarlaryň ganaty guşlaryň ganatyna görä ýasaldy. Soňky ýyllarda hünärmenler guşlaryň ganatyndan ýene bir zady öwrendiler. Bir žurnalda aýdylmagyna görä, Florida uniwersitetiniň hünärmenleri uzak aralykdan dolandyryp bolýan uçar oýlap tapdylar. Uçaryň gurluşy çarlagyňka meňzeş bolup, tiz aşak hem gonup bilýär, tiz ýokaryk hem galyp bilýär («New Scientist»).

Çarlagyň ganatlary göwresine birleşýän ýerinden hem-de tirseklerinden epilýär. Şonuň üçin çarlaklar howada her dürli uçup bilýär. Şol žurnalda aýdylmagyna görä, alymlar çarlagyň ganatyny öwrenip, 60 santimetrlik uçar ýasadylar. Olar uçaryň ganatlaryny motorjygyň kömegi bilen epiler ýaly etdiler. Şeýle ganatlaryň kömegi bilen, kiçijik uçar beýik binalaryň arasyndan hem aňsatlyk bilen uçup bilýär. Şol sebäpli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Howa ýaragly güýçleri şeýle uçarlary uruşda ýarag hökmünde ulanmak üçin köpräk ýasajak bolýarlar.

Hažžygyň penjesi

Gekkon diýip atlandyrylýan hažžyk diwarda we potolokda aňsatlyk bilen ýöräp bilýär, hatda ylgap hem bilýär. Onuň şeýle aýratynlygyny gadymy döwürlerde-de bilýärdiler (Nakyllar 30:28). Ýöne ol näme üçin Ýeriň dartyş güýjüne garamazdan, şeýle hereket edip bilýär?

Gekkon hažžygy tep-tekiz diwarda-da ýöräp bilýär. Onuň penjesinde egri gasynlary bolup, müňlerçe tüýjagazlary bar. Onuň penjesinde sorujy organ ýa-da ýelmeşýän suwuklyk ýok. Şol tüýjagazlar molekulýar güýji döredýär. Şol güýjüň esasynda hažžygyň penjesi diwara ýapyşýar. Molekulýar güýje Wan der Wals güýji hem diýilýär. Elbetde, bu güýç agyr zatlary göterip bilmeýär. Meselem, adamlar eli bilen hažžyklaryňky ýaly diwarlara ýapyşyp ýöräp bilmeýär. Diwaryň ýüzünde ýörände hažžygyň penjesi giňäp, diwara gowy ýapyşyp bilýär. Hažžygyň penjesindäki tüýjagazlar bilen molekulýar güýji diwarda agramyny saklamaga kömek edýär.

Bu açyşdan näme öwrenip bolýar? Gekkon hažžygynyň penjesine meňzeş sintetik zatlar döredip, birleşdiriji madda hökmünde ulanyp bolýar. Bir alymyň aýtmagyna görä, hažžygyň penjesine meňzeş edilip ýasalan sintetik zatlary lukmançylykda hem ulanyp bolýar. Şonda zyýanly ýelmeşdiriji maddalary ulanmak gerek bolmaz.

Kimi şöhratlandyrmaly?

ABŞ-nyň Aerokosmos agentligi içýana meňzeş köp aýakly robotyň üstünde işleýär. Finlandiýaly hünärmenler bolsa, mör-möjege meňzeş alty aýakly uly traktor oýlap tapdylar. Şol traktorlar has beýik ýerlerden hem geçip bilýär. Başga alymlar bolsa arçanyň gozasynyň açylyp ýapylyşyny öwrenip, şoňa meňzeş zatlary ýasadylar. Ulag hünärmenleri guty balygyna meňzeş edip ýeňil awtoulagy döretmegiň üstünde işleýärler. Şeýle-de käbir alymlar balykgulaklary öwrenip, ýeňil hem berk ok geçmeýän gursakçalary döretjek bolýarlar.

Alymlar tebigatdaky janly organizmleri öwrenip köp zatlary döretdiler. Hatda olar janly organizmler baradaky maglumatlary toplaýarlar. Şu wagta çenli olaryň müňlerçesini öwrendiler. Bir žurnalda aýdylyşy ýaly, şol maglumatlar hünärmenlere täze zatlary döretmekde uly kömek edýär. Janly organizmler baradaky toplanan maglumatlara «biologiki patentler» diýilýär. Adatça, patentiň eýesi täze pikiri oýlap tapan ýa bir zady döreden adam, ýa-da kärhana bolýar. Şol žurnalda biomimetika ugrundan toplanan maglumatlara «biologiki patent» diýmek bilen, patentiň eýesiniň tebigatdygy aýdylýar («Economist»).

Onda tebigatdaky täsin zatlary kim oýlap tapdy? Köp alymlar millionlarça ýylyň dowamynda ewolýusiýa arkaly döredi diýýärler. Käbir alymlar bolsa bu babatda başgaça pikir edýär. Mikrobiolog Maýkl Behen şeýle diýýär: «Tebigatdaky zatlaryň öz-özünden döremändigi görnüp dur. Eger bir zat ördek ýaly ýörese we gagyldasa, onda onuň ördekdigine şek-şübhe ýok. Biriniň döreden zadyna öz-özünden döredi diýmeklik nädogry» («The New York Times»).

Bir hünärmen uçaryň howpsuz hem-de köptaraplaýyn işleýän ganatyny oýlap tapdy. Başga biri lukmançylykda ulanylýan sargyny, ýene biri bolsa üýtgeşik matany ýa-da az ýangyç ýakýan motory oýlap tapdy. Elbetde, olar öwgä mynasyp. Ýöne başga biriniň döreden zadyny rugsatsyz göçürýän adam jenaýatçy hasaplanýar.

Alymlar döreden zadyny kämilleşdirmek üçin tebigatdan göçürip alýarlar. Olar tebigatdan görüp öwrenseler-de, ondaky zatlar tötänden döredi diýýärler. Eger göçürilip döredilen zatlaryň eýesi bolsa, onda hakykysynyň eýesi ýokmy?! Diýmek, kim öwgä mynasyp?! Halypasymy ýa-da ondan öwrenen şägirdi?!

Köre mälim

Tebigat baradaky subutnamalary öwrenip, köp alymlar mezmurçynyň şu sözlerine goşulýarlar: «Eý Ýehowa, seniň işleriň köpdür! Ähli zady akyldarlyk bilen ýaratdyň, ýer ýüzi elleriň işlerinden doludyr» (Zebur 104:24). Pawlus resul hem tebigat barada şeýle sözleri ýazdy: «Hudaý göze görünmese-de, ýaradan zatlaryndan gudratly güýjüni we häsiýetlerini görüp bolýar» (Rimliler 1:19, 20).

Akýürekli adamlar Mukaddes Kitaba we Hudaýa ynansa-da, Hudaý tebigaty ewolýusiýa arkaly ýaratdy diýýärler. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

[Surat]

Tebigatdaky täsin zatlar nädip döredi?

[Surat]

Tebigatyň eýesi kim?

[Çarçuwa]

Eger göçürilip döredilen zatlaryň eýesi bolsa, onda hakykysynyň eýesi ýokmy?!

Çarlagyň ganatynyň gurluşyna görä döredilen şu kiçijik uçarlar her dürli uçup bilýärler

Gekkon hažžygynyň penjesi hiç wagt öl bolmaýar, yz galdyrmaýar we teflon diýen materialdan başga hiç zada ýelmeşmeýär. Hünärmenler onuň penjesini öwrenip, peýdaly zatlary oýlap tapjak bolýarlar

Guty balygynyň gurluşyny öwrenip, ulag hünärmenleri ýeňil awtoulagy döretmegiň üstünde işleýärler

[Maglumatyň alnan ýeri]

Airplane: Kristen Bartlett/​University of Florida; gecko foot: Breck P. Kent; box fish and car: Mercedes-Benz USA

[Çarçuwa]

TÄSIN SYÝAHATÇYLAR

Köp janly-jandarlar içindäki kompasyň kömegi bilen ýoluny tapýarlar. Geliň, olaryň käbiri hakda gürrüň edeliň.

Garynjalaryň kompasy. Iýmit gözlemäge giden garynjalar hinini nädip tapýarlar? Beýik Britaniýanyň alymlary käbir garynjalaryň hinine eltýän ýoly diňe bir öz ysy bilen däl-de, ýörite ýasan ýollarynyň üsti bilen tapýandygyny anykladylar. Olar muny geometriki usul bilen edýärler. Meselem, bir žurnalda aýdylyşy ýaly, faraon garynjalary hininden çykanda şöhlä meňzeş göni ýollary ýasaýarlar, şol ýollaryň hem arasy 50, 60 gradusdan geçmeýär. Garynjalaryň içindäki kompasynyň işleýşi näme üçin täsin? Garynjalar öýüne gaýdyp gelýärkäler ýoly ikä bölünse, olar gönüden-göni öýüne eltjek ýoly saýlaýarlar. Şol žurnalda şeýle diýilýär: «Ikä bölünýän ýollaryň geometriýasy garynjalara iki tarapa gatnanda ýolundan azaşmazlyga kömek edýär. Şeýle-de olar ýalňyş ýoldan gidip köp güýjüni gidirmeýär» («New Scientist»).

Guşlaryň kompasy. Köp guşlar uzak aralyga uçanda we islendik howa şertlerinde ýoldan azaşmaýarlar. Nädip? Alymlar guşlaryň Ýeriň magnit güýjüni duýup bilýändigini anykladylar. Bir žurnalda aýdylyşy ýaly, «magnit güýji her ýerde her dürli bolýar we hemişe demirgazygy görkezmeýär». Guşlara ýolundan azaşmazlyga näme kömek edýär? Guşlar her gün agşam içindäki kompasyny Günüň ýaşyşyna görä sazlaýan eken. Giňişlige we pasla görä Günüň ýaşýan ýeri üýtgeýär. Emma alymlar «biologiki sagadyň guşlara wagty görkezýändigini» aýdýarlar («Science»).

Garynjalara geometriki usul baradaky bilimi kim guýdy? Guşlara kompasy, biologiki sagady we olary dogry ulanmaga ukyply edýän beýnini kim berdi? Ewolýusiýamy ýa-da beýik Ýaradyjy?

[Maglumatyň alnan ýeri]

© E.J.H. Robinson 2004